Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 2/06 sah. 3—4
  • Adamlara «dünýäniň nury» barada gürrüň beriň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Adamlara «dünýäniň nury» barada gürrüň beriň
  • Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaýyň şöhratly işlerini yglan ediň
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Sen kömekçi pioner bolarmyň?
    Hudaýa gullugymyz — 2013
  • Häzirden köpräk gulluk etmegi planlaşdyryň
    Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Täze gulluk ýyly üçin degerli maksat
    Hudaýa gullugymyz — 2007
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2006
km 2/06 sah. 3—4

Adamlara «dünýäniň nury» barada gürrüň beriň

1. Mukaddes Ýazgylarda haýsy uly yşyk barada öňünden aýdylýar we haýsy waka şol yşyk barada gürrüň bermäge mümkinçilik berýär?

1 Ýehowa Işaýa pygamberi arkaly şeýle diýdi: «Garaňkyda oturan halk, bir uly yşyk gördi. Ölüm ýurdunda we kölegesinde oturanlara yşyk ýalpyldady» (Mat. 4:16). Bu «uly yşyk» Hudaýyň Ogly Isa Mesihiň eden işlerinden görünýär. Onuň ýer ýüzüne gelip, hoş habary wagyz etmegi we özüni gurban bermegi ruhy garaňkylykda oturan adamlaryň göwnüni göterdi. Şeýle yşyk şu garaňky döwürde hem gerek. Rebbiň agşam nahary «dünýäniň nury» hakda gürrüň bermäge mümkinçilik berýär (Ýahýa 8:12). Soňky ýyllar millionlarça adamlar Isanyň: «Muny Meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýen tabşyrygyna gulak asyp, töleg gurbanyna iman edýändigini görkezdiler (Luka 22:19). Şu ýyl hem Ýatlama agşamy golaýlaşýar, şoňa görä-de, Ýehowanyň ýalpyldaýan uly yşygy hakda adamlara nädip gürrüň berip bileris? (Fil. 2:14, 15).

2. Biz töleg gurbanyna nädip minnetdarlygymyzy artdyryp bileris we bu bize nähili täsir eder?

2 Ýürekden minnetdar bol. Ýatlama agşamy geçirilýän aý Ýehowanyň we Isanyň beýik söýgüsi hakynda oýlanmaga örän amatly wagt. Olar söýgüsini adamzat üçin töleg gurbanyny bermek bilen görkezdiler (Ýahýa 3:16; 2 Kor. 5:14, 15). Eger bu baýramçylyk barada oýlansak, minnetdarlygymyz has-da artar. Hudaýyň halky «Ýazgylary her gün öwrenýäris» diýen broşýurada ýörite Ýatlama agşamy üçin berlen aýatlary okamaga wagt tapmak isleýär. Töleg gurbany arkaly Ýehowanyň görkezen ajaýyp häsiýetleri hakynda oýlansak, şeýle Hudaýymyzyň bardygyna has-da guwanarys. Töleg gurbanynyň özümize berýän peýdasy barada oýlansak, Hudaýa we Ogluna ýürekden söýgümiz artar. Şeýle hem Hudaýyň islegini ýerine ýetirmek üçin güýjümizi gaýgyrmarys (Gal. 2:20).

3. Biz Ýatlama agşamyna minnetdarlygymyzy nädip bildirip bileris?

3 Ýehowanyň berýän gutulyşyna minnetdarlygymyz artsa, onda Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlary, ikilenji ideg edýän adamlarymyzy, garyndaşlarymyzy, goňşularymyzy, klasdaşlarymyzy hem-de işgärlerimizi Ýatlama agşamyna çagyrmaga höweslendirer (Luka 6:45). Şeýle-de şol adamlary çagyrmak üçin eliňden gelenini et hem-de ýadyndan çykmaz ýaly, çakylyk hatyny ber. Köp wagyzçylar hiç kimi ýadyndan çykarmaz ýaly Ýatlama agşamyna çagyrjak adamlarynyň sanyny düzýär. Şeýle tertip-düzgünli bolsaň hem-de gyzyklanýan adamlary arman-ýadaman çagyrsaň, onda Ýehowa Hudaýa «çendenaşa sylagy» üçin minnetdarlygyňy bildirdigiň bolar (2 Kor. 9:15).

4. Bize Nowruz we Gurbansoltan aýlarynda köpräk wagyz etmäge näme kömek eder

4 Köpräk wagyz ediň. Sen Nowruz we Gurbansoltan aýlary köpräk wagyz edip bilermiň? «Mesih baradaky hoş habary» adamlara wagyz etseň, Ýehowa hökman bereket berer. Ýehowa ruhy nuruň gözbaşy hökmünde bize «tümlükde nury parlatmagy» tabşyrdy (2 Kor. 4:4—6). Gerek bolsa, ýygnak ýaşululary wagyz üçin duşuşygy dürli wagtda we dürli ýerlerde geçirerler hem-de wagyzçylara köpräk wagyz etmäge ýardam ederler. Meselem, ir ertirine köçede wagyz etmegi we gündiz ýa agşamara adamlaryň işleýän ýerinde ýa-da telefon boýunça wagyz etmegi gurap bilersiňiz. Köpräk wagyz etmek üçin belli bir sagat wagyz etmegi maksat goýmak paýhasly bolar. Köp wagyzçylar bolsa, kömekçi pioner bolmak üçin elinden gelenini edýärler (Kol. 3:23, 24).

5. Kömekçi pioner bolup gulluk etmek üçin sagat sanynyň azalandygy nädip kömek edýär?

5 Sen kömekçi pioner bolup biljekmi? Ýedi ýyl mundan ozal kömekçi pionerleriň sagady azaldyldy. Bu täzelik köp wagyzçylara kömekçi pioner bolup gulluk etmäge mümkinçilik döretdi. Senem synanyşyp gördüňmi? Wagyzçylaryň köpüsi her ýyl kömekçi pioner bolup gulluk edýärler. Köp ýygnaklaryň wagyzçylary bolsa, kömekçi pionerligi bile alýarlar, şeýdip tutuş ýygnak has yhlasly wagyz edýär. Senem Ýatlama agşamy aýlary kömekçi pioner bolup gulluk etmegi planlaşdyryp bilersiňmi? Gurbansoltan aýy munuň üçin örän amatly aý, sebäbi bäş Ruhgüni we bäş Dynçgüni bar.

6. Biz üçin nämeler göz öňüne tutuldy?

6 Nowruz we Gurbansoltan aýlary siziň ýygnagyňyza aýlanýan gözegçi gelmelimi? Bu saňa uly bereket berer. Ýadyňyzda bolsa, 2006-njy gulluk ýylynyň dowamynda aýlanýan gözegçiniň gelýän aýy kömekçi piner bolup gulluk edýän wagyzçylar şol hepde pionerler bilen geçirilýän duşuşygyň birinji bölümüne gatnaşyp biljekdigi aýdylypdy. Elbetde, bu duşuşyk kömekçi pionerlere ruhy taýdan berkäp, pioner bolmaga kömek eder. Ondan başga-da Nowruz aýy «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitap arkaly okuw geçip, adamlara ruhy ýagtylyga çykmaga kömek edip bileris. Belki, seniňem täze kitap boýunça Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlasyň gelýändir?

7, 8. a) Saňa kömekçi pioner bolup gulluk etmäge gün tertibi nädip kömek edýär? b) Maşgalanyň agzybirligi nädip bütin maşgala peýda berýär?

7 Kömekçi pioner hökmünde 50 sagat wagyz etmek isleseň, onda gün tertibiňi her hepde 12 sagat wagyz eder ýaly edip düz. Şu barada pioner bolup gulluk eden we beýleki wagyzçylar bilen maslahatlaş, belki, olaram saňa goşular. Gowy planlaşdyrsaň — ýaş bolsun, garry bolsun — hemme wagyzçylar hem goýan maksadyna ýetip bilerler. Bu barada doga etmeli. Eger-de muny başaryp bilerin öýtseň, onda işleriňi planlaşdyr-da, kömekçi pioner bolup gulluk et! (Mal. 3:10).

8 Köp maşgalalaryň aýtmagyna görä, bütin maşgala goldasa, maşgala agzalarynyň azyndan biri kömekçi pioner bolup biler. Bir maşgalanyň bäş sany suwda çokundyrylan agzasy kömekçi pioner bolup gulluk etmegi ýüregine düwdi. Çagalarynyň ikisi suwda çokundyrylmadyk bolsa-da, köpräk wagyz etmäge çalyşdy. Bu maşgala nähili peýda berdi? Olar şeýle ýazýar: «Bu biz üçin şeýle bir şatlykly aý boldy, sebäbi maşgalanyň dostlugy has-da berkedi. Biz Ýehowanyň beren ajaýyp bereketlerine şükür edýäris!»

9. Biz Ýatlama agşamy geçirilýän aý nurumyzy nädip ýalpyldadyp bilýäris?

9 Nowruz we Gurbansoltan aýlary yhlasly wagyz etsek, onda gökdäki atamyz bilen dostlugymyzy berkidermi? Munuň üçin biziň her birimiz Hudaýa we onuň Ogluna söýgümizi berkidip, köpräk wagyz etmeli. Muny mezmurçy ýaly ýüregimize berk düweliň. Ol şeýle diýdi: «Men Rebbe agzym bilen köp şükür ederin, hawa, agyr mähelle içinde Oňa sena ederin» (Zeb. 109:30). Ýatlama agşamy aýlary Ýehowa biziň yhlasymyza bereket berer. Şeýlelik-de, mundan beýläk hem köp adamlar garaňkylykdan çykyp, «ýaşaýyş nurunda bolar» ýaly uly yşygy ýalpyldadalyň (Ýahýa 8:12).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş