Ata-eneňiziň aladasyny ediň
«Eý balalar, diňe bir söz bilen, dil bilen däl-de, iş hem hakykat bilen söýeliň». 1 ÝAHÝA 3:18
1, 2. a) Maşgala agzalary nähili kynçylyga uçraýarlar? b) Şeýle kynçylyklara nädip döz gelmeli?
BIR wagtlar gujur-gaýratdan doly ata-enemiziň garrylyk sebäpli saglygynyň ýaramazlaşýandygyny görmek örän agyr degýär. Belki-de, siziň ata-eneňiz ýykylyp, bir ýerine şikes ýetendir ýa-da garrylyk huşsuzlygyna, ýa başga agyr kesele sezewar bolandyr. Bu ýagdaýyň başga-da ýaramaz tarapy bar. Käte garrylara saglygynyň erbetleşýändigini boýun almak kyn bolýar (Eýýup 14:1). Şeýle ýagdaýda näme etmeli? Olara nädip kömek etse bolar?
2 Bir kitapda şeýle diýilýär: «Garrylyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak aňsat däl, ýöne oňa öňünden taýýarlansak, kynçylyklara hötde gelmäge kömek eder». Geliň, häzir bu kynçylyklara nädip hötde gelip boljakdygyna seredeliň.
«AGYR GÜNLERE» TAÝYN BOLUŇ
3. Garry ata-enesi kömege mätäç bolanda, maşgala agzalary näme edip bilerler? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
3 Garrylar, köplenç, kömege mätäç bolýarlar (Wag. 12:1—7). Şeýle ýagdaýda maşgala agzalary käbir meseleleri ara alyp maslahatlaşmaly we garrylaryň iň gowy derejede aladasyny etmäge jan etmeli. Esasan-da, ata-eneler öz duýgularyny we ýagdaýyny açyk aýtmaly. Eger ata-enesi öz öýlerinde ýaşamak isleseler, onda maşgala agzalary olary nädip goldap biljekdigi hakda oýlanmalya (Sül. tym. 24:6). Meselem, biri ata-enesiniň gündelik aladasyny etse, beýlekisi maddy taýdan goldap biler. Her kim öz borjunyň nämeden ybaratdygyna gowy düşünmeli, ýöne onuň özgerip biljekdigini ýa-da goşmaça zatlary hem etmeli boljakdygyny göz öňünde tutmaly.
4. Maşgala agzalary kömegi nireden alyp biler?
4 Siz syrkaw ata-eneňize seredýän bolsaňyz, onda olaryň ýagdaýy barada köpräk maglumat toplajak boluň. Eger olaryň ýagdaýy erbetleşýän bolsa, nähili kynçylyklaryň ýüze çykjakdygyny biliň (Sül. tym. 1:5). Döwlet tarapyndan nähili kömegiň berilýändigini anyklaň. Bu siziň işiňizi ýeňilleşdirer we ata-eneňiziň aladasyny has gowy etmäge ýardam eder. Maşgalanyň ýagdaýy sizi ruhdan düşürmegi, lapykeç etmegi we aljyraňňylyga salmagy mümkin. Siz ýakyn dostuňyza, esasan-da, Ýehowa ýüregiňizi döküň. Hudaýyň parahatçylygy siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar (Zeb. 55:22; Sül. tym. 24:10; Flp. 4:6, 7).
5. Garrylaryň aladasyny etmek baradaky meseläni näme üçin öňünden çözmek paýhasly?
5 Maşgala agzalary garrylaryň aladasyny etmek üçin käbir meseleleri ara alyp maslahatlaşsalar paýhasly bolar. Şeýle-de olar lukmanlardan, garry ata-enesine seredýän adamlardan ýa-da Internetden gerekli maglumatlary alyp bilerler. Meselem, ogul-gyzlary ata-eneleriniň özleri bilen bile ýa-da garrylar öýünde ýaşamagyny amatly hasaplarlar, ýa-da olar başga mümkinçilikleri gözlärler. Hawa, garrylyk sebäpli döreýän «zähmet bilen jepa» günlere öňünden taýýarlyk görmeli (Zeb. 90:10). Ýogsam, kynçylyk ýüze çykanda, howlukmaç karara gelmeli bolar. Bir alymyň aýtmagyna görä, «gyssagly ýagdaýda dogry karara gelmek mümkin däl». Howlukmaç karara gelinse, dartgynlygyň we agzalalygyň döremegi ahmal. Şol sebäpli kynçylyklara hötde gelmek üçin, olara öňünden taýýarlyk görmeli (Sül. tym. 20:18).
Maşgala agzalary ata-enesiniň aladasyny etmek babatda öňünden maslahatlaşmaly (6—8-nji abzaslara serediň)
6. Gerekli özgerişikler barada öňünden gürrüň etmek näme üçin peýdaly?
6 Gerekli özgerişikler barada gürrüň etmek aňsat bolmasa-da, köpleri munuň peýdalydygyny aýdýarlar. Näme üçin? Sebäbi maşgala agzalary birek-birege düşünişmäge we ysnyşmaga ýardam edýän meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Bu olara pikirini açyk aýtmaga we birek-birege söýgi bildirmäge mümkinçilik döredýär. Hatda garrylar öz öýünde ýaşap, öz başyny özleri çaramak isleseler-de, açyk gürrüňdeşlik olara ogul-gyzlaryna çekinmän ýüzlenmäge ýardam berer.
7, 8. Maşgala agzalary näme hakda we näme üçin maslahatlaşmaly?
7 Ata-eneler, ogul-gyzlaryňyz bilen gürrüňdeş bolanyňyzda, isleg-arzuwyňyzy we maddy ýagdaýyňyzy mälim ediň. Bu olara siziň islegiňizi göz öňünde tutmaga ýardam eder. Olar siziň gelen kararyňyza hormat goýmak üçin elinde baryny etmäge çalşarlar (Efes. 6:2—4). Emma siziň pikiriňiz çagalaryňyzyňky bilen gabat gelmezligi mümkin. Eger şeýle bolsa, ýagdaýa dogry düşünjek boluň, çünki pikiriňi özgertmäge wagt gerek bolýar.
8 Maslahatly edilen iş köp kynçylygyň öňüni almaga kömek edýär (Sül. tym. 15:22). Şonuň üçin garrylar ogul-gyzy bilen maslahatlaşanda, bejergi babatdaky islegini hem mälim etmeli. Gürrüňdeşlik Ýehowanyň Şaýatlarynyň gan baradaky şahadatnamasynda görkezilen maglumat esasynda bolmaly. Her kes nähili bejergi alýandygyny bilmäge we ony kabul ýa-da inkär etmäge doly hukukly. Gan baradaky şahadatnamada lukmanlar üçin maglumat berilýär. Zerurlyk dörände, şahadatnamada görkezilen adamlar syrkawa derek karara gelip biler. Olaryň hersinde bu şahadatnamanyň nusgasy bolmaly. Käbir gartaşanlar olara başga-da gerekli dokumentleriniň nusgasyny berýärler: wesýetnama, ätiýaçlandyryş haty, bank hasabatynyň dokumentleri, gerekli telefon belgileri we ş. m.
ÖZGERÝÄN ÝAGDAÝLARA DÖZ GELIŇ
9, 10. Ata-eneler haýsy ýagdaýda has köp kömege mätäç bolýarlar?
9 Adatça garrylar çagalaryna ýük bolmak islemeýärler, çagalary hem olaryň özlerini gerekli duýmaklaryny isleýärler. Şol sebäpli ata-eneler öýüň käbir işlerine gatnaşýarlar, däri-dermanlaryny özleri içýärler we pikirini arkaýyn aýtmaga çalyşýarlar. Ogul-gyzlary hem ata-enesiniň her bir hereketine gözegçilik edip durmaly däl. Wagtyň geçmegi bilen, garrylaryň ýagdaýy agyrlaşsa, meselem, olara bazara gitmek kyn bolsa ýa-da akyl-huşy kütelse, çagalary olary goldamaly.
10 Garrylar köplenç näme etjeklerini bilmän aljyraýarlar, göwnüçökgünlige düşýärler; olaryň gulagy agyrlaşýar, gözi we ýatkeşligi kütelýär. Şeýle zatlar ýüze çykyp başlan dessine lukmana ýüz tutuň. Bu ýagdaýyň ýaramazlaşmagynyň öňüni alar. Ogul-gyzlary ata-enesine ýardam etmeli. Meselem, olar lukmanlar bilen gepleşmek, ata-enesiniň hat-petek işlerine kömek etmek we olary gerekli ýerlere ulagly äkitmek ýaly jogapkärli işleri öz üstüne alyp bilerler. Şeýdip, olar ata-enesiniň has gowy aladasyny ederler (Sül. tym. 3:27).
11. Ata-eneler üçin nähili özgerişikler etse bolýar?
11 Ata-eneňiziň saglyk ýagdaýy agyrlaşyp, olar has köp kömege mätäç bolsalar, onda ýaşaýyş şertlerini özgertmeli bolar. Biraz edilen özgerişlige öwrenişmek aňsat düşer. Eger ata-eneňiz uzakda ýaşasa, onda dogan-uýalardan birine ýa goňşusyna wagtal-wagtal habar tutmagy haýyş edip bilersiňiz. Olar nahar taýýarlamaga we öýi arassalamaga kömek edip bilerlermi? Garrylara amatly we howpsuz bolar ýaly, öý-içerisinde käbir özgerişleri etmeli bolarmy? Belki, garrylara seretjek adamy tapmak ýeterlikdir. Ýagdaý has agyr bolsa, olara uzakly gün seretmeli bolar. Şeýle-de hökümet tarapyn berilýän kömekden peýdalanyňb (Süleýmanyň tymsallary 4:26-ny okaň).
KYNÇYLYGY ÝEŇENLER
12, 13. Uzakda ýaşaýan çagalary ata-enesiniň aladasyny nädip edip bilerler?
12 Biz ata-enemiziň rahat ýaşamagyny isleýäris, çünki olary söýýäris. Olaryň aladasyny edip, biz hem kanagat tapýarys. Ata-enesi bilen bile ýaşamaýan çagalar dynç günlerinden peýdalynyp, olara ýardam edýärler. Ata-eneler çagalarynyň söýgüsine mynasypdyr, şol sebäpli, mümkin boldugyndan, olara her gün jaň ediň, hat ýazyp duruň ýa-da Internet arkaly habarlaşyň (Sül. tym. 23:24, 25).
13 Ata-eneňizden her gün habar alyp dursaňyz, bu olara özüni gerekli duýmaga ýardam eder. Siz ata-eneňizden uzakda ýaşaýan bolsaňyz, olaryň ýygnak ýaşululary bilen gürrüňdeş bolup, maslahat soraň we Ýehowa doga ediň (Süleýmanyň tymsallary 11:14-i okaň). Ata-eneňiz Ýehowanyň gullukçylary bolmasa-da, siz «ata-eneňe hormat goý» diýen tabşyryga eýermeli (Müs. çyk. 20:12; Sül. tym. 23:22). Elbetde, hemmeler birmeňzeş karara gelmeýär. Käbirleri garry ata-enelerini ýanlaryna göçürip getirýärler ýa-da olaryňka göçüp barýarlar. Emma käbir ata-eneler çagalaryna ýük bolmak islemeýärler. Olar özleriniň aladasyny edip bilýändikleri üçin, aýry ýaşamagy makul bilýärler (Wag. 7:12).
14. Nähili kynçylyklar ýüze çykyp biler?
14 Garry ata-enesi bilen bile ýaşaýan ogluna ýa-da gyzyna has köp agram düşmegi mümkin. Şonuň üçin maşgalanyň beýleki agzalary mümkinçiligine görä ýardam bermeli, çünki her bir adamyň güýji we wagty çäkli bolýar. Şeýle-de garrylaryň aladasyny edýän adamyň ýagdaýy özgerip biler. Megerem, birine has köp agram düşýändir. Şonda maşgalanyň beýleki agzalary kömek etseler gowy bolmazmy?
15. Garrylara seredýänler halys bolmaz ýaly näme etse bolar?
15 Gartaşanlara günuzyn seretmeli bolsa, olaryň aladasyny edýän adam ýadap, halys bolmagy ahmal (Wag. 4:6). Çagalar söýgüli ata-enesi üçin elinde baryny etmek isleseler-de, muňa bir adamyň güýji ýetmez. Şol sebäpli garrylaryň aladasyny edýän adamlar başgalardan kömek soramaly. Şonda kömek üçin garrylar öýüne ýüzlenmeli bolmaz.
16, 17. Garrylara seredýänler nähili duýgulary başdan geçirýärler we olary nädip ýeňse bolar? (Şeýle-de «Minnetdar uýamyz» atly çarçuwa serediň).
16 Söýgüli ata-eneňiň ejir çekişini görmek, ýüregiňi para-para edýär. Köplenç ogul-gyzlary gaýgy-gam, biynjalyk, lapykeçlik, gahar-gazap, özüňi günäkärlemek, hatda nägilelik ýaly duýgular bilen göreşýärler. Käte garry adamlar oýlanyşyksyz sözleri aýtmagy ýa-da gadyryňy bilmezlikleri mümkin; muny göwnüňize almaň. Bir alym şeýle diýýär: «Göwnüçökgünlige eltýän duýgulara ýol bermäň we özüňizi günäkärlemekden gaça duruň». Siz duýgularyňyzy ýanýoldaşyňyza, dogan-garyndaşyňyzdan birine ýa-da ynamdar dostuňyza aýdyň. Bu size ýagdaýyňyza dogry garamaga we paýhasly bolmaga ýardam berer.
17 Käbir maşgalalar garrylara seredip, bütinleý güýçden gaçmagy mümkin. Belki-de, olar ata-enesiniň garrylar öýünde ýaşamaklaryny makul bilerler. Bir uýa garrylar öýünde ýaşaýan ejesiniň ýanyna her gün barýardy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Biz ejemize gije-gündiz seredip bilmeýärdik. Kömek üçin garrylar öýüne ýüz tutmak, bize aňsat bolmady. Ýüregimiz gyýym-gyýym bolsa-da, biz gelen kararymyzyň dogrudygyna we ejemiz üçin peýdalydygyna düşünýärdik; ol hem muňa razy boldy».
18. Ata-enesiniň aladasyny edýänler nämä ynamly bolup bilerler?
18 Hawa, garrylaryň aladasyny etmek aňsat däl. Bu babatda belli bir düzgün hem ýok. Emma maşgala agzalary etmeli işleri öňünden paýhasly planlaşdyrsalar, agzybir işleşseler, esasan-da, Ýehowa doga etseler, onuň hötdesinden gelip bilerler. Siz ata-eneňiziň aladasyny etmek üçin wagtyňyzy, güýjüňizi gaýgyrmasaňyz kanagat taparsyňyz (1 Korintoslylar 13:4—8-nji aýatlary okaň). Galyberse-de, kalbyňyzda rahatlyk duýarsyňyz we Ýehowanyň patasyny alarsyňyz (Flp. 4:7).
a Käbir medeniýete görä, ata-eneleriň çagalary bilen bile ýaşamagy ýerlikli.
b Eger ata-eneňiz öz öýünde ýaşaýan bolsa, olara seredýän adama öýüň açarynyň birini beriň. Heläkçilik ýüze çykanda, ol kömege ýetişip biler.