Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/2 sah. 13—17
  • Hudaýyň mährini gazanyp, ebedi ýaşaýşa gowşuň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň mährini gazanyp, ebedi ýaşaýşa gowşuň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaý seždä mynasypdyr
  • Seniň «halkyň... meýletin häzir bolar»
  • Hudaýyň mährini gazandyrýan gurbanlar
  • Ýehowa dogry adama pata berer
  • Sarepatly dul aýalyň imany sylaglanýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
  • Ýehowa sizden razydyr
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Ýehowa ýürekden gurban beriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Hakykatyň esasyna düşünmegiň peýdasy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/2 sah. 13—17

Hudaýyň mährini gazanyp, ebedi ýaşaýşa gowşuň

«Sen, ýa Reb, dogry adama ak pata berersiň; onuň daşyny galkan kimin mähir bilen gurşarsyň». (ZEB. 5:12)

1, 2. Ylýas sareptaly dul aýaldan näme soraýar we nämäni wada berýär?

SAREPTALY dul aýal we onuň ogly açdy. Hudaýyň pygamberi hem açdy. Dul aýal ojakda ot ýakmakçy bolup ýörkä, Ylýas pygamber ondan suw bilen çörek bermegi haýyş edýär. Ol suw berjekdi, emma çörek berere ýagdaýy ýokdy, sebäbi onuň «uly gapda bir owuç uny, kiçi küýzede birazajyk ýagy bardy». Ol pygambere iýere zat berip bilmejekdigini aýdýar (1 Pat. 17:8—12).

2 Emma Ylýas oňa şeýle diýýär: «Ilki maňa külçe bişirip getir, özüňe we ogluňa soň bişirersiň. Çünki Ysraýylyň Taňrysy Ýehowa şeýle diýýär: «Ýehowa ýere ýagyş ýagdyrýança, uly gapdaky un gutarmaz, kiçi küýzedäki ýag hem tükenmez» (1 Pat. 17:13, 14).

3. Haýsy sorag biziň her birimize degişli?

3 Dul aýalyň öňünde diňe birazajyk çöregi bermek däl-de, has wajyp sorag durdy. Ol halas etjek Ýehowa bil baglarmy ýa-da maddy zerurlygy Hudaýyň mährini we dostlugyny gazanmakdan ileri tutar? Bu sorag biziň her birimize-de degişli. Biz baýlygy däl-de, Ýehowanyň mährini gazanmagy birinji orunda goýarysmy? Hudaýa bil baglap, oňa gulluk etmäge bizde ähli sebäpler bar. Geliň, Hudaýyň mährini gazanmak üçin näme etmelidigine seredeliň.

Hudaý seždä mynasypdyr

4. Näme üçin Ýehowa sežde etmegimize mynasyp?

4 Ýehowa adamlardan arassa seždäni talap etmäge haklydyr. Onuň gökdäki gullukçylary hem muny biragyzdan tassyklaýar: «Eý Rebbimiz, Hudaýymyz! Sen şöhraty, hormaty hem gudraty almaga mynasypsyň. Çünki hemme zady Sen ýaratdyň. Ählisi Seniň islegiň bilen döredi, ýaradyldy» (Ylh. 4:11). Ýehowa biziň Ýaradyjymyz, şol sebäpli ol sežde etmegimize mynasyp.

5. Näme üçin Hudaýyň söýgüsi Oňa gulluk etmäge höweslendirmeli?

5 Biziň Ýehowa gulluk etmelidigimiziň ýene-de bir sebäbi: Onuň bize bolan çäksiz söýgüsidir. Töwratda şeýle diýilýär: «Hudaý Öz keşbinde ynsany ýaratdy, hawa, Hudaý olary Öz keşbinde ýaratdy, olary erkek we aýal edip ýaratdy» (Gel. çyk. 1:27). Ynsan Hudaýyň beren ukyby bilen oýlanyp we karara gelip bilýär. Ýehowa adamlara ýaşaýyş berip, biziň Atamyz boldy (Luka 3:38). Ol mähirli ata ýaly ogul-gyzlarynyň ýaşaýyşdan lezzet almagy üçin, olary ähli zat bilen üpjün edýär. Hudaý biziň üstümize «Gününi... dogurýar» we «ýagmyryny... ýagdyrýar», şol sebäpli biz bol iýmitden we owadan tebigatdan lezzet alýarys (Mat. 5:45).

6, 7. a) Adam ata nesline nähili zyýan ýetirdi? b) Hudaýyň mährini gazanýan adamlara Mesihiň tölegi nähili kömek eder?

6 Şeýle-de Ýehowa bizi günäniň ýetiren zyýanyndan halas etmek isleýär. Adam ata günä edip, humarly oýun üçin maşgalasyndan zat ogurlan adam ýaly boldy. Ol Ýehowa garşy çykyp, çagalarynyň gelejegini, ýagny ebedi bagtyny ogurlady. Ol nebsine çapyp, adamzady bikämilligiň guly etdi. Şol sebäpli ähli adamlar keselleýär, ejir çekýär we ölýär. Guly boşatmak üçin töleg tölemeli. Ýehowa-da bizi günäniň ýetiren zyýanyndan halas etmek üçin töleg berdi (Rimliler 5:21-i okaň). Isa Mesih Atasynyň islegini berjaý etmek üçin «köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde berdi» (Mat. 20:28). Hudaýyň mährini gazanan adamlar tizden tölegiň peýdasyny doly görerler.

7 Biziň bagtly hem manyly ýaşamagymyz üçin hiç kim Ýaradyjymyz Ýehowa ýaly aladamyzy edýän däldir. Biz onuň mährini gazansak, adamzat nesliniň çeken horluklarynyň soňuna çykyşyny göreris. Ýehowa Özüni agtarýan her bir adamy hökman sylaglar (Ýew. 11:6).

Seniň «halkyň... meýletin häzir bolar»

8. Işaýa pygamber bilen bolan wakadan Hudaýa gulluk etmek barada näme öwrenýäris?

8 Hudaýyň mährini gazanmak üçin erkinligi dogry ulanmaly. Sebäbi Ýehowa hiç kimi Özüne gulluk etmäge mejbur etmeýär. Işaýa pygamberiň döwründe Ýehowa ýumuş tabşyrmak üçin adam gözleýärdi. Ol: «Kimi ibereýin, biziň üçin kim gider?» diýip soraýar. Ýehowa pygamberiň özüne çözmäge rugsat berip, oňa hormat goýdy. Şonda Işaýa pygamber höwes bilen: «Ine men, iber meni!» diýdi (Iş. 6:8).

9, 10. a) Adam nädip nädogry niýet bilen Hudaýa gulluk etmegi mümkin? b) Näme üçin Ýehowa bütin ýürekden gulluk etmeli?

9 Hudaýa sežde etmelimi ýa-da etmeli däl, muny adamlaryň özleri çözmeli. Ýehowa biziň meýletin gulluk etmegimizi isleýär (Ýeşuw 24:15-i okaň)a. Hudaýa gulluk etmegi halamaýan adamlar Oňa ýaranyp bilmezler; Ol ile ýaranmak isleýän adamlaryň hem gullugyny kabul etmez (Kol. 3:22). Eger biz dünýewi işler sebäpli, Hudaýa «bütin ýürekden» gulluk etmesek, Onuň mährini gazanyp bilmeris (Zeb. 119:2). Ýehowa bütin ýürek bilen gulluk etmegiň peýdalydygyny bilýär. Musa pygamber ysraýyllylara ýaşaýşy saýlamak üçin, «Hudaýyňyz Rebbi söýüň, Oňa gulak asyň we Oňa bil baglaň» diýip maslahat berdi (Kan. tag. 30:19, 20).

10 Gadymy Ysraýylyň patyşasy Dawut Ýehowa şeýle nagma aýtdy: «Seniň gudratyň gününde halkyň mukaddes dabarada meýletin häzir bolar; säheriň bagryndan önen ýaşlyk çygy Seniňkidir» (Zeb. 110:3). Şu günler köp adamlar doly üpjün we amatly şertlerde ýaşamagyň aladasyny edýärler. Emma Ýehowany söýýän adamlar mukaddes gullugy hemme zatdan ileri tutýarlar. Olar hoş habary yhlasly wagyz edip, ruhy işleri birinji orunda goýýarlar. Olar Ýehowanyň gündelik zerurlyklary barada alada etjekdigine doly ynanýarlar (Mat. 6:33, 34).

Hudaýyň mährini gazandyrýan gurbanlar

11. Ysraýyllylar nähili maksat bilen Ýehowa gurban hödürlemelidiler?

11 Kanun ähtine laýyklykda, ysraýyl halky Ýehowanyň mährini gazanmak üçin halanjak gurbanlar bermelidi. Lewiler 19:5-de şeýle diýilýär: «Rebbe salamatlyk gurbanlygyny hödür edeniňizde, gurbanlygyňyzyň kabul bolary ýaly ony kada laýyklykda beriň». Soňra ýene-de: «Eger Rebbe şükür sadakasyny hödür etseňiz, ony kabul bolar ýaly edip beriň» diýilýär (Lew. 22:29). Ysraýyllylar Ýehowa şikessiz maly gurban berende, onuň tüssesi hak Hudaý üçin «ýakymly ys» bolupdyr (Lew. 1:9, 13). Hudaý halkynyň görkezen söýgüsini halap, gurbanlygyny kabul edipdir (Gel. çyk. 8:21). Şol kanunda häzirki döwür üçin hem prinsip bar. Ýehowanyň halaýan gurbanyny berýän adamlar onuň mährini gazanýarlar. Ol nähili gurbanlary kabul edýär? Muny bilmek üçin özümizi alyp barşymyz we gepleýşimiz barada gürrüň edeliň.

12. Özümizi Hudaýyň halajak gurbany hökmünde hödürlär ýaly nähili işlerden gaça durmaly?

12 Pawlus resul rimlilere ýazan hatynda şeýle diýýär: «Eý doganlar, özüňizi diri, mukaddes, Hudaýyň halajak gurbany hökmünde hödürläň diýip, Hudaýyň rehimleri arkaly size ýalbarýaryn; bu siziň ruhy ybadatyňyzdyr» (Rim. 12:1). Ýehowanyň mährini gazanmak üçin, adam öz tenini mukaddes saklamaly. Eger ol çilim, nas, çeýnelýän temmäki we neşe çekip ýa-da spirtli içgileri köp içip, özüni hapalasa, onuň beren gurbanynyň peýdasy bolmaz (2 Kor. 7:1). Onsoňam, Ýehowa dürli ahlaksyz işleri edýän adamyň gurbanyny ýigrenýär, sebäbi «ahlaksyzlyk edýän öz tenine garşy günä edýändir» (1 Kor. 6:18). Diýmek, Hudaýyň göwnünden turmak üçin adam «ähli edim-gylymynda mukaddes bolmaly» (1 Pet. 1:14—16).

13. Näme üçin bize Ýehowany şöhratlandyrmak «gelişýär»?

13 Biz gepleýşimiz bilen hem Ýehowanyň halaýan gurbanyny berip bilýäris. Ýehowany söýýän adamlar köpçülikde-de, ýekelikde-de ony taryplaýan sözleri aýdýarlar (Zebur 34:1—3-nji aýatlary okaň). 148—150-nji mezmurlar Ýehowany ençeme gezek şöhratlandyrmaga höweslendirýär. Dogrudan-da, «göni adamlara sena gelişýändir» (Zeb. 33:1). Baş Göreldämiz Isa Mesih hem hoş habary wagyz edip, Hudaýy şöhratlandyrmagyň ähmiýetini belläp geçdi (Luka 4:18, 43, 44).

14, 15. Hoşea ysraýyllylara nähili gurban getirmegi maslahat berdi we Ýehowa olara nähili garady?

14 Biz yhlasly wagyz edip, Ýehowany söýýändigimizi we onuň mährini gazanmak isleýändigimizi görkezýäris. Ýalan seždä eýerip, Hudaýyň merhemetinden mahrum bolan ysraýyllylara Hoşea pygamberiň beren maslahatyna seredeliň (Hoş. 13:1—3). Hoşea olara: «Biziň ýazyklarymyzy geç we ýagşy zatlarymyzy kabul et, biz hem dodaklarymyzyň ýaş öküzlerini getireli» diýip, Ýehowa ýalbaryň diýýär (Hoş. 14:1, 2).

15 Öküz bu ysraýyllylaryň Ýehowa gurban edip biljek iň gymmatly malydy. Şol sebäpli «dodaklarymyzyň ýaş öküzleri» diýen söz hak Hudaýy ýürekden şöhratlandyrmagy aňladýar. Ýehowa şeýle gurban berýän adamlara nähili garaýardy? Ol: «Men olary öz isleýşim ýaly söýerin» diýýär (Hoş. 14:4). Ýehowa öwgi gurbanlary berýän adamlaryň günälerini bagyşlaýar. Olar onuň mährini we dostlugyny gazanyp bilerler.

16, 17. Hoş habary iman bilen wagyz edýän adamyň gurbanyny Ýehowa nädip kabul eder?

16 Ýehowany şöhratlandyrmak hakyky seždede hemişe wajyp orun tutýardy. Mezmurçy Hudaýy şöhratlandyrmagy şeýle halaýardy welin: «Ýa Reb, agzymdan çykan erkin sowgatlary kabul et» diýip ýalbardy (Zeb. 119:108). Şu günler hem şeýle adamlar barmy? Uly märeke barada Işaýa şeýle pygamberlik etdi: «Olar Ýehowanyň şöhratyny hemmelere yglan ederler... Meniň gurbanlyk sypama getiren (sowgatlaryny) kabul ederin» (Iş. 60:6, 7). Bu pygamberligi häzir Hudaýa «öwgi gurbanlaryny, Onuň adyny ykrar edýän dodaklaryň miwesini hödürleýän» millionlarça adamlar ýerine ýetirýär (Ýew. 13:15).

17 Siz barada näme diýse bolar? Siz hem Hudaýyň halaýan gurbanlaryny hödürleýärsiňizmi? Eger şeýle gurban bermeýän bolsaňyz, onda Ýehowany şöhratlandyrmak üçin durmuşyňyzy özgerdermisiňiz? Imanyňyz hoş habary wagyz etmäge höweslendirse, siziň gurbanyňyz «öküzden köp ýarar» (Zebur 69:30, 31-nji aýatlary okaň). Siziň öwgi gurbanyňyzyň «ýakymly ysy» hökman Ýehowa ýeter we siz onuň mährini gazanarsyňyz (Ezek. 20:41). Elbetde, siziň şatlygyňyzyň çägi bolmaz.

Ýehowa dogry adama pata berer

18, 19. a) Häzir adamlaryň köpüsi hakyky seždä nähili garaýar? b) Hudaýyň mährini ýitirmek nämä eltýär?

18 Häzirki adamlaryň köpüsi Malaki pygamberiň döwründe ýaşan adamlar ýaly: «Hudaýa gulluk etmegiň näme peýdasy bar? Onuň buýruklaryny berjaý etmegiň haýry näme?» diýýärler (Mal. 3:14). Şeýle adamlar harsydünýälige ýüz urup, Hudaýyň islegi ýerine ýetmez we onuň kanunlary boýunça ýaşap bolmaýar diýýärler. Olar hoş habary wagyz etmek biderek wagtyňy ýitirmek diýip gaharlanýarlar.

19 Şeýle düşünjeler ilki Erem bagynda döräpdi. How ene Şeýtanyň gepine gidip, Ýehowanyň beren ajaýyp ýaşaýşynyň we onuň mähriniň gadyryny bilmedi. Şeýtan şu günler hem adamlary Hudaýyň islegini berjaý etmegiň peýdasy ýok diýip ynandyrjak bolýar. Emma How ene bilen Adam ata Hudaýyň mährini ýitirip, ýaşaýyşdan mahrum boljakdyklaryna düşündiler. Olaryň erbet göreldesine eýerýän adamlar hem tizden bu ajy hakykata göz ýetirerler (Gel. çyk. 3:1—7, 17—19).

20, 21. a) Sareptaly dul aýal näme etdi we netijesi nähili boldy? b) Biz nädip we näme üçin sareptaly dul aýalyň göreldesine eýermeli?

20 Adam ata bilen How eneden tapawutlykda, Ylýas pygamber bilen sareptaly dul aýal özüni başgaça alyp bardylar. Dul aýal Ylýasyň ruhlandyryjy sözlerini eşidende, onuň iýere zady az bolsa-da, bişiren çöregini ilki pygambere berdi. Ýehowa hem Ylýas arkaly beren wadasyny ýerine ýetirdi. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ençeme günläp Ylýasyň, dul aýalyň we onuň öý-içerisiniň iýere zady boldy. Ýehowanyň Ylýas arkaly aýdyşy ýaly, uly gapdaky un gutarmady we kiçi küýzedäki ýag tükenmedi» (1 Pat. 17:15, 16).

21 Şu günler milliardlarça adamlaryň diňe sanlyjasy özüni sareptaly dul aýal ýaly alyp barýarlar. Dul aýal gutulyş Hudaýyna doly bil baglady, Ol hem ony terk etmedi. Mukaddes Ýazgylarda ýazylan şu we beýleki wakalar Ýehowanyň bil baglamaga mynasypdygyny tassyklaýar (Ýeşuw 21:43—45; 23:14). Ýehowanyň mährini gazanan adamlary Onuň hiç haçan terk etmejekdigini häzirki Güwäçileriň durmuşy hem subut edýär (Zeb. 34:6, 7, 17—19)b.

22. Näme üçin haýallyk etmän Hudaýyň mährini gazanmaly?

22 Hudaýyň höküm güni «bütin ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ählisiniň üstüne» iner (Luka 21:34, 35). Ol gün hökman geler. Hudaýyň bellän Kazysy şeýle diýdi: «Eý Atamyň gutlanlary! Geliň, dünýä gurlaly siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň» (Mat. 25:34). Bu sözler bilen dünýäniň baýlygyny-da, kaşaň jaýlaryny-da deňeşdirip bolmaz. Hawa, Ýehowa «dogry adama ak pata berer; onuň daşyny galkan kimin mähir bilen gurşar» (Zeb. 5:12). Geliň, hemişe Hudaýyň mährini gazanmak üçin jan edeliň!

a Ýeşuw 24:15. Eger siz Ýehowa gulluk etmek islemeseňiz, şu gün kime gulluk etjegiňizi saýlaň. Derýanyň beýleki tarapyndaky ata-babalaryňyzyň sežde eden taňrylaryny ýa-da şu toprakda ýaşan amoreýleriň taňrylaryny saýlaň. Emma men we meniň öýüm Ýehowa gulluk eder.

b 2005-nji ýylyň 15-nji martynda (sah. 13, abz. 15 rus.) we 2010-njy ýylyň 15 aprelinde çykan «Garawul diňi» žurnalyna serediň. («Biz synaglara döz gelip, Ýehowa bil baglamagy öwrendik»).

Ýadyňyzdamy?

• Näme üçin Ýehowa ýürekden sežde etmeli?

• Şu günler Ýehowa nähili gurbanlary kabul edýär?

• «Dodaklarymyzyň ýaş öküzleri» nämäni aňladýar we biz olary näme üçin Ýehowa hödürlemeli?

• Biz näme üçin Hudaýyň mährini gazanmaly?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş