Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lv sah. 215—218
  • Ganyň fraksiýalary we gan ulanylýan bejergiler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ganyň fraksiýalary we gan ulanylýan bejergiler
  • «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaý gany mukaddes hasaplaýar
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Okyjylaryň sowallary
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2004
  • Ýaşaýşy Hudaý ýaly gymmat saýýarmyň?
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Men ganyň fraksiýasy we öz ganym bilen ulanylýan bejergiler hakda nähili karara gelmeli?
    Hudaýa gullugymyz — 2006
«Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
lv sah. 215—218

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Ganyň fraksiýalary we gan ulanylýan bejergiler

Ganyň fraksiýalary. Ganyň fraksiýalary onuň esasy dört komponentinden (böleginden), ýagny eritrositlerden, leýkositlerden, trombositlerden we plazmadan alynýar. Meselem, eritrositlerde belokly gemoglobin bar. Adamyň ýa-da haýwanyň gemoglobininden taýýarlanan maddalar ýiti gany azlykda we köp gan ýitirmede ulanylýar.

Plazmanyň 90 göterimi suwdan ybarat bolup, onda ençeme garmonlar, organiki däl duzlar, fermentler, ýokumly hem-de mineral maddalar we şeker bar. Şeýle-de plazmanyň düzümine ganyň kesilişini (lagtalanmagyny) üpjün edýän faktorlar, organizmde kesele garşy göreşmäge kömek edýän maddalar (antitela) we albumin ýaly beloklar hem girýär. Lukmanlar käte adama kesel ýokuşmaz ýaly şol kesele garşy immuniteti bolan adamlaryň plazmasyndan alnan gamma-globulin sanjymyny edýärler. Käbir ýokançly we howply çiş keselleri bejermek üçin leýkositlerden interferonlar we interleýkinler alnyp ulanylýar.

Mesihçi ganyň fraksiýalary ulanylýan bejergä razy bolmalymy? Mukaddes Ýazgylarda bu sowala anyk jogap ýok, şol sebäpli mesihçi Hudaýyň öňünde terbiýelenen ynsabyna görä özi karara gelmeli. Käbirler Hudaýyň ysraýyllylara gany ýere dökmek hakda beren kanuny esasynda ganyň fraksiýalaryndan taýýarlanan dermanlary ulanmaga razylaşmaýarlar (Kanun taglymaty 12:22—24). Başgalar bolsa gan we ganyň dört komponenti ulanylýan bejergä razy bolmasalar-da, olardan alynýan käbir fraksiýalara razy bolýarlar. Mümkin, olar gandan alynýan fraksiýalarda indi jan ýok diýip hasaplaýandyr.

Ganyň fraksiýalaryny ulanmak barada karara geleniňde, özüňe şeýle sowallary ber: «Ganyň ähli fraksiýalaryny ulanmaga närazy bolsam, onda kesele garşy göreşýän ýa-da gan akmany durzup, oňa kesilmäge (lagtalanma) kömek edýän fraksiýaly maddalary hem ulanmaga närazydygyma düşünýärinmi? Ganyň bir ýa-da birnäçe fraksiýalaryny ulanmaga razydygymyň ýa-da närazydygymyň sebäbini lukmana düşündirip bilerinmi?»

Öz ganyň bilen ulanylýan bejergiler. Muňa gemodilýusiýa we reinfuziýa degişli. Gemodilýusiýa bejergisinde, ganyň bir bölegi esasy akymdan aýrylyp, gany köpeldýän derman ergine çalşyrylýar, soňra ol bedene gaýtarylýar. Reinfuziýa bejergisinde, operasiýada ýitirilýän gan ýygnalyp, syrkawyň bedenine gaýtarylýar. Ýaradaky ýa-da beden boşlugyndaky gan arassalanylýar ýa-da filtrden geçirilýär we soňra bedene gaýtarylýar. Bu bejergileri lukmanlar her dürli ulanýarlar, şol sebäpli mesihçi lukmandan ony nädip ulanjakdygyny anyklamaly.

Bu bejergiler babatda karara geleniňde, özüňe şeýle sowallary ber: «Eger ganymyň bir bölegi bedenimden çykarylyp, mümkin, gan akymy wagtlaýynça duruzylsa, onda men bu gany bedenimiň bölegi hasaplap, ony topraga dökmezlige ynsabym çatarmy?» (Kanun taglymaty 12:23, 24). «Bejergi wagty ganymyň bir bölegi alnyp, üýtgedilip, soňra ýene-de bedenime guýulsa, Mukaddes Ýazgylar esasynda terbiýelenen ynsabym ezýet bermezmi? Öz ganym bilen ulanylýan bejergileriň ählisinden ýüz öwürsem, barlag üçin gan tabşyrmakdan, gemodializden ýa-da emeli gan aýlanyş apparatyny ulanmakdan hem ýüz öwürýändigime düşünýärinmi?»

Gan, onuň esasy dört bölegi we ganyň fraksiýalary

Operasiýa edilmeli bolsa, mesihçi öz gany bilen bagly meselelerde özi karara gelmeli. Şeýle garaýyş analizlere we bejergi usullaryna-da degişli, sebäbi käbir halatda hassanyň biraz gany alnyp, mümkin, üýtgedilip, soňra bedene gaýtarylmagy ähtimal.

LUKMANA BERILÝÄN SOWALLAR

Eger saňa operasiýa edilmeli ýa-da başga bejergi almaly bolup, gandan taýýarlanan derman ulanylmaly bolsa, onda gan guýdurmakdan goraýan «Gansyz bejergi almak üçin ynanç haty» diýen resminamaň doldurylgy bolsun. Şeýle-de seniň dini garaýşyňy sylaýan lukmany tapyp, oňa şu aşakdaky sowallary berip bilersiň:

  • Bejerýän ähli lukmanlar nähili ýagdaý bolaýanda-da, maňa Ýehowanyň Şaýady hökmünde gany, eritrositleri, leýkositleri, trombositleri ýa-da plazmany guýmaly däldigini bilýärlermi?

  • Eger ganyň fraksiýalaryndan taýýarlanan dermanlar hödürlense, onuň düzümi nämeden ybarat? Bu derman näçe mukdarda we nädip beriljek?

  • Eger bu dermana razy bolmaga ynsabym çatsa-da, onuň howply taraplary bolup bilermi? Başga nähili bejeriş usullaryny ulansa bolar?

Ýokarda agzalan bejergiler babatda karara gelmeziňden öň, gaýgy-aladaň barada Ýehowa doga et. Ol iman bilen dileg edýänleriň ählisine akyldarlyk berýär (Ýakup 1:5, 6).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş