Sen Ýehowanyň geçirimliliginden näme öwrenýärsiň?
«Men Rebdirin, rehimli we merhemetli Hudaýdyryn. Men giň göwünli... Etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýaryn» (MÜS. ÇYK. 34:6, 7).
1, 2. a) Ysraýyl halky Ýehowany nähili Hudaý hökmünde tanaýardy? b) Şu makalada nähili soraga serederis?
NEHEMÝANYŇ günlerinde lewiler halkyň öňünde doga edip, ata-babalarynyň Ýehowanyň tabşyryklaryna gaýta-gaýta «gulak asmakdan boýun towlandygyny» aýtdylar. Ýehowa olary ençeme sapar bagyşlapdy, sebäbi ol «geçirimli, merhemetli, rehimdar, giň göwünli we wepaly söýgä baý Hudaý». Ýehowa Nehemýanyň döwründe ýesirlikden gelen ysraýyllara-da merhemet edýärdi (Neh. 9:16, 17).
2 Şoňa görä-de, her kes özünden: «Men Ýehowanyň geçirimliliginden näme öwrenýärin?» diýip, sorap biler. Şu wajyp soragyň jogabyny bilmek üçin, geliň, Ýehowanyň geçirimlilik eden iki adamy, ýagny patyşalar Dawut bilen Manaşe barada gürrüň edeliň.
DAWUT AGYR GÜNÄ EDÝÄR
3—5. Dawut nähili agyr günäler etdi?
3 Dawut hudaýhon adam bolsa-da, agyr günä etdi. Onuň eden iki günäsi Uryýa we Batşeba bilen bagly. Şol günä sebäpli olaryň üçüsi hem köp ejir çekdi. Ýöne Hudaýyň Dawuda beren düzedişinden Ýehowanyň geçirimliligi barada köp zatlar öwrenýäris. Geliň, bolan waka seredeliň.
4 Dawut patyşa ysraýyl goşunyny ammonlaryň Raba galasyny gabawa almaga iberýär. Ol şäher Iýerusalimiň gündogarynda, 80 kilometr uzaklykda, Iordan derýasynyň ýokarsynda ýerleşýärdi. Bir gün Dawut Iýerusalimdäki köşgüniň üçeginde gezim edip ýörkä, suwa düşünip duran Batşebany görýär. Onuň äri Ysraýyl goşuny bilen gidipdi. Dawut Batşebany synlap, jynsy höwesi şeýle güýjeýär welin, ony köşge getirdip, onuň bilen zyna edýär (2 Sam. 11:1—4).
5 Dawut Batşebanyň göwreli bolandygyny bilip, onuň äri Uryýany yzyna Iýerusalime çagyrýar we ol aýaly bilen ýatar öýdýär. Dawut näçe jan etse-de, Uryýa öýüne barmaýar. Şol sebäpli patyşa goşunbaşa gizlin hat ýazyp, «Uryýany söweşiň iň gazaply gidýän ýerinde goýup», soňra beýleki esgerleriň yza çekilmegini tabşyrýar. Şeýdip, Dawudyň isleýşi ýaly, Uryýa söweşde wepat bolýar (2 Sam. 11:12—17). Şeýlelikde, patyşa diňe bir zyna etmän, üstesine, ol indi bigünä adamyň ganyna-da galýar.
DAWUT TOBA EDÝÄR
6. Hudaý Dawudyň eden günäsini görüp, näme etdi? Biz mundan Ýehowa barada näme öwrenýäris?
6 Elbetde, Ýehowa ähli zady görýärdi, hiç zat onuň ünsünden sypmaýardy (Sül. tym. 15:3). Patyşa Batşeba öýlense-de, «Dawudyň eden bu işi Rebbiň nazarynda nejislikdi» (2 Sam. 11:27). Hudaý Dawudyň eden günälerini görüp, näme etdikä? Ol Natan pygamberi Dawudyň ýanyna iberýär. Megerem, geçirimli Hudaý Ýehowa oňa rehimdarlyk etmäge mümkinçilik gözländir. Eýsem, Ýehowanyň şeýle etmegi seni ruhlandyrýarmy? Hudaý Dawudy günäsini boýun almaga mejbur etmedi. Ýöne ol Natan pygamberi iberip, eden günäsiniň agyrlygyny görkezmek üçin, bir wakany gürrüň berdirdi (2 Samuel 12:1—4-nji aýatlary okaň). Hakykatdan-da, bu Dawudyň ýüregini bilmegiň gowy ýoludy!
7. Natanyň gürrüň beren wakasy Dawuda nähili täsir etdi?
7 Dawut patyşa Natanyň gürrüňini diňläp, munuň adalatsyzlykdygyny aýtdy. Dawudyň baý adama gahary gelip: «Rebden ant içýärin, bu adamyň başy ölümlidir» diýdi. Şeýle-de ol garyp adama ogurlanan guzusynyň deregine başgasy berilmelidigini aýtdy. Şol pursat Natan: «Şol adam — sen!» diýip, Dawudyň asla garaşmadyk sözlerini aýtdy. Soňra bolsa, Dawuda eden günäsiniň netijesinde maşgalasynyň başyna ölümiň, betbagtçylygyň injekdigini we tutuş iliň öňünde masgara boljakdygyny aýtdy. Dawut eden günäsine düşünip, ökündi-de: «Men Rebbiň öňünde günä gazandym» diýip, boýun aldy (2 Sam. 12:5—14).
DAWUT DOGA EDÝÄR WE HUDAÝ BAGYŞLAÝAR
8, 9. Dawut 51-nji mezmurynda eden günäsi barada näme diýýär we biz mundan Ýehowa barada näme öwrenýäris?
8 Şol wakadan soňra Dawudyň düzen mezmuryny okap, onuň ýürekden toba edendigini görýäris. 51-nji mezmurda Dawut Ýehowa ýürekden ýalbaryşyny gürrüň berýär. Ol diňe bir günälerini boýun almak bilen çäklenmän, toba-da edýär. Dawut, esasan, Hudaý bilen dostlugyny alada edýärdi. Ol: «Saňa, diňe Saňa garşy günä etdim» diýýär-de, soňra: «Mende tämiz ýürek ýarat, eý Hudaý, içime täzeden durnukly ruh ber... Öz gutaryşyň şatlygyny maňa gaýtar, islegli ruh berip, meni söýgetle» diýip ýalbarýar (Zeb. 51:1—4, 7—12). Sen hem eden ýalňyşlaryň barada Ýehowa Dawut ýaly ýürekden we dogruçyl gürrüň berýärsiňmi?
9 Ýehowa Dawudy eden günäleriniň erbet netijesinden goramady. Şol günäleri sebäpli ol ömürboýy kynçylyklar çekdi. Emma Ýehowa Dawudyň toba edişini we «synyk, ökünçli göwnüni» görüp, ony bagyşlady (Zebur 32:5-i okaň; Zeb. 51:17). Gudratygüýçli Hudaý günäkäriň ýüregini görýär we näme üçin günä edendigine düşünýär. Musanyň kanuny boýunça ynsan kazylary zynahorlary ölüme höküm etmeli bolsa-da, Ýehowa rehimdarlyk edip, Dawudyň we Batşebanyň üstünden özi höküm çykardy (Lew. 20:10). Hudaý hatda olaryň ogly Süleýmany Ysraýylyň patyşasy etdi (1 Tar. 22:9, 10).
10. a) Ýehowa Dawudy näme üçin bagyşladyka? b) Ýehowa bagyşlar ýaly näme etmeli?
10 Mümkin, Ýehowanyň geçirimlilik etmeginiň başga bir sebäbi — Dawut Şawula rehimdarlyk edipdi (1 Sam. 24:4—7). Isanyň aýtmagyna görä, biz adamlara näme etsek, Ýehowa-da bize şony edýär. Isa: «Üstüňizden höküm çykarylmaz ýaly, başgalaryň üstünden höküm çykarmaň. Çünki nähili höküm çykarsaňyz, siziň-de üstüňizden şonuň ýaly höküm çykarylar; haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler» diýdi (Mat. 7:1, 2). Ýehowanyň hatda zynahorlyk ýa ganhorlyk ýaly agyr günäleri bagyşlaýandygyny bilmek, hakykatdan-da, göwünlik berýär! Munuň üçin biz geçirimli bolmaly, Hudaýyň öňünde günälerimizi boýun almaly we eden erbet işimize garaýşymyzy üýtgetmeli. Günäkär ýürekden toba etse, Ýehowanyň huzurynda «täzelenme pursatlary» geler (Resullaryň işleri 3:19, 20-nji aýatlary okaň).
MANAŞE AGYR GÜNÄ ETSE-DE, TOBA EDÝÄR
11. Manaşe patyşa Ýehowanyň öňünde nähili ýigrenji işleri etdi?
11 Mukaddes Ýazgylarda ýazylan başga bir wakadan Ýehowanyň has agyr günäleri-de bagyşlaýandygy görünýär. Dawudyň patyşalygyndan soňra, takmynan 360 ýyl geçende Manaşe Ýahudanyň patyşasy bolup, 55 ýyl höküm sürýär. Ýehowa onuň eden ýigrenji günälerini ýazgarýar. Meselem, Manaşe Bagal buty üçin gurbanlyk sypalaryny gurdy, «ol ähli asman jisimine sežde etdi», ogullaryny otdan geçirdi we jadygöýlik bilen iş salyşdy. Hawa, ol Ýehowanyň «nazarynda köp ýigrenji işleri etdi» (2 Tar. 33:1—6).
12. Manaşe Ýehowa nädip dolandy?
12 Soňra Manaşeni tutup, Babyla alyp gitdiler we şol ýerde türmä basdylar. Belki-de, ol şol ýerde Musanyň ysraýyllara: «Wagty gelip, bu zatlaryň ählisi başyňyzdan inende, betbagtçylyga uçranyňyzda, siz Hudaýyňyz Rebbe dolanyp, Oňa gulak asarsyňyz» diýip, aýdan sözlerini ýatlandyr (Kan. tag. 4:30). Manaşe Ýehowa dolandy. Nädip? Ol «özüni gaty kiçeltdi» we «Hudaýa dileg etdi» (21-nji sahypadaky surata serediň) (2 Tar. 33:12, 13). Manaşeniň eden dogasynda aýdan sözleri Mukaddes Ýazgylarda ýazylmandyr, ýöne, megerem, ol Dawut patyşanyň 51-nji mezmurda aýdan sözlerine meňzeşdir. Nähili bolaýanda-da, Manaşeniň garaýşy düýbünden üýtgedi.
13. Ýehowa näme üçin Manaşeni bagyşlady?
13 Ýehowa Manaşeniň dogasyny diňläp, näme jogap berdi? «Hudaý onuň dilegini kabul edip, nalyşyny eşitdi». Dawut ýaly, Manaşe-de agyr günä edendigine düşünip, ýürekden toba etdi. Şonuň üçin Hudaý Manaşeni bagyşlady we ony ýene-de Iýerusalimde patyşa edip goýdy. Şonda «Manaşe Rebbiň (Ýehowanyň, TD) hakyky Hudaýdygyny bildi» (2 Tar. 33:13). Şu wakadan rehimdar Hudaýymyzyň ýürekden toba edýänleri bagyşlaýandygyny ýene-de bir bir sapar bilmek diýseň ruhlandyrýar!
Ýehowa Manaşeni bagyşlady we ol Iýerusalimdäki patyşalyk tagtyna dolandy
[24-nji sahypadaky surat]
ÝEHOWA HEMIŞE BAGYŞLAÝARMY?
14. Ýehowanyň günä eden adamlary bagyşlamagy nämä bagly?
14 Hudaýyň häzirki gullukçylarynyň köpüsi Dawut we Manaşe ýaly agyr günäleri etmese gerek. Şonda-da, Ýehowanyň şol iki patyşany bagyşlandygyny görüp, Hudaýymyzyň hatda agyr günä eden adamlary-da ýürekden toba etseler, bagyşlajakdygyna düşündük.
15. Ýehowanyň hemişe bagyşlamaýandygyny nireden bilýäris?
15 Elbetde, Ýehowa adamlaryň günäsini hemişe bagyşlaýandyr öýtmeli däl. Meselem, Manaşe bilen Dawudyň garaýşy Ysraýylyň we Ýahudanyň gulak asmazak halkynyň garaýşyndan tapawutlanypdyr. Hudaý Dawudyň ýanyna Natan pygamberi iberip, oňa garaýşyny üýtgetmek üçin mümkinçilik berýär. Dawut berlen käýinji minnetdarlyk bilen kabul edýär. Manaşe-de betbagtçylyga uçranda ýürekden toba etdi. Ysraýylyň we Ýahudanyň ýaşaýjylary bolsa, köplenç toba etmeýärdiler. Şol sebäpli-de Ýehowa olary bagyşlamady. Gaýtam, Hudaý olaryň gulak asmazlygyny paş etmek üçin pygamberlerini ýollady (Nehemýa 9:30-y okaň)a. Hatda ysraýyllar Babyl ýesirliginden dolanan mahaly, Ýehowa Ezra ruhany we Malaky pygamber ýaly wepaly gullukçylaryny iberdi. Halk Ýehowanyň islegini berjaý edende, olaryň şatlygyna şatlyk goşulýardy (Neh. 12:43—47).
16. a) Günälerine toba etmändigi üçin ysraýyl halkyna näme boldy? b) Ýehowa tebigy ysraýylyň neslinden bolan adamlara nähili mümkinçilik berýär?
16 Isa ýer ýüzüne gelip, özüni kämil töleg gurbany hökmünde berenden bäri, Ýehowa ysraýyllaryň mal gurbanlaryny kabul etmeýär (1 Ýahýa 4:9, 10). Isa pygamber şu sözleri aýtmak bilen, Atasynyň garaýşyny beýan etdi: «Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Bir towugyň jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem ençeme gezek seniň çagalaryňy ýygnajak boldum, emma siz islemediňiz». Soňra Isa: «Ine, öýüňiz size haraba bolup galýar» diýip, yglan edýär (Mat. 23:37, 38). Şeýlelikde, günäkär hem toba etmeýän halkyň deregine ruhy ysraýyl döredildi (Mat. 21:43; Gal. 6:16). Eýsem, tebigy ysraýylyň neslinden bolan adamlaryň günäleri indi bagyşlanmazmy? Eger olar Hudaýa we Isa Mesihiň töleg gurbanyna iman etseler, Ýehowa olary bagyşlap, rehimdarlyk eder. Ýehowa ýer ýüzünde boljak direlişde-de günälerine toba etmän ölen adamlara bagyşlanmaga mümkinçilik berer (Ýahýa 5:28, 29; Res. iş. 24:15).
BIZ ÝEHOWANYŇ GEÇIRIMLILIGINDEN NÄME ÖWRENÝÄRIS?
17, 18. Ýehowa Hudaý bizi bagyşlar ýaly, näme etmeli?
17 Biz Ýehowanyň geçirimliligi barada bilip, indi näme etmeli? Dawut bilen Manaşeniň göreldesine eýermeli. Günälidigimize düşünip, eden ýalňyşymyza toba etmeli, Ýehowadan bagyşlamagyny ýalbaryp soramaly we özümizde «tämiz ýürek» ýaratmagy haýyş etmeli (Zeb. 51:10). Eger agyr günä eden bolsak, onda ýygnak ýaşulularyndan ruhy kömek soramaly (Ýakup 5:14, 15). Nähili bolaýanda-da, Ýehowanyň Musa aýdyşy ýaly, ol «rehimli we merhemetli Hudaý... giň göwünli, söýgä, wepadarlyga baý. Müňlerçe nesillere baky söýgini görkezýär. Etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýar». Şondan bäri, Ýehowa üýtgemedi. Geliň, şuny unutmalyň (Müs. çyk. 34:6, 7).
18 Ýehowa ýürege täsir edýän deňeşdirmäni ulanyp, toba eden ysraýyllary bagyşlamagy, ýagny günäleri gyrmyzy dek bolsa-da, olary gar kimin agartjakdygyny wada berýändigini aýdýar (Işaýa 1:18-i okaň)b. Şeýlelikde, biz Ýehowanyň geçirimliliginden näme öwrenip bileris? Eger biz minnetdar bolsak we toba etsek, Ýehowa biziň günälerimizi we ýalňyşlarymyzy doly bagyşlaýar.
19. Biz indiki makalada nämä serederis?
19 Ýehowa bize geçirimlilik edýän bolsa, biz başgalar bilen özümizi nähili alyp barmaly? Biri agyr günä edip, soňra toba etse, ony nädip bagyşlap bileris? Indiki makala bize ýüregimizi barlap, Atamyzyň göreldesine eýermäge kömek eder. Hawa, Ýehowa «ýagşy we geçirimli» Hudaý (Zeb. 86:5).
a Nehemýa 9:30 Sen ençeme ýyllap olar bilen sabyrly bolduň. Pygamberler arkaly, Öz Ruhuň bilen olara duýdurdyň. Emma şonda-da olar gulak asmadylar. Şonuň üçin hem Sen olary ýurtlaryň halklarynyň eline berdiň.
b Işaýa 1:18 Reb şeýle diýýär: «Geliň, indi düşünişeliň, günäleriňiz gyrmyzy-dek bolsa-da, olar gar kimin ak bolarlar, gyrmyzy-dek gyzyl bolsalar-da, ak ýüň dek bolarlar.