Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • g18 No. 2 sah. 7
  • 4. Geçirimlilik

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 4. Geçirimlilik
  • Oýanyň! — 2018
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • NÄME?
  • NÄME ÜÇIN WAJYP?
  • NÄME EDIP BILERSIŇIZ?
  • Bagyşlamak näme?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Geçirimli Ýehowa Hudaýyň göreldesine eýeriň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Biri-biriňizi bagyşlaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Ýehowa geçirimli adamlara bereket berýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Başgalary
Oýanyň! — 2018
g18 No. 2 sah. 7
Är-aýal ýangyny söndürýär

Öýke-kinäni derrew aýyrsak, dawa-jenjele ýazmaz

ÄR-AÝALLARA

4. Geçirimlilik

NÄME?

Göwnüňe degen adamy bagyşlamagy, ondan öýke-kine saklamazlygy aňladýar. Ýöne bagyşlamak adamyň eden hereketiniň dogrudygyny ýa-da ony goldaýandygyňy görkezmeýär.

MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Biriniň başga birinden öýkelemäge sebäbi bolsa-da, sabyrly bolup, bir-biriňizi ýürekden bagyşlaň» (Koloslylar 3:13).

«Birini söýseň, onuň ýalňyşyna däl-de, gowy häsiýetlerine, ýagşy işlerine üns berýärsiň» (Ahmet).

NÄME ÜÇIN WAJYP?

Öýkeläp ýörseňiz saglygyňyza zyýan ýetirersiňiz, bir-biriňizden sowaşarsyňyz.

«Bir gezek ärim göwnüme degdi. Ol ötünç sorasa-da, bagyşlamak kyn boldy. Öňräk bagyşlan bolsam, ikimizem kösenmezdik» (Jemal).

NÄME EDIP BILERSIŇIZ?

ÖZÜŇIZI BARLAŇ

  • Men öýkelekmi?

  • Ýanýoldaşymyň her bir sözüni göwnüme alyp, ötünç soratdyrýanmy ýa-da ony geçirip bilýärinmi?

GEPLEŞIŇ

  • Ýaraşmak üçin näçe wagt gerek bolýar?

  • Öýke-kinäni tizräk unudar ýaly näme edip bileris?

MASLAHAT

  • Ýanýoldaşyňyz göwnüňize degende, bilgeşleýin edýär diýip pikir etmäň.

  • Ähli adamlaram ýalňyşýar, şonuň üçin hemişe bagyşlaň (Ýakup 3:2).

«Iki tarapam günäkär bolsa, bagyşlamak aňsat. Ýöne günä ýanýoldaşyňda bolsa, bagyşlamak kyn bolýar. Diňe pesgöwünli adam ýürekden bagyşlap bilýär» (Keýik).

MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Meseläni... derrew çöz» (Matta 5:25).

Öýkeläp ýörseňiz saglygyňyza zyýan ýetirersiňiz, biri-biriňizden sowaşarsyňyz

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş