Sowally bukja
◼ Gyzyklanýan adam bilen haýsy iki edebiýaty geçmeli?
Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak we ony geçirmek üçin, esasanam biz «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitaby ulanýarys. Mukaddes Ýazgylar okuwyny başga edebiýat, meselem ýerlikli kitapça arkaly başlasa bolýar. Bu kitap arkaly Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak, gowy bolýar.
«Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitaby geçip gutarandan soň, gyzyklanýan adam ruhy taýdan ösýän bolsa, «Hudaýa sežde ediň» diýen kitaby geçmeli (Kol. 2:7). Bu kitabyň maksady onuň ikinji sahypasynda şeýle düşündirilýär: Mukaddes Ýazgylar Hudaýy söýýän adamlara hakykatyň «belent we çuňňurdygyna düşünmegi» ündeýär (Efesliler 3:18). Şu kitap hem şeýle maksat bilen taýýarlandy. Ol saňa ruhy taýdan ösmäge we Hudaýyň adalatly täze dünýäsine eltýän dar ýoldan ýöremäge kömek eder diýip, tama edýäris».
Eger Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam iki kitaby geçip gutarmazyndan öň, suwda çokundyrmak üçin talaba laýyk gelse-de, ikinji kitaby gutarmak üçin okuwyny dowam etmeli. Eger ol suwda çokundyrylan bolsa-da, onuň bilen okuw geçýän dogan ýa-da uýa wagyz hasabatynda okuw geçýän sagadyny, ikilenç idegini we Mukaddes Ýazgylar okuwyny görkezip biler. Okuw geçýän dogana kömek edýän wagyzçy hem, hasabatynda okuw geçen sagadyny görkezip biler.