«Sözüňiz duz bilen tagamly... bolsun»
1. Sözümizi duz bilen tagamlamak diýmek näme?
1 «Her kime nähili jogap bermelidigini biler ýaly, sözüňiz duz bilen tagamly edilip, ýakymly bolsun» (Kol. 4:6). Dogry sözleri tapyp, jogaplarymyzy diňleýjilere ýakymly etmeklik bu sözümizi duz bilen tagamlamakdyr. Bu wagyzda örän wajyp.
2. Isa samariýaly aýala nädip wagyz etdi?
2 Isanyň göreldesi. Isa guýynyň başynda dynç alyp otyrka, suw çekmäge gelen samariýaly aýal bilen gürrüňe başlady. Gürrüňiň dowamynda samariýaly aýal ýehudylar bilen olaryň arasynda köp ýyldan bäri bolýan duşmançylyk hakynda birnäçe sorag berdi. Şeýle-de ol samariýalylaryň atasynyň Ýakupdygyny aýdýar. Emma ýehudylar muny inkär edýärdiler. Isa onuň nädogry pikiri hakynda däl-de, aýalyň ylalaşýan pikiri barada gürrüň etdi. Netijede, Isa oňa wagyz etdi. Ol aýal we samariýalylaryň köpüsi oňa iman etdiler (Ýahýa 4:7—15, 39).
3. Biz wagyzda Isanyň göreldesine nädip eýerip bileris?
3 Biz wagyz edenimizde maksadymyzy — «ýagşy zatlaryň hoş habaryny wagyz edýändigimizi» unutmaly däl (Rim. 10:15). Biz adamyň göwnüne degmän ynanýan zadyna hormat goýup, Mukaddes Ýazgylardan ýakymly we ruhlandyryjy pikirleri aýtmaly. Adam nädogry pikirini aýdanda, biz derrew we göni onuň ýalňyşyny düzetmeli däl. Eger-de biz onuň käbir aýdýan zatlary bilen ylalaşsak, ony ýürekden öwýärismi? Mukaddes Ýazgylardan bir aýady okap bermezden öň, şeýle sorag berip bileris: «Şeýle mümkinçilikler barada haçanam bolsa oýlanypdyňyzmy?»
4. Adam gödek geplese, biz näme etmeli?
4 Eger adam gödek gepleşse ýa-da diňe jedelleşmek isleýän bolsa, näme etmeli? Biz sözde we iş ýüzünde mylakatly hem ýumşak bolmaly (2 Tim. 2:24, 25). Eger ol Hudaýyň Patyşalygy baradaky habar bilen gyzyklanmasa, onda sypaýyçylyk bilen gürrüňi tamamlamaly (Mat. 7:6; 10:11—14).
5. Bir uýanyň ýumşaklyk bilen jogap bermegi nädip gowy netije berdi?
5 Gowy netijeler. Uýamyz goňşusyna wagyz edende, ol aýal gygyryp, sögüp başlady. Uýa mähirlik bilen: «Siziň şeýle pikir edýändigiňize men gynanýaryn, hoş sag boluň» diýdi. Iki hepdeden soň, şol aýal uýanyň gapysyny kakyp, özüniň alyp barşy üçin ötünç sorady we uýanyň näme aýtjak bolandygyny diňlemek isledi. Ýumşak jogap köplenç gowy netije berýär! (Sül. tym. 15:1; 25:15).
6. Wagyzda sözümizi «duz bilen tagamlamak» näme üçin wajyp?
6 Hoş habary wagyz edeniňizde, goý, sözüňiz duz bilen tagamlansyn. Eger adam diňlemek islemese, belki, ol Ýehowanyň Güwäçileri indiki sapar gelende diňlär.