Bäşinji Musa
18 Lewi ruhanylara, tutuş lewi taýpasyna ysraýyllaryň arasyndan paý-da, miras-da berilmez. Olar Ýehowanyň paýy hökmünde ýakylyp berilýän gurbanlardan iýip biler+. 2 Lewilere doganlarynyň arasyndan miras berilmesin. Hudaýyň aýdyşy ýaly, olaryň mirasy Ýehowadyr.
3 Ine şu zatlar ruhanylara berilsin: halkyň arasyndan biri öküz ýa goýun gurbanlyk berse, malyň goluny*, äňini we garnyny ruhana bersin. 4 Gallanyň ilkinji hasylyny, täze şeraby we ýagy, goýunlaryň ilkinji ýüňüni ruhana beriň+. 5 Sebäbi Ýehowa Hudaýyňyz lewileri ähli taýpalaryň arasyndan saýlap, hemişe Ýehowanyň adyndan hyzmat etmäge belledi+.
6 Eger lewilerden biri ýaşaýan şäherini+ goýup, Ýehowanyň saýlan ýerine*+ gitjek bolsa, 7 onda ol hem Ýehowanyň huzurynda hyzmat edýän beýleki lewiler ýaly, şol ýerde Ýehowa Hudaýynyň adyndan hyzmat edip biler+. 8 Ol ata-babalaryndan galan mülküni satyp, girdeji alsa-da, oňa doganlary bilen deň paý* berilsin+.
9 Ýehowa Hudaýyňyzyň berjek ýurduna baranyňyzda, şol ýerdäki halklaryň nejis işlerini gaýtalajak bolmaň+. 10 Hiç kim ogul-gyzyny otda ýakyp gurban bermesin+ ýa-da palçylyk+, jadygöýlik+, täleýe garamak+, porhançylyk*+ bilen meşgullanmasyn. 11 Araňyzda adamlary dogalaýan, jadygöýe*+ ýa bilgije* ýüz tutýan+, ölüleri çagyrýan adam+ hem bolmasyn. 12 Ýehowa şeýle işleri edýän adamy ýigrenýändir. Ýehowa Hudaýyňyz beýleki halklary şeýle nejis işleri edýändigi üçin ýurtdan kowup çykarýar. 13 Siz Ýehowa Hudaýyňyzyň öňünde päk* bolmalysyňyz+.
14 Ýurtdan kowup çykarjak halklaryňyz jadygöýlere+ we palçylara+ ýüz tutýar. Emma Ýehowa Hudaýyňyz beýle işleri gadagan edýär. 15 Ýehowa Hudaýyňyz halkyň arasyndan meniň ýaly pygamber çykarar, oňa hökman gulak asyň+. 16 Horepde ýygnanan günüňiz+: „Ýehowa Hudaýymyzyň sesini indi bir eşitmäli, oduň ýalnyny görmäli, ýogsam öleris“ diýip, Ýehowa Hudaýyňyza ýalbarypdyňyz+. 17 Şonda Ýehowa maňa şeýle diýipdi: „Olar dogry aýdýar. 18 Men halkyň arasyndan seniň ýaly pygamber çykararyn+. Oňa aýtmaly zatlaryny öwrederin+, ol tabşyryklarymy halka ýetirer+. 19 Meniň adymdan gepleýän şol pygambere gulak asmadyk adamdan hasap soraryn+.
20 Ýöne bir pygamber özbaşyna meniň adymdan gepläp, tabşyrmadyk zatlarymy aýtsa ýa-da başga taňrylaryň adyndan geplese, ony hökman öldüriň+. 21 Belki, siz: „Şol zatlary Ýehowanyň aýtmandygyny nädip bileli?“ diýýänsiňiz. 22 Eger Ýehowanyň adyndan geplän pygamberiň aýdany ýalan bolup çyksa ýa-da ýerine ýetmese, diýmek, şol sözleri Ýehowa aýtmandyr. Pygamber öz-özünden toslapdyr. Şol pygamberden gorkmaň“.