Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 1/10 sah. 12—15
  • Ýowel we Amos kitabyndan peýdaly pikirler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýowel we Amos kitabyndan peýdaly pikirler
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • NÄME ÜÇIN «OL GÜNE WAÝ?»
  • (Ýowel 1:1—3:21)
  • «HUDAÝYŇYZY GARŞYLAMAGA TAÝYN BOLUŇ»
  • (Amos 1:1—9:15)
  • Biz näme etmeli?
  • Amos pygamberden görelde alyň
    Hudaýa gullugymyz — 2013
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 1/10 sah. 12—15

Ýehowanyň sözi diri

Ýowel we Amos kitabyndan peýdaly pikirler

ÝOWEL diňe bir özi barada «Petweliň ogludygyny» aýdýar (Ýowel 1:1). Ýoweliň adyny göterýän bu kitapda, esasanam, onuň beren habary hakynda aýdylýar. Onuň pygamberlik eden wagty anyk belli däl. Ol Ýehudyda Uziýa patyşa dokuz ýyl hökümdarlyk edeninden soň, takmynan b. e. öň 820-nji ýylda pygamberlik eden bolmaly. Näme üçin Ýowel özi barada hiç zat diýen ýaly aýtmady? Sebäbi ol özüne däl-de, habara üns berdirmek isledi.

Şeýle-de Uziýanyň günlerinde ýahudaly Amos pygamber edilip bellenildi. Ol «çopandy we sikomor agaçlarynyň miwesini sähelçe kesýärdi» (Amos 7:14). Ýowel Ýahuda-da pygamberlik eden bolsa, Amos demirgazyk on taýpaly Ysraýyl patyşalygyna iberilýär. Ol Ýahuda dolananyndan soňra takmynan b. e. öň 804-nji ýylda, Amos kitabyny sada, ýöne täsirli dilde ýazyp gutardy.

NÄME ÜÇIN «OL GÜNE WAÝ?»

(Ýowel 1:1—3:21)

Ýowel pygamber görnüşde kebelek gurçugynyň, çekirtgäniň we saçakçynyň çozuşyny görýär. Olar «köp sanly we güýçli halk» hem «güýçli adamlar» hökmünde suratlandyrylýar (Ýowel 1:4; 2:2—7). Ýowel tukatlanyp şeýle diýýär: «Ol güne waý! Çünki Taňrynyň güni ýakyn; ol ýykgynçylyk ýaly bolup, Gudraty güýçli tarapyndan geler» (Ýowel 1:15). Sionyň ýaşaýjylaryna Ýehowa şeýle maslahat berýär: «Bütin ýüregiňiz bilen maňa dolanyň». Eger olar dolansalar, Ýehowa «halkyna rehim eder» we mör-möjekleriň çozuşyny, ýagny «demirgazykdan gelenleri» kowar. Ýehowanyň uly güni gelmezinden öň, ol «bütin adamzat üstüne Ruhuny döker... ýokarda gökde gudratlar, aşakda ýer ýüzünde alamatlar» bolar (Ýowel 2:12, 18—20, 28—31).

Halklar: «Ýer demriňizi gylyja, bag gaýçyňyzy naýza öwrüň» diýlip, urşa çagyrylýar. Olar höküm we ýok edilmek üçin «Ýehoşafat deresine çykmalydy». «Ýöne Ýahuda ebedi ýaşalýan ýer bolar» (Ýowel 3:10, 12, 20).

Sowallaryň jogaby:

1:15; 2:1, 11, 31; 3:14 — «Ýehowanyň güni» näme? Ol gün Ýehowanyň duşmanlaryna çykaran hökümini ýerine ýetirip, gullukçylaryny halas edýän wagty aňladýar. Meselem, b. e. öň 539-njy ýylda gadymy Babyly Midiýa we Pars patyşalygy weýran edende, Ýehowanyň güni geldi (Işaýa 13:1, 6). «Uly Babyl» üçin Ýehowanyň ýene bir güni ýakynlaşýar. Şonda Ýehowa ýalan diniň dünýä imperiýasyna çykaran hökümini ýerine ýetirer (Ylham 18:1—4, 21).

2:1—10, 28 — Mör-möjekleriň çozuşy barada pygamberlik nädip ýerine ýetdi? Ýowel kitabyndaky mör-möjekleriň çozuşy Kengan ýurdunda uly möçberde berjaý bolandygy barada, Mukaddes Ýazgylarda aýdylmaýar. Ýoweliň bu pygamberligi b. e. 33-nji ýylynda Ýehowa mukaddes ruhuny Isanyň şägirtleriniň üstüne dökende berjaý boldy. Şonda olar hoş habary wagyz edip başladylar, muňa ýalan dini ýolbaşçylar has gynandylar (Resullaryň işleri 2:1, 14—21; 5:27—33). Şu günler bizde-de, şeýle işe gatnaşmaga ajaýyp mümkinçilik bar.

2:32 — «Ýehowanyň adyny çagyrmak» nämäni aňladýar? Ýehowanyň adyny çagyrmak, onuň adyny bilmegi, oňa çuňňur hormat goýmagy, ynanmagy, bil baglamagy we şol ady götermegi aňladýar (Rimliler 10:13, 14).

3:14 — «Höküm deresi» näme? Bu Hudaýyň hökümini berjaý edýän göçme manydaky ýer. Ýahudanyň patyşasy Ýehoşafatyň ady «Ýehowa meniň Kazymdyr» diýen manyny aňladýar. Ýehoşafatyň günlerinde Hudaý goňşy halkaryň harby goşunlaryny howsala salyp, ýehudylary halas edýärdi. Şol sebäpli ol ýere «Ýehoşofat deresi» diýilýär (Ýowel 3:2, 12). Üzümiň üzüm gysajynda gysylyşy ýaly, biziň günlerimizde milletler göçme manyda «Ýehoşofat deresinde» mynjyradylar (Ylham 19:15).

Biziň üçin sapak:

1:13, 14. Halas bolmak üçin hakykatdan toba etmek we Ýehowa hak Hudaý hökmünde ynanmak wajyp.

2:12, 13. Hakykatdan toba etmek, bu çyn ýürekden toba etmegi aňladýar. Şeýle-de bu göz üçin «egin-eşigiňi ýyrtmagy» däl-de, «ýüregiňi paralamagy» aňladýar.

2:28—32. «Ýehowanyň uly we aýylganç gününde», diňe «Ýehowanyň adyny çagyranlar halas bolar». Oglanlar, gyzlar, ýaşlar, garrylar, erkek adamlar we aýallar pygamberlik edilen «Hudaýyň uly işlerine» gatnaşyp biler ýaly, Ýehowanyň ruhunyň bütin adamzat üstüne dökendigine, biz minnetdar! (Resullaryň işleri 2:11). Ýehowanyň güni ýakyndygy üçin, biz «mukaddes ýaşaýyşda, takwalykda gezmeli dälmi» näme? (2 Petrus 3:10—12).

3:4—8, 19. Ýowel goňşy halklaryň ýehudylara erbetlik edendigi üçin, höküm edilmelidigi barada pygamberlik etdi. Onuň pygamberlikleri ýerine ýetdi, çünki Babyl patyşasy Nebukadnezar Tir şäheriniň materik bölegini weýran etdi. Soňra Iskender Zülkarnaýyn Tir şäheriniň adada ýerleşýän bölegini basyp aldy, müňlerçe esgeri we meşhur adamlary öldürdi, otuz müň sany ýaşaýjysyny gul edip satdy. Filistililer hem Iskender Zülkarnaý we onuň mirasçylary tarapyndan şeýle ejir çekdiler. B. e. öň IV asyrda Edom weýran edildi (Malaki 1:3). Bu pygamberlikleriň ýerine ýetişi, Ýehowanyň hemişe wadasyny ýerine ýetirýändigine imanymyz berkeýär. Şeýle-de bu häzirki Hudaýyň gullukçylaryny yzarlaýanlara Ýehowanyň näme etjekdigini görkezýär.

3:16—21. «Gök we ýer sarsar», Ýehowa milletleri jezalandyrar. «Ýöne Ýehowa öz halkyna pena» bolup, Jennetde ýaşaýyş berer. Ýehowanyň bu zalym dünýä hökümini ýerine ýetirjek gününiň ýakynlaşýandygy üçin, Onuň bilen ýakyn gatnaşykda bolmaly dälmi?

«HUDAÝYŇYZY GARŞYLAMAGA TAÝYN BOLUŇ»

(Amos 1:1—9:15)

Amosyň habary Ysraýylyň duşmany bolan goňşy halklara, ýehudylara we ysraýyllylara degişlidi. Ýehowa Siriýany, Filistiýany, Tiri, Edomy we Moaby Hudaýyň halkyna rehimsizlik edendigi sebäpli, Ýahudanyň ýaşaýjylaryny bolsa, «Ýehowanyň kanunyny ret edendigi üçin weýran edýär (Amos 2:4). Ysraýylyň on taýpaly patyşylygy barada näme diýse bolar? Ysraýyl ogullary garyplary zalymlyk bilen ezýärdi, ahlaksyzlyk edýärdi we Hudaýyň pygamberlerini sylamaýardylar. Amos Ýehowanyň «Beýteliň gurbanlyk getirýän ýerini jogapkärçilige çekjekdigi... gyş we tomus öýüni ýykjakdygy» barada duýdurdy (Amos 3:14, 15).

Ysraýyllaryň butparazlaryna dürli temmi berilse-de, ketçallygyny etdiler. Amos olara: «Hudaýyňyzy garşylamaga taýyn boluň» diýýär (Amos 4:12). Ysraýyllylar Aşura ýagny, «Şamanyň aňyrsyna sürgün edilmeli» wagty, olar üçin Ýehowanyň güni gelmelidi (Amos 5:27). Amosa Beýteliň ruhanysy garşy çyksa-da, ol ondan gorkmady. Ýehowa Amosa: «Ysraýyl halkymyň soňy geldi, indi men olary bagyşlamaryn» diýýär (Amos 8:2). Hudaýyň jezasyndan ne şeolda, ne-de beýik daglarda gizlenip bolar (Amos 9:2, 3). Emma bu ýerde dikeldiliş hakynda wada bar. Ýehowa şeýle diýýär: «Men ysraýyl halkyny sürgünlikden azat ederin, olar weýran edilen şäherleri dikeldip, onda ýaşarlar, üzüm agajyny ekip, şerap içerler, bag ekip, miwesinden iýerler» (Amos 9:14).

Sowallaryň jogaby:

4:1 — «Başan sygyrlary» nämäni aňladýar? Üsti tekiz belentli Başan, Jelile kölüniň gündogar ülkesindäki gowy tohumly mally, şol sanda sygyrly ýer hasaplanylýardy. Sebäbi ol ýerde bol otly öri meýdan bardy. Amos baýlygy gowy görýän Samariýanyň aýallaryny Başan sygyrlaryna meňzedýär. Ol aýallar ärlerini aldap, olary baýlyga kowalaşmaga höweslendirýär.

4:6 — «Arassa diş» diýen jümle nämäni aňladýar? Şol aýatdaky «çörek ýetmezçiligi» diýen jümle, açlyk döwründe iýmitiň ýetmezçiligi sebäpli dişiň arassa galýandygyny aňladýan bolmagy mümkin.

5:5 — Ysraýyllylar üçin «Beýteli gözlemäň» diýmek näme aňladýardy? Ýeroboam sežde eder ýaly Beýtelde göle ýasady. Şondan bäri şol şäher ýalan seždäniň merkezi boldy. Gilgal we Beýer-şeba şäherlerinde hem şeýle butlara sežde edilen bolmaly. Ysraýyllylar jezalanmaz ýaly, şol ýerlere zyýarata gitmän, Ýehowany gözläp başlamalydy.

7:1 — «Patyşanyň oragyndan soňky ekin» näme? Bu patyşanyň esgerlerini we haýwanlaryny saklamak üçin ýygnaýan salgydyny aňladýar. Bu salgyt «giçki ekin gögerip başlanda» tölenýärdi. Şondan soň adamlar hasyl ýygnap bilýärdi. Olar muny öň edip bilerdiler, ýöne çekirtgeleriň toplumy olaryň hasylyny we beýleki ösümlikleri iýip ýok edýärdi.

8:1, 2 — «Tomusky ir-iýmişli sebet» nämäni aňladýar? Bu Ýehowanyň gününiň ýakyndygyny aňladýar. Tomusky ir-iýmişler hasyl möwsüminiň, ýagny oba-hojalyk ýylynyň ahyrynda ýygnalýar. Ýehowanyň Amosa «tomusky ir-imişli sebede seret» diýmegi, Ysraýylyň ýok edilmeginiň golaýdygyny aňladýardy. Şonuň üçin Ýehowa Amosa: «Ysraýyl halkymyň soňy geldi, indi men olary bagyşlamaryn» diýdi.

Biziň üçin sapak:

1:3, 6, 9, 11, 13; 2:1, 4, 6. Ýehowanyň bu gazaby Ysraýyla, Ýahuda we alty sany goňşy halklara degişli. Ýehowa: «Men olary yzyna dolandyrmaryn» diýýär. Ýehowanyň hökümi ýatyrylmaýar (Amos 9:2—5).

2:12. Biz yhlasly pionerlere, aýlanýan gözegçilere, missionerlere we Beýtel maşgalasynyň agzalaryna doly wagtly gullugyny goýup, «adatça ýaşamagy» maslahat bermeli däl. Gaýta, biz olaryň edýän ýagşy işini dowam etdirmegi üçin höweslendirmeli.

3:8. Amos Ýehowanyň: «Git, meniň halkyma pygamberlik et» diýen sözüni eşidende, arslanyň arryldysyny eşiden adamyňky ýaly gorkuda bolup, wagyz edýär (Amos 7:15) . Hudaýdan gorky bizi hoş habary yhlasly wagyz etmäge höweslendirmeli.

3:13-15; 5:11. Amos kiçigöwünli çopan bolsa-da, Ýehowanyň kömegi bilen gopbamsy baý adamlara «wagyz edip» bildi. Şonuň ýaly hoş habary wagyz etmek kyn ýerlerde-de, Ýehowa bize kömek edýär.

4:6-11; 5:4, 6, 14. Ysraýyllaryň Ýehowa «dolanmandygyna» garamazdan, Hudaý olara: «Meni gözläň, şonda diri galarsyňyz» diýdi. Ýehowanyň bu zalym dünýä köp sabyr edýändigi üçin, biz adamlary Hudaýa dolanmaga çagyrmaly.

5:18, 19. «Ýehowanyň gününi isläp», ýöne oňa taýyn bolmadyk adamlar akylsyzlyk edýändir. Şeýle adamyň ýagdaýy arslandan gaçyp, aýa duş gelene, aýydan gaçyp, ýylan çakana meňzeýär. Biz ruhy taýdan «oýa bolup», Ýehowanyň gününe taýyn bolsak, paýhasly bolarys (Luka 21:36).

7:12-17. Biz gorkman mertlik bilen Hudaýyň habaryny yglan etmeli.

9:7-10. Biwepa ysraýyllar wepaly urug başylar neslinden we Müsürden azat edilen Hudaýyň saýlan halky bolsalar-da, hebeşliler ýaly Hudaýyň jezasyndan gutulyp bilmezler. Ala tutmaýan Hudaýy razy etmek üçin, biziň aslymyz wajyp däl-de, «ondan gorkmak, dogrulyk etmek» wajypdyr (Resullaryň işleri 10:34, 35).

Biz näme etmeli?

Hudaýyň bu zalym dünýäni höküm etjek güni ýakyn. Şol günüň geljekdigi barada adamlara duýdurmak üçin, Hudaý gullukçylaryna mukaddes ruhuny berýär. Biz adamlara Hudaýyň adyny bilmäge we «onuň adyny çagyrmaga» yhlasly kömek etmeli dälmi näme? (Ýowel 2:31, 32).

Amos şeýle diýdi: «Erbetligi ýigrenip, ýagşylygy söýüň, derwezäniň öňünde adalatlyga ýol beriň» (Amos 5:15). Ýehowanyň güni golaýdygy üçin Hudaýa ýakynlaşmak we bu zalym dünýäden hem-de onuň ahlaksyzlygyndan daşda durmak paýhaslylyk bolar. Bu babatda, Mukaddes Ýazgylaryň Ýowel we Amos kitaplaryndan öz wagtynda sapak edinip bileris!

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş