Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 11/07 sah. 4
  • «Ýagşylyk etmegi... gaýgyrma»!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Ýagşylyk etmegi... gaýgyrma»!
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Meňzeş maglumat
  • Amos pygamberden görelde alyň
    Hudaýa gullugymyz — 2013
  • Ýowel we Amos kitabyndan peýdaly pikirler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmäge wagt tapyň
    Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Şägirtlere ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris. 1-nji bölüm
    Hudaýa gullugymyz — 2005
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 11/07 sah. 4

«Ýagşylyk etmegi... gaýgyrma»!

1. Biz nädip «ýagşylyk etmegi gaýgyrmaýarys»?

1 Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary yhlasly wagyz edip, meýdançamyzdaky adamlara «ýagşylyk etmegi... gaýgyrmaýarys» (Sül. tym. 3:27). Hudaýyň hökümdarlygy astynda ajaýyp durmuşyň boljakdygy barada wagyz etmekden gowy habar ýok bolsa gerek. Sen Patyşalygyň berýän umydy barada resmi däl ýagdaýda ýa-da edebiýat berip ak ýürekden wagyz edýänsiň. Eger sen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmeýän bolsaň, onda şeýle maksady öňüňde goýup bilersiňmi?

2. Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamaga näme päsgel berip biler?

2 Käte biz öz-özümize Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamaga päsgel berýäris. Käbir wagyzçylar özüne ynamsyzlygy ýa-da köp işlidigi sebäpli, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmeýärler. Aşakda berlen maslahatlar Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmäge kömek eder (Mat. 28:19; Res. iş. 20:20, 21).

3. Biz näme üçin Mukaddes Ýazgylar okuwyny ynamly geçirip bileris?

3 Özüňe ynamyň bolmasa. Mümkin, seniň bilimiň ýeterliksiz bolup ýa-da başga bir sebäbe görä özüňe ynamyň bolman, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmeýänsiň. Birinji asyrda ýaşan ökde wagyzçylar «okuwsyz, garamaýak adamlardy». Hakykaty öwretmäge olara näme kömek etdi? «Olar Isa bilen bilediler» (Res. iş. 4:13). Olar Beýik Mugallym Isadan öwrendiler. Onuň taglymatlaryny we tärlerini Ýazgylardan okap bileris. Bilimiň ýeterliksiz bolsa-da, sen hiç bir bilim bilen deňeşdirip bolmaýan ruhy bilim alýarsyň (Iş. 50:4; 2 Kor. 3:5).

4. Biz Amosyň mysalyndan näme öwrenýäris?

4 Ýehowa käte pygamberler arkaly, Oňa garşy günä eden patyşalary we ýolbaşçylary ýazgarýardy. Pygamberleriň käbiri Amos ýaly ýönekeý maşgaladandy. Ol: «Men pygamber däl, pygamberiň ogly-da däl; men çopandym we injir ýygymçysydym» diýip boýun aldy (Amos 7:14). Muňa garamazdan, Amos gölä sežde edýän Amasiýa ruhana Ýehowanyň hökümini yglan etmekden gorkmady (Amos 7:16, 17). Biz Hudaýyň işini amala aşyrýarys, şol sebäpli-de, bu ýumşy ýerine ýetirmäge Ýehowanyň kömek etjekdigini hiç haçan unutmaly däl (2 Tim. 3:16, 17).

5. Näme üçin işimiz kän bolsa-da, Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamaga jan etmeli?

5 Işli bolsaň. Seniň işiň kän bolsa-da, yzygiderli wagyz etmek üçin wagt tapýansyň. Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek, gullugyň iň bir şatlyk berýän görnüşleriniň biridir. Bu bize Ýehowanyň Sözüniň adamyň durmuşyna gowy täsir edýändigini görmäge ajaýyp mümkinçilik berýär (Ýew. 4:12). Ýehowa biziň adamlara «hakykat bilimine ýetmäge» kömek etmek üçin janymyzy aýamaýandygymyzy görüp, ýürekden begenýär (1 Tim. 2:4). Adam durmuşyny özgerdip, toba etse we ruhy taýdan össe, hatda perişdeler hem begenýär (Luka 15:10).

6. Hudaý bize nähili hormatly ýumuş tabşyrdy?

6 Hudaý «bütin adamlaryň gutulmagyny, hakykat bilimine ýetmegini isleýär» (1 Tim. 2:4). Geliň, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmäge ýaýdanmalyň, çünki bu Hudaýyň tabşyran hormatly ýumşudyr!

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş