Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/7 sah. 7—11
  • Kynçylyklara garamazdan, öýden-öýe wagyz ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Kynçylyklara garamazdan, öýden-öýe wagyz ediň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Batyrgaý boluň
  • Mukaddes Ýazgylar barada nädip gürrüň açmaly
  • Diňlemäge taýyn boluň
  • Gowy garaýyşda boluň
  • Hudaýyň Sözüni batyrgaýlyk bilen wagyz ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Isanyň göreldesine eýerip, mertlik bilen wagyz ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Näme üçin şu günler öýden-öýe wagyz etmek örän wajyp?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Hudaýyň sözüni batyrlyk bilen sözle
    Hudaýa gullugymyz — 2005
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/7 sah. 7—11

Kynçylyklara garamazdan, öýden-öýe wagyz ediň

«Uly garşylyk bolsa-da, Hudaýyň Hoş Habaryny size wagyz etmek üçin Hudaý bize gaýrat berdi» (1 SEL. 2:2).

1. Ýeremiýa nähili kynçylyklara duş geldi we olary nädip ýeňdi?

ÝEREMIÝADA biziň ýaly adamdy. Ýehowa ony «halklar üçin pygamber» bellände, ol gorkup: «Eý Hökümdar Hudaý, Ýehowa! Men gepläp bilmeýärin, çünki men örän ýaş» diýdi. Muňa garamazdan, Ýeremiýa Ýehowa bil baglap, pygamber bolmaga razylyk berdi (Ýerem. 1:4—10). Ýeremiýa kyrk ýyldan gowrak perwaýsyzlyga, ýaňsylama we zorluga duçar boldy (Ýerem. 20:1, 2). Käwagt ol gullugyny goýmak isleýärdi. Emma köp adamlaryň ýigrenýän habaryny ol wagyz etmegini bes etmedi. Ýeremiýa öz güýji bilen hiç haçan ýerine ýetirip bilmejek ýumşy, Hudaýyň kömegi bilen ýerine ýetirdi (Ýeremiýa 20:7—9-njy aýatlary okaň).

2, 3. Şu günler Hudaýyň gullukçylary-da Ýeremiýa ýaly nähili kynçylyklara duş gelýär?

2 Şu günler Ýehowanyň köp gullukçylary Ýeremiýanyňky ýaly duýgulary başdan geçirýär. Bir wagt biziň käbirimiz öýden-öýe hiç haçan wagyz etmerin diýipdik. Emma hoş habary wagyz etmegi Ýehowanyň isleýändigine düşünenimizde, gorkyny ýeňip, wagyz edip başladyk. Biziň köpümiz gullugy dowam etmäge päsgel berýän dürli kynçylyklara duçar bolupdyk. Elbetde, öýden-öýe wagyz edip başlamak we soňuna çenli dowam etmek kyn düşýär (Mat. 24:13).

3 Siz birnäçe wagtdan bäri Ýehowanyň Güwäçileri bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenip, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp, ýöne öýden-öýe wagyz etmäge ýaýdanýarsyňyzmy? Ýa-da siz suwda çokundyrlan Ýehowanyň Güwäçisi bolup, beden taýdan sag bolsaňyz-da, öýden-öýe wagyz etmegi kyn görýärsiňizmi? Ýygnakdaky dogan-uýalaryň köpüsi şeýle kynçylyklara duçar bolsa-da, öýden-öýe wagyz edýändigine, ynandyrasymyz gelýär. Siz-de Ýehowanyň kömegi bilen batyrgaý bolup bilersiňiz.

Batyrgaý boluň

4. Pawlus resula batyrgaýlyk bilen wagyz etmäge näme kömek etdi?

4 Siz bütindünýä wagyz işi ynsan güýji we akyly bilen däl-de, Hudaýyň ruhy bilen edilýändigine düşünýänsiňiz (Zak. 4:6). Her bir mesihçi hem Hudaýyň güýji bilen gulluk edýär (2 Kor. 4:7). Pawlus resulyň mysalyna seredeliň. Ol özüniň we ýoldaşlarynyň duşman elinden ejir çekendigini ýatlap, şeýle diýdi: «Biz öň Filipide horluk çekip, kemsidilmelere sezewar bolduk; ýöne uly garşylyk bolsa-da, Hudaýyň Hoş Habaryny size wagyz etmek üçin Hudaý bize gaýrat berdi» (1 Sel. 2:2; Res. iş. 16:22—24). Pawlus yhlasly wagyzçy bolsa-da, käwagt gorky duýgusy bilen göreşmeli bolandygyna ynanmak kyn. Ol hoş habary batyrgaýlyk bilen wagyz eder ýaly, Ýehowa bil baglamalydy (Efesliler 6:18—20-nji aýatlary okaň). Biz nädip Pawlusyň göreldesine eýerip bileris?

5. Batyrgaý bolmaga bize näme kömek edýär?

5 Hudaýa doga etmek bize batyrgaý bolmaga kömek eder. Pioner bolup gulluk edýän bir uýa şeýle diýýär: «Men ynamly wagyz edip, adamlaryň ýüregine täsir etmek we gullukda şatlyk tapmak barada doga edýärin. Sebäbi bu iş biziň däl-de Ýehowanyň işi, çünki biz ony Hudaýyň kömegi bolmasa başarmarys» (1 Sel. 5:17). Batyrgaýlyk bilen wagyz etmek üçin, biziň ählimiz Hudaýdan mukaddes ruhy hemişe soramaly (Luka 11:9—13).

6, 7. a) Ezekiýel nähili görnüş gördi we ol nämäni aňladýar? b) Ezekiýeliň gören görnüşinden şu günler Hudaýyň gullukçylary nähili sapak edinip biler?

6 Ezekiýel kitaby bize batyrgaýlyk bilen geplemäge ýene-de nämäniň kömek edýändiigini görkezýär. Ezekiýel görnüş görýär. Ýehowa oňa iki tarapyna-da ýazylgy, «gynançly aýdymlar, nalyş hem-de agylar» ýazylan düýrlenen kagyzy berýär we ony iýmegi buýrup, şeýle diýýär: «Ynsan ogly, meniň beren düýrlenen kagyz bilen garnyňy doýur we içiňi doldur». Bu görnüş nämäni aňladýardy? Ezekiýel habary wagyz etmek üçin, ony aňyna doly guýmalydy. Bu habar onuň bedeniniň bir bölegi bolup, içki duýgularyna täsir etmelidi. Pygamber şeýle diýýär: «Men ony iýip başladym, ol meniň agzymda bal ýaly süýjüdi». Baly iýeniňde lezzetli bolşy ýaly, Ezekiýele-de Hudaýyň habaryny aç-açan yglan etmek ýaraýardy. Ezekiýel kesir adamlara güýçli habary aýtmaly bolsa-da, ol Ýehowanyň wekili bolmagy we onuň ýumşuny ýerine ýetirmegi uly hormat saýýardy (Ezekiýel 2:8—3:4, 7—9-njy aýatlary okaň)a.

7 Şu günler Hudaýyň gullukçylary Ezekiýeliň gören görnüşinden wajyp sapak edinip bilerler. Biz hem adamlara güýçli habary aýdýarys. Emma köpüsi onuň ähmiýetine düşünmeýär. Biz wagyz gullugyny hemişe gymmat saýyp we Hudaýyň beren hormatly borjy hökmünde garamak üçin, ruhy taýdan gowy iýmitlenmeli. Biz Mukaddes Ýazgylary ýüzleý we käwagt öwrensek, Hudaýyň Sözüni doly özleşdirip bilmeris. Siz Mukaddes Ýazgylary has gowy we yzygiderli okap, özleşdirip bilermisiňiz? Siz okan zadyňyz barada oýlanmaga köp wagt sarp edip bilermisiňiz? (Zeb. 1:2, 3).

Mukaddes Ýazgylar barada nädip gürrüň açmaly

8. Käbir wagyzçylara öýden-öýe wagyzda Mukaddes Ýazgylar barada gürrüň açmaga haýsy usul kömek edýär? (Çarçuwa serediň).

8 Köp wagyzçylar üçin iň kyn zat — gürrüňe başlamak. Hakykatdan-da, käbir ýerlerde adamlar bilen söhbetdeşlik etmek kyn bolýar. Wagyzçylaryň käbiri öýden-öýe wagyz edenlerinde has ynamly bolar ýaly, çarçuwadaky gysga we gowy teklipler arkaly gürrüň açyp, kitapçany hödürleýärler. Kitapçanyň ady we täsirli suratlary adamyň ünsüni çekip, näme maksat bilen gelendigimizi gysgaça düşündirmäge we sorag bermäge mümkinçilik döredýär. Şeýle-de adama üç-dört kitapçany görkezip, olardan birini saýlamagy teklip edip bileris. Elbetde, biziň maksadymyz her bir gapynyň öňünde kitapçalary hödürläp, ýaýratmak däl-de, Mukaddes Ýazgylar esasynda gürrüň açyp, Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamakdyr.

9. Näme üçin gowy taýýarlanmak gerek?

9 Biz haýsy usuly ulansak-da, gowy taýýarlansak, öýden-öýe wagyzda ynamly we gowy garaýyşda bolmaga kömek eder. Pioner bolup gulluk edýän bir dogan şeýle diýýär: «Men gowy taýýarlansam, wagyzda köp şatlyk tapýaryn we taýýarlan teklibimi derrew ulanasym gelýär». Başga bir pioner şeýle diýýär: «Men hödürlejek edebiýatymy öňünden okasam, ony has yhlas bilen teklip edýärin». Teklipleri sessiz gaýtalamak erbet bolmasa-da, ýöne ony sesli gaýtalasak, has gowy bolar. Gulluga gowy taýýarlyk görmek bilen, biz Ýehowa iň gowusyny berip bileris (Kol. 3:23; 2 Tim. 2:15).

10. Wagyz üçin duşuşyk peýdaly bolar ýaly, ony nädip geçirmeli?

10 Wagyz üçin duşuşyklarda peýdaly maslahatlar berilse, öýden-öýe ussatlyk bilen wagyz etmäge we şatlyk tapmaga ýardam edýär. Şol günki aýat wagyz gullugyna degişli bolsa, ony okap, gysgaça ara alyp maslahatlaşsa bolar. Wagyz üçin duşuşygy geçirýän dogan ýönekeý ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä teklipleri ara-alyp maslahatlaşmaga we gaýtalamaga ýa-da şol gün wagyzda peýdaly boljak habarlara seretmek üçin ýeterlikli wagt sarp etmeli. Bu duşuşyga gelenlere gowy wagyz etmäge kömek eder. Wagyz üçin duşuşyklary geçirýän ýaşulular ýa-da doganlar gowy taýýarlyk görse, ony berlen wagtyň çäginden çykman gowy geçirip bilerler (Rim. 12:8).

Diňlemäge taýyn boluň

11, 12. Nädip ünsli diňlemek adamlaryň ýüregine täsir etmäge kömek edýär? Mysal getiriň.

11 Wagza diňe bir gowy taýýarlanman adamlar bilen ýürekden gyzyklansak, Mukaddes Ýazgylar barada gürrüň açmaga we olaryň ýüregine täsir etmäge kömek eder. Munuň üçin biz olary ünsli diňlemeli. Bir aýlanýan gözegçi şeýle diýýär: «Adamlary sabyrly we höwes bilen diňläniňde, olar bilen ýürekden gyzyklanýandygyňy görkezýärsiň hem-de hoş habary diňlemäge höweslendirýärsiň». Aşakda getirlen mysaldan görnüşi ýaly, duýgudaşlyk bilen diňlemeklik adamyň ýüregine täsir edýär.

12 «Progre» gazetinde (Fransiýa) çap edilen açyk hatda bir aýal üç aýlyk gyzy ölenden soň iki nätanyş aýaly onuň gapysyny kakandygy barada gürrüň berýär. Ol hatynda şeýle ýazýar: «Men olaryň Ýehowanyň Güwäçileridigini derrew bildim. Men sypaýyçylyk bilen olary ugratmakçy boldum, ýöne olaryň hödür edýän broşýurasyna üns berdim. Ol näme üçin Hudaýyň horluklara ýol berýändigi hakyndady. Şol sebäpli men olaryň getirjek delillerini ýalana çykarmak üçin öýe çagyrdym... Güwäçiler bizde bir sagatdan köpräk boldular. Olar meni duýgudaşlyk bilen diňlediler. Haçanda olar gitmekçi bolanlarynda, men ýagdaýymyň öňküden gowulaşandygyny duýup, olaryň ýene-de gelmegine razy boldum» (Rim. 12:15). Soňra ol aýal Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlady. Üns beren bolsaňyz, aýal uýalaryň näme diýendigini däl-de, duýgudaşlyk bilen diňländigini ýatlaýar.

13. Nädip adamyň zerurlyklaryna görä Hoş habary wagyz edip bileris?

13 Biz adamy ünsli we duýgudaşlyk bilen diňlänimizde, oňa Hudaýyň Patyşylygynyň berjek azatlygynyň näme üçin gerekdigini aýtmaga mümkinçilik berýäris. Bu bize hoş habary gowy wagyz etmäge kömek edýär. Siz ökde wagyzçylaryň adamlary hemişe gowy diňleýändigine üns berensiňiz (Sül. tym. 20:5). Olar wagyz edýän adamlarynyň ählisi bilen ýürekden gyzyklanýar. Olar adamyň diňe bir adyny we salgysyny ýatda saklaman, eýsem näme bilen gyzyklanyp, näme biynjalyk edýändigine üns berýärler. Eger adam bir kyn sorag berse, olar ony öwrenip, mümkin boldugyndan tiz soragyň jogabyny aýtmak üçin ikilenç ideg etmäge tagalla edýärler. Olar Pawlus resul ýaly adamlara Hudaýyň Patyşalygy baradaky habary wagyz edenlerinde, olaryň zerurlyklaryny göz öňünde tutýarlar (1 Korintoslylar 9:19—23-nji aýatlary okaň). Biz adamlar bilen şeýle gyzyklansak, hoş habar olara täsir edip, «Hudaýymyzyň ýüreginiň rehimliligini» görkezeris (Luka 1:78).

Gowy garaýyşda boluň

14. Biz wagyzda Ýehowanyň häsiýetlerini nädip görkezip bileris?

14 Ýehowa biziň her birimizi gymmat saýýar. Bu onuň adamlara erkinlik berendiginden görünýär. Hudaý gudraty güýçli bolsa-da, ol özüne mejburlyk bilen gulluk etdirmeýär. Hudaý adamlaryň onuň söýgüsine jogap bermegini isleýär we söýgi bilen edýän aladasyna minnetdar bolýan adamlara ak pata berýär (Rim. 2:4). Biz adamlara wagyz edenimizde rehimdar Hudaýymyzdan görelde almaly (2 Kor. 5:20, 21; 6:3—6). Şonuň üçin biz meýdançamyzdaky adamlara gowy garaýyşda bolup, ýagşylyk etmeli. Bu babatda bize näme köme eder?

15. a) Isanyň sözlerine görä, hoş habary kabul etmedik adamlara şägirtler nähili garamalydy? b) Ünsümizi mynasyplary tapmaga gönükdirmäge bize näme kömek eder?

15 Isa şägirtlerine hoş habary kabul etmedik adamlar hakynda çendenaşa gaýgylanman, bar ünsüni mynasyplary tapmaga gönükdirmegi maslahat berdi (Matta 10:11—15-nji aýatlary okaň). Eger-de biz ýönekeý we elýeterli maksat goýsak, Isanyň beren maslahatyna eýerip bileris. Bir dogan özüni altyn gözleýjä meňzedýär. «Men şu gün hökman guýma altyny gözläp taparyn» diýen sözler onuň söýgüli jümlesidi. Başga bir dogan bolsa «her hepde hoş habar bilen gyzyklanýan adamy tapmak we onuň höwesi ýitmez ýaly tizräk ikilenç ideg etmek» barada maksat goýýar. Käbir wagyzçylar öýden-öýe wagyz edende, mümkin boldugundan her bir adama Mukaddes Ýazgylardan iň bolmanda bir aýady okap bermäge jan edýärler. Siz nähili maksat goýup bilersiňiz?

16. Hoş habary wagyz etmegi dowam etdirmäge bizde nähili sebäpler bar?

16 Öýden-öýe wagyzdaky üstünlik diňe bir adamlaryň hoş habara seslenişine bagly däl. Dogrusyny aýdanyňda, wagyz gullugy akýürekli adamlaryň halas bolmagyna mümkinçilik berýär, emma ol başga-da bir wajyp maksady ýerine ýetirýär. Wagyz etmek bilen, biz Ýehowa bolan söýgimizi görkezýäris (1 Ýahýa 5:3). Eger biz wagyz gullugyna gatnaşsak, adamlaryň ganynyň dökülmegine günäkär bolmarys (Res. iş. 20:26, 27). Şeýle-de biz Hudaýa iman etmeýän adamlara «(Hudaýyň) höküm sagady gelendigini» duýdurýarys (Ylh. 14:6, 7). Iň esasanam, hoş habary wagyz etmek bilen, bütin ýer ýüzünde Ýehowanyň ady şöhratlanýar (Zeb. 113:3). Şol sebäpli, adamlar bizi diňlese-de, diňlemese-de, Hudaýyň Patyşalygy baradaky habary aýtmagy dowam etdirmeli. Hoş habary aýtmak üçin edýän ähli tagallamyzy Ýehowanyň gymmat saýýandygyna ynamly boluň! (Rim. 10:13—15).

17. Tizden adamlar nämäni boýun almaly bolar?

17 Şu günler adamlaryň köpüsi Hudaýyň Patyşalygy baradaky wagyz edýän habarymyzy kabul etmeseler-de, tizden olar ähli zada garaýşyny üýtgetmeli bolar (Mat. 24:37—39). Ýehowa Ezekiýeli onuň yglan eden hökümi ýerine ýetende, pitneçi Ysraýyl öýi: «Olaryň arasynda pygamber bolandygyny bilerler» diýip ynandyrdy (Ezek. 2:5). Şonuň ýaly Hudaý zalym dünýäni höküm edende, adamlar Ýehowanyň Güwäçileriniň halkyň öňünde we öýden-öýe wagyz eden habary ýeke-täk hak Hudaý Ýehowadandygyny hem-de Güwäçiler onuň wekilleridigini boýun almaly bolar. Şu wajyp döwürde Ýehowa Hudaýymyzyň gullukçylary bolmak we onuň habaryny yglan etmek, uly hormatdyr! Biz hiç bir kynçylyklara garamazdan, geliň, Ýehowanyň kömegine bil baglap, öýde-öýe wagyz etmegi dowam edeliň!

a Ezekiýel 2:8—3:4, 7—9: «Sen, adam ogly, saňa aýdýaryn, diňle. Bu pitneçi öý ýaly sen pitneçi bolma. Agzyňy aç we saňa berýänimi iý». Men seretdim maňa el uzadyldy, onda düýrlenen kagyz bardy. Ol ony meniň öňümde açdy we düýrlenen kagyzyň iki tarapy ýazyp doldurlandy; onda gynançly aýdymlar, nalyş we agy ýazylgydy. Ol maňa şeýle diýdi: «Adam ogly, öňüňdäkini iý. Bu düýrlenen kagyzy iý, soňra git-de Ysraýyl öýüne diý». Men agzymy açdym, ol maňa düýrlenen kagyzy iýmäge berip: «Adam ogly, meniň saňa berýän, düýrlenen kagyz bilen garnyňy doldur we içiňi doýur» diýdi. Men ony iýip başladym we ol agzymda bal ýaly süýjidi. Soňra ol maňa diýdi: «Adam ogly, Ysraýyl öýüne git we meniň sözlerimi olara aýt». Ýöne Ysraýyl öýi seni diňlemek islemez, sebäbi ol meni diňlemek islemeýär; çünki ähli Ysraýyl öýi — maňlaýy gaty we kesir ýürekli adamlardyr. Ine, olaryň ýüzi ýaly seniň ýüzüňi-de gataltdym we maňlaýlary ýaly seniň maňlaýyňy-da gataltdym. Seniň maňlaýyňy çakmak daşyndan-da gaty bolan almaz ýaly etdim. Olar pitneçi öý bolany sebäpli, olardan gorkma we olaryň ýüzlerinden gorkma».

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Biz batyrgaýlyk bilen nädip wagyz edip bileris?

• Öýden-öýe wagyzda Mukaddes Ýazgylar barada gürrüňe başlamaga näme kömek eder?

• Adamlar bilen ýürekden gyzyklanýandygymyzy nädip görkezmeli?

• Meýdançamyzdaky adamlara dogry garaýyşda bolmaga bize näme kömek eder?

[9-njy sahypadaky çarçuwa]

Mukaddes Ýazgylar barada gürrüňi nädip başlamaly

Nämeden başlamaly:

◼ Siz salamlaşandan soň, kitapçany uzadyp, şeýle diýiň: «Şu gün men adamlar bilen wajyp tema boýunça gürrüň edýärin».

◼ Ýa-da kitapçany görkezip, şeýle diýiň: «Şu gün men adamlar bilen şu wajyp tema boýunça gysgaça gürrüň edýärin, siziň pikiriňizi-de bilmek isleýärin».

Adam kitapçany alsa:

◼ Kitapçanyň ady barada adamyň pikirini bilmek üçin derrew ýönekeý sorag beriň.

◼ Adamyň garaýşyna düşünmek üçin ünsli diňläň. Pikirini aýdanda minnetdarlyk bildiriň.

Gürrüňi dowam etmek üçin:

◼ Adamyň näme bilen gyzyklanýandygy we näme biynjalyk edýändigini göz öňünde tutup, Mukaddes Ýazgylardan bir ýa-da birnäçe aýady okaň we ara alyp maslahatlaşyň.

◼ Eger adam gyzyklansa, žurnal, broşýura ýa-da kitap teklip ediň we mümkin bolsa, Mukaddes Ýazgylar okuwynyň geçirilişini düşündiriň. Ikilenç ideg barada gepleşiň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş