Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • dg 6-nji böl. sah. 12—14
  • Hudaý horluklara näme üçin ýol berdi?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaý horluklara näme üçin ýol berdi?
  • Hudaý biz barada alada edýärmikä?
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaýyň höküm sürmäge haky baradaky jedelli mesele
  • Perişdeleriň pitnesi
  • Iki sany jedelli mesele
  • Her kes jedelli meselä gatnaşýar
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Hudaý erbetlige we horluklara näme üçin ýol berýär?
    Hudaýyň hoş habary
  • Pitne nämä eltdi?
    Hudaý biz barada alada edýärmikä?
Başgalary
Hudaý biz barada alada edýärmikä?
dg 6-nji böl. sah. 12—14

6-njy bölüm

Hudaý horluklara näme üçin ýol berdi?

1, 2. Hudaýyň başdaky beren ajaýyp durmuşyny Adam ata bilen How ene nädip zaýalady?

NÄME bolduka? Hudaýyň Erem bagynda Adam ata bilen How enä beren ajaýyp durmuşyny näme bozduka? Müňlerçe ýyllap dowam etmeli asuda we sazlaşykly Jennete derek, näme üçin erbetlik we horluk höküm sürýärkä?

2 Sebäbi Adam ata bilen How ene öz erkinligine hyýanat etdiler. Olar Hudaýsyz, onuň kanunyna tabyn bolman, bagtly ýaşap bilmejegini unutdylar. Olar Hudaýdan garaşsyz ýaşap, durmuşyny gowulandyrarys öýtdüler. Şonuň üçin olar Hudaýyň beren erkinliginiň çäginden çykdylar (Barlyk 3-nji bap).

Hudaýyň höküm sürmäge haky baradaky jedelli mesele

3—5. Hudaý Adam ata bilen How enäni ýok edip, hemme zady näme üçin täzeden başlamady?

3 Adam ata bilen How enäni Hudaý ýok edip, täze ynsan jübütini ýaradyp, hemme zady näme üçin täzeden başlamadyka? Sebäbi onuň hökümdarlyk etmäge haky barada şübhe döredi.

4 Mesele şundan ybarat: kimiň hökümdarlyk etmäge haky bar we kimiň hökümdarlygy dogry? Hudaýyň her zada güýji ýetýändigi üçin ýaradylan ähli zatlaryň Ýaradyjysy bolup, olara hökümdarlyk etmäge-de haky bar. Ol akyldar Hudaý bolany üçin, onuň hökümdarlygy iň gowy hökümdarlyk. Emma şol wagt onuň hökümdarlyk etmäge haky barada şübhe döredi. Şeýle hem onuň ýaradan ynsanynda kemçilik barmydy? Soňra bolsa adamyň aýypsyzlygy baradaky meselä serederis.

5 Adamlaryň Hudaýdan garaşsyz bolanlygy üçin şeýle sorag ýüze çykdy: Hudaýyň hökümdarlygy bolmasa, adamlar bagtly ýaşap bilermidi? Bu soragyň jogabyny Ýaradyjy bilýärdi, ýöne muňa adamlaryň düşünmegi üçin çäksiz erkinligi bermelidi. Adamlar muny öz islegine görä saýladylar, şonuň üçin Hudaý muňa rugsat berdi.

6, 7. Näme üçin Hudaý adamlara şeýle uzak wagtlap çäksiz erkinlik berdi?

6 Hudaý adamlara çäksiz erkinligi ulanyp görmäge ýeterlik wagt bermek bilen olara Hudaýyň hökümdarlygyna tabyn bolsalar gowumy ýa garaşsyz ýaşasalar — şony hemişelik çözer. Şol berlen wagt adamlara syýasatda, senagatda, ylymda we medisinada uly üstünlik gazanmaga mümkinçilik berdi.

7 Hudaýdan garaşsyz ynsan hökümdarlygynyň nähili boljakdygy düşnükli bolar ýaly, Hudaý şu günlere çenli adamlara höküm sürmäge ýol berdi. Şeýlelikde, adamllar ýagşylyk bilen zalymlygy, söýgi bilen ýigrenji, adalatlylyk bilen adalatsyzlygy saýlap bilýärdi. Ýöne olar öz saýlan ýagşylygynyň we parahatlygynyň ýa erbetliginiň we horlugynyň netijesini-de gördüler.

Perişdeleriň pitnesi

8, 9. a) Gökde nädip pitne turdy? b) Şeýtan Adam ata bilen How eneden başga kimi pitne turuzmaga yrdy?

8 Biz ýene-de bir zady göz öňünde tutmaly. Hudaýyň hökümdarlygyna garşy pitnäni diňe bir Adam ata we How ene turuzmandy. Şol wagtlar ýene-de kim bardy? Perişdeler bardy. Hudaý adamlary ýaratmanka, gökde ýaşamak üçin ençeme perişdeleri ýaratdy. Olar hem Hudaýyň hökümdarlygyna erkin tabyn bolmak üçin ýaradylypdy (Eýýup 38:7; Zebur 104:4; Ylham 5:11).

9 Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, pitne göklerde başlady. Bir perişde çäksiz erkin bolmak isledi. Ol hatda adamlaryň özüne sežde etmegini isledi (Matta 4:8, 9). Şol pitneçi ruh Adam ata bilen How enäni Ýehowa garşy çykarmak üçin Hudaý olardan bir gowy zady gizleýär diýip ýalan sözledi (Barlyk 3:1—5). Şonuň üçin oňa Iblis (töhmetçi) we Şeýtan (duşman) diýýärler. Soňra ol pitnä başga perişdeleri hem iterdi. Olar jynlar diýip atlandyryldy (Kanunyň gaýtalanyşy 32:17; Ylham 12:9; 16:14).

10. Adamlaryň hem-de perişdeleriň pitnesi nämä eltdi?

10 Adamlar Hudaýa garşy gidip, Şeýtanyň we jynlaryň täsirine düşdüler. Ine, şol sebäpli hem Mukaddes Ýazgylar Şeýtany «imansyzlaryň akyllaryny küteldýän», «bu dünýäniň taňrysy» diýip atlandyrýar. Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylar «bütin dünýä bolsa iblisiň goly astynda» diýýär. Isanyň özi hem Şeýtana «bu dünýäniň hökümdary» diýdi (2 Korintoslylar 4:4; 1 Ýahýa 5:19; Ýahýa 12:31).

Iki sany jedelli mesele

11. Başga haýsy jedelli mesele sebäpli Şeýtan Hudaýa garşy çykdy?

11 Şeýtan başga bir jedelli meseläni orta atyp, Hudaýa garşy çykdy. Umuman alaňda, «Hudaý adamlary ýaradyp ýalňyşdy we hiç kim kyn ýagdaýda dogrulyk etmez» diýip, Şeýtan aýyplady. Aslynda, «adamlar synaga düşende, Hudaýy näletlär» hem diýdi (Eýýup 2:1—5). Şeýlelikde, Şeýtan adamlaryň aýypsyzlygy hakda şübhe döretdi.

12—14. Şeýtanyň orta atan iki sany jedelli meselesini çözmek üçin berlen wagt nädip hakykaty görkezmelidi?

12 Şoňa görä-de, ähli adamlara we perişdelere şu jedelli meseleleriň çözlüşini görkezmek üçin Hudaý olara ýeterlik wagt berdi (Çykyş 9:16-y bilen deňeşdir). Adamzat taryhynyň dowamynda bolup geçen wakalar bu iki mesele babatda hakykaty görkezmelidi.

13 Ilki bilen, Hudaýyň älemde hökümdarlyk haky barada wagt näme görkezerkä? Hudaýyň höküm sürmäge haky barmyka? Adamlar özbaşdak has oňat höküm sürüp bilermikä? Hi bir hökümet uruşsyz, jenaýatçylyksyz we adalatly bagtly dünýä döredip bilermikä? Olaryň haýsysy garyplygyň soňuna çykyp, ähli adamlary bolelin ekläp biler? Haýsy hökümet keselçiligi, garrylygy we ölümi ýeňip biler? Hudaýyň hökümdarlygy bolsa şu zatlaryň ählisini etmekçi (Barlyk 1:26—31).

14 Ikinji jedelli mesele, ýagny adamlar babatda aýdaňda, wagt näme görkezer? Hudaý adamlary şeýle ýaradyp ýalňyşdymyka? Synaga düşende hi biri Hudaýa wepaly bolarmyka? Olardan hi biri garaşsyz ynsan hökümetini däl-de, Hudaýyň hökümdarlygyna tabyn bolmak islärmikä?

[13-nji sahypadaky surat]

Hudaý adamlara uly üstünlikler gazanmaga wagt berdi

[13-nji sahypadaky surat]

Shuttle: Based on NASA photo

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş