Isa baradaky hakykaty yhlasly wagyz ediň
Biz adamlara Isa baradaky hakykaty nädip aýtmalydygyny bilsek, yhlasymyz artar. Isa imanymyzyň burç daşydyr (Efes. 2:20). Isa iman etmesek, gelejege umydymyz bolmaz (Res. iş. 4:12). Şol sebäpli Hudaýyň niýetinde Isanyň tutýan ornuna düşünmek wajyp. Adamlaryň köpüsi ýalan taglymatlara ynanýar. Gynansakda, olar Isa ynanmasalar, Hudaýyň wada berýän bereketlerini alyp bilmez. Hakykata yhlasly bolsak, akýürekli adamlara Isa, onuň Hudaý bilen gatnaşygy we Hudaýyň niýetinde tutýan orny barada garaýşyny düzetmäge kömek edip bileris. Biz Ýatlama agşamy döwri Isa baradaky hakykaty yhlasly wagyz ederismi?