Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Patyşalar 18
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Patyşalar kitabynyň mazmuny

      • Ylýas Abdyýar we Ahap bilen görüşýär (1—18)

      • Karmelde Bagalyň pygamberlerine garşy çykan Ylýas (19—40)

        • «Ikigöwünli bolup, yraň atyp ýörmek» (21)

      • Üç ýarym ýyla çeken gurakçylyk (41—46)

1 Patyşalar 18:1

Parallel aýatlar

  • +Luk 4:25; Ýak 5:17
  • +Zb 65:9, 10; Ýer 14:22

1 Patyşalar 18:2

Parallel aýatlar

  • +3Ms 26:26; 5Ms 28:24

1 Patyşalar 18:3

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: köşk dolandyryjysy.

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: juda gorkýan.

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    1/10/2006, sah. 20

1 Patyşalar 18:4

Parallel aýatlar

  • +1Pa 16:31

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    1/10/2006, sah. 20

1 Patyşalar 18:7

Parallel aýatlar

  • +2Pa 1:8

1 Patyşalar 18:9

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: guluňy.

1 Patyşalar 18:10

Parallel aýatlar

  • +1Pa 17:2, 3

1 Patyşalar 18:12

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: gorkup ýaşaýaryn.

Parallel aýatlar

  • +2Pa 2:15, 16; Mat 4:1; Res 8:39

1 Patyşalar 18:13

Parallel aýatlar

  • +1Pa 18:4

1 Patyşalar 18:18

Parallel aýatlar

  • +2Ms 20:4; 1Pa 9:9; 16:30—33

1 Patyşalar 18:19

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 19:26, 31
  • +1Pa 16:33

1 Patyşalar 18:21

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: agsap.

Parallel aýatlar

  • +Ýer 2:11; Hoş 10:2; Mat 12:30; 1Kr 10:21; 2Kr 6:14, 15
  • +2Ms 20:5; Ýuş 24:15; 1Şm 7:3; Zb 100:3

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 46

    «Garawul diňi»,

    3/2017, sah. 14, 15

    «Iman», sah. 86, 87

    «Garawul diňi»,

    15/12/2005, sah. 24—29

1 Patyşalar 18:22

Parallel aýatlar

  • +1Pa 19:9, 10

1 Patyşalar 18:23

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 87

1 Patyşalar 18:24

Parallel aýatlar

  • +Ser 6:31
  • +3Ms 9:23, 24; 5Ms 4:24; Ser 6:21; 1Tr 21:26; 2Tr 7:1

1 Patyşalar 18:26

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +Işa 45:20; Ýer 10:5; Dan 5:23; Hab 2:18, 19; 1Kr 8:4

1 Patyşalar 18:27

Çykgytlar

  • *

    Başga manysy: syýahat etmäge gidendir.

Parallel aýatlar

  • +Işa 41:23

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 88

1 Patyşalar 18:29

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: pygamberler ýaly.

Parallel aýatlar

  • +Işa 44:19, 20

1 Patyşalar 18:30

Parallel aýatlar

  • +1Pa 19:14

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 88—90

    «Garawul diňi»,

    15/12/2005, sah. 26

1 Patyşalar 18:31

Parallel aýatlar

  • +1Ms 32:28, 30; 35:10; Işa 48:1

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 88—90

1 Patyşalar 18:32

Çykgytlar

  • *

    Bir kersen 7,33 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 20:25; 5Ms 27:6

1 Patyşalar 18:33

Parallel aýatlar

  • +1Ms 22:9; 3Ms 1:7, 8

1 Patyşalar 18:36

Parallel aýatlar

  • +2Ms 29:41
  • +1Ms 26:24
  • +1Ms 28:13
  • +4Ms 16:28; Ýah 11:42

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 90

1 Patyşalar 18:37

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: olaryň ýüregini özüňe öwürýändigiňi bilsin.

Parallel aýatlar

  • +Ýer 31:18; Hyz 33:11

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 90

1 Patyşalar 18:38

Parallel aýatlar

  • +3Ms 9:23, 24; Ser 6:21; 2Tr 7:1
  • +1Pa 18:23, 24

1 Patyşalar 18:40

Parallel aýatlar

  • +Ser 5:20, 21; Zb 83:9
  • +5Ms 13:1—5; 18:20

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 90, 91

1 Patyşalar 18:41

Parallel aýatlar

  • +1Pa 17:1

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 93, 95

1 Patyşalar 18:42

Parallel aýatlar

  • +Ýak 5:17, 18

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 93, 94

1 Patyşalar 18:43

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 94, 95

1 Patyşalar 18:44

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 95—97

1 Patyşalar 18:45

Parallel aýatlar

  • +1Şm 12:18; Eýp 38:37
  • +Ýuş 19:17, 18; 1Pa 21:1

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 97

1 Patyşalar 18:46

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: donunyň etegini biline daňdy⁠-⁠da.

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: Ýehowanyň eli onuň üstündedi.

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Iman», sah. 98, 99

Umumy salgylar

1 Pat. 18:1Luk 4:25; Ýak 5:17
1 Pat. 18:1Zb 65:9, 10; Ýer 14:22
1 Pat. 18:23Ms 26:26; 5Ms 28:24
1 Pat. 18:41Pa 16:31
1 Pat. 18:72Pa 1:8
1 Pat. 18:101Pa 17:2, 3
1 Pat. 18:122Pa 2:15, 16; Mat 4:1; Res 8:39
1 Pat. 18:131Pa 18:4
1 Pat. 18:182Ms 20:4; 1Pa 9:9; 16:30—33
1 Pat. 18:19Ýuş 19:26, 31
1 Pat. 18:191Pa 16:33
1 Pat. 18:21Ýer 2:11; Hoş 10:2; Mat 12:30; 1Kr 10:21; 2Kr 6:14, 15
1 Pat. 18:212Ms 20:5; Ýuş 24:15; 1Şm 7:3; Zb 100:3
1 Pat. 18:221Pa 19:9, 10
1 Pat. 18:24Ser 6:31
1 Pat. 18:243Ms 9:23, 24; 5Ms 4:24; Ser 6:21; 1Tr 21:26; 2Tr 7:1
1 Pat. 18:26Işa 45:20; Ýer 10:5; Dan 5:23; Hab 2:18, 19; 1Kr 8:4
1 Pat. 18:27Işa 41:23
1 Pat. 18:29Işa 44:19, 20
1 Pat. 18:301Pa 19:14
1 Pat. 18:311Ms 32:28, 30; 35:10; Işa 48:1
1 Pat. 18:322Ms 20:25; 5Ms 27:6
1 Pat. 18:331Ms 22:9; 3Ms 1:7, 8
1 Pat. 18:362Ms 29:41
1 Pat. 18:361Ms 26:24
1 Pat. 18:361Ms 28:13
1 Pat. 18:364Ms 16:28; Ýah 11:42
1 Pat. 18:37Ýer 31:18; Hyz 33:11
1 Pat. 18:383Ms 9:23, 24; Ser 6:21; 2Tr 7:1
1 Pat. 18:381Pa 18:23, 24
1 Pat. 18:40Ser 5:20, 21; Zb 83:9
1 Pat. 18:405Ms 13:1—5; 18:20
1 Pat. 18:411Pa 17:1
1 Pat. 18:42Ýak 5:17, 18
1 Pat. 18:451Şm 12:18; Eýp 38:37
1 Pat. 18:45Ýuş 19:17, 18; 1Pa 21:1
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
  • 36
  • 37
  • 38
  • 39
  • 40
  • 41
  • 42
  • 43
  • 44
  • 45
  • 46
Mukaddes Kitap
1 Patyşalar 18:1—46

1 Patyşalar

18 Aradan birnäçe wagt geçdi. Üçünji ýyl+ diýlende, Ýehowa Ylýasa: «Ahabyň ýanyna git. Men ýurda ýagyş ýagdyrjak»+ diýdi. 2 Ylýas Ahabyň ýanyna gitdi. Şol wagt Samariýada açlyk güýjäpdi+.

3 Ahap baş weziri* Abdyýary ýanyna çagyrdy. Abdyýar Ýehowadan gorkýan* adamdy. 4 Izabel+ Ýehowanyň pygamberlerini gyryp ýörkä, Abdyýar 100 pygamberi elli⁠-⁠elliden gowakda gizläp, iýjek çöregini, içjek suwuny ýetirip durupdy. 5 Ahap Abdyýara: «Ýurduň ähli çeşmelerine, jülgelerine aýlanyp çyk. Belki, atlary we gatyrlary açlykdan halas eder ýaly ot tapylar. Malymyz gyrlyp gutarmasyn» diýdi. 6 Olar kimiň haýsy tarapa gitjegini maslahatlaşdylar. Şeýlelikde, Ahap bir tarapa, Abdyýar başga tarapa gitdi.

7 Abdyýar ýolda barýarka, öňünden Ylýas çykdy. Abdyýar ony gören badyna tanap, dyza çökdi⁠-⁠de: «Ylýas, agam, senmi?»+ diýdi. 8 Ylýas: «Hawa, men. Bar, hojaýynyňa: „Ylýas gelipdir“ diýip aýt» diýdi. 9 Abdyýar: «Näme, meni* Ahabyň eline berip, öldürtjek bolýaňmy? Men näme günä etdim? 10 Ýehowa Hudaýyň diri şaýatdyr, patyşanyň seni gözläp, adam ibermedik halky ýa patyşalygy galmady. „Ylýas bärde ýok“ diýseler, Ahap şol halka we patyşalyga ant içirdi+. 11 Sen bolsa: „Bar, hojaýynyňa: „Ylýas gelipdir“ diýip aýt“ diýýäň. 12 Men ýanyňdan giden badyma, Ýehowanyň ruhy seni bir ýerlere äkider+. Men⁠-⁠ä baryp, Ahaba seniň gelendigiňi aýtsam, ol hem seni tapmasa, meni öldürer ahyryn. Men ýaşlygymdan bäri Ýehowa ýürekden gulluk edýärin*. 13 Agam, Izabel Ýehowanyň pygamberlerini öldürende, Ýehowanyň 100 pygamberini elli⁠-⁠elliden gowakda gizläp, çöregini, suwuny ýetirip duranymy+ saňa aýtmadylarmy? 14 Indi gidip, hojaýynyma: „Ylýas gelipdir“ diýsem, ol meni öldürer» diýdi. 15 Şonda Ylýas: «Gulluk edýän Serkerdebaşy Hudaýym Ýehowa diri şaýatdyr, şu gün Ahabyň ýanyna hökman bararyn» diýdi.

16 Abdyýar gidip, muny Ahaba habar berdi. Ahap Ylýasy garşy almaga çykdy.

17 Ahap Ylýasy gören badyna: «Ahyry geldiňmi, Ysraýylyň başyna betbagtçylyk getiren adam?!» diýdi.

18 Emma Ylýas: «Ysraýylyň başyna betbagtçylygy men däl⁠-⁠de, seniň bilen ataň öýi getirdi. Siz Ýehowanyň tabşyryklaryny bozup, Bagal butlaryna sežde etdiňiz+. 19 Tutuş ysraýyl halkyny Karmel dagyna+ ýygna. Izabeliň saçagyndan çörek iýýän Bagalyň 450 pygamberini we keramatly pürse*+ sežde edýän 400 pygamberi⁠-⁠de çagyr» diýdi. 20 Ahap tutuş Ysraýyl halkyna habar ýollap, pygamberleri Karmel dagyna ýygnady.

21 Ylýas halkyň öňüne çykyp: «Siz haçana çenli ikigöwünli bolup+, yraň atyp* ýörjek? Eger Ýehowa hak Hudaý bolsa, oňa sežde ediň+, Bagal Hudaý bolýan bolsa, onda oňa sežde ediň!» diýdi. Emma halk hiç zat jogap bermedi. 22 Soňra Ylýas adamlara: «Ýehowanyň pygamberlerinden diňe men galdym+, Bagalyň welin 450 pygamberi bar. 23 Bize iki öküzçe bersinler. Bagalyň pygamberleri öküzçeleriň birini saýlap böleklesin⁠-⁠de, odunlaryň üstünde goýsun, ýöne ot ýakmasyn. Menem beýleki öküzçäni bölekläp, odunlaryň üstünde goýaryn, ýöne ot ýakmaryn. 24 Soňra siz öz taňryňyzy çagyryň+, men bolsa Ýehowany çagyraýyn. Haýsy Hudaý gökden ot iberip jogap berse, şol hem hak Hudaýdyr»+ diýdi. Şonda tutuş halk muny makullady.

25 Ylýas Bagalyň pygamberlerine: «Siz köpçülik, şonuň üçin bir öküzçäni saýlaň⁠-⁠da, gurbanlygy ilki siz taýynlaň. Soňam öz taňryňyzy çagyryň, ýöne ot ýakmaň» diýdi. 26 Olar bir öküzçäni saýlap böleklediler⁠-⁠de, irdenden günortana çenli Bagaly çagyryp: «Eý Bagal, jogap ber!» diýip gygyryşdylar. Emma ne jogap boldy, ne⁠-⁠de bir ses çykdy+. Olar guran gurbanlyk ojagynyň* daşyndan yraň atyşyp aýlanýardylar. 27 Günortana golaý Ylýas olaryň üstünden gülüp: «Gatyrak gygyryň! Ol hudaý ahyryn!+ Belki, ol pikirlenip oturandyr ýa⁠-⁠da aýakýoluna çykandyr*, ýa uklap ýatandyr, biri baryp turuzmalydyr» diýdi. 28 Olar sesiniň ýetdiginden gygyryşyp, öz adatyna görä, pyçak we naýza bilen endam⁠-⁠janlaryny ýaralap, gara gan etdiler. 29 Günortandan soňam, agşamky galla sadakasynyň berilýän wagtyna çenli akylyndan azaşan adamlar ýaly, geň⁠-⁠taň* hereketleri etdiler. Emma hiç kim jogap bermedi, hiç hili ses çykmady, hiç zat üýtgemedi+.

30 Ahyry Ylýas bütin halka: «Ýanyma geliň» diýdi. Halk gelende, Ylýas Ýehowanyň ýumrulyp ýatan gurbanlyk ojagyny+ täzeden gurdy. 31 Ol Ýakubyň ogullaryndan dörän taýpalaryň sanyna görä 12 daş aldy. Ýehowa Ýakuba: «Seniň adyň Ysraýyl bolar»+ diýipdi. 32 Ylýas şol daşlardan Ýehowanyň adyna gurbanlyk ojagyny gurup+, daş⁠-⁠töweregini gazdy. Çukuryň giňligi şeýle uludy welin, oňa iki kersen* tohum ekip bolýardy. 33 Ylýas odunlary tertipleşdirip goýdy⁠-⁠da, öküzçäni bölekläp, odunlaryň üstünde goýdy+. Soňra ol: «Dört sany uly küýzäni suwdan dolduryp, ýakma gurbanlygyň hem⁠-⁠de odunlaryň üstüne guýuň» diýdi. 34 Ylýas ýene dört küýze suw getirip guýmagy tabşyrdy, olar ýene suw getirip guýdular. Ylýas üçünji gezek: «Hany, ýene bir guýuň» diýdi. Olar üçünji gezegem suw guýdular. 35 Suw gurbanlyk ojagynyň daş⁠-⁠töweregine akyp başlady. Ylýas çukuryň içini hem suwdan doldurdy.

36 Agşamky galla sadakasynyň berilýän wagty+ Ylýas pygamber gurbanlyk ojagynyň ýanyna baryp: «Ybraýymyň+, Yshagyň+, Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa! Goý, şu gün hemmeler seniň Ysraýylda Hudaýdygyňy, meniň saňa gulluk edýändigimi, ähli zady seniň buýrugyň bilen edýändigimi bilsin+. 37 Eý Ýehowa, dilegimi eşidip jogap ber! Ýehowa, goý, halk seniň hak Hudaýdygyňa düşünip, saňa dolansyn*»+ diýdi.

38 Şonda Ýehowa gökden ot inderip, ýakma gurbanlygyny+, odunlary, daşlary we topragy ýakyp kül etdi, hatda çukuryň içindäki suw hem gurady+. 39 Muny gören halk ýüzüni ýere berip: «Ýehowa hak Hudaýdyr, Ýehowa hak Hudaýdyr!» diýdi. 40 Ylýas: «Bagalyň pygamberlerini tutuň! Birini⁠-⁠de sypdyrmaň!» diýdi. Adamlar pygamberleri dessine tutdular. Ylýas bolsa olary Kişon çeşmesiniň+ boýuna eltip öldürdi+.

41 Soňra Ylýas Ahaba: «Git⁠-⁠de, iýip iç, güýçli ýagşyň sesi gelýär»+ diýdi. 42 Ahap iýip⁠-⁠içmäge gitdi. Ylýas bolsa Karmel dagynyň depesine çykyp, dyza çökdi⁠-⁠de, eglip, ýüzüni ýere berdi+. 43 Soňra ol hyzmatkärine: «Ýokarrak çykyp, deňze tarap seredip gör» diýdi. Hyzmatkär gidip seretdi⁠-⁠de: «Görünýän zad⁠-⁠a ýok» diýdi. Ylýas: «Bar, ýene görüp gaýt» diýdi. Şeýdip, ol hyzmatkärini ýedi gezek iberdi. 44 Hyzmatkär ýedinji gezek gidip seredende: «Hanha, deňizden eliň aýasy ýaly bir bölek bulut ýokaryk göterilip barýar» diýdi. Ylýas: «Bar, Ahaba: „Arabaňa mün⁠-⁠de, ýagyşda galmaz ýaly, basymrak ýola düş!“ diý» diýip tabşyrdy. 45 Şonda asmanyň ýüzüni gara bulut büredi, ýel turup, güýçli ýagyş ýagyp başlady+. Ahap arabasyna münüp, Ýizregele+ barýardy. 46 Ylýas bolsa bilini berk guşady⁠-⁠da*, tä Ýizregele çenli Ahabyň öňünden ylgap gitdi, sebäbi Ýehowa Ylýasa täsin güýç beripdi*.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş