Adamlary öwüp, ýürekden gyzyklanýandygyňy görkez
1 Ýürekden aýdylan öwgüli sözler adamlaryň keýpini göterýär, olary gowy işleri etmäge höweslendirýär hem-de şatlyk getirýär. Köp wagyzçylar wagyzda adamlary ýürekden öwseň, olaryň köplenç diňleýändiklerini aýdýarlar. Biz hoş habary wagyz edenimizde, adamlary nädip öwmeli?
2 Üns ber. Isa Mesih göge göterilenden soň, Kiçi Aziýadaky ýygnaklaryň gowy işlerine üns berdi (Ylh. 2:2, 3, 13, 19; 3:8). Şonuň ýaly bizem wagyz edemizde adamlar bilen ýürekden gyzyklansak, öwmäge mümkinçilik gözläris. Meselem, howly arassa bolsa, ata-enesi çagasyna mähirli garap oturan bolsa ýa-da öý eýesi göwnaçyk we hoşniýetli garşy alsa, öwse bolar. Siz ünsli bolup, şeýle pursatdan peýdalanýaňyzmy?
3 Dykgatly diňle. Wagyzda adamlar öz pikirini aýdar ýaly, ýerlikli sowal ber. Olara hormat goýup, aýdýan zatlaryny ünsli diňle (Rim. 12:10). Şeýtseň, ýürekden öwmäge zat taparsyň we ol bolsa gürrüňi dowam eder ýaly, umumy dil tapmaga kömek eder.
4 Paýhasly bol. Eger öý eýesiniň aýdýan sözleri Mukaddes Ýazgylardaky hakykata gabat gelmese näme etmeli? Nädogry aýdylan zatlara garşylyk görkezmegiň deregine, öý eýesine öz pikirini aýdany üçin minnetdarlyk aýt we «Sizi şu tema has gyzyklandyrýar öýdýän» diýen ýaly sözler bilen gürrüňi dowam et (Kol. 4:6). Hatda adam jedelleşmegi gowy görýän bolsa-da, siz ony tema bilen ýürekden gyzyklanýandygy üçin öwüp bilersiňiz. Şeýdip, ýumşaklyk bilen çemeleşilse, hoş habara berk garşylyk görkezýän ýaly adamlar-da ýumşar (Sül. tym. 25:15).
5 Diňe ýürekden aýdylan öwgüli sözler adama täsir edýär. Şeýle sözler Ýehowa hormat getirýär we adamlary Patyşalyk baradaky habara çekip biler.