Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sapak 17 sah. 139—sah. 142 abz. 1
  • Mikrofonyň ulanylyşy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mikrofonyň ulanylyşy
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • Sesiň batlylygy
    Wagyz mekdebi
  • Seretmek
    Wagyz mekdebi
  • Gapynyň öňündäki gowy edim-gylym
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2017
  • Gulluk duşuşygynda çykyş edýän doganlar üçin maslahatlar
    Hudaýa gullugymyz — 2010
Wagyz mekdebi
be sapak 17 sah. 139—sah. 142 abz. 1

17-NJI SAPAK

Mikrofonyň ulanylyşy

Munuň üçin näme etmeli?

Ýygnak duşuşygynda sesi güýçlendirmek üçin mikrofon ulanylýan bolsa, ony dogry ulanmaly.

Bu näme üçin wajyp?

Aýdylan zatlar diňe gowy eşidilen ýagdaýynda diňleýjilere peýdaly bolar.

BIZIŇ dogan-uýalarymyz ýygnaga gelmek üçin köp tagalla we wagt sarp edýärler. Olar ýygnak duşuşygyndan peýda alar ýaly, aýdylýan zatlary gowy eşitmeli.

Gadymy Ysraýylda sesi güýçlendirýän elektrik enjamlary bolmandyr. Ysraýyl halky Wada edilen diýara girmänkä, Musa pygamber Mowap düzlüginde olara ýüzlenip söz sözleýär. Şonda millionlarça adamlar onuň sesini nädip eşitdilerkä? Ähtimal, Musa belli bir aralyklarda adamlary goýandyr, olar hem onuň sözlerini yzly-yzyna gaýtalap, halka ýetiren bolmaly (Kan. tag. 1:1; 31:1). Biraz soňra ysraýyllylar Iordanyň günbatar tarapyny basyp alyp başlanlarynda, Ýeşuwa halky Gerizim we Eýbal daglaryň eteginde ýygnaýar, lewiler bolsa şol iki dagyň arasyndaky jülgede durýar. Halk Hudaýyň alkyş we nälet sözlerini eşidende, «omyn» diýip jogap beripdirler (Ýeş. 8:33—35). Mümkin, şonda-da aýdylanlary halka ýetirer ýaly, belli bir aralyklarda adamlar goýlandyr. Emma olaryň duran ýerleri-de sesiň gowy eşidilmegine ýardam beren bolmaly.

Bu wakadan takmynan 1 500 ýyl geçenden soň, Isany diňlemek üçin Jelile kölüniň ýakasynda uly märeke ýygnanýar. Şonda Isa gaýyga münüp, kenardan biraz daşlaşýar-da, halka ders berip başlaýar (Mar. 4:1, 2). Isa näme üçin gaýykda oturyp gepleýär? Suwuň ýüzi sesi serpikdirýändigi üçin Isanyň sözleri gowy eşidilen bolmaly.

XX asyrdan öň diňleýjileriň eşitmekligi nutukçynyň sesiniň batlylygyna we aýdyň gepleýşine bagly bolupdyr. Emma 1920-nji ýyllaryň ortalarynda Ýehowanyň gullukçylary kongreslerde sesi güýçlendirýän elektrik enjamlaryny ulanyp başladylar.

Sesi güýçlendirýän enjamlar. Şeýle enjamlar nutukçynyň sesini birnäçe esse güýçlendirip bilýär we onuň äheňini ýoýman çykarýar. Şonuň üçin nutukça sesine zor salmak gerek däl. Diňleýjiler ony aňsatlyk bilen eşidip, aýdylýan habara ünsli bolup bilýärler.

Ýehowanyň Şaýatlarynyň kongreslerinde sesi güýçlendirýän enjamlaryň ulanylmagy üçin köp işler edildi. Şeýle enjamlar Patyşalyk zallarynyň köpüsinde-de nutuk bilen çykyş edýän we ýygnak duşuşygyny geçirýän doganlaryň hem-de sahnadan okaýanlaryň sesini güýçlendirmek üçin ulanylýar. Käbir ýygnaklarda diňleýjiler jogap berer ýaly mikrofonlar hem ulanylýar. Eger siziň ýygnagyňyzda sesi güýçlendirýän enjamlar bar bolsa, olary dogry ulanmagy öwreniň.

Käbir wajyp görkezmeler. Ses enjamlaryny dogry ulanmak üçin şulary berk ýadyňyzda saklaň. 1. Mikrofon agzyňyzdan 10-15 santimetr uzaklykda bolmaly. Eger mikrofony ýakyn tutsaňyz, sözleriňiz ýoýulyp eşidiler. Eger has uzak bolsa, sesiňiz gowy eşidilmez. 2. Mikrofon gapdalda däl-de, göni öňüňizde bolmaly. Eger siz saga ýa-da çepe seretseňiz-de, diňe mikrofona tarap öwrüleniňizde gepläň. 3. Adatdaky gepleýşiňizden biraz batlyrak we janlyrak sözläň, ýöne gygyrmaň. Sebäbi şeýle enjamlar sesiňiziň iň yzda oturanlara-da eşidilmegine kömek edýär. 4. Eger siz ardynmakçy, üsgürmekçi ýa-da asgyrmakçy bolsaňyz, onda ýüzüňizi mikrofondan sowuň.

Nutuk bilen çykyş edilende. Sahna çykanyňyzda bellenen dogan mikrofony size oňaýly bolar ýaly sazlar. Şonda diňleýjilere seredip, erkin duruň. Ýazgylaryňyzy pýupitriň üstünde goýuň we olara seretmäge mikrofonyň päsgel bermeýändigine göz ýetiriň.

Mikrofona gepläp başlanyňyzda sesiňiziň çykyşyna üns beriň. Sesiňiz batly çykýarmy ýa-da käbir sözleriňiz ýiti eşidilýär? Onda birnäçe santimetr yza çekiliň. Ýazgylaryňyza seredeniňizde ýa-da ondan okanyňyzda, ýüzüňizi mikrofondan sowmaly däldigini unutmaň. Mikrofon ýüzüňizden biraz aşakda bolsun, ýöne ýokarda bolmasyn.

Sahnada okalanda. Mukaddes Ýazgylary ýa-da beýleki edebiýatlary okanyňyzda, olary biraz ýokary tutuň. Şonda başyňyzy aşak egmeli bolmaz; diňleýjiler hem siziň ýüzüňizi görüp bilerler. Mikrofon göni siziň öňüňizde durar, şol sebäpli okajak edebiýatyňyzy biraz gapdala tutmaly bolar. Özüňizem sähelçe gapdala süýşüň; şonda sesiňiz göni mikrofona barar.

«Garawul diňini» okaýan doganlaryň köpüsi direge berkidilen mikrofony ulanýarlar. Bu olara arkaýyn dem almaga we has labyzly okamaga kömek edýär. Duşuşygyň köp bölegi sesli okamak bilen geçýändigini unutmaň. Duşuşyk diňleýjilere peýda getirer ýaly, okalýan makalalar olara gowy eşidilmelidir.

Ýygnakda jogap berlende. Eger siziň ýygnagyňyzda diňleýjiler üçin mikrofon ulanylýan bolsa, onda ýeterlikli derejede batlyrak we aýdyň geplemegi unutmaň. Jogap bereniňizde, Mukaddes Ýazgylary ýa-da öwrenilýän edebiýaty eliňizde saklamaga çalşyň. Bu size gerekli pikirleri görmäge ýardam eder.

Käbir ýygnaklarda jogap berýänlere mikrofony tutmak üçin ýörite doganlar bellenilýär. Eger siziň ýygnagyňyzda-da şeýle bolsa, onda jogap berjek bolanyňyzda eliňizi ýokary galdyryň, şonda mikrofon tutýan dogan siziň nirede oturandygyňyzy görüp, çalt ýanyňyza baryp biler. Eger mikrofony elden-ele geçirmeli bolsa, ony almaga taýyn boluň. Mikrofon siziň öňüňize gelensoň jogap berip başlaň. Jogap bereniňizden soňra, ony yzyna geçiriň.

Sahna bilen çykyş edilende. Sahna gatnaşýanlar mikrofony nädip ulanjakdygy barada öňünden oýlanmaly. Eger mikrofon direge berkidilen bolsa, Mukaddes Ýazgylary we bellikleriňizi arkaýyn ulanmak üçin iki eliňizi-de peýdalanyp bilersiňiz. El mikrofonyny ulanmaly bolsaňyz, bu size arkaýyn hereket etmäge mümkinçilik berer, ýöne Mukaddes Ýazgylary açmaly bolanyňyzda, söhbetdeşiňizden mikrofony tutmagy haýyş etmeli bolar. Eger sahna gatnaşýanlar bilelikde taýýarlyk görseler, bu olara mikrofony dogry ulanmaga ýardam eder. Sahnada çykyş edeniňizde diňleýjilere arkaňyzy öwrüp geplemeli däldigini unutmaň.

Gulluk duşuşygynda sahna birnäçe adam gatnaşyp biler we olar sahnada eýläk-beýläk hereket etmeli bolarlar. Şol sebäpli birnäçe mikrofon gerek bolýar. Mikrofonlary öňünden gerekli ýerinde goýmaly ýa-da olary gatnaşýanlar sahna çykanda bermeli. Mikrofonlaryň gerekli ýerinde goýulmagy üçin öňünden aladasyny etmeli. Sahna öňünden taýýarlyk görülse, oňa gatnaşýanlar mikrofony dogry ulanmagy öwrenerler. Eger sahnada taýýarlanmak mümkinçiligi bolmasa, onda mikrofona derek başga bir zady ulansa bolar. Sahna bilen çykyş edilenden soňra, oňa gatnaşanlar mikrofonlary ýuwaşlyk bilen öz ýerlerinde goýmaly we olaryň simlerine çolaşmaz ýaly ünsli bolmaly.

Mikrofonlaryň ulanylyşyna ünsli bolmaly, çünki bu biziň ýygnak duşuşyklarymyzyň wajyp maksadyna ýetmäge, ýagny Hudaýyň Sözi arkaly biri-birimizi ruhlandyrmaga kömek edýär (Ýew. 10:24, 25). Mikrofony dogry ulanmagy öwrensek, biziň her birimiz bu maksada ýetmäge goşandymyzy goşarys.

MIKROFONY DOGRY ULANMAK ÜÇIN

  • Mikrofon agzyňyzdan 10-15 santimetr uzaklykda bolmaly.

  • Gapdala däl-de, göni mikrofona geplemeli.

  • Adaty gepleşikden biraz batlyrak we janlyrak sözlemeli.

  • Ardynmakçy bolsaňyz, ýüzüňizi mikrofondan sowmaly.

GÖNÜKME Patyşalyk zalyňyzda mikrofon ulanylýan bolsa, ökde nutukçylaryň direge berkidilen we el mikrofonlaryny ulanyşyna üns beriň. Haýsy usullary ulanyp, haýsysyndan gaça durmalydygyňyzy we olaryň sebäbini belläp alyň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş