-
1 Patyşalar 15:18Mukaddes Kitap
-
-
18 Şonda Asa Ýehowanyň öýündäki we köşkdäki hazynalarda galan altyn-kümüşleri alyp, hyzmatkärlerine berdi-de, Damaskda ýaşaýan Siriýa patyşasyna+, Tabrymonyň ogly, Hezýonyň agtygy Benhadata iberdi. Asa Benhadata:
-
-
2 Patyşalar 24:12, 13Mukaddes Kitap
-
-
12 Şonda Ýahuda patyşasy Ýehoýakyn ejesi, hyzmatkärleri, han-begleri, köşk emeldarlary+ bilen Wawilon patyşasyna boýun egdi+. Wawilon patyşasy hökümdarlygynyň sekizinji ýylynda, Ýehoýakyny ýesir aldy+. 13 Wawilon patyşasy Ýehowanyň öýüniň we köşgüň ähli hazynalaryny talady+, Ysraýyl patyşasy Süleýmanyň Ýehowanyň ybadathanasy üçin altyndan ýasadan gap-gaçlaryny+ döwdi. Ähli zat Ýehowanyň aýdyşy ýaly boldy.
-
-
2 Patyşalar 25:13—15Mukaddes Kitap
-
-
13 Haldeýler Ýehowanyň öýündäki mis sütünleri+, Ýehowanyň öýündäki arabalary+ we mis howzy*+ çym-pytrak edip, misleri Wawilona äkitdiler+. 14 Şeýle-de olar gaplary, pilçeleri, ot söndürgiçleri, käseleri we ybadathanada ulanylýan mis gap-gaçlaryň hemmesini alyp gitdiler. 15 Garawullaryň baştutany arassa altyn-kümüşden+ ýasalan külatarlary, tabaklary-da äkitdi.
-