Sen kömekçi pioner bolarmyň?
1. Näme üçin Ýatlama agşamy döwri köpräk wagyz etmäge gowy mümkinçilik bar?
1 Ýatlama agşamy döwri köpräk wagyz etmäge gowy mümkinçilik bar. Bu döwür biz Ýehowanyň Ogluny töleg hökmünde berip, uly söýgüsini görkezendigini gürrüň berýäris (Ýahýa 3:16). Biz ýürekden minnetdar bolup, Ýehowa we onuň adamlara nämeler edýändigi barada höwes bilen wagyz edýäris (Iş. 12:4, 5; Luka 6:45). Şeýle-de şol döwürde biz tanyş-bilişleri we ýaşaýan ýerimizdäki adamlary Ýatlama agşamyna çagyrmak üçin ýörite kampaniýa gatnaşýarys. Şondan soň Ýatlama agşamyna gelen adamlary ideýäris. Sen mart, aprel ýa-da maý aýlarynda kömekçi pioner bolup bilermiň?
2. Näme üçin mart aýy kömekçi pioner bolmaga iň gowy aý?
2 Mart ýörite aý. Mart aýy kömekçi pioner bolmaga iň gowy aý bolar. Dogan-uýalar 30 ýa-da 50 sagat kömekçi pioner bolup gulluk edip biler. Eger aýlanýan gözegçi mart aýynda ýygnagyňyza gelse, kömekçi pionerler hem pionerleriň we ýörite pionerleriň duşuşygyna doly gatnaşyp biler. Ýatlama agşamyna çagyrmak üçin ýörite kampaniýa 2013-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap, 26-njy marta sişenbe güne çenli geçiriler. Bu kampaniýa geçen ýylkydan köpräk wagt dowam eder. Şeýle-de mart aýynda bäş dynç güni bolar. Seniň üçin şu aý ýylyň iň ýörite aýy bolar ýaly, çynlakaý oýlansaň gowy bolmazmy?
3. Köpräk wagyz eder ýaly nädip planlaşdyryp bileris?
3 Häzirden planlaşdyr. Pioner bolar ýaly, şu wagtdan gün tertibiňe seredip, özgerişikler etmeli. Maşgalanyň goldamagy hem wajyp, şol sebäpli maşgala okuwynda maşgalaňyň maksatlary we gün tertibi barada ara alyp maslahatlaş (Sül. tym. 15:22). Eger sen kömekçi pioner bolup bilmeseň, ruhdan düşme. Sen gulluga giden günüň köpräk wagyz eder ýaly gün tertibiňi üýtgedip bilermiň? Hepdede ýene bir gün wagyz edip bilermiň?
4. Mart, aprel we maý aýlary köpräk wagyz etsek, nähili bereketler alarys?
4 Mart, aprel we maý aýlarynda näçe köp wagyz etsek, Ýehowa gulluk etmekden we adamlara «bermekden» şonça-da şatlanarys hem-de kanagatlanarys (Ýahýa 4:34; Res. iş. 20:35). Esasanam, janymyzy aýaman elimizde baryny etsek, Ýehowany şatlandyrarys (Sül. tym. 27:11).