Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lv bap 5 sah. 50—61
  • Dünýäden aýry boluň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dünýäden aýry boluň
  • «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • HUDAÝA WEPALY BOLMAK WE BITARAPLYGY SAKLAMAK
  • «DÜNÝÄNIŇ RUHUNA» GARŞY DURUŇ
  • SALYKATLY EGIN-EŞIK WE DAŞ KEŞBIMIZ
  • GÖZÜMIZI SADA TUTMAK
  • «ÄHLI ÝARAGLARY GEÝIŇ»
  • IMANYŇY GORAMAGA TAÝYN BOL
  • Geýnişiň we daş keşbiň bilen Hudaýy şöhratlandyr
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Sowally bukja
    Hudaýa gullugymyz — 2008
  • Biz dünýäniň ruhuny däl-de, Hudaýyň ruhuny aldyk
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • «Olar dünýäden däl»
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
Başgalary
«Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
lv bap 5 sah. 50—61
Mesihçi dostlar surata düşýärler

5-NJI BAP

Dünýäden aýry boluň

«Siz indi dünýädäki adamlar ýaly dälsiňiz» (ÝAHÝA 15:19).

1. Isa ýerdäki ýaşaýşynyň soňky gijesi nämäni nygtap geçdi?

ISA ýerdäki ýaşaýşynyň soňky gijesi şägirtleriniň gelejegi barada çuňňur alada edýärdi. Şonuň üçin hatda Atasyna-da şeýle doga etdi: «Men olary dünýäden almagyňy däl-de, zalymdan goramagyňy haýyş edýärin. Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar hem dünýäden däldirler» (Ýahýa 17:15, 16). Isanyň ýürekden eden dogasy şägirtlerini çuňňur söýýändigini we şol gije: «Siz indi dünýädäki adamlar ýaly dälsiňiz» diýen sözleriniň wajypdygyny görkezdi (Ýahýa 15:19). Dogrudan-da, Isa üçin şägirtleriniň dünýäden aýry bolmagy örän wajypdy!

2. Isanyň «dünýä» diýen sözi näme aňladýar?

2 Isanyň «dünýä» diýen sözi Hudaýdan daşlaşan, Şeýtanyň goly astyndaky nebsewür we tekepbir adamzat jemgyýetini aňladýar (Ýahýa 14:30; Efesliler 2:1, 2; 1 Ýahýa 5:19). Hawa, «dünýä bilen dost bolmak Hudaýa duşman edýändir» (Ýakup 4:4). Eýsem, Hudaýyň söýgüsinde galmak isleýän adamlar bu dünýäde ýaşasalar-da, ondan nädip aýry bolup bilerler? Geliň, bäş sowala seredeliň: Mesihiň ýolbaşçylygyndaky Hudaýyň Patyşalygyna nädip wepaly bolup, syýasy bitaraplygy saklamaly, dünýäniň ruhuna nädip garşy durmaly, egin-eşigimiz we daş keşbimiz bilen nädip salykatly bolmaly, gözümizi nädip sada tutmaly, ruhy ýaraglary nädip dakynmaly.

HUDAÝA WEPALY BOLMAK WE BITARAPLYGY SAKLAMAK

3. a) Isa öz döwrüniň syýasy işlerine nähili garaýardy? b) Isanyň mesh edilen şägirtlerine näme üçin ilçiler diýse bolar? (Çykgyda-da seret).

3 Isa öz döwrüniň syýasy işlerine goşulman, gökdäki hökümetiň geljekki Patyşasy hökmünde Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärdi (Danyýel 7:13, 14; Luka 4:43; 17:20, 21). Isa Rim hökümdary Pontius Pilatusyň öňünde durka: «Meniň Patyşalygym bu dünýäden däl» diýdi (Ýahýa 18:36). Isanyň wepaly şägirtleri hem onuň göreldesine eýerip, Mesihe we onuň Patyşalygyna wepaly galýarlar hem-de şol Patyşalyk barada dünýä wagyz edýärler (Matta 24:14). Şonuň üçin Pawlus resul: «Biz Mesihiň ilçileridiris. Mesih tarapyndan ýalbarýarys: Hudaý bilen ýaraşyň!» diýdi (2 Korinfliler 5:20)a.

4. Mesihçileriň ählisi Hudaýyň Patyşalygyny nädip goldaýarlar? («I asyrdaky mesihçiler bitaraplygy saklaýardylar» diýen çarçuwa seret).

4 Ilçiler daşary ýurduň wekili, şol sebäpli olar bellenen ýurdunyň içeri işlerine goşulmaýarlar, çünki bitaraplygy saklaýarlar. Emma ilçiler öz watanynyň bähbidini goraýarlar. Mesihiň mesh edilen şägirtleri barada-da şeýle diýse bolar, sebäbi olaryň «raýatlygy göklerdedir» (Filipililer 3:20). Olar Patyşalyk barada yhlasly wagyz edip, Mesihiň millionlarça «başga goýunlaryny» «Hudaý bilen ýaraşdyrýarlar» (Ýahýa 10:16; Matta 25:31—40). Başga goýunlar bolsa Isanyň mesh edilen doganlaryna kömek edýärler. Olaryň ikisi-de bir süri bolup, Mesihi Patyşalygyň bähbidini goraýarlar we dünýäniň syýasy işlerine goşulman doly bitaraplygy saklaýarlar (Işaýa 2:2—4-nji aýatlary okaň).

5. Mesihçiler ýygnagynyň gadymy Ysraýyldan näme tapawudy bar we bu nämeden görünýär?

5 Mesihçiler diňe bir Mesihe wepalydygy üçin bitaraplygy saklamaýarlar. Hudaýyň gadymy Ysraýyl halky bir ýurtda ýaşaýardy, ýöne biziň doganlarymyz dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýarlar we halkara doganlygyň agzalarydyrlar (Matta 28:19; 1 Petrus 2:9). Eger biz syýasy işleri goldasak, onda Patyşalyk baradaky habary gaýratly wagyz edip bilmeris we mesihi agzybirligimiz bozular (1 Korinfliler 1:10). Galyberse-de, uruş bolsa, biz söýgüli imandaşlarymyza garşy söweşmeli bolardyk (Ýahýa 13:34, 35; 1 Ýahýa 3:10—12). Şol sebäpli Isa şägirtlerine gylyjy gynyna salmagy tabşyrdy. Hatda duşmanlaryňyzy-da söýüň diýdi. (Matta 5:44; 26:52; «Men bitaraplygy saklaýarynmy?» diýen çarçuwa seret.)

6. Hudaýa özüňi bagyş etmegiň kaýsar bilen gatnaşygyňa nähili täsir edýär?

6 Biz, mesihçiler, durmuşymyzy adama, gurama ýa-da halka däl-de, Hudaýa bagyş etdik. 1 Korinfliler 6:19, 20-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Siz özüňize däl-de, Hudaýa degişlisiňiz. Sebäbi siz gymmat baha satyn alyndyňyz». Şol sebäpli Isanyň şägirtleri «patyşa» hormat goýup, salgytlary töläp, oňa çäkli tabyn bolmak bilen «Hudaýyňkyny Hudaýa berýärler» (Markus 12:17; Rimliler 13:1—7). Olar diňe Hudaýa sežde edýärler, ony ýürekden söýýärler we wepaly gulak asýarlar. Eger gerek bolsa, olar Hudaýyň hatyrasy üçin janyndan hem geçmäge taýyn (Luka 4:8; 10:27; Resullaryň işleri 5:29; Rimliler 14:8-i okaň).

I ASYRDAKY MESIHÇILER BITARAPLYGY SAKLAÝARDYLAR

Taryhy çeşmelerde I asyrdaky mesihçileriň syýasy bitaraplygy saklap, urşa gatnaşmandygy barada ençeme deliller bar. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Mesihçiligiň düýbüni tutujylar şol wagtky syýasy düzgüne gös-göni goşulýan islendik meýle düýbünden garşy çykypdyrlar» (The Beginnings of Christianity). Başga bir kitapda bolsa şeýle diýilýär: «Butparaz hökümdarlar mesihçilere düşünmeýärdiler we olary halamaýardylar... Mesihçiler Rim raýatlarynyň käbir borçlaryny berjaý etmekden boýun gaçyrýardylar... Olar syýasy wezipeleri eýelemeýärdiler» (On the Road to Civilization).

I asyrdaky mesihçiler we goşun gullugy barada nemes teology Peter Maýnhold şeýle diýýär: «Hem mesihçi, hem esger bolmak mümkin hasaplanmaýardy». Jonatan Daýmondyň öz kitabynda ýazmagyna görä, Isanyň ölüminden biraz soňra şägirtleri «näme bolsa-da, ýençseler-de, türmä bassalar-da, öldürseler-de, urşa gatnaşmakdan ýüz öwrüpdirler». Soňra ol şeýle dowam edýär: «Bu delilleriň hiç birini inkär edip bolmaz». Başga bir ýazyjynyň belleýşi ýaly, diňe «mesihi din hakykatdan daşlaşanda, mesihçiler esger bolup başladylar».

«DÜNÝÄNIŇ RUHUNA» GARŞY DURUŇ

7, 8. «Dünýäniň ruhy» näme we ol adamlara nähili täsir edýär?

7 Mesihçiler dünýäden aýry bolmak bilen onuň erbet ruhuna garşy durýarlar. Pawlus: «Dünýäniň ruhuny däl-de, Hudaýyň ruhuny alandyrys» diýip ýazdy (1 Korinfliler 2:12). Ol efeslilere şeýle diýdi: «Siz birmahallar şu dünýädäki adamlar ýaly we olaryň üstünden agalyk edýän howanyň hökümdarynyň islegine, ýagny Hudaýa gulak asmaýan adamlarda hereket edýän garaýşa görä ýaşaýardyňyz. Hawa, biziň ählimiz birwagtlar olaryň arasynda ten höweslerine eýerip ýaşaýardyk» (Efesliler 2:2, 3).

8 «Howa», ýagny dünýäniň ruhy Hudaýa gulak asmazlyga we «ten höweslerine, göz höwesine» iterýän göze görünmeýän güýçdür (1 Ýahýa 2:16; 1 Timoteos 6:9, 10). Bu dünýäniň güýji ýa-da «hökümdary» ten höweslerine iterýär, ol howa ýaly ähli ýere ýaýrap, hemişe bildirmän täsir edýär. Şeýle-de bu ruh adamlarda Hudaýa ýaramaýan häsiýetleri, ýagny diňe özüňi bilmekligi, tekepbirligi, şöhratparazlygy, özbaşdaklygy we tabyn bolmazlygy kem-kemden ösdürýärb. Gysgaça aýtsak, dünýäniň ruhy adamyň ýüreginde kem-kemden Iblisiň häsiýetlerini ornaşdyrýar (Ýahýa 8:44; Resullaryň işleri 13:10; 1 Ýahýa 3:8, 10).

9. Dünýäniň ruhy aňymyza we ýüregimize nädip täsir edip biler?

9 Dünýäniň ruhy biziň aňymyza we ýüregimize täsir edip bilermi? Hawa, eger hüşgär bolmasak täsir edip biler (Süleýmanyň tymsallary 4:23-i okaň). Köplenç bu ruh bize gowy hasaplanýan, ýöne Ýehowany söýmeýän tanyş-bilişler arkaly bildirmän täsir edýär (Süleýmanyň tymsallary 13:20; 1 Korinfliler 15:33). Şeýle-de bu erbet ruh bize edepsiz edebiýatlar, Internetdäki pornografiýa ýa imandan dänenleriň web-saýtlary, zyýanly göwün açmalar we sportuň rehimsiz görnüşleri arkaly güýçli täsir edip biler. Aslynda, bu zatlaryň ählisinde Şeýtanyň we onuň dünýäsiniň pikir-hyýaly görünýär.

10. Dünýäniň ruhuna nädip garşy durup bileris?

10 Biz dünýäniň mekir ruhuna nädip garşy durup, özümizi Hudaýyň söýgüsinde saklap bileris? Diňe Ýehowanyň ruhy sowgatlaryny doly peýdalanyp, hemişe mukaddes ruh barada doga edip saklap bileris. Ýehowa Iblisden we onuň höküm sürýän zalym dünýäsinden örän güýçlüdir (1 Ýahýa 4:4). Ýehowa doga arkaly ýakynlaşmak nähili wajyp!

MEN BITARAPLYGY SAKLAÝARYNMY?

Talyp mugallymyna dini ynançlaryny düşündirýär

Prinsip: «Meniň Patyşalygym bu dünýäden däl» (Ýahýa 18:36).

Oýlanmak üçin sowallar

  • Men baýdaga tagzym etmegiň butparazlykdygyny nähili düşündirerin?c (Müsürden çykyş 20:4, 5; 1 Ýahýa 5:21).

  • Milli baýramçylyklara gatnaşmaýandygymy düşündirenimde, ynanjymy kabul etmeýän adamlara nädip çuňňur hormat goýup bilerin? (1 Petrus 3:15).

  • Men näme üçin syýasy partiýalara girmeýärin we goşun gullugyna gitmeýärin? (Ýahýa 13:34; 1 Ýahýa 3:10—12).

SALYKATLY EGIN-EŞIK WE DAŞ KEŞBIMIZ

11. Dünýäniň ruhy häzirki egin-eşige nähili täsir edýär?

11 Adamyň eşiginden, daş keşbinden we arassaçylygyndan içki dünýäsini bilse bolýar. Köp ýurtlarda şeýle utanç-haýasyz geýinýärler welin, bir teležurnalistiň aýtmagyna görä, tizden gyzlary jeleplerden tapawutlandyrmak kyn bolar. Bir gazetde aýdylyşy ýaly, «açyk tenli, azrak haýaly» diýlen moda hatda gyzjagazlar hem kowalaşýarlar. Başga bir moda laýyklykda bolsa, adamlar sölpi geýnip, diňe bir pitneçi ruhy görkezmän, eýsem, öz mertebesini we hormatyny pese düşürýärler.

12, 13. Biz egin-eşik we daş keşbimiz babatda haýsy prinsipleri göz öňünde tutmaly?

12 Biz Ýehowanyň gullukçylary, şonuň üçin päkize, arassa, gelşikli we ýerlikli geýinmek isleýäris. Biz «ýagşy işleri» etmekden başga-da, «ýaraşykly, salykatly» geýinmeli, bu bolsa «Hudaýa wepaly» erkege-de, aýala-da ýaraşýar. Elbetde, biziň maksadymyz özümize üns çekmek däl-de, «özümizi Hudaýyň söýgüsinde saklamak» (1 Timoteos 2:9, 10; Ýahuda 21). Hawa, iň owadan eşigimiz «ýüregimizdäki solmaýan owadanlyk» bolmaly, çünki Hudaý bu zatlary has gymmat saýýandyr (1 Petrus 3:3, 4).

13 Şeýle-de biziň geýnişimiz we daş keşbimiz adamlaryň hakyky seždä bolan garaýşyna täsir edip biler. «Haýa» diýip terjime edilen grek sözi ynsan ahlagyna çuňňur hormat goýmagy, hudaýhonlygy, adamlaryň duýgusyny we garaýşyny sylamagy aňladýar. Diýmek, biz özdiýenli bolmaly däl-de, adamlaryň ynsabyny göz öňünde tutmaly. Galyberse-de, biz Ýehowa we onuň halkyna abraý getireris, «hemme zady Hudaýy şöhratlandyrmak üçin edýän» mesihçiler hökmünde özümizi alyp bararys (1 Korinfliler 4:9; 10:31; 2 Korinfliler 6:3, 4; 7:1).

Salykatly geýnen iki uýa wagyz edýär

Meniň daş keşbim Ýehowany şöhratlandyrýarmy?

14. Daş keşbimiz we arassaçylyk babatda özümize nähili sowallary bermeli?

14 Biz wagza çykanymyzda ýa ýygnak duşuşyklaryna gidenimizde, egin-eşigimize, daş keşbimize we şahsy arassaçylygymyza has-da köp üns bermeli. Özüňe şeýle sowallary ber: «Meniň daş keşbim we arassaçylygym adamlaryň aşa ünsüni çekýärmi? Olary büdredýärmi? Men bu meselede öz islegimi ýygnakda jogapkärçiligi almak üçin talaplara laýyk gelmekden has wajyp saýýarynmy?» (Zebur 68:6; Filipililer 4:5; 1 Petrus 5:6).

15. Hudaýyň Sözünde egin-eşik, daş keşp we arassaçylyk babatda näme üçin jikme-jik görkezme berilmeýär?

15 Mukaddes Ýazgylarda egin-eşik, daş keşp we arassaçylyk babatda jikme-jik görkezme berilmeýär. Ýehowa bizi saýlama erkinliginden ýa-da oýlanmak ukybyndan mahrum etmek islemeýär. Gaýtam, ol biziň ruhy taýdan ýetişen adamlar bolup, Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri barada oýlanmagymyzy hem-de «aň-düşünjämizi ýagşy we ýamany saýgarmagy öwrenişdirmegimizi» isleýär (Ýewreýler 5:14). Ilki bilen, Ýehowa biziň oňa we ýakynymyza bolan söýgä esaslanyp, görkezme agtarmagymyzy isleýär (Markus 12:30, 31-nji aýatlary okaň). Şuny göz öňünde tutsak, biziň geýinmek we daş keşbimiz babatda saýlamaga uly mümkinçiligimiz bar. Muny ýer ýüzüniň dürli künjeginde ýaşaýan Ýehowanyň halkynyň her dürli geýnişinden görse bolýar.

GÖZÜMIZI SADA TUTMAK

16. Dünýäniň ruhy bilen Isanyň taglymatynyň näme tapawudy bar we özümize nähili sowallary bermeli?

16 Dünýäniň ruhy millionlarça adamlary aldaýar, bagtly bolmak üçin puluň we baýlygyň yşkyna düşürýär. Emma Isa: «Adamyň emlägi köp bolsa-da, onuň ýaşaýşy bu zatlara bagly däldir» diýdi (Luka 12:15). Isa terkidünýälige ýa özüňden el çekmäge höweslendirmedi, gaýtam, «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar bagtlydyr», gözüni «sada» tutýan, ýagny Hudaý bilen gatnaşygyny birinji orunda goýýan adamlar bagtly ýaşarlar diýdi (Matta 5:3; 6:22, 23). Özüňe şeýle sowallary ber: «Men Isanyň öwredenlerine ýürekden ynanýarynmy ýa-da maňa «ýalanyň atasy» täsir edýärmi? (Ýahýa 8:44). Meniň sözlerim, maksatlarym we durmuşda ileri tutýan zatlarym nämäni görkezýär?» (Luka 6:45; 21:34—36; 2 Ýahýa 6).

17. Sada gözli adamlaryň alýan käbir bereketlerini agzap geçiň.

17 Isa: «Akyldarlyk öz işleri bilen tassyklanar» diýdi (Matta 11:19). Sada gözli adamlaryň alýan käbir bereketlerine seredeliň. Olar Hudaýyň Patyşalygyna gulluk etmekden dynçlyk tapýarlar (Matta 11:29, 30). Sada gözli adamlar bolgusyz hysyrdylara baş goşmaýarlar, şonuň üçin köp kelleagyry we ýüregagyrydan gaça durýarlar (1 Timoteos 6:9, 10-njy aýatlary okaň). Olar baryna kaýyl bolup ýaşaýarlar, şol sebäpli maşgalasy we mesihçi dost-ýarlary bilen wagtyny köp geçirýärler. Şeýle adamlar gijesine-de rahat ýatýarlar (Wagyz kitaby 5:12). Adamlara başardygyndan kömek edip, bermekden hem bagt tapýarlar (Resullaryň işleri 20:35). Olaryň umydy artyp, kalbynda rahatlyk hem kanagat ornaşýar (Rimliler 15:13; Matta 6:31, 32). Hakykatdan-da, bu bereketleriň bary deňsiz-taýsyz!

«ÄHLI ÝARAGLARY GEÝIŇ»

18. Mukaddes Ýazgylarda biziň duşmanymyz, onuň usullary we söweşimiz nähili suratlandyrylýar?

18 Şeýtan mesihçileri diňe bir bagtly bolmakdan däl, eýsem, ebedi ýaşaýşa gowuşmakdan mahrum etmek isleýär, ýöne özüni Hudaýyň söýgüsinde saklaýan adamlara ruhy taýdan zyýan ýetirip bilmez (1 Petrus 5:8). Pawlusyň aýtmagyna görä, «biziň söweşimiz adamlara garşy däl-de, gökdäki zalym ruhlardan ybarat bolan hökümetlere, ygtyýarlyklara, şu garaňky dünýäniň hökümdarlaryna garşydyr» (Efesliler 6:12). «Söweş» diýip terjime edilen grek sözi uzak aralykdaky, meselem, gaçybatalgadan edilýän urşy däl-de, garpyşmagy aňladýar. Galyberse-de, «hökümdarlar», «ygtyýarlyklar» we «dünýäniň hökümetleri» diýen sözler ruhy güýçleriň guramaçylykly hem-de belli bir maksat bilen hüjüm edýändigini görkezýär.

19. Mesihçileriň ruhy ýaraglaryny beýan ediň.

19 Biz gowşaklygymyza we çäklidigimize garamazdan ýeňiş gazanyp bileris. Nädip? Munuň üçin «Hudaýyň söweş üçin berýän ähli ýaraglaryny geýiň» (Efesliler 6:13). Şol ýaraglar Efesliler 6:14—18-nji aýatlarda şeýle beýan edilýär: «Şeýlelikde, berk duruň-da, biliňize hakykat guşagyny daňyň, egniňize dogrulyk sowudyny, aýaklaryňyza bolsa aýakgabyňyzy geýip, parahatlyk hoş habaryny aýtmaga taýyn boluň. Eliňize uly iman galkanyny hem alyň. Şonda onuň bilen duşmanyň ähli otly oklaryny öçürmegi başararsyňyz. Kelläňize halas edýän tuwalgany geýiň, eliňize Hudaýyň sözi bolan ruhuň gylyjyny alyň. Her ýagdaýda her hili doga we ýalbarma arkaly ruhda doga ediň».

20. Biziň dünýewi esgerden näme tapawudymyz bar?

20 Hudaýyň beren ruhy ýaraglaryny hemişe dakynsak, onda biz hökman goragly bolarys. Wagtal-wagtal söweşýän dünýewi esgerlerden tapawutlylykda, tä Hudaý Şeýtanyň dünýäsini ýok edip, ähli zalym ruhlary düýpsüz çuňluga zyňýança, mesihçiler janyny gaýgyrman aýgytly söweş alyp barýarlar (Ylham 12:17; 20:1—3). Şeýlelikde, eger sen bir gowşaklyga ýa günäli höwese garşy göreşýän bolsaň, ruhdan düşme, çünki biz Ýehowa wepaly bolmak üçin özümizi «horlamaly» (1 Korinfliler 9:27). Asla göreşmeýän bolsak, şonda biynjalyk bolmaly!

21. Näme etsek, ruhy söweşde ýeňiş gazanarys?

21 Şeýle-de biz bu söweşde öz güýjümiz bilen ýeňip bilmeris. Şol sebäpli Pawlus bize Ýehowa hemişe «ruhda doga etmegi» ýatladýar. Mundan başga-da biz Ýehowa gulak asyp, onuň Sözüni öwrenmeli we «esger» ýoldaşlarymyz bilen gürrüňdeş bolmak üçin ähli mümkinçilikden peýdalanmaly, çünki bu söweşde biz ýeke däl! (Filimun 2; Ýewreýler 10:24, 25). Şu maslahata eýerýänleriň ählisi ýeňiş gazanarlar. Munuň üçin bolsa, imanyňy goramaga hemişe taýyn bolmaly.

IMANYŇY GORAMAGA TAÝYN BOL

22, 23. a) Biz imanymyzy goramaga näme üçin hemişe taýyn bolmaly we özümize nähili sowallary bermeli? b) Indiki bapda nämä serederis?

22 Isa: «Siz indi dünýädäki adamlar ýaly dälsiňiz... dünýäniň adamlary sizi ýigrenýär» diýdi (Ýahýa 15:19). Şol sebäpli mesihçiler hemişe imanyny goramaga taýyn bolmaly, ýöne muny ýumşaklyk we hormat-sylag bilen etmeli (1 Petrus 3:15-i okaň). Özüňe şeýle sowallary ber: «Men Ýehowanyň Şaýatlarynyň garaýşynyň näme üçin käwagt köpçüligiňkiden tapawutlanýandygyna düşünýärinmi? Şeýle garaýşy kabul edip, Mukaddes Ýazgylaryň we wepaly we paýhasly hyzmatkäriň aýdýanlarynyň dogrudygyna ýürekden ynanýarynmy? (Matta 24:45; Ýahýa 17:17). Ýehowanyň öňünde dogry zady etmeli bolsam, onda beýlekilerden tapawutlanmaga çekinýärinmi ýa-da şeýledigime guwanýarynmy?» (Zebur 34:2; Matta 10:32, 33).

23 Emma biziň dünýäden aýry bolmak islegimiz köplenç has mekir ýollar bilen synalýar. Meselem, ýokarda aýdylyşy ýaly, Iblis Ýehowanyň gullukçylaryny dünýewi göwün açmalar bilen dünýäniň duzagyna düşürjek bolýar. Biz güýjümize güýç goşup, ynsabymyzy hapalamaýan göwün açmalary nädip tapyp bileris? Bu barada indiki bapda gürrüň ederis.

a Mesih b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününden bäri ýerdäki mesh edilen şägirtlerinden ybarat bolan ýygnagyň Patyşasy bolup gulluk edýär (Koloslylar 1:13). 1914-nji ýylda Mesih «dünýä patyşalygynyň» üstünden höküm sürüp başlady. Diýmek, mesh edilen mesihçiler häzirem Mesihi Patyşalygyň ilçileridir (Ylham 11:15).

b «Ýazgylar esasynda söhbetdeşlik» (rusça) kitabynyň 135—139-njy sahypalaryna seret. Ýehowanyň Şaýatlary neşir etdi.

c «Baýdaga tagzym etmek, saýlawda ses bermek we graždan gullugy» diýen goşmaça maglumata seret.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş