Ýehowanyň sözi diri
Ezekiýel kitabyndan peýdaly pikirler. 1-nji bölüm.
B. E. ÖŇ 613-nji ýyldy. Ýeremiýa pygamber Ýahudada Iýerusalimiň hökmany suratda weýran edilip, Ýahuda ýurdunyň harabalyga öwrüljekdigini batyrgaýlyk bilen yglan edýär. Babyl patyşasy Nebukadnezar eýýäm ençeme ýehudylary ýesirlige äkitdi. Olaryň arasynda Daniýel we onuň üç ýoldaşy bardy. Olar kildanlylar köşgünde hyzmat edýärdiler. Sürgün edilen ýehudylaryň köpüsi «kildanlylar ýurdunda» Kebar derýasynyň kenarynda ýaşaýarlar (Ezekiýel 1:1—3). Ýehowa ýesirleri ýadyndan çykarmaýar, olara 30 ýaşly Ezekiýeli pygamber edip iberýär.
Ezekiýel kitaby b. e. öň 591-nji ýylda ýazylyp gutarylýar we 22 ýylyň dowamynda bolan wakalary öz içine alýar. Ezekiýel jikme-jikliklere üns berip ýazýar. Ol pygamberligi alan wagtyny ýazanda, diňe ýylyny däl, hatda aýyny we gününi görkezýär. Ezekiýeliň pygamberliginiň birinji bölüminde Iýerusalimiň ýykylyşy we weýran edilişi hakda gürrüň edilýär. Ikinji bölüminde goňşy halklara çykarylan hökümler, soňky bölüminde bolsa Ýehowa edilýän seždäniň dikeldilişi barada aýdylýar. Bu makalada Ezekiýel 1:1—24:27-nji aýatlardaky peýdaly pikirler, görnüşler, pygamberlikler we Iýerusalime boljak zatlaryň şekillendirilişi beýan edilýär.
«MEN SENI GARAWUL BELLEDIM»
Ýehowanyň tagty baradaky tolgundyryjy görnüşi görenden soň, Ezekiýel özüne berlen tabşyrygy alýar. Ýehowa oňa şeýle diýýär: «Men seni Ysraýyl öýüne garawul belledim. Sen meniň agzymdan çykýan sözi diňläp, olara meniň adymdan duýdurarsyň» (Ezekiýel 3:17). Ezekiýele Iýerusalimiň gabalyşy we onuň netijesi hakdaky pygamberligi şekillendirip görkezmek tabşyrylýar. Ýehowa Ezekiýel arkaly Ýahuda ýurdy barada şeýle diýýär: «Ine, men siziň başyňyza gylyç salaryn, belentlikleriňizi tozduraryn» (Ezekiýel 6:3). Ýurduň ýaşaýjysyna bolsa: «[Heläkçilik] täji saňa ýetdi» diýýär (Ezekiýel 7:7).
B. e. öň 612-nji ýylda gören görnüşinde Ezekiýel Iýerusalime äkidilýär. Ol Hudaýyň ybadathanasynda edilýän ençeme ýigrenji işleri görýär! Ýehowa imandan dänen adamlary höküm etmek üçin gökdäki goşunyny («alty adamy») iberýär. Diňe «maňlaýy bellikli» adamlar halas bolar (Ezekiýel 9:2—6). Emma ilki şäheriň üstüne «otly köz», ýagny Hudaýyň ýok etjekdigi baradaky otly habary zyňylmaly (Ezekiýel 10:2). Ýehowa erbetleriň ýoluny «öz başyna» indirse-de, ýer ýüzüne dagan ysraýyllylary ýygnamagy wada edýär (Ezekiýel 11:17—21).
Hudaýyň ruhy Ezekiýeli yzyna kildanlylar ýurduna getirýär. Ezekiýel Zedekiýa patyşanyň we käbir adamlaryň Iýerusalimden gaçyşy baradaky pygamberligi şekillendirip görkezýär. Ýalan pygamberler ýazgarylýar. Butparazlar inkär edilýär. Ýahuda derde ýaramaýan üzüm agajyna meňzedilýär. Bürgüt we üzüm agajy baradaky tapmaçada Iýerusalimiň Müsürden kömek sorap, gynançly netije getirişini görkezýär. Tapmaçanyň soňunda «Ýehowa belent dagyň üstünde ýaş nahal oturdaryn» diýip berýär (Ezekiýel 17:22). Ýahudada welin, «hökümdarlyk hasasy» bolmaz (Ezekiýel 19:14).
Sowallaryň jogaby:
1:4—28 — Gökdäki araba nämäni aňladýar? Araba Ýehowanyň wepaly perişdelerden ybarat bolan gökdäki guramasyny aňladýar. Ol Ýehowanyň mukaddes ruhunyň güýji arkaly herekete gelýär. Arabany sürýän Ýehowanyň beýikligini söz bilen aýdyp bolmaýar. Onuň parahatlygyny owadan älemgoşar suratlandyrýar.
1:5—11 — Dört jandar kimleri aňladýar? Ezekiýel araba hakda gören ikinji görnüşinde dört jandary kerubiler diýip atlandyrýar (Ezekiýel 10:1—11; 11:22). Başga aýatda suratlandyranda, öküziň ýüzüni «kerubiniň ýüzi» diýip atlandyrýar (Ezekiýel 10:14). Bu örän ýerlikli, sebäbi öküz güýç-kuwwatyň nyşanydyr. Kerubiler bolsa güýçli ruhy şahsyýet hasaplanylýar.
2:6 — Ezekiýele näme üçin telim sapar «ynsan ogly» diýilýär? Ýehowa Ezekiýele şeýle ýüzlenip, pygamberiň et bilen gandandygyny ýatladýar hem-de habarçy bolup gulluk edýän adamyň we pygamberligi berýän Hudaýyň arasyndaky tapawudy görkezýär. Şeýle-de Injilde takmynan 80 gezek Isa Mesihe ynsan ogly diýilýär. Bu Hudaýyň Oglunyň ýer ýüzüne gelende, ynsan tenine giren ruhy şahsyýet däl-de, adam bolup gelendigini aýdyň görkezýär.
2:9—3:3. «Agy we nalyş» ýazylan hatyň tagamy Ezekiýele näme üçin süýji görünýär? Ezekiýeliň berlen tabşyryga bolan garaýşy hatyň tagamyny süýjedýär. Ol pygamber hökmünde Ýehowa gulluk edýändigine begenýärdi.
4:1—17 — Iýerusalimiň geljekde gabalyşyny Ezekiýel hakykatdan-da öz durmuşy bilen görkezdimi? Ezekiýeliň odun hökmünde başga zady ulanmagy soramagy we Ýehowanyň rugsat bermegi pygamberiň wakalary hakykatdan-da öz durmuşy bilen görkezendigini bildirýär. Ol on taýpaly patyşalygyň 390 ýyllap, ýagny b. e. öň 997-nji ýyldan, tä b. e. öň 607-nji ýylda Iýerusalim weýran edilýänçä eden günäleri üçin çep tarapynda ýatýar. Soňra Ýahudanyň 40 ýyllap, ýagny b. e. öň 647-nji ýylda Ýeremiýanyň pygamber belleneninden, tä b. e. öň 607-nji ýyl aralygynda eden günäsi üçin sag tarapynda ýatýar. Şol 430 günüň dowamynda Ezekiýel biraz iýmit we suw bilen ýaşap oňýar. Bu Iýerusalimiň gabalan döwründe açlygyň boljakdygyna pygamberlik edýär.
5:1—3 — Ezekiýel näme üçin ýele sowurmaly saçyndan birnäçesini alyp, etegine daňmalydy? Ol galan ysraýyllylaryň 70 ýyl haraba bolup ýatan Ýahuda ýurduna dolanyp, hakyky seždäni dikeltmelidigini görkezýär (Ezekiýel 11:17—20).
17:1—24 — Iki sany uly bürgüt kimleri aňladýar, kedr agajyndan ýaş şahalar nädip sogrulýar we Ýehowa nähili «ýaş nahal» oturdýar? Iki bürgüt Babylyň we Müsüriň hökümdarlaryny aňladýar. Birinji bürgüt kedr agajynyň depesine gonýar, ýagny Dawudyň patyşa neberesinden doglan hökümdaryň ýanyna gelýär. Bürgüt agajyň depesinden ýaş şahany sogrup, Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakiniň deregine Zedekiýany tagta geçirýär. Wepadarlyk hakda kasam içse-de, Zedekiýa beýleki bürgütden, ýagny Müsüriň hökümdaryndan kömek soraýar, ýöne peýdasy degmeýär. Ol ýesirlige äkidilip, Babylda ölýär. Şeýle-de Ýehowa Mesihi Patyşany aňladýan «ýaş nahaly» sogurýar. Ol «beýik hem belent dagda», ýagny gökdäki Sion dagynda oturdylýar. Ol ýerde «äpet kedr agajyna» öwrülip, ýer ýüzüne hakyky bereket getirer (Ylham 14:1).
Biziň üçin sapak:
2:6—8; 3:8, 9, 18—21. Biz erbet adamlardan gorkmaly däl we Hudaýyň habaryny yglan etmegi bes etmeli däl, sebäbi biz olara Hudaýyň duýduryşyny ýetirýäris. Hoş habara sowuk-sala garasalar ýa-da garşylyga uçrasak, biz göwher kimin berk durmaly. Emma doňýürek, biparh hem gödek bolmakdan ägä bolmaly. Isanyň wagyz edýän adamlaryna haýpy gelýärdi. Bizem adamlara haýpymyz gelip, wagyz etmeli (Matta 9:36).
3:15. Hudaýyň beren tabşyrygyny alyp, Ezekiýel Tel-Awiwde aýtmaly habary hakda oýlanyp, «ýedi günläp haýran galýar». Eýsem, biz çuňňur ruhy hakykatlary ürç edip öwrenip, üstünde oýlanmak üçin wagt tapmaly dälmi näme?
4:1—5:4. Iki sany pygamberligi şekillendirmek üçin Ezekiýele kiçigöwünli hem batyrgaý bolmak gerekdi. Biz hem Hudaýyň berýän islendik tabşyrygyny berjaý etmek üçin kiçigöwünli we batyrgaý bolmaly.
7:4, 9; 8:18; 9:5, 10. Hudaýyň hökümine sezewar bolan adamlara gözümiz gyýmaly däl ýa-da olara haýpymyz gelmeli däl.
7:19. Ýehowa häzirki zalym dünýäni ýok edende, puluň peýdasy degmez.
8:5—18. Imandan dänen adam Hudaý bilen dostlugyny ýitirýär. «Hudaýy äsgermeýän adam agzy bilen goňşusyny heläkleýändir» (Süleýmanyň tymsallary 11:9). Imandan dänenleriň sözlerini diňlemek barada pikir hem etmeli däl, bu akyldarlyk bolar.
9:3—6. «Uly muşakgatdan» diri geçmek üçin bellik almaly, ýagny özümizi Hudaýa bagyş edip, Ýehowanyň suwda çokundyrylan gullukçysy bolmaly we mesihçi häsiýetleri ösdürmeli (Matta 24:21). Syýa çüýşeli adam mesh edilen mesihçileri aňladýar. Olar bellik etmek işine, ýagny Hudaýyň Patyşalygy hakda wagyz edip, şägirt taýýarlamak işine ýolbaşçylyk edýärler. Biz belligi özümizde saklamak islesek, bu işde olary yhlas bilen goldamaly.
12:26—28. Ezekiýeliň aýdýan habarynyň üstünden gülen adamlara-da, ol şeýle diýmelidi: «Indi [Ýehowanyň] hiç bir sözi soňa goýulmaz». Biz bu zalym dünýäniň soňy gelmänkä, adamlara Ýehowa bil baglamagy öwretmek üçin elimizde baryny etmeli.
14:12—23. Halas bolmak üçin her kesiň özi jan etmeli. Muny başga biri bize derek edip bilmez (Rimliler 14:12).
18:1—29. Biz eden işimiz üçin özümiz jogap berýäris.
«ÝYKARYN, ÝYKARYN, ÝYKARYN»
B. e. öň 611-nji ýylda, ýagny sürgünligiň ýedinji ýylynda Ysraýylyň ýaşulularyndan birnäçe adam «Ýehowadan soramak» üçin Ezekiýeliň ýanyna gelýärler. Olar Ysraýylyň turzan pitnesi hakda uzyn gürrüňi we Ýehowanyň olara garşy «gylyç çykarjakdygy» barada duýduryş eşidýärler (Ezekiýel 20:1; 21:3). Ýehowa Ysraýylyň serdaryna (Zedekiýa) ýüzlenip, şeýle diýýär: «Baş geýimiňi çykar, täjiňi aýyr. Indi öňki ýaly bolmaz. Kemsidilen beýgeler we beýgelen kemsidiler. Ýykaryn, ýykaryn, ýykaryn. Kanuny eýesi [Isa Mesih] gelýänçä, ol hiç kimiňki bolmaz we Men ony şoňa bererin» (Ezekiýel 21:26, 27).
Iýerusalim sud jogapkärçiligine çekilýär. Oholanyň (Ysraýylyň) we Oholibanyň (Ýahudanyň) etmişi açylýar. Ohola bir eýýäm «oýnaşlarynyň eline, Aşur ogullarynyň eline berildi» (Ezekiýel 23:9). Oholibanyň weýrançylygy bolsa golaýlaşýar. B. e. öň 609-njy ýylda Iýerusalimiň 18 aýlyk gabawy başlanýar. Şäher ahyrsoňy ýykylanda, ýehudylar geň galandan ýaňa gynanjyny-da bildirip bilmeýärler. Ezekiýel şäheriň weýrançylygy hakda «gaçyp gutulan» adamdan eşidýänçä, Hudaýyň habaryny Babyl sürgünligindäkilere aýtmaly däldi (Ezekiýel 24:26, 27).
Sowallaryň jogaby:
21:3 — Ýehowanyň gynyndan çykarjak «gylyjy» näme aňladýar? Iýerusalimiň we Ýahudanyň üstünden çykaran hökümini ýerine ýetirjek Ýehowanyň «gylyjy» Babyl patyşasy Nebukadnezary we onuň goşunyny aňladýar. Şeýle-de «gylyç» Hudaýyň perişdelerden ybarat bolan gökdäki guramasyny hem aňladyp biler.
24:6—14 — Gazanyň posy nämäni aňladýar? Gabawa alnan Iýerusalim nahar bişirilýän gazana meňzedilýär. Gazanyň posy şäheriň ýaşaýjylarynyň ahlak taýdan azanlygyny, ýagny bozuklygyny, ýoldan çykanlygyny we ganhorlygyny aňladýar. Gazany otda goýup, gyzyl köz edende-de, onuň posy aýrylmaýar. Iýerusalimiň ýaşaýjylary diýseň azypdy.
Biziň üçin sapak:
20:1, 49. Ysraýyl ýaşulularynyň jogaby Ezekiýeliň aýdýan sözlerine müňkürlik edýändigini görkezýär. Geliň, hiç haçan Hudaýyň berýän duýduryşlaryna şübhelenmäliň!
21:18—22. Butparaz Nebukadnezar palçynyň kömegine ýüzlense-de, Iýerusalime çozmaga ony Ýehowa höweslendirýär. Diýmek, Ýehowanyň öz islegini ýerine ýetirmek üçin iberen güýçlerine hatda jynlar hem päsgel berip bilmez.
22:6—16. Ýehowa töhmeti, azgynlygy, berlen ygtyýary kanunsyz ulanmagy we parahorlygy ýigrenýär. Biz şeýle erbet işlerden gaça durmagy berk ýüregimize düwmeli.
23:5—49. Ysraýyl we Ýahuda syýasy bileleşikleri baglaşyp, ýaşaýjylaryň ýalan taňrylara sežde etmegine eltýär. Geliň, dünýäniň adamlary bilen dostlaşmakdan ägä bolalyň, sebäbi olar Hudaýa bolan imanymyzy gowşadýar (Ýakup 4:4).
Diri hem täsirli habar
Mukaddes Ýazgylaryň Ezekiýel kitabynyň ilkinji 24 baby nähili ajaýyp sapaklary öwredýär! Ondaky prinsipler Hudaýyň merhemetinden nämäniň mahrum edýändigini, onuň razylygyny gazanmak üçin nämeleri etmelidigimizi we erbet adamlary näme üçin duýdurmalydygymyzy görkezýär. Iýerusalimiň weýran edilişi hakdaky pygamberlik, Ýehowanyň täze zatlar «ýerine ýetmänkä» olary habar berýän Hudaýdygyny aýdyň görkezýär (Işaýa 42:9).
Ezekiýel 17:22—24 we 21:26, 27-nji aýatlardaky pygamberlikler gökde Mesihi Patyşalygyň berkarar edilendigini görkezýär. Tizden Hudaýyň hökümdarlygy bütin ýer ýüzünde onuň islegini amala aşyrar (Matta 6:9, 10). Biz Patyşalygyň berjek bereketlerine berk iman bilen garaşyp bileris. Hawa, «Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir» (Ýewreýler 4:12).