Welaýat kongreslerimiz hakykat barada güýçli güwä geçýär
1. Ysraýyllylar yzygider geçirilýän baýramçylyklarda nähili wajyp hakykat barada oýlanýardy we pikir alyşýardy?
1 Gadym döwürde ysraýyllylar ýylda üç gezek yzygiderli baýramçylyklara ýygnanyşýardy. Baýramçylyga diňe erkek adamlar gatnaşmaly bolsa-da, olar köplenç bütin maşgalasy bilen Iýerusalime gidip şatlanýardylar (Kan. tag. 16:15, 16). Olar şeýle baýramçylyklarda wajyp hakykat barada oýlanýardy we pikir alyşýardy. Bu nähili hakykatdy? Birinjiden, jomart we söýgüden doly Ýehowa Hudaýymyz aladamyzy edýär (Kan. tag. 15:4, 5). Ikinjiden, görkezme berip, goraýandygy üçin, oňa bil baglap bolýar (Kan. tag. 32:9, 10). Ysraýyllylar Ýehowanyň adyny göterýändigi sebäpli, onuň tabşyryklaryny we parzlaryny berjaý etmelidiler (Kan. tag. 7:6, 11). Şu günler hem her ýyl geçirilýän welaýat kongresleri bize-de peýdaly.
2. Welaýat kongresinde hakykat yşygy nädip ýalpyldar?
2 Programmada hakykat yşygy ýalpyldar. Welaýat kongresimizde Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty düşünmäge we durmuşymyzda ulanmaga ýardam edýän dokladlar, dramalar, sahnalar, interwýular bolýar (Ýahýa 17:17). Öňümizdäki boljak kongres üçin häzirden köp işler edilýär. Ýehowanyň guramasy bütin dünýädäki zerurlyklary göz öňünde tutup, programma taýýarlaýar (Mat. 24:45—47). Sen kongresi görmäge we eşitmäge taýýarlanýarsyňmy?
3. Programma peýdaly bolar ýaly, näme etmeli?
3 Elbetde, biz kongresiň üç gününe hem gatnaşsak we ünsli diňlesek, peýdaly bolar. Sen heniz hem işiňde başlygyňdan rugsat almadyk bolsaň, bu barada gürleş. Kongres günleri gijesine gowy ukyňy alsaň, programmany ünsli diňlemäge kömek eder. Köp dogan-uýalara dokladçy dogana seredip, gysgaça bellikler etmek ünsli bolmaga ýardam edýär. El telefonyň bilen özüňi we başga adamlary biynjalyk etme. Kongres wagty telefonda gürleşme we hat alyşma ýa-da iýip-içme.
4. Kongres peýdaly bolar ýaly, ata-eneler çagalaryna nädip kömek edip biler?
4 Sabat ýyllary ysraýyllylar maşgalasy bilen Çatma baýram günleri kanuny diňlemäge üýşenlerinde, olar eşider we öwrener ýaly, çagalaryny hem ýanyna alýardylar (Kan. tag. 31:12). Kongresde maşgalalaryň bile oturşyny hem-de ýaşlaryň oýa bolup, ünsli diňleýşini görmek nähili ýakymly! Her agşam kongresde göwnüňe ýaran zatlar barada pikir alyşsaň, gowy bolardy. «Akylsyzlyk çaganyň ýüreginde kök urandyr», şonuň üçin günortanlyk nahary wagty we myhmanhanada ata-eneler çagalaryny, hatda ýetginjekleri-de «başyna goýbermän», gözegçilik etmeli (Sül. tym. 22:15; 29:15).
5. Myhmanhanada gowy göräldimiz bilen nädip hakykaty bezäp bileris?
5 Gowy göreldämiz hakykaty bezeýär. Gowy göräldimiz bilen kongres geçirilýän şäherde hakykaty bezeýäris (Titus 2:10). Dogan-uýalar myhmanhananyň düzgünine eýerip, onuň işgärleri bilen özüni sabyrly we mähirli alyp barsa, bu olara gowy täsir eder (Kol. 4:6). Geçen ýyl filialdan doganlar myhmanhanada bolmak üçin gürleşende, direktory şeýle diýdi: «Biz myhmanhanamyza gelýän siziň adamlaryňyzy söýýäris, sebäbi olar gowy adamlar. Şeýle-de olar özlerini edepli, mähirli alyp barýarlar we hemişe işgärlerimize hormat goýýarlar».
6. Kongres geçirilýän şäherde geýnişimiz bilen nädip hakykaty bezäp bileris?
6 Kongreslerimizde plaketka dakynsak, başgalary kongrese gatnaşmaga höweslendirer we dogan-uýalar bilen tanyşmaga ýardam eder, şeýle hem syn edýän adamlara güwälik bolar. Kongres geçirilýän şäheriň ýaşaýjylary plaketkaly adamlaryň, başga adamlar ýaly, sölpi we jynsy höwes oýarýan eşik geýmän, arassa we salykatly geýnendigini görerler (1 Tim. 2:9, 10). Şol sebäpli biz kongres geçirilýän şäherde we myhmanhana baranymyzda, geýnişimize, daş-keşbimize ünsli bolmaly. Gysga balakly we futbolkaly barsak, gelşiksiz bolar. Kongres hatda açyk stadionda geçirilse-de, eşigimiz salykatly bolmaly. Eger biz kongres gutarandan soň restorana gitmek üçin eşigimizi çalyşmakçy bolsak, mesihçidigimizi unutman, çem gelen zady geýmeli däl.
7. Kongresde dogan-uýalar bilen agzybirdigimizi nädip görkezip bileris?
7 Ysraýyllylar her ýyl geçirilýän baýramçylyklarda ýeriň ähli künjeginden gelýän halklardan bolan imandaşlary bilen ruhlandyryjy gürrüňler edip, agzybirligini berkidýärdiler (Res. iş. 2:1, 5). Biziň hem welaýat kongreslerimizden dogan-uýalaryň agzybirligi has-da aýdyň görünýär. Köplenç ruhy jennetimiz başga adamlara örän täsir edýär (Zeb. 133:1). Günortan naharlanmak üçin zat satyn almaga gitmän, ýanyňyz bilen getirseňiz, dogan-uýalar bilen bile oturup tanyşmagy we gürleşmegi elden bermersiňiz!
8. Mümkinçiligimiz bolsa, näme üçin kongresde kömekleşmeli?
8 Adamlar köplenç biziň gowy gurnalan we tertipli kongresimi görüp, aýratynam, ähli işiň meýletinçileriň kömegi bilen edilendigini bilende, haýran galýarlar. Sen kongresde «meýletin» işlemäge taýynmyň? (Zeb. 110:3). Käbir mesihçiler maşgalasy bilen meýletin işe gatnaşyp, çagalaryna başgalaryň aladasyny etmegi öwredýärler. Eger sen çekinjeň bolsaň, kongresde dogan-uýalar bilen işleşip, tanşyp bilersiň. Bir uýa: «Men ol ýerde maşgalamdan we birnäçe dostlarymdan başga hiç kimi tanamaýardym. Emma kongres geçirilýän ýeri arassalamaga kömek edip, köp dogan-uýalar bilen tanşyp, begendim!» diýdi. Kongresde kömek etseň, köpler bilen dostlaşarsyň, örän şatlanarsyň (2 Kor. 6:12, 13). Sen kongresde meýletin kömekleşmek isleseň, ýaşululara aýdyp bilersiň.
9. Adamlary nädip kongrese çagyryp bileris?
9 Adamlary hakykaty diňlemäge çagyryň. Her ýyl bolşy ýaly, kongres başlanmazyndan üç hepde öň adamlary oňa çagyrmak üçin kompaniýa gatnaşarys. Ýygnaklar mümkin boldugyndan, territoriýasynda köpräk çakylyk ýaýratmak isleýär («Çakylygy nädip hödürlemeli?» diýen çarçuwa seret). Çakylyk galsa, kongrese getirmeli. Şol çakylyklary dogan-uýalar kongres geçirilýän şäherde resmi däl ýagdaýda hödür ederler.
10. Her ýyl çakylyk paýlananda, nähili netije berýändigini gürrüň beriň.
10 Adamlar her ýyl geçirilýän kompaniýa seslenýärmi? Bir kongresde hyzmatçy dogan är-aýala oturmaga ýer tapyp berdi. Olar: «Çakylygy alyp, bir gyzykly zat bolar öýtdük» diýdi. Olar 320 kilometr ýol söküp gelýär! Bir uýa bolsa, öýden-öýe çakylyk paýlanda kongres barada gyzyklanan bir adama çakylyk berýär. Uýa ol adam bilen çakylyk barada pikir alyşýar. Bir näçe günden soň kongres wagty uýa şol adamyň dosty bilen kongrese gelendigini we hatda olaryň elinde täze çykan edebiýatyň bardygyny görýär!
11. Näme üçin her ýyl geçirilýän welaýat kongreslerine gatnaşmak wajyp?
11 Ýehowa her ýyl geçirilýän baýramçylyklar arkaly söýgi bilen ysraýyllylara «wepaly we hakykatda gulluk etmäge» ýardam etdi (Ýeşuw 24:14). Şu günler hem welaýat kongresine gatnaşsak, Hudaýa edýän seždämizde wajyp bolan «hakykatda gezmäge» kömek edýär (3 Ýahýa 3). Goý, Ýehowa ähli hakykaty söýýänleriň kongrese gatnaşyp, doly peýda almagy üçin edýän tagallalaryna pata bersin!
[4-nji sahypadaky sitata]
Gowy göreldämiz hakykaty bezeýär
[5-nji sahypadaky sitata]
Kongres başlanmazyndan üç hepde öň adamlary oňa çagyrmak üçin kompaniýa gatnaşarys
[3—6-nji sahypalardaky çarçuwa]
2012-nji ýylyň welaýat kongresi barada ýatlatmalar
◼ Kongresiň gün tertibi. Kongresiň üç güni hem 9:20-de başlanar. Girelge 8:00-da açylar. Patyşalyk sazy çalnanda, kongres mynasyp tärde başlanar ýaly, her kim öz ýerine geçmeli. Kongres anna we şenbe güni 16:55-de, ýekşenbe güni 15:40-da gutarar.
◼ Maşyn goýulýan ýer. Kongres geçirilýän ýerlerde mümkinçilik bolsa, maşynlary mugt goýar ýaly ýer taýýarlanylar. Adatça, duralgada ýer çäkli bolýar, şonuň üçin her maşynda köpräk delegat gelse gowy bolar.
◼ Ýer. Sen diňe özüň bilen bir maşynda gelenlere ýa-da bile ýaşaýanlara we seniň bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýäne ýer alyp bilersiň (1 Kor. 13:5).
◼ Günortanlyk nahary. Günortan wagty kongres geçirilýän ýerden başga ýere gidip naharlanmaz ýaly, iýmiti ýanyň bilen getirmegiňi haýyş edýäris. Oturgyjyň aşagyna sygar ýaly, nahar salynýan sumka alsa bolar. Gezelenje gidilende ulanylýan uly sowadyjy sumkany we çüýşeden edilen gap-gajy kongrese getirmek gadagan.
◼ Meýletin sowgatlar. Biz Patyşalyk zalynda ýa-da kongresde bütindünýä işi üçin meýletin sowgatlar berip, gurnalan kongrese minnetdarlygymyzy bildirip bileris.
◼ Betbagtçylykly ýagdaý. Eger kongres geçirilýän ýerde betbagtçylyk bolsa, hyzmatçy dogana ýüz tutuň, ol dessine tiz kömek gullugyna habar berer. Eger gerek bolsa, olaryň özi jaň edip, tiz kömek gullugyny çagyrar. Şonda bu bölümde gulluk edýän doganlaryň ähmiýetsiz zatlar üçin ünsüni bölmeris.
◼ Dermanlar. Eger sen däri-derman içýän bolsaň, onda ýanyň bilen ýeterlikli dermanyňy getir, çünki kongresde olaryň bolmazlygy mümkin. Süýji keselinde ulanylýan şprisler we iňňeler zyýanly bolandygy üçin, ýörite zyňylýan ýeri bolmaly, olary kongres geçirilýän ýeriň we myhmanhananyň hapa taşlanylýan ýerine zyňmaly däl.
◼ Aýakgap. Her ýyl aýakgap zerarly şikes ýetýär. Aýakgap ýönekeý we aýagyňa laýyk bolmaly, şonda basgançakdan, gözenekli hem başga görnüşli ýerlerden ýöremek amatly hem-de howpsuz bolar.
◼ Meýilnamany ýazga almak. Kongresde ulanylýan elektrik toga ýa-da ses apparatyna hiç hili ýazga alýan serişdeleri birikdirmeli däl. Şeýle-de olary başgalara päsgel bermez ýaly ulanmaly.
◼ Çaga arabasy we eplenýän oturgyçlar. Kongres geçirilýän ýerlerde çaga arabasyny we eplenýän oturgyçlary ulanmaly däl. Emma ata-enesiniň ýanynda oturar ýaly, çaga oturgyjyny getirse bolýar.
◼ Atyr sepinmek. Häzir kongresleriň köpüsi ýapyk jaýlarda geçirilip, howasy emeli usul bilen çalşyrylýar. Şol sebäpli dem almasy kyn we başga keselli adamlara erbet täsir etmez ýaly, ýiti ysly atyrlary azrak sepinsek, olara hormat goýdugymyz bolar (1 Kor. 10:24).
◼ «Şu adamy idemegi haýyş edýäris» diýen resmikagyz. Kongres mahaly resmi däl ýagdaýda wagyz edip, birini gyzyklandyrsak, «Şu adamy idemegi haýyş edýäris» (S—43 U) diýen resmikagyzy dolduryp, ol adam hakda maglumat bermeli. Wagyzçylar kongrese gelende, ýany bilen şol resmikagyzdan birki sanysyny getirmeli. Şeýle resmikagyzy kongresde edebiýat bölümine bermeli ýa-da kongresden gelenden soň, ýygnagyňyzyň kätibine bermeli (Seret km 11/05 sah. 3).
◼ Restoranda. Restoranda özüňizi gowy alyp baryp, Ýehowanyň adyny şöhratlandyryň. Eger ýerlikli bolsa, çaý puluny beriň.
◼ Ýaşamak üçin jaý. Hususy jaýda ýaşamagyň we özüňi alyp barmagyň düzgünleri:
1) Gereginden artyk otag sargyt etmeli däl we bellenilen jaýa öý eýesiniň görkezen sanyndan artyk myhman gelmeli däl.
2) Eger garaşylmadyk ýagdaý sebäpli kongrese baryp bilmeseň, haýal etmän myhmanhana habar ber (Mat. 5:37).
3) Ýüküň daşamaga taýýar bolanda, ýük daşalýan arabany al, soňra ony başgalar hem ulanar ýaly, derrew yzyna ber.
4) Otagyňy arassalaýan adama we myhmanhananyň başga işgärlerine çaý puluny beriň.
5) Nahary aşhanasy bar otagda taýýarlaň.
6) Myhmanlar üçin berilýän ertirlik naharyna, kofä we başga-da zatlara at dakmaň.
7) Myhmanhananyň işgärlerine ruhuň miwesini bildiriň. Olar köp myhmanlaryň aladasyny edýärler we biziň sabyr, ýagşylyk we akyldarlyk ýaly häsiýetlerimize minnetdar bolarlar.
8) Ata-eneler myhmanhananyň töwereginde, suwa düşülýän basseýinde, girelgede, sport zalynda we başga ýerlerde-de hemişe çagalaryna gözegçilik etmeli.
9) «Ýaşaýyş üçin jaýyň spisogynda» otagyň bir günlük bahasy görkezilýär. Eger saňa sargamadyk hem-de ulanmadyk zadyň üçin goşmaça töleg ýazsalar, onda sen töleme we tizräk kongresiň jaý bölümine habar ber.
10) Myhmanhanada bolýan ýeriňde kynçylyklar ýüze çyksa, kongresiň jaý bölümine derrew habar berseň, olar saňa kömek eder.
◼ Meýletin kömekçiler bölümi. Kömek etmek isleýänler Meýletin gulluk bölümine ýüz tutup biler. Şeýle-de 16 ýaşyna ýetmedik çagalar hem ata-enesiniň, hossarynyň ýa-da başga bir uly ýaşly mesihçiniň gözegçilik etmegi bilen, öz goşandyny goşup biler.
[6-njy sahypdaky çarçuwa]
Çakylygy nädip hödürlemeli?
Meýdançamyzda çakylyklary doly paýlap ýetişer ýaly, gysga hödür etmeli. Biz şeýle diýip bileris: «Salam. Şu günler bütin dünýäde adamlara wajyp çakylyk berilýär. Bu çakylygy size we maşgalaňyza berýärin. Siz şu çakylykdan jikme-jiklikleri bilersiňiz». Muny yhlasly gürrüň ber. Ýagdaýa görä, her hepde çakylyk paýlanyňda, žurnal hem hödürläp bilersiň.