EÝÝUP MAZMUNY 1 Wepaly Eýýubyň baýlygy (1—5) Şeýtan Eýýuba töhmet atýar (6—12) Eýýup baýlygyndan we çagalaryndan mahrum bolýar (13—19) Eýýup Hudaýy günäkärlemeýär (20—22) 2 Şeýtan ýene-de Eýýuba töhmet atýar (1—5) Şeýtan Eýýuba agyryly çybanlar çykarýar (6—8) Eýýubyň aýaly: «Alla gargap öleniň gowy dälmi?» diýýär (9, 10) Eýýubyň üç dosty gelýär (11—13) 3 Eýýup dünýä inen gününi näletleýär (1—26) Ol näme üçin azap çekýändigini soraýar (20, 21) 4 Alypaz birinji gezek gepleýär (1—21) Eýýubyň wepalylygyny ýaňsylaýar (7, 8) Ruhuň habaryny aýdýar (12—17) «Hudaý gullaryna ynanmaýar» (18) 5 Alypaz sözüni dowam edýär (1—27) Hudaý akyldarlary öz duzagyna düşürýär (13) Eýýup Hudaýyň terbiýesinden ýüz öwürmeli däl (17) 6 Eýýup söze başlaýar (1—30) Ol perýat etmegini dogry hasaplaýar (2—6) Oňa haýynlyk eden dostlary (15—18) «Dogry söz agyr degýän däldir!» (25) 7 Eýýup sözüni dowam edýär (1—21) Ýaşaýyş günlükçiniň güzerany ýaly (1, 2) «Meni näme üçin nyşana aldyň?» (20) 8 Bildat birinji gezek gepleýär (1—22) Eýýubyň ogullary günäli diýýär (4) Päk bolsaň, saňa nazar salnardy (6) Eýýubyň hudaýsyzdygyny aýdýar (13) 9 Eýýup söze başlaýar (1—35) Başy ölümli ynsan Alla bilen jedelleşip bilmez (2—4) Hudaý akyla sygmajak beýik işleri edýär (10) Hudaý kazyýete barmaz (32) 10 Eýýup sözüni dowam edýär (1—22) Hudaý näme üçin garşy çykýar? (2) Hudaý bilen başy ölümli Eýýubyň arasyndaky tapawut (4—12) Hudaý meni günüme goýsun! (20) 11 Sapar birinji gezek gepleýär (1—20) Eýýubyň boş sözleýändigini aýdýar (2, 3) Erbetlikden el çek (14) 12 Eýýup söze başlaýar (1—25) «Sizden kem däldirin» (3) Men gülki boldum (4) «Akyl-paýhas Hudaýdadyr» (13) Hudaý kazylardan, patyşalardan beýikdir (17, 18) 13 Eýýup sözüni dowam edýär (1—28) «Men Gudratygüýçli bilen gepleşjek» (3) «Ähliňiz dereksiz lukmansyňyz» (4) «Günäsizdigimi anyk bilýärin» (18) «Meni näme üçin duşmanyň hasaplaýarsyň?» (24) 14 Eýýup sözüni dowam edýär (1—22) Ynsanyň ömri gysgadyr, jebir-jepadan doludyr (1) «Agaç üçin hem umyt bar» (7) «Haýyş, meni mazarda gizle!» (13) «Adam ölse, ýene-de ýaşarmy?» (14) Hudaý öz eli bilen ýaradanyny küýsär (15) 15 Alypaz ikinji gezek gepleýär (1—35) Eýýubyň Hudaýdan gorkmaýandygyny aýdýar (4) Eýýup tekepbirlikde aýyplanýar (7—9) «Hudaý perişdelerine-de ynanmaýar» (15) Erbet adam ejir çekýär (20—24) 16 Eýýup söze başlaýar (1—22) «Derdime dert goşýarsyňyz!» (2) Hudaý meni nyşana aldy (12) 17 Eýýup sözüni dowam edýär (1—16) «Ýaňsylaýjylar ýanymda» (2) «Hudaý meni masgara edýär» (6) «Mazar öýüm bolar» (13) 18 Bildat ikinji gezek gepleýär (1—21) Pisleriň jepa çekjegini aýdýar (5—20) Eýýubyň Hudaýy tanamaýandygyny aýdýar (21) 19 Eýýup söze başlaýar (1—29) Dostlaryna jogap berýär (1—6) Taşlanandygyny aýdýar (13—19) Halasgärimiň bardygyny bilýärin (25) 20 Sapar ikinji gezek gepleýär (1—29) Biynjalyk bolýandygyny aýdýar (2, 3) Eýýubyň erbetdigini aýdýar (5) Eýýubyň erbetlikden lezzet alýandygyny aýdýar (12, 13) 21 Eýýup söze başlaýar (1—34) «Erbetler näme üçin uzak ömür sürýär?» (7—13) Dostlaryny paş edýär (27—34) 22 Alypaz üçünji gezek gepleýär (1—30) «Adamdan Hudaýa ne peýda?» (2, 3) Eýýuba açgöz we adalatsyz diýýär (6—9) Hudaýa dolan, aman-esen ýaşarsyň (23) 23 Eýýup söze başlaýar (1—17) Hudaýyň öňünde arzymy aýdaryn (1—7) Hudaýy tapyp bilmeýärin (8, 9) «Onuň ýolundan sowulman barýaryn» (11) 24 Eýýup sözüni dowam edýär (1—25) Hudaý höküm gününi näme üçin bellemeýär? (1) Hudaýyň erbetlige üns bermeýändigini aýdýar (12) Günäkärler garaňkylygy söýýärler (13—17) 25 Bildat üçünji gezek gepleýär (1—6) «Başy ölümli ynsan Allanyň öňünde nädip dogruçyl bolsun?» (4) Adamyň aýypsyzlygy biderekdir (5, 6) 26 Eýýup söze başlaýar (1—14) Ejizlän adama kömek edişiň şumy? (1—4) Hudaý Ýeri hiç zatdan asmady (7) Hudaýyň diňe sanlyja işleri (14) 27 Eýýup wepaly galmagy ýüregine düwýär (1—23) «Soňky demime çenli wepaly bolaryn!» (5) Hudaýsyzlaryň umydy ýok (8) «Näme üçin boş sözleri aýdýarsyňyz?» (12) Erbetleriň aljak paýy (13—23) 28 Eýýup ýeriň hazynasyny akyldarlyk bilen deňeşdirýär (1—28) Adam altyn-kümüş agtarýar (1—11) Paýhasyň bahasy merjenden gymmatdyr (18) Paýhasly bolmak üçin Ýehowadan gorkmaly (28) 29 Eýýup bagtly günlerini ýatlaýar (1—25) Oňa şäher derwezesinde hormat goýýardylar (7—10) Ol adalatlydy (11—17) Ondan maslahat soraýardylar (21—23) 30 Eýýup ýagdaýynyň üýtgändigini aýdýar (1—31) Ýaşkiçiler üstümden gülýär (1—15) Perýadyna Hudaýyň jogap bermeýändigini aýdýar (20, 21) «Hamym garalyp soýulýar» (30) 31 Eýýup ýazyksyzdygyny aýdýar (1—40) «Gözlerim bilen äht baglaşdym» (1) Hudaý meni terezide çeksin (6) Ahlaksyzlyk etmedim (9—12) Baýlygyma buýsanmadym (24, 25) Butparaz bolmadym (26—28) 32 Ýaş Alyhuw gürrüňe goşulýar (1—22) Eýýuba we dostlaryna gahary gelýär (2, 3) Hormat bilen garaşýar (6, 7) «Akyldarlyk diňe ýaşulularda bolmaýar» (9) Gepläp içini sowatmakçydygyny aýdýar (18—20) 33 Alyhuw Eýýubyň özüni Hudaýdan hem dogruçyl görýändigini aýdýar (1—33) «Töleg berjek» (24) «Ýaşlyk ýyllaryndaky ýaly gujur-gaýratly bolsun» (25) 34 Alyhuw Hudaýyň adalatlylygy we ýollary hakda aýdýar (1—37) Eýýup Hudaýyň adalatsyzlyk edendigini aýdýar (5) Hak Hudaý asla erbetlik etmez (10) Eýýup düşünmän gepleýär (35) 35 Alyhuw Eýýubyň ýalňyşýandygyny aýdýar (1—16) Eýýup özüni Hudaýdan dogruçyl hasaplaýar (2) Adamyň günäsi gökdäki Hudaýa zyýan ýetirmez (5, 6) Eýýup Hudaýa sabyrly garaşmalydy (14) 36 Alyhuw Hudaýyň beýikligini wasp edýär (1—33) Gulak asmak bagtly edýär; hudaýsyz adam gylyçdan ölýär (11—13) Hudaýa taý geljek mugallym ýokdur (22) Eýýup Hudaýyň işlerini wasp etmeli (24) «Hudaýyň beýikligine ynsan düşünmez» (26) Hudaý ýagyş ýagdyrýar we ýyldyrym çakdyrýar (27—33) 37 Tebigat Hudaýyň beýikligini wasp edýär (1—24) Hudaý adamlaryň işini togtadýar (7) Hudaýyň ajaýyp işleri hakda oýlanyň (14) Hudaýyň düşünjesi çuňdur (23) Hudaý akyllysyraýanlara rehim etmeýär (24) 38 Ýehowa ynsanyň ejizdigini aýdýar (1—41) Ýeriň düýbüni tutanymda niredediň? (4—6) Perişdeler joşup alkyş aýdýar (7) Tebigat baradaky soraglar (8—32) «Asmanyň kanunlary» (33) 39 Ynsan haýwanyň ýaradylyşyny bilýän däldir (1—30) Dag geçiler we keýikler (1—4) Gulan (5—8) Ýabany öküz (9—12) Düýeguş (13—18) Bedew (19—25) Laçyn we bürgüt (26—30) 40 Ýehowa ýene-de sorag berýär (1—24) Eýýup aýdara söz tapmaýar (3—5) Hudaýy adalatsyz görýärmiň? (8) Hudaý begemot barada aýdýar (15—24) 41 Hudaý krokodili wasp edýär (1—34) 42 Eýýup Ýehowa jogap berýär (1—6) Üç dosty käýinç eşidýär (7—9) Ýehowa Eýýubyň baýlygyny iki esse edip gaýtarýar (10—17) Eýýubyň ogul-gyzlary (13—15)