Hödürleriň nusgasy
Oktýabr aýynyň ilkinji şenbe güni Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak
«Şu soňky günlerde biziň ählimiz kynçylyklara duçar bolýarys. Siziň pikiriňizçe, maşgalamyzy bagtly etmek üçin ygtybarly maslahatlary nirden tapyp bileris? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazglyrda biziň Ýaradyjymyz bagtly Hudaý diýilýär. Şeýle-de Ol biziň bagtly bolmagymyz üçin maşgala ojagyny gurdy. Hudaý är-aýala nähili tabşyryk berýär? (Ýewreýler 13:4-di oka). Hawa, Hudaý är-aýaldan birek-birege wepaly bolmagy talap edýär. Diňe zyna edilen ýagdaýynda, Hudaý olara aýrylyşmaga rugsat berýär» (Matta 19:3—6, 9). Ikilenç ideg etmek üçin «Är-aýal biri-biri bilen özüni nähili alyp barmaly?» diýen soragy ara alyp maslahatlaşmagy teklip et.
Ýazgylara esaslanan gürrüňdeşlik
Käbir adamlar günä etsek-de, biz Hudaýdan gorkmaly däl diýýärler. Bu babatda siz nähili pikir edýärsiňiz?
• 2 Petrus 3:9 — Hudaý biziň ýalňyşlyklarymyza däl-de, gowy taraplarymyza seredýär
• Matta 22:36—38 — Hudaý biziň gorky bilen däl-de, söýgi bilen sejde etmegimizi isleýär
Ata-eneler çagalaryny terbiýelemekde nähili kynçylyklara duçar bolýarlar?
• Galatýalylar 6:7 — Çagalar edýän işleriniň nämä eltjekdigine düşünmeli
• Efesliler 4:31 — Temmi gahar-gazap bilen berilmese, peýdaly bolar