Adamlara sorag berip we diňläp, ýürekden gyzyklanýandygyňy görkez
1 Adamlaryň köpüsi öz pikirini aýtmagy gowy görýär, ýöne takal okasaň ýa-da sorag etseň halamaýar. Şonuň üçin biz, mesihçiler, adamlara ökdelik bilen sorag berip, olaryň pikirini bilmegi öwrenmeli (Sül. tym. 20:5).
2 Biziň soraglarymyz adamy gorkuzmaly däl-de, gürrüňdeşlige höweslendirmeli. Bir dogan öýden-öýe wagyz edende şeýle başlaýar: «Siz nähili pikir edýäňiz, adamlaryň bir-birini sylap, hormatlajak wagty gelermikä?» Jogabyna garaşyp, soňra şeýle dowam edýär: «Şonuň üçin näme etmeli?» Ýa-da «Näme üçin siz şeýle pikir edýäňiz?». Başga bir dogan resmi däl ýagdaýda ýa-da adamlaryň köp ýerinde wagyz edende, çagaly adamdan: «Çagalar biziň guwanjymyz, şeýle dälmi?» Soňra bolsa: «Ata-ene hökmünde sizi näme has biynjalyk edýär?» diýip soraýar. Adamlara sorag bereniňde oňaýsyz ýagdaýa goýman, olar öz pikirini arkaýyn aýdar ýaly edip sorag bermeli. Elbetde, her hili ýagdaý bolup bilýär, ýöne biz sorag berenimizde aýdýan temamyz we äheňimiz ýaşaýan ýerimizdäki adamlara görä bolmaly.
3 Adamlaryň pikirini bilmek. Eger-de adam biziň bilen pikir alyşmak islese, sözüni bölmän sabyrlylyk bilen diňlemeli (Ýakup 1:19). Berýän jogabyna mähirli sagbolsun aýtmaly (Kol. 4:6). Sen: «Pikiriňizi aýdanyňyz üçin sag boluň» diýip, ony öwüp bilersiň. Mähirlilik bilen goşmaça sorag berseň, onuň näme pikir edýändigini we näme üçin şeýle pikirdedigini bilersiň. Adamlaryň dilini tapjak bol. Adamyň ünsüni Mukaddes Ýazgylara çekmek üçin şeýle diýip bilersiň: «Şeýle bolup bilermi?» Onsoňam, adamy tankytlamalam däl, jedel hem etmeli däl (2 Tim. 2:24, 25).
4 Adamyň soragymyza berýän jogaby köplenç biziň diňleýşimize bagly. Adamlary ýürekden diňlesek, olar bilen gürrüňdeş bolup bileris. Aýlanýan gözegçiniň biri şeýle diýdi: «Eger-de biz adamlary sabyrly diňlesek, bu olara güýçli täsir edip, ýürekden gyzyklanýandygymyzy görkezer». Adamlary hormat bilen diňlesek, onda olar biziň wagyz edýän hoş habarymyzy diňlär (Rim. 12:10).