Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ol Hudaýyň halkyny halas etdi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
    • Ester

      ON BÄŞINJI BAP

      Ol Hudaýyň halkyny halas etdi

      1—3. a) Ester näme üçin ýoldaşynyň ýanyna barmaga gorkdy? b) Ester babatda haýsy soraglara serederis?

      ESTER Suzadaky köşgüň içgi otagyna golaýlaşdygyça gorkusyny basjak bolýar. Muny etmek oňa aňsat bolmaýar. Köşkdäki ähli zatlar: syrçaly kerpiçiň ýüzünde güberçek nagyşly ganatly öküzleriň, esgerleriň we ýolbarslaryň dürli reňkdäki suratlary, uly daşdan ýasalan sütünler, heýkeller hem köşgüň özi adamy howsala salýardy. Bu köşk belentlikde gar bilen örtülen Zagros dagynyň eteginde we arassa suwly Kişon derýasynyň boýunda ýerleşýärdi. Şu zatlar köşge gelen adamlara özüne beýik patyşa diýýän güýçli hökümdary ýatladýardy. Esterem onuň ýanyna barýar. Patyşa onuň ýanýoldaşydy.

      2 Ýanýoldaşy! Kserks patyşa Esteriň arzuw eden ýanýoldaşyndan düýbünden tapawutlanýar!a Ol Hudaýyň görkezmesini kiçigöwünlilik bilen kabul edip, aýaly Sarany diňlän Ybraýym pygamberiň göreldesine eýermeýärdi (Gel. çyk. 21:12). Patyşa Esteriň Hudaýy Ýehowa we onuň kanunlary barada hiç zat bilmeýärdi. Ýöne Kserks parslaryň kanunyny, şol sanda Esteriň häzirki edýän işini gadagan edýän kanuny bilýärdi. Bu nähili kanun? Şol kanuna görä, Pars patyşasynyň ýanyna çagyrylmadyk adam gelse, ölüm jezasy berilýärdi. Ester hem çagyrylmasa-da, patyşanyň ýanyna barýar. Ol köşgüň içki otagyna golaýlaşdygyça, patyşanyň tagtyny görüp, özüni ölüme barýan ýaly duýýar (Ester 4:11; 5:1-nji aýatlary oka)b.

      3 Ester näme üçin janyny howp astyna saldy? Biz onuň berk imanyndan näme öwrenip bileris? Gel, ilki bilen, Esteriň Pars patyşalygynda nädip şa aýaly bolandygyny bileli.

      Esteriň asly

      4. Esteriň aslyny gürrüň ber we ol näme üçin doganoglany Mordekaýyň öýünde ýaşaýardy?

      4 Ester ýetim gyzdy. Biz onuň ene-atasy barada hiç zat bilmesek-de, olar Estere Hadassa diýen ady dakypdyrlar. Bu ýewreýçe «mirt», ýagny ak gülli gyrymsy ösümlik diýmegi aňladýar. Esteriň ene-atasy aradan çykansoň, ony ýakyn garyndaşy, ýagny doganoglany Mordekaý gyzlyga alýar. Mordekaýyň ýaşy has uludy. Ol Esteri öýüne alyp, öz gyzy ýaly terbiýeleýär (Est. 2:5—7, 15).

      Ester Mordekaýy öýünde naharlaýar

      Mordekaý Estere guwanýardy

      5, 6. a) Mordekaý Estere nähili terbiýe berdi? b) Mordekaý bilen Ester Suzada nähili ýaşaýardy?

      5 Mordekaý bilen Ester Pars patyşalygynyň paýtagtyna sürgün edilipdi. Olary uýýan dini we Musanyň kanunyna eýerýändigi üçin ýigrenýärdiler. Muňa garamazdan, Mordekaý Estere rehimdar Hudaý Ýehowanyň geçmişde halkyny ençeme gezek halas edendigi we ýene-de halas etjekdigi barada öwredýärdi (Lew. 26:44, 45). Ester bilen Mordekaý bir-birine ýakynlaşyp, olaryň söýgüsi we wepalylygy artýardy.

      6 Mordekaý Suzada köşk emeldary bolany üçin, patyşanyň beýleki hyzmatkärleri bilen köşgüň derwezesinde oturýardy (Est. 2:19, 21; 3:3). Ester ulalanda näme edendigini bilmesek-de, doganoglanynyň aladasyny edendir we öý işleri bilen meşgul bolandyr. Olar köşgüň ýanynda däl-de, derýanyň beýleki tarapynda garyp adamlaryň arasynda ýaşaýardy. Belki-de, Ester Suzadaky bazara baryp, gerek zatlary satyn almagy hem zergärleriň altyndan, kümüşden ýasan şaý-seplerine we täjirleriň satýan harytlaryna syn etmegi gowy görendir. Ester tizden bu gymmatbaha şaý-sepleriň durmuşynda adaty zat boljakdygyny bilmeýärdi.

      Owadan gyz

      7. Waşty näme üçin şa aýallyk derejesinden mahrum edildi we soňra näme boldy?

      7 Günleriň birinde Suzadaky patyşanyň köşgünde bolan waka barada myş-myş ýaýraýar. Kserks patyşa meýlis gurnap, köşk emeldarlaryna we han-beglerine bolelin iýip-içgi berýär. Şa aýaly Waşty hem aýallar üçin aýratyn meýlis gurady. Patyşa myhmanlara Waştynyň gözelligini görkezmek üçin çagyranda, ol gelmedi. Kemsidilen we gazaplanan patyşa maslahatçylaryndan şa aýalyna nähili temmi berilmelidigini soraýar. Netijede, ol Waştyny şa aýallyk derejesinden mahrum edýär. Soňra patyşa başga şa aýalyny saýlar ýaly, köşk emeldarlary patyşalygyň ähli welaýatlaryndan owadan gyzlary gözläp başladylar (Est. 1:1—2:4).

      8. a) Ester boý gyz bolup ýetişensoň, Mordekaý näme üçin aladalanýar? b) Seniň pikiriňçe, adamyň owadanlygy barada Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan sözler dogrumy? (Şeýle-de Süleýmanyň tymsallary 31:30-a seret).

      8 Mordekaý Esteriň owadan gyz bolup ýetişendigine seredip, hem guwanýar, hem aladalanýar. Mukaddes Ýazgylarda: «Ol syratly, görmegeý boý gyzdy» diýilýär (Est. 2:7). Hudaýyň Sözünde adamyň diňe bir owadan däl-de, eýsem paýhasly we pesgöwünli bolmalydygy hem aýdylýar. Sebäbi owadanlyk adamda şöhratparazlyk, tekepbirlik we beýleki ýaramaz häsiýetleri ösdürmegi mümkin (Süleýmanyň tymsallary 11:22-ni oka). Sen bu sözleriň dogrudygyna göz ýetirdiňmi? Esteriň owadanlygy oňa kömek etdimi ýa-da zyýan ýetirdi? Muny wagt görkezer.

      9. a) Köşk emeldarlary Estere üns berensoň, näme boldy we Mordekaýa ondan aýra düşmek näme üçin kyndy? b) Mordekaý näme üçin Esteriň Hudaýa ynanmaýan adama durmuşa çykmagyna ýol berdi? (Şeýle-de çarçuwa seret).

      9 Köşk emeldarlary Estere üns berýärler. Olar ony Mordekaýyň elinden alyp, derýanyň beýleki tarapynda ýerleşýän uly köşge äkidýärler (Est. 2:8). Olara bir-birinden aýra düşmek gaty kyndy, sebäbi Mordekaý ony öz gyzy ýaly gowy görerdi. Ol Esteriň Hudaýa iman etmeýän adama, hatda patyşa bolsa-da, durmuşa çykmagyny islemeýärdi, emma bu onuň elinde däldic. Esteri alyp gitmezlerinden öň, ol Mordekaýyň beren ähli maslahatlaryny ünsli diňlän bolmaly! Ony Suzadaky köşge äkidip barýarkalar, ol köp zatlar barada oýlanýar. Indi onuň durmuşy nähili bolar?

      «Ester özüni görenleriň barynyň göwnünden turdy»

      10, 11. a) Esteriň täze ýaşaýyş şertleri oňa nähili täsir edip bilerdi? b) Mordekaý Esteriň hal-ýagdaýy barada nädip alada etdi?

      10 Esteriň durmuşy düýbünden üýtgeýär. Ol Pars imperiýasynyň ähli künjeginden ýygnanan «birtopar boý gyzlaryň» arasyna düşýär. Olaryň däp-dessurlary, dilleri we garaýyşlary bir-birinden tapawutlanýardy. Olara Hegaý atly agta gözegçilik edýärdi we owadanlyk serenjamlary berlip, bir ýyla golaý ýakymly ysly ýaglar bilen massaž edilýärdi (Est. 2:8, 12). Belki-de, şeýle ýaşaýyş şertleri sebäpli, ýaş gyzlar daş-keşbine çendenaşa üns berip, şöhratparaz bolup, bäsdeşlik edendir. Bu zatlar Estere nähili täsir etdi?

      11 Mordekaýdan başga hiç kim Esteriň aladasyny gowy edip bilmezdi. Mukaddes Ýazgylarda Mordekaý Esteriň hal-ýagdaýyny bilmek üçin her gün haremhananyň howlusynyň öňünde gezmelärdi diýilýär (Est. 2:11). Hyzmatkäriň getiren biraz habaryny eşidip, Mordekaý guwanan bolmaly. Näme üçin?

      12, 13. a) Adamlar Estere nähili garaýardy? b) Ester özüniň ýehudyly gyzdygyny aýtmandygyna Mordekaý näme üçin begendi?

      12 Ester Hegaýyň göwnünden turup, merhemetini gazandy. Ol ony haremhananyň iň oňat ýerine geçirip, ýedi kenizi berdi. Mukaddes Ýazgylarda: «Ester özüni görenleriň barynyň göwnünden turdy» diýilýär (Est. 2:9, 15). Adamlar ony diňe owadanlygy üçin gowy gördümi? Ýok, diňe onuň üçin däl.

      Ýaş gyzlar özlerini bezänlerinde, Ester tebigata syn edýär

      Ester pesgöwünli we paýhasly bolmagyň owadanlykdan wajypdygyny bilýärdi

      13 Mukaddes Ýazgylarda: «Ester öz milleti we maşgalasy barada hiç zat aýtmady, çünki Mordekaý bu barada dil ýarmazlygy oňa tabşyrypdy» diýilýär (Est. 2:10). Mordekaý Estere ýehudy halkyndandygy barada hiç zat aýtmazlygy tabşyrypdy. Sebäbi Pars şalygynyň emeldarlary ýehudylary gaty ýigrenýärdi. Häzir Ester Mordekaýyň öýünde ýaşamasa-da, öňküsi ýaly onuň diýeninden çykman, oňa gulak asyp, paýhasly hereket edýärdi!

      14. Häzirki ýaşlar nädip Esteriň göreldesine eýerip biler?

      14 Şu günlerem ýaşlar ene-atasyny ýa-da olary terbiýeleýän adamlary begendirip biler. Ýaşlar ýeňilkelle, ahlaksyz we erbet adamlaryň arasyna düşende, olaryň täsirine düşmän, ýanynda ene-atasy bolmasa-da, dogry işleri edip biler. Şeýdip, olar Ester ýaly gökdäki Atasynyň ýüregini şatlandyrar (Süleýmanyň tymsallary 27:11-i oka).

      15, 16. a) Ester nädip patyşanyň söýgüsini gazandy? b) Esteriň durmuşynyň üýtgemegi näme üçin kynçylyk döretdi?

      15 Ester patyşanyň ýanyna barmaly bolanda, bezener ýaly islän zadyny alyp bilerdi. Emma ol pesgöwünli bolup, Hegaýyň aýdanlaryndan başga hiç zady almaýar (Est. 2:15). Ester patyşanyň ýüregini diňe bir owadanlyk bilen awlap bolmaýandygyna we köşkde pesgöwünli adamlaryň azdygyna düşünen bolmaly. Ester dogry pikir edýärdimi?

      16 Mukaddes Ýazgylarda: «Ähli aýallaryň içinden patyşa Esteri saýlady. Ol patyşanyň nazarynda beýleki gyzlaryň ählisinden köp merhemet we mähir gazandy. Şeýdip, ol Esteriň başyna şalyk täjini geýdirip, ony şa aýaly Waştynyň ýerine öz şa aýaly etdi» diýilýär (Est. 2:17). Kiçigöwünli ýehudy gyzynyň durmuşy düýbünden üýtgeýär. Şol döwür ýer ýüzünde beýik hökümdaryň aýaly bolup ýaşamak nähili kyn bolandyr! Ester şa aýaly bolansoň, tekepbir boldumy? Ýok, bolmady!

      17. a) Ester haýsy ýagdaýlarda Mordekaýa gulak asdy? b) Şu günler Esterden görelde almak näme üçin wajyp?

      17 Ester kakalygy Mordekaýa gulak asýardy. Ol özüniň ýehudy halkyndandygyny hiç kime aýtmaýar. Mordekaý Kserks patyşany öldürmek üçin dil düwşendikleri barada bilende, Estere aýdýar, ol hem patyşa ýetirýär (Est. 2:20—23). Ol ýene-de pesgöwünlilik bilen Mordekaýa gulak asyp, Hudaýa iman edýänini görkezýär. Şu günler adamlaryň gulak asmaýan we pitne turuzýan döwründe Esteriň göreldesine eýerip, biziňem gulak asmagymyz wajypdyr! Ester ýaly Hudaýa ýürekden iman edýän adamlar gulak asmaklygy gymmat saýýar.

      Esteriň imany synalýar

      18. a) Mordekaý näme üçin Hamana tagzym etmedi? (Şeýle-de çykgyda seret). b) Häzirki Hudaýa wepaly erkekdir aýallar nädip Mordekaýyň göreldesine eýerýärler?

      18 Kserks patyşa Haman atly adamyň wezipesini beýgeldýär. Patyşa ony emeldarlarynyň ählisinden ýokary goýup, maslahatçy etdi-de, imperiýasynda özünden soň ikinji adam edip belledi. Patyşa hatda ähli adamlaryň Hamana dyza çöküp, tagzym etmelidigi barada tabşyryk hem berýär (Est. 3:1—4). Bu Mordekaýa kynçylyk döredýär. Ol patyşa gulak assa, Hudaýy närazy etjekdigini bilýärdi. Haman Agagyň neslindendi. Agag bolsa, bir wagt Şamuwel pygamberiň öldüren amalekleriň patyşasydy (1 Şam. 15:33). Amalekler Ýehowanyň we ysraýyl halkynyň zalym duşmanydy. Hudaý amalekleri ýok etmelidigi barada höküm edipdid (Kan. tag. 25:19). Hudaýa wepaly ýehudy nädip amalege tagzym etsin? Mordekaý oňa dyza çöküp, tagzym etmeýärdi. Şu günlerem Hudaýa wepaly erkekdir aýallar janyny howp astyna salyp, «adamdan zyýada Hudaýa boýun bolmalydyr» diýen prinsipe eýerýärler (Res. iş. 5:29).

      19. Haman näme etmekçidi we ol patyşany nämä ynandyrýar?

      19 Haman gazap atyna atlanýar. Ýöne oňa diňe bir Mordekaýy öldürmek ýeterlikli däldi. Ol Mordekaýyň tutuş halkyny ýok etmegiň küýüne düşdi! Haman patyşanyň ýanyna baryp, ýehudylara töhmet atýar. Ol: «Halklaryň arasynda ýaýran, ýöne olardan aýry ýaşaýan bir halk bar» diýip, ýehudylaryň milletini we patyşa üçin wajypdygyny aýtmaýar. Iň erbedi hem Haman olar patyşanyň kanunlaryny berjaý etmeýär we gozgalaň turzup howp salýar diýip töhmet atýar. Ol imperiýadaky ähli ýehudylary gyrmak üçin patyşanyň gaznasyna köp pul berjekdigini wada berýäre. Patyşa oňa möhür ýüzügini berip, aýdyşy ýaly etmegi buýurdy (Est. 3:5—10).

      20, 21. a) Hamanyň çykaran permany Pars imperiýasyndaky ýehudylara we Mordekaýa nähili täsir etdi? b) Mordekaý Estere näme etmegi ýalbardy?

      20 Tizden imperiýanyň ähli künjegine ýehudylary gyrmak baradaky perman bilen çaparlary ýollaýarlar. Göz öňüne getir, bu habar Babyl ýesirliginden gaýdyp gelen we Iýerusalimiň diwarlaryny dikeldip ýetişmedik ýehudylara ýetýär. Mordekaý bu elhenç habary eşidip, Iýerusalimdäki ildeşleri, Suzadaky dost-ýarlary we dogan-garyndaşlary barada alada edýär. Mordekaý ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, başyndan kül sowurýar we şäheriň ortasyna çykyp, dady-perýat edýär. Suzadaky köp ýehudylaryň we olaryň dostlarynyň aljyraňňy ýagdaýa düşendigine garamazdan, Haman patyşa bilen oturyp, şerap içýär (Ester 3:13, 15; 4:1-nji aýatlary oka)f.

      21 Mordekaý ýehudylary halas etmek üçin bir zatlar etmelidigini bilýärdi. Emma ol näme edip biler? Ester onuň hasrat çekýändigini eşidip, eginbaş iberýär. Ýöne Mordekaý köşeşmek islemeýär. Belki, ol Esteriň elinden alnyp, Ýehowa iman etmeýän adama durmuşa çykmaga Hudaýyň näme üçin ýol berendigine şu wagta çenli düşünen däldir. Indi Mordekaý muňa düşünen bolmaly. Ol Estere patyşanyň ýanyna baryp, «öz adamlaryňy» halas et diýip ýalbarýar (Est. 4:4—8).

      22. Ester näme üçin patyşanyň ýanyna barmaga gorkýardy? (Şeýle-de çykgyda seret).

      22 Ester bu habary eşidip, gaty aljyraňňy ýagdaýa düşýär. Onuň imany güýçli synalýar. Ester Mordekaýa gorkýandygyny aýdyp, patyşanyň kanunyny ýatladýar. Patyşanyň ýanyna çakylyksyz baran adama ölüm jezasy berilýärdi. Ýöne patyşa altyn hasasyny uzatsa, ölüm jezasy berilmeýärdi. Ester rehim edilmegine garaşmaýardy, sebäbi şa aýaly Waşty patyşanyň buýrugyny ýerine ýetirmekden boýun gaçyranda, oňa rehim edilmedi. Ester 30 günden bäri patyşanyň ýanyna çagyrylmandy! Şonça wagt çagyrylmansoň, ol indi ynjyk patyşanyň mährini gazanyp bilmerin öýdýärdig (Est. 4:9—11).

      23. a) Mordekaý Esteriň imanyny berkitmek üçin näme diýdi? b) Biz näme üçin Mordekaýyň göreldesine eýermeli?

      23 Mordekaý Esteriň imanyny berkidýär. Eger ol ümsüm otursa, ýehudylara başga biriniň kömek etjekdigini aýdýar. Emma yzarlanma güýçlense, Ester nädip diri galyp biler? Mordekaý Ýehowanyň halkynyň gyrylmagyna ýol bermejekdigine we ähli wadalaryny berjaý etjekdigine berk iman edýärdi (Ýeş. 23:14). Soňra Mordekaý Estere: «Belki, sen şunuň ýaly pursatlar üçin şa aýaly bolansyň!» diýdi (Est. 4:12—14). Biz Mordekaýyň göreldesine eýermeli dälmi näme?! Ol Ýehowa Hudaýa doly bil baglapdy? A sen? (Sül. tym. 3:5, 6).

      Esteriň imany ölüm gorkusyndanam güýçlidi

      24. Ester berk imanyny we mertligini nädip görkezdi?

      24 Esteriň aýgytly hereket etmeli wagty geldi. Ol Mordekaýdan ähli ýehudylary ýygnap, üç gije-gündiz onuň üçin agyz beklemegi tabşyryp: «Goý, ölsem öleýin» diýmek bilen imanyny we mertligini görkezýär (Est. 4:15—17). Onuň özi-de üç günläp gyzgyn doga edýär. Ahyry, patyşanyň ýanyna barmaly wagty gelýär. Ol iň owadan şa lybasyny geýip, patyşanyň mährini gazanmak üçin elinde baryny edýär we onuň ýanyna gidýär.

      Ester şa lybasyny geýip, Kserks patyşanyň köşgüne girýär

      Ester Hudaýyň halkyny halas etmek üçin janyny howp astyna saldy

      25. Esteriň ýoldaşynyň ýanyna barşyny gürrüň ber.

      25 Babyň başynda gürrüň berilşi ýaly, Ester patyşanyň köşgüne barýar. Göz öňüne getir, ol biynjalyk bolup, içinden gyzgyn doga edýär. Ol köşgüň içgi otagyna girenden, Kserks patyşanyň tagtda oturanyny görýär. Belki, ol patyşanyň ýüzüne seredip, keýpiniň nähilidigini biljek bolandyr. Eger Ester garaşan bolsa, onuň üçin wagt geçmeýän ýaly bolandyr. Ýöne şol pursat ýoldaşy ony görýär. Patyşa muňa geň galsa-da, ýüzi açylyp gidýär. Ol Estere altyn hasasyny uzadýar! (Est. 5:1, 2).

      26. Mesihçiler näme üçin Ester ýaly mert bolmaly we näme üçin onuň etmeli zady köpdi diýse bolar?

      26 Patyşa ony diňlemäge taýyndy. Ester Ýehowa iman edip, halkyny halas etmek üçin janyny howp astyna salyp, Hudaýyň ähli döwürdäki gullukçylary üçin gowy görelde görkezdi. Häzirki mesihçilerem şonuň ýaly adamlaryň göreldesine eýermäge jan edýärler. Isa şägirtleriniň janaýamaz söýgüsi bilen tapawutlanmalydygyny aýdypdy (Ýahýa 13:34, 35-nji aýatlary oka). Şeýle söýgini görkezmek üçin Ester ýaly mert bolmaly. Emma Ester Hudaýyň halkyny halas etmek üçin entek köp zatlary etmelidi. Ol patyşany ýakyn maslahatçysy Hamanyň zalym adamdygyny nädip ynandyryp biler? Ester halkyny nädip halas edip biler? Bu soraglaryň jogabyny biz indiki bapdan bileris.

      a Kserks patyşa Pars imperiýasynda b. e. öň 496-njy ýyldan başlap höküm sürdi.

      b Ester 4:11 Erkekdigine ýa-da aýaldygyna garamazdan, patyşanyň ýanyna çakylyksyz gelen adam babatda bir kanun bar — ölüm, diňe patyşanyň altyn hasasyny uzadan adamy diri galýar. Patyşanyň ähli köşk emeldarlary we onuň ähli welaýatlaryndaky adamlary muny bilýärler. Men otuz gün bäri patyşanyň ýanyna çagyrylamok. 5:1 Üçülenji güni Ester özüniň şa lybasyny geýip, patyşa köşgüniň içki otagynda, patyşanyň tagty ýerleşen otagynyň garşysynda durdy. Patyşa köşgüň agzyndaky otagda öz şalyk tagtynda otyrdy.

      c 16-njy bapdaky «Ester hakyndaky soraglar» diýen çarçuwa seret.

      d Haman Hizkiýa patyşanyň döwründe gyrlan amalekleriň neslinden «diri galanlaryň» biridi (1 Ýyl. 4:43).

      e Hamanyň hödür eden on ýedi müň batman kümşi häzirki ýüzlerçe million dollara barabar. Hamanyň pul hödür etmegi Kserks patyşa ýarady. Sebäbi ol köp ýyldan bäri Gresiýa garşy söweşmäge taýýarlanýardy, muňa bolsa köp pul gerekdi. Iň soňy, ol bu söweşde ýeňlişe sezewar boldy.

      f Ester 3:13 On ikinji aý bolan adar aýynyň on üçüne ýahudalaryň uludan-kiçä baryny: aýallary we çagalary bir günde gyryp, bütinleý ýok edip, ähli mal-mülklerini basyp almaklyk barada ähli welaýatlara çaparlardan elin hatlar iberildi. 15 Çaparlar patyşanyň buýrugy bilen gyssagly ýola düşdüler. Perman Suza galasynda çykaryldy. Patyşa bilen Haman içmäge oturdylar. Suzada welin aljyraňňylykdy. 4:1 Mordekaý bolup geçen ähli zatlar hakynda eşidende, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, başyndan kül sowurdy we şäheriň ortasyna çykyp, dady-perýat etdi.

      g Kserks patyşa ynjyk we gaty zalym adamdy. Grek taryhçysy Gerodot Kserks patyşanyň Gresiýa garşy bolan söweşinden birnäçe mysal getirýär. Patyşa Gellespont bogazynda gämilerden panton köprüsini gurmagy buýurýar. Harasat köprini ýumranda, Kserks patyşa ony guran inženerleriň kellesini aldyrýar we Gellespont bogazyna sögünip, suwuny gamçyladyp «temmi berýär». Şol uruşda hem bir baý adam ogluny söweşe ugratmazlygy haýyş edende, patyşa onuň ogluny ikä bölüp, adamlaryň gözüni gorkuzmak üçin hemmeleriň öňünde jesedini serip goýýar.

      OÝLANMAK ÜÇIN SOWALLAR:

      • Ester pesgöwünlidigini we gulak asýandygyny nädip görkezdi?

      • Mordekaý Esteriň imanyny nädip berkitdi?

      • Ester mertdigini nädip görkezdi?

      • Sen Esteriň imanyndan nädip görelde alyp bilersiň?

  • Ol paýhasly, mert we janaýamazdy
    Olaryň imanyndan görelde alyň
    • Şa aýaly Ester

      ON ALTYNJY BAP

      Ol paýhasly, mert we janaýamazdy

      1—3. a) Ester patyşanyň tagtyna golaýlaşdygy saýyn özüni nähili duýýardy? b) Patyşa Esteriň gelmegine nähili garady?

      ESTER patyşanyň tagtyna ýuwaşlyk bilen golaýlaşdygy saýyn ýüregi çalt urýar. Göz öňüne getir, patyşanyň köşgünde dym-dyrslykdy we Ester öz aýak sesini hem-de şa lybasynyň pasyrdysyny eşidýär. Ol köşgüň ululygyna, owadan sütünlere we Liwan kedr agajyndan oýlup nagyşlanan potologa-da üns bermeýär. Esteriň bar ünsi tagtda oturan adama gönükdirilendi, sebäbi jany onuň elindedi.

      2 Patyşa Esteriň oňa tarap uzadylan altyn hasa golaýlaşýanyna ünsli seredýär. Bu ýönekeý hereket bolsa-da, patyşanyň ýanyna çakylyksyz gelen Estere rehim edilip, ölüm jezasynyň berilmejekdigini aňladýardy. Ester patyşanyň golaýyna baryp, minnetdarlyk bilen hasanyň ujuna elini degirýär (Est. 5:1, 2).

      Şa aýaly Ester tagtda oturan Kserks patyşanyň uzadan altyn hasasyna golaýlaşýar

      Ester patyşanyň rehim edendigine pesgöwünlilik bilen minnetdarlyk bildirdi

      3 Patyşanyň daş-keşbinden örän baýdygy we uly ygtyýarynyň bardygy görünýärdi. Pars patyşasynyň eginbaşy häzirki pul bilen hasaplanyňda ýüzlerçe million dollara barabardy. Ester patyşanyň ýüzünde mähir gören bolmaly, sebäbi ol Esteri özüçe gowy görýärdi. Patyşa oňa: «Şa aýaly Ester, saňa näme gerek? Näme islegiň bar? Patyşalygymyň ýarysy hem bolsa, ol saňa berler» diýdi (Est. 5:3).

      4. Ester nähili kyn işi etmelidi?

      4 Ester halkyny halas etmek üçin patyşanyň ýanyna gelip, eýýäm imanynyň berkdigini we mertdigini görkezdi. Onuň niýeti başa barsa-da, entek bir kyn işi etmelidi. Ester tekepbir patyşa onuň ynamdar maslahatçysynyň erbet adamdygyny subut etmelidi. Sebäbi ol patyşany aldap, Esteriň halkyny ýok etmeklige iterdi. Ester patyşany nädip ynandyryp biler we biz onuň imanyndan nädip görelde alyp bileris?

      Ester geplemeli wagtyny paýhasly saýlady

      5, 6. Ester Wagyz kitaby 3:1, 7-nji aýatlardaky prinsipe eýerip, paýhaslydygyny nädip görkezdi?

      5 Ester patyşa kynçylygyny wezirleriniň ýanynda aýdarmy? Eger aýtsa, onda ol ýoldaşyny kemsiderdi we onuň maslahatçysy Hamana özüni aklar ýaly mümkinçilik bererdi. Şonuň üçin Ester näme eder? Ýüzlerçe ýyl mudan öň ýaşan Süleýman patyşa: «Her zadyň öz möwrüti bar... dymmagyň öz wagty bar, geplemegiň öz wagty» diýipdi (Wag. 3:1, 7). Hudaýyň wepaly gullukçysy Mordekaý Estere terbiýe berende, şonuň ýaly prinsipleri öwreden bolmaly. Ester geplemeli wagtyny paýhasly saýlamalydygyny bilýärdi.

      6 Ester oňa: «Eger patyşa oňlasa, şa we Haman şu gün meniň patyşa üçin guran meýlisime gelsinler» diýdi (Est. 5:4). Patyşa Haman bilen gelmäge razylaşdy. Esteriň patyşa bilen paýhasly gürleşenine üns berdiňmi? Ol patyşa hormat goýup, gepleşmek üçin amatly pursat döretdi (Süleýmanyň tymsallary 10:19-y oka).

      7, 8. Esteriň guran birinji meýlisi nähili boldy we ol näme üçin patyşa haýyşyny aýtmady?

      7 Elbetde, Ester ýoldaşynyň göwnünden turmak üçin gowy meýlis gurmagyň aladasyny edendir. Meýlisde patyşanyň keýpini göterer ýaly gowy şerap hem bardy (Zeb. 104:15). Kserks patyşa keýpi kök bolanda, Esterden näme haýyşynyň bardygyny sorady. Indi Esteriň aýtmaly wagty geldimi?

      8 Ester beýle pikir etmeýärdi. Ol patyşa bilen Hamany ertesi ýene-de meýlise çagyrdy (Est. 5:7, 8). Ol näme üçin haýyşyny şol bada aýtmadyka? Ýadyňa düşýän bolsa, patyşa Esteriň halkyny gyrmak barada perman çykarypdy. Bu örän howpludy, şol sebäpli ol haýyşyny aýtmak üçin has gowy wagty saýlady. Ester garaşyp, ýoldaşyna çuňňur hormat goýýandygyny ýene-de bir gezek görkezjek boldy.

      9. Sabyrly bolmagyň nähili peýdasy bar we bu babatda Esterden nädip görelde alyp bileris?

      9 Sabyrlylyk — seýrek duş gelýän we gymmatly häsiýet. Ester gynanyp, ýüregindäkini patyşa aýdasy gelse-de, ol sabyrlylyk bilen amatly pursada garaşdy. Biz adalatyň dikelmegini islesek, Esteriň mysalyndan köp zady öwrenip bileris. Biz kynçylygymyzy çözmek üçin ygtyýarly adama ýüz tutanymyzda, Esteriň göreldesine eýerip, sabyrly bolmaly. Süleýmanyň tymsallary 25:15-de: «Hökümdar sabyr bilen yrylýandyr, ýumşak dil süňki döwýändir» diýilýär. Eger bizem Ester ýaly amatly pursada sabyrly garaşyp, ýumşak gepleşsek, güýçli duşmanlarymyzdanam üstün çykarys. Ýehowa Estere sabyrly we paýhasly bolandygyna ak pata berdimi?

      Adalatlygy dikeltmek üçin sabyrly bolmaly

      10, 11. Haman birinji meýlisden gaýdansoň, näme üçin keýpi gaçdy we aýaly bilen dostlary oňa näme maslahat berdi?

      10 Ester sabyrly bolany üçin ýagdaý birden üýtgedi. Haman patyşanyň we şa aýalynyň merhemetini gazanandyryn öýdüp, birinji meýlisden «şadyýan, göwnühoş» bolup gitdi. Emma köşgüň derwezesinden çykanda, tagzym etmeýän Mordekaýa gözi düşdi. Geçen bapdan bilşimiz ýaly, muny Mordekaý sylamaýandygy üçin däl-de, Hudaýy gynandyrmajak bolup, ynsaby sebäpli etmeýärdi. Muňa garamazdan, Haman «gahar-gazapdan doldy» (Est. 5:9).

      11 Haman bu barada aýalyna we dostlaryna gürrüň berýär. Şonda olar beýikligi 22 m bolan bir dar agajyny taýýarlamagy we Mordekaýy agaçdan asmak üçin patyşadan rugsat soramagy maslahat berdiler. Bu Hamanyň göwnünden turdy we ol derrew dar agajyny taýýarlady (Est. 5:12—14).

      12. Patyşa näme üçin köşgüň ýyl ýazgylaryny sesli okap berdiler we ol nämäni bildi?

      12 Şol gije patyşa ýatyp bilmeýär. Mukaddes Ýazgylarda «patyşanyň gözüne uky gelmänsoň», oňa köşgüň ýyl ýazgylaryny sesli okap berlendigi aýdylýar. Onda Kserks patyşany öldürmek üçin dildüwşigiň bolandygy baradaky ýazgy bardy. Şol waka we dildüwşenlere ölüm jezasynyň berlendigi patyşanyň ýadyna düşýär. Dildüwşügiň üstüni açan Mordekaýa näme boldy? Patyşa gaýga batyp, Mordekaýa näme hezzet-hormat edilendigi barada sorady. Patyşanyň emeldarlary näme jogap berdi? Olar: «Oňa hiç zat edilmedi» diýdiler (Ester 6:1—3-nji aýatlary oka)a.

      13, 14. a) Hamanyň abraýdan düşüp başlandygy nämeden görünýär? b) Aýaly bilen dostlary Hamana näme diýdiler?

      13 Patyşa ýalňyşyny düzetjek bolup, maslahatlaşmak üçin wezirlerini gözläp başlady. Şol gün irden köşge Mordekaýa ölüm jezasyny bermek üçin patyşadan rugsat soramaga Haman gelipdi. Emma Haman dil ýarmazdan öň, patyşa ondan merhemetini gazanan adamy nädip hormatlap boljakdygy barada maslahat sorady. Haman özi hakda aýdylýandyr öýdüp, oňa patyşanyň şa lybasyny geýdirip, atyna mündürip, Suzada aýlamagy we ony şöhratlandyryp jar çekmegi maslahat berdi. Göz öňüne getir, şeýdip Mordekaýy aýratyn hormatlamalydygyny eşidende, Hamanyň ýüzi, gör, nähili üýtgändir! Patyşanyň Mordekaýy şöhratlandyryp, jar çeker ýaly kimi belländigini bilýärmiň? Hamany! (Est. 6:4—10).

      14 Haman berlen ýumşy göwünli-göwünsiz berjaý edip, gaharlanyp öýüne gaýtdy. Muny aýaly bilen dostlary erbetligiň alamaty saýyp, onuň ýehudyly Mordekaýdan üstün çykyp bilmejekdigini aýtdy (Est. 6:12, 13).

      15. a) Esteriň sabyrly bolmagy nähili netije berdi? b) Ýehowa bil baglamak näme üçin paýhasly?

      15 Esteriň ýene bir gün sabyrly garaşmagy Hamany abraýdan düşürdi. Patyşanyň ýatyp bilmändigine Ýehowa sebäpkärdimi? (Sül. tym. 21:1). Hawa, sebäbi Hudaýyň Sözünde Ýehowa bil baglamagyň wajypdygy aýdylýar! (Mika 7:7-ni oka)b. Biz Hudaýa bil baglap, sabyrly bolsak, onuň kynçylygymyzy özümizdenem gowy çözjekdigine göz ýetireris.

      Ol ýüregine daş baglap gepledi

      16, 17. a) Esteriň geplemeli wagty haçan geldi? b) Esteriň öňki şa aýaly Waştydan näme tapawudy bar?

      16 Ester guran ikinji meýlisinde patyşa ähli zady gürrüň bermegi ýüregine düwýär. Ol muny nädip ederkä? Patyşa ýene-de Esterden näme haýyşynyň bardygyny soraýar (Est. 7:2). Şonda Esteriň aýtmaly pursady geldi.

      17 Göz öňüne getir, Ester içinden Hudaýa doga edip: «Eý, patyşahym, eger men seniň göwnüňden turan bolsam, eger patyşa oňlasa, meniň dilegim boýunça janym, islegim boýunça-da halkym berilsin» diýýär (Est. 7:3). Ol patyşanyň islegine we gelen kararyna hormat goýýandygyny aýtdy. Ester ýoldaşyny bilgeşleýin kemsiden patyşanyň öňki aýaly Waştydan örän tapawutlanýardy! (Est. 1:10—12). Şeýle-de ol patyşany Hamana ynanandygy üçin ýazgarmady. Gaýtam, ol patyşa janyny halas etmek barada ýalbardy.

      18. Ester patyşa kynçylygy barada nädip aýdýar?

      18 Patyşa Esteriň sözlerine haýran galýar. Şa aýalyny şeýle howply ýagdaýa kim saldyka? Ester: «Men we meniň halkym gyrlyp, bütinleý ýok edilmek üçin satyldyk. Eger biz diňe bir gul-gyrnak edilmek üçin satylan bolsadyk, onda men sesimi çykarmazdym, çünki gam-gussamyz bilen patyşany biynjalyk edip bolmaz» diýdi (Est. 7:4). Üns beren bolsaň, Ester kynçylygy barada gönümel aýdyp, gulçulyga satylan bolsam, dil ýarmazdym diýdi. Şeýle-de ol ýehudylaryň gyrylmagy patyşanyň özüne-de zyýan ýetirjekdigi barada aýdýar.

      19. Adamy ynandyrmak babatda biz Esterden näme öwrenip bileris?

      19 Adamy ynandyrmak babatda biz Esterden köp zat öwrenip bileris. Sen dogan-garyndaşlaryňa ýa-da ygtyýarly adama kynçylygyňy aýtmaly bolanyňda, sabyrly bolsaň, hormat goýsaň we açyk gürleşseň gowy bolar (Sül. tym. 16:21, 23).

      20, 21. a) Ester Hamany paş edensoň patyşa näme etdi? b) Bu ýagdaýda Haman özüni nähili alyp bardy?

      20 Kserks patyşa: «Beýle iş etmäge ýürek eden adam kim? Ol nirede?» diýip sorady. Suratda görşüň ýaly, Ester elini uzadyp: «Biziň ganym duşmanymyz, ine, şu zalym Hamandyr!» diýdi. Bu sözler Hamana nähili täsir etdi? Ol gaty gorkdy. Patyşa ynamdar maslahatçysynyň töhmet atyp, mähriban aýalyny ýok etmek üçin perman çykaranyna gaty gahary gelýär! Patyşa özüni ele almak üçin baga çykyp gidýär (Est. 7:5—7).

      Ikinji meýlisde Ester Kserks patyşa ähli zady gürrüň berip, mertlik bilen Hamandygyny görkezýär

      Ester şol zalym adamyň Hamandygyny görkezdi

      21 Paş edilen Haman Esteriň aýagyna ýykylýar. Patyşa yzyna gelende, Esteriň ýaplanyp oturan çarpaýasyna Hamanyň özüni oklanyny görende, meniň öýümde şa aýalyny zorlajak bolýarmyň diýip gaharlanýar. Bu onuň öldüriljekdigini aňladýardy. Şol bada Hamanyň ýüzüni büräp äkitdiler. Patyşanyň hyzmatkärleriniň biri Hamanyň Mordekaýy asmak üçin beýik dar agajyny taýýarlap goýandygyny aýdýar. Kserks patyşa şol dar agaçdan Hamanyň özüni asmagy buýurýar (Est. 7:8—10).

      22. Esteriň mysaly umydymyzy üzmän imanymyzy berk saklamaga nädip kömek edýär?

      22 Şu adalatsyz dünýäde adalatlyk hiç haçan bolmajak ýaly görünýär. Senem şeýle pikir edýärmiň? Ester hiç haçan umydyny üzmedi we imanyny gowşatmady. Wagty gelende, ol hakykaty aýdyp, galan zady Ýehowa tabşyrdy. Geliň, bizem Ester ýaly bolalyň! Ýehowa häzirem üýtgemedi. Ol Haman ýaly erbet adamlary paş edip, olaryň guran duzaklaryna özlerini düşürýär (Zebur 7:11—16-njy aýatlary oka).

      Ester Ýehowa we halky üçin janyny aýamady

      23. a) Kserks patyşa Mordekaýy we Esteri nädip sylaglady? b) Ölüm ýassygynda Ýakubyň Benýamin barada aýdan pygamberligi nädip berjaý boldy? («Berjaý bolan pygamberlik» diýen çarçuwa seret).

      23 Ahyry, patyşa Mordekaýyň diňe bir onuň janyny halas eden wepaly hyzmatkäri däl-de, eýsem Esteriň atalygydygyny bildi. Kserks patyşa Hamana derek Mordekaýy belledi. Hamanyň öýüni we emlägini bolsa, Estere berdi. Esterem Mordekaýy hojalygynyň üstünden gözegçi edip goýdy (Est. 8:1, 2).

      24, 25. a) Haman paş edilensoňam, Ester näme üçin biynjalyk boldy? b) Ester näme üçin ikinji sapar janyny howp astyna saldy?

      24 Ester bilen Mordekaý halas bolsa-da, şa aýaly biynjalyk bolýardy. Sebäbi ol diňe özi barada alada etmeýärdi. Hamanyň ýehudylary gyrmak baradaky permany imperiýanyň ähli künjegine ugradylypdy. Haman ýehudylary gyrmak üçin amatly gün saýlar ýaly pur, ýagny bije atypdy (Est. 9:24—26). Şol güne bir aý galsa-da, wagt çalt geçýärdi. Betbagtçylygyň öňüni almak üçin entegem giç däldi.

      25 Ester patyşanyň ýanyna ikinji sapar çakylyksyz baryp, janyny howp astyna salýar. Bu gezek bolsa, ol patyşanyň ýanyna baryp, halkyny ýok etmek hakyndaky permany ýatyrmagy barada aglap ýalbarýar. Ýöne Pars patyşasynyň çykaran kanunyny ýatyryp bolmaýardy (Dan. 6:12, 15). Şol sebäpli patyşa Ester bilen Mordekaýa täze perman çykarmaga ygtyýar berýär. Bu perman ýehudylara özüni goramaga hukuk berýärdi. Imperiýanyň ähli künjegindäki ýehudylara gowy habary ýetirmek üçin dessine çaparlary ýolladylar. Ýehudylarda ýene-de umyt döredi (Est. 8:3—16). Göz öňüne getir, imperiýanyň ähli künjegindäki ýehudylar ýaraglanyp, söweşe taýýarlyk görýärler. Eger perman çykmadyk bolsa, olar muny edip bilmezdi. Esasanam, goşunlar Hudaýy Ýehowa olar bilen biledi (1 Şam. 17:45).

      Ester bilen Mordekaý ikinji permany aýdýar, ýaş oglan bolsa ýazýar

      Ester bilen Mordekaý Pars imperiýasyndaky ýehudylar barada perman çykardy

      26, 27. a) Ýehudylar Ýehowanyň kömegi bilen nähili ýeňiş gazandy? b) Hamanyň ogullarynyň öldürilmegi bilen haýsy pygamberlik berjaý boldy?

      26 Bellenen gün gelende, Hudaýyň halky taýýardy. Pars imperiýasynyň han-begleri patyşanyň Mordekaýy baş maslahatçy edip belländigini eşidýärler we gorkup, ýehudylaryň tarapyny tutýarlar. Ýehowa halkyna uly ýeňiş gazanmaga kömek etdi. Ýehowa duşmanlary derbi-dagyn edip, halkyny ýok edilmeginden halas etdic (Est. 9:1—6).

      27 Hamanyň on ogly dirikä, Mordekaý onuň hojalygyny arkaýyn dolandyryp bilmeýärdi. Şol sebäpli olary hem öldürdiler (Est. 9:7—10). Şeýlelikde, Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň halkynyň duşmany bolan amalekleriň ýok edilmegi baradaky pygamberlik berjaý bolýar (Kan. tag. 25:17—19). Hamanyň ogullary şol halkdan galan iň soňky adamlardy.

      28, 29. a) Ýehowa näme üçin Ester bilen halkynyň urşa gatnaşmagyny isledi? b) Biz näme üçin Esteriň görkezen göreldesine begenýäris?

      28 Ester uruş we ölüm jezasy bilen bagly permanlary çykaryp, agyr işi öz üstüne aldy. Muny etmek oňa aňsat däldi. Emma bu Ýehowanyň islegidi we onuň halkyny halas etmelidi, sebäbi ähli adamlara umyt berjek, wada edilen Isa Mesih ysraýyl halkyndan dogulmalydy! (Gel. çyk. 22:18). Şu günler Hudaýyň gullukçylary Isa Mesihiň şägirtlerine urşa gatnaşmaly däl diýen tabşyrygyny bilýärler (Mat. 26:52).

      29 Emma mesihçiler ruhy söweşe gatnaşýarlar. Sebäbi şu günler Şeýtan Ýehowanyň halkynyň imanyny gowşatjak bolýar (2 Korinfliler 10:3, 4-nji aýatlary oka). Esteriň gowy görelde görkezendigine biz örän begenýäris. Bizem Ester ýaly paýhasly we mert bolup, adamy sabyrlylyk bilen ynandyryp, janymyzy aýaman Hudaýyň halkynyň tarapyny tutup, imanymyzy görkezip bileris.

      Ester hakyndaky soraglar

      Mordekaý Estere näme üçin Ýehowa sežde etmeýän adama durmuşa çykmaga rugsat berdi?

      Käbir alymlar Mordekaý at-abraý gazanmak üçin Esteri patyşa durmuşa çykardy diýýärler. Mordekaý Ýehowanyň wepaly gullukçysy bolany üçin muňa razy bolmazdy (Kan. tag. 7:3). Gadymy ýehudy rowaýatyna görä, Mordekaý muňa garşy bolupdy. Özüni hudaý saýýan patyşa bu meselede Ester bilen Mordekaýyň razylygyny soramazdy. Sebäbi olar onuň ýurduna sürgün edilipdi. Emma wagtyň geçmegi bilen, Ýehowanyň halkyny halas etmek üçin Esteriň durmuşa çykmagyna ýol berendigi aýdyň boldy (Est. 4:14).

      Näme üçin Ester kitabynda Ýehowanyň ady agzalmaýar?

      Ester kitabyny Mordekaý ýazdy. Bu kitap Iýerusalime äkidilmezden öň, Pars patyşalygynyň dokumentleriniň arasynda saklanypdy. Pars taňrylaryna sežde edýän adamlar Hudaýyň adyny kitapda gören bolsalar, ony ýok ederdiler. Kitapda Hudaýyň ady bolmasa-da, onda ýazylan wakalara Hudaý gatnaşypdy. Ýewreý Ýazgylaryň asyl nusgasynda Hudaýyň ady akrostih görnüşde ýazylan, ýagny setirleriň başky ýa-da soňky harplary aýratyn bir sözi, Hudaýyň adyny aňladýar (Est. 1:20).

      Ester kitaby taryhy taýdan dogrumy?

      Käbir tankytçylar Ester kitabynyň taryhy taýdan dogry däldigini aýdýarlar. Emma käbir alymlar kitaby ýazan adamyň Pars patyşalygynyň durmuşy, binagärçiligi we däp-dessurlary barada gowy bilendigini nygtap geçýärler. Dogrusyny aýdanyňda, köşk dokumentlerinde Esteriň ady duş gelmeýär. Arhiwden diňe bir Esteriň ady däl, eýsem köşkde gulluk eden başga adamlaryň hem atlary öçürlipdir. Emma dokumentlerde Marduka atly adamyň ady duş gelýär. Bu Suzada köşk emeldary bolup gulluk eden Mordekaýyň parsça adydy.

      Berjaý bolan pygamberlik

      Ester bilen Mordekaý Hudaýyň halky üçin söweşip, Mukaddes Ýazgylardaky pygamberligi berjaý etdiler. 1 200 ýyl mundan öň Ýakup pygamber ogullarynyň biri barada: «Benýamin hyrsyz möjekdir, Ol irden awuny tutup iýip, agşam galan awuny paýlaşdyrýandyr» diýip pygamberlik etdi (Gel. çyk. 49:27). Ysraýyl patyşalygynyň «irdenki» taryhynda Ýehowanyň halky üçin Benýaminiň neslinden bolan Şawul patyşa we beýleki edermen esgerler söweşdi. Patyşalygyň «agşamky» taryhynda, ýagny Ysraýyl patyşalarynyň höküm sürmeýän döwründe Benýamin taýpasyndan bolan Ester bilen Mordekaý Ýehowanyň duşmanlary bilen aýgytly söweşdi. Olar Hamanyň emlägini «aw» hökmünde öz arasynda paýlaşdylar.

      a Ester 6:1 Şol gije patyşanyň gözüne uky gelmän, ol köşgüň ýyl ýazgylaryny getirmegi buýurdy. Ony patyşanyň öňünde okadylar. 2 Ondan patyşanyň gapy saklaýan agtalary Bigtana bilen Tereşiň Kserks patyşanyň janyna kast etmek niýetleriniň bardygy barada Mordekaýyň aýdan zatlary hakyndaky ýazgy tapyldy. 3 Patyşa: «Munuň üçin Mordekaýa näme hezzet-hormat edildi?» diýdi. Patyşanyň emeldarlary: «Oňa hiç zat edilmedi» diýdiler.

      b Mika 7:7 Emma men gözlerimi Rebbe dikerin, Halasgär Hudaýyma bil baglaryn. Maňa gulak asar Hudaýym.

      c Patyşa ýehudylara ikinji gün hem duşmanlary bilen söweşip, ýeňiş gazanmaga mümkinçilik berdi (Est. 9:12—14). Şu günlerem ýehudylar her ýyl Adar aýynda, ýagny fewral aýynyň aýagynda ýa-da mart aýynyň başynda şol gazanan ýeňşini belleýärler. Şol baýramçylyga Purim diýilýär, sebäbi Haman ysraýyllylaryň ählisini heläk etmek üçin pur, ýagny bije atypdy.

      OÝLANMAK ÜÇIN SOWALLAR:

      • Ester geplemeli wagtyny saýlap paýhaslydygyny nädip görkezdi?

      • Ester sabyrly bolup nähili bereketleri aldy?

      • Ester halkyny halas edende mertligini we janaýamazlygyny nädip görkezdi?

      • Sen Esteriň imanyndan nädip görelde alyp bilersiň?

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş