Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýowel 2
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Ýowel kitabynyň mazmuny

      • Ýehowanyň güni we goşuny (1—11)

      • Ýehowa dolanyň (12—17)

        • «Ýürekden toba ediň» (13)

      • Ýehowa halkyna jogap berýär (18—32)

        • «Ruhumy indererin» (28)

        • Asmandaky we ýerdäki alamatlar (30)

        • Ýehowanyň adyny çagyran halas bolar (32)

Ýowel 2:1

Parallel aýatlar

  • +Hyz 33:2, 3; Ams 3:6
  • +Sep 1:14, 16; Mel 4:1

Ýowel 2:2

Parallel aýatlar

  • +Ams 5:18, 20
  • +Sep 1:15
  • +Ýow 1:6

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    1/10/2007, sah. 13

Ýowel 2:3

Parallel aýatlar

  • +Ýow 1:19
  • +1Ms 2:8

Ýowel 2:4

Parallel aýatlar

  • +Ylh 9:7

Ýowel 2:5

Parallel aýatlar

  • +Ylh 9:9
  • +Nak 30:27

Ýowel 2:7

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    4/2020, sah. 2, 3

    «Garawul diňi»,

    15/4/2009, sah. 18, 19

Ýowel 2:8

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    4/2020, sah. 2, 3, 5

    «Garawul diňi»,

    15/4/2009, sah. 18, 19

Ýowel 2:9

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    4/2020, sah. 2, 3, 5

Ýowel 2:10

Parallel aýatlar

  • +Ýow 2:31; Mat 24:29; Luk 21:25; Ylh 9:2

Ýowel 2:11

Parallel aýatlar

  • +Ýow 2:25
  • +Ýow 2:2
  • +Ýer 30:7; Ams 5:18; Sep 1:15
  • +Ylh 6:16, 17

Ýowel 2:12

Parallel aýatlar

  • +Ýer 4:1; Hoş 12:6; 14:1, 2
  • +1Şm 7:6; 2Tr 20:3

Ýowel 2:13

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: ýürekleriňizi ýyrtyň.

  • *

    Ýa⁠-⁠da: ökünip.

  • *

    Ýa⁠-⁠da: duýgudaş.

  • *

    Ýa⁠-⁠da: Sabyr⁠-⁠takatly; çalt gaharlanmaýan.

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +2Şm 1:11, 12
  • +2Pa 22:18, 19; Zb 51:17; Işa 57:15
  • +Işa 48:9
  • +2Ms 34:6; 4Ms 14:18; Neh 9:17; Zb 106:44, 45; Mik 7:18, 19

Ýowel 2:14

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: öküner.

Parallel aýatlar

  • +2Tr 30:8, 9; Ýer 18:7, 8; Sep 2:2, 3

Ýowel 2:15

Parallel aýatlar

  • +Ýow 1:14

Ýowel 2:16

Parallel aýatlar

  • +2Ms 19:10
  • +5Ms 31:12; 2Tr 20:3, 13

Ýowel 2:17

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +2Tr 8:12
  • +5Ms 32:26, 27; Zb 79:9, 10; Mik 7:10

Ýowel 2:18

Parallel aýatlar

  • +5Ms 32:36; Işa 60:10; Agy 3:22; Hoş 11:8

Ýowel 2:19

Parallel aýatlar

  • +Işa 62:8, 9; Ams 9:13; Mel 3:10
  • +Hyz 34:29; 36:15

Ýowel 2:20

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: ýüzüni.

  • *

    Ýagny Öli deňzi.

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: Ýeňsesini.

  • *

    Ýagny Ortaýer deňzi.

Parallel aýatlar

  • +Işa 34:2, 3

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    4/2020, sah. 3, 5

Ýowel 2:22

Parallel aýatlar

  • +Işa 30:23; 51:3
  • +Hyz 34:27
  • +Ams 9:14; Zek 8:12

Ýowel 2:23

Parallel aýatlar

  • +Işa 12:6; Zek 10:7
  • +3Ms 26:4; 5Ms 11:14

Ýowel 2:24

Parallel aýatlar

  • +3Ms 26:10; Ams 9:13; Mel 3:10

Ýowel 2:25

Parallel aýatlar

  • +Ýow 1:4

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    4/2020, sah. 3

Ýowel 2:26

Parallel aýatlar

  • +3Ms 26:5
  • +5Ms 26:10, 11
  • +Sep 3:11

Ýowel 2:27

Parallel aýatlar

  • +Zb 46:5
  • +3Ms 26:11, 12; Hyz 37:26, 27

Ýowel 2:28

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +Işa 32:15; 44:3; Hyz 39:29
  • +Res 2:16—18

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    4/2020, sah. 3, 5—7

    «Durmuş we wagyz. Okuw depderi»,

    10/2017, sah. 8

    «Salgylar mwb (2017)», 10/2017, sah. 1

Ýowel 2:29

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    4/2020, sah. 3, 5—7

Ýowel 2:30

Parallel aýatlar

  • +Res 2:19, 20

Ýowel 2:31

Parallel aýatlar

  • +Sep 1:14, 15; Mel 4:5
  • +Mat 24:29; Mar 13:24, 25; Luk 21:25; Ylh 6:12

Ýowel 2:32

Parallel aýatlar

  • +Res 2:21; Rim 10:13
  • +Abd 17

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Durmuş we wagyz. Okuw depderi»,

    10/2017, sah. 8

    «Garawul diňi»,

    1/10/2007, sah. 13

Umumy salgylar

Ýow. 2:1Hyz 33:2, 3; Ams 3:6
Ýow. 2:1Sep 1:14, 16; Mel 4:1
Ýow. 2:2Ams 5:18, 20
Ýow. 2:2Sep 1:15
Ýow. 2:2Ýow 1:6
Ýow. 2:3Ýow 1:19
Ýow. 2:31Ms 2:8
Ýow. 2:4Ylh 9:7
Ýow. 2:5Ylh 9:9
Ýow. 2:5Nak 30:27
Ýow. 2:10Ýow 2:31; Mat 24:29; Luk 21:25; Ylh 9:2
Ýow. 2:11Ýow 2:25
Ýow. 2:11Ýow 2:2
Ýow. 2:11Ýer 30:7; Ams 5:18; Sep 1:15
Ýow. 2:11Ylh 6:16, 17
Ýow. 2:12Ýer 4:1; Hoş 12:6; 14:1, 2
Ýow. 2:121Şm 7:6; 2Tr 20:3
Ýow. 2:132Şm 1:11, 12
Ýow. 2:132Pa 22:18, 19; Zb 51:17; Işa 57:15
Ýow. 2:13Işa 48:9
Ýow. 2:132Ms 34:6; 4Ms 14:18; Neh 9:17; Zb 106:44, 45; Mik 7:18, 19
Ýow. 2:142Tr 30:8, 9; Ýer 18:7, 8; Sep 2:2, 3
Ýow. 2:15Ýow 1:14
Ýow. 2:162Ms 19:10
Ýow. 2:165Ms 31:12; 2Tr 20:3, 13
Ýow. 2:172Tr 8:12
Ýow. 2:175Ms 32:26, 27; Zb 79:9, 10; Mik 7:10
Ýow. 2:185Ms 32:36; Işa 60:10; Agy 3:22; Hoş 11:8
Ýow. 2:19Işa 62:8, 9; Ams 9:13; Mel 3:10
Ýow. 2:19Hyz 34:29; 36:15
Ýow. 2:20Işa 34:2, 3
Ýow. 2:22Işa 30:23; 51:3
Ýow. 2:22Hyz 34:27
Ýow. 2:22Ams 9:14; Zek 8:12
Ýow. 2:23Işa 12:6; Zek 10:7
Ýow. 2:233Ms 26:4; 5Ms 11:14
Ýow. 2:243Ms 26:10; Ams 9:13; Mel 3:10
Ýow. 2:25Ýow 1:4
Ýow. 2:263Ms 26:5
Ýow. 2:265Ms 26:10, 11
Ýow. 2:26Sep 3:11
Ýow. 2:27Zb 46:5
Ýow. 2:273Ms 26:11, 12; Hyz 37:26, 27
Ýow. 2:28Işa 32:15; 44:3; Hyz 39:29
Ýow. 2:28Res 2:16—18
Ýow. 2:30Res 2:19, 20
Ýow. 2:31Sep 1:14, 15; Mel 4:5
Ýow. 2:31Mat 24:29; Mar 13:24, 25; Luk 21:25; Ylh 6:12
Ýow. 2:32Res 2:21; Rim 10:13
Ýow. 2:32Abd 17
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
Mukaddes Kitap
Ýowel 2:1—32

Ýowel

2 «Sionda surnaý çalyň!+

Mukaddes dagymda söweş surnaýyny çalyň.

Goý, ýurduň halky titresin.

Sebäbi Ýehowanyň güni ýetip gelýär+. Ol gün ýakyndyr!

 2 Ol gün tümlük, garaňkylyk günüdir+,

Bulutly, gap⁠-⁠gara bulutly gündür+,

Daglara düşýän daň şapagy kimindir.

Güýçli bir halk geler, san⁠-⁠sajagy ýokdur+,

Gadymy döwürde⁠-⁠de, geljekki nesillerde⁠-⁠de

Oňa taý geljek ýokdur.

 3 Onuň öňünde ýalmap⁠-⁠ýuwudýan ot,

Yzynda ýakyp kül edýän alaw bardyr+.

Öňünde Erem bagy kimin ýurt+,

Yzynda gurap ýatan çöl bardyr.

Elinden hiç bir zat gutulyp bilmez.

 4 Görnüşi ata meňzeýär,

Söweş bedewleri kimin ýüwrükdir+.

 5 Dagyň depesine çykanda,

Olaryň sesi söweş arabalarynyň güpürdisi kimin+,

Otda ýanýan samanyň şatyrdysy ýalydyr.

Olar söweş nyzamyna düzülen güýçli halk kimindir+.

 6 Olaryň elinden halklar jebir çeker.

Gorkudan ýaňa ýüzleri ak tam ýaly bolar.

 7 Olar pälwan kimin topulýarlar.

Esger kimin diwara dyrmaşýarlar.

Her biri nyzam bilen ýöreýär,

Hiç biri ýolundan sowulmaýar.

 8 Biri⁠-⁠birini iteklemeýärler,

Olaryň her biri nyzam bilen ýöreýärler.

Atylan okdan ýykylsa⁠-⁠da ýoldaşy,

Nyzamyndan çykmaýar gardaşy.

 9 Olar şähere çozýarlar, diwarlardan aşýarlar.

Öýlere dyrmaşyp çykyp,

Penjireden ogry kimin girýärler.

10 Olaryň öňünde ýer we gök titreýär.

Gün we Aý tutulýar+,

Ýyldyzlar şöhle saçmaýar.

11 Ýehowa goşunynyň+ başynda batly seslener,

Esgerleriniň san⁠-⁠sajagy bolmaz+.

Onuň sözüni ýerine ýetirýän güýçlüdir.

Ýehowanyň güni beýik hem gorkunçdyr+.

Kim çydap biler?»+

12 Ýehowa şeýle diýýär: «Heniz wagt barka,

Bütin ýüregiňiz bilen maňa dolanyň+.

Agyz bekläň+, aglaň, perýat ediň.

13 Diňe ýakaňyzy ýyrtman+, ýürekden toba ediň*+.

Ýehowa Hudaýyňyza dolanyň.

Şonda ol pikirinden dänip*,

Başyňyza betbagtçylyk indermez.

Sebäbi ol mähirli* hem rehimdar,

Giň göwünli*+ hem wepaly söýgä* baý+ Hudaýdyr.

14 Kim bilýär, belki, gahary köşeşer, pikirini üýtgeder*+,

Size bol bereketleri berer.

Şonda siz Ýehowa Hudaýyňyza galla,

Şerap sadakasyny berip bilersiňiz.

15 Sionda surnaý çalyň!

Agyz bekläň, halky uly baýramçylyga çagyryň!+

16 Halky ýygnaň, jemagaty mukaddes ediň+.

Ýaşululary, çagalary hem bäbekleri jemläň+.

Goý, ýigit öz gelni bilen otagyndan çyksyn.

17 Minara bilen gurbanlyk ojagynyň*+ arasynda

Ruhanylar bilen Ýehowanyň gullary aglap, şeýle diýsin:

„Ýehowa, halkyňa rehim et!

Halkyňy masgara etme,

Ýat halklar olaryň üstünden agalyk etmesin.

„Olaryň Hudaýy nirede?“ diýmesin“+.

18 Şonda Ýehowa ýurduny gabanjaňlyk bilen gorar.

Halkyna rehimi iner+.

19 Ýehowa halkyna şeýle diýer:

„Indi men size galla, täze şerap, ýag bererin.

Siz doýup ganarsyňyz+.

Indi siz halklaryň arasynda masgara bolmarsyňyz+.

20 Demirgazykdan gelenleri kowaryn.

Men olary takyrlyga hem çöle pytradaryn.

Goşunyň öňüni* gündogar deňzine*,

Yzyny* günbatar deňzine* kowaryn.

Jesetleri porsar.

Porsy ysy älem⁠-⁠jahany tutar+.

Sebäbi Hudaý beýik işleri eder“.

21 Eý ýurt, gorkma!

Şatlan we begen, sebäbi Ýehowa beýik işleri eder.

22 Ýabany haýwanlar, gorkmaň!

Sebäbi sähralar ýaşyl dona bürener+.

Agaçlar miwe berer+.

Injir we üzüm agaçlary bol hasyl berer+.

23 Sion ogullary, Ýehowa Hudaýyňyzyň işlerine şatlanyň+.

Sebäbi ol gadymky günlerde bolşy ýaly,

Güýzde ýagyşly⁠-⁠ýagmyrly günleri köpelder.

Siziň üçin çabga, güýz we ýaz ýagyşlaryny ýagdyrar+.

24 Harmanlar galladan dolar.

Çelekler täze şerapdan, ýagdan püre⁠-⁠pür bolar+.

25 Men siziň üstüňize uly goşunymy+:

Çekirtgeleriň sürüsini, ganatsyz çekirtgeleri,

Ýalmap⁠-⁠ýuwudýan çekirtgeleri, uly çekirtgeleri iberdim.

Olar şunça ýyllap zyýan ýetirdi, indi öwezini dolaryn.

26 Siz doýup ganarsyňyz+.

Siziň üçin ajaýyp işleri eden

Ýehowa Hudaýyňyzyň adyna alkyş aýdarsyňyz+.

Halkym indi hiç haçan utanja galmaz+.

27 Meniň ysraýylyň arasyndadygyma+,

Olaryň Hudaýy Ýehowadygyma+ şonda düşünersiňiz!

Halkym indi hiç haçan ýüzügara bolmaz.

28 Şondan soňra her biriniň üstüne ruhumy indererin+.

Ogul⁠-⁠gyzlaryňyz pygamberlik ederler.

Gojalaryňyz düýşler,

Ýigitleriňiz görnüşler* görerler+.

29 Men gullarymyň, gyrnaklarymyň üstüne

Şol günler ruhumy indererin.

30 Men asmanda we ýer ýüzünde alamatlary:

Gan, ot we gara tüsse görkezerin+.

31 Ýehowanyň beýik we gorkunç güni gelmezinden öň+,

Gün tümlüge döner, Aý gana boýalar+.

32 Ýehowanyň adyny çagyran her bir adam halas bolar+.

Ýehowanyň aýdyşy ýaly, Sion dagynda,

Iýerusalimde aman galanlar bolar+.

Ýehowanyň çagyranlarynyň başy dik bolar».

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş