Gadyrly, Patyşalygyň wagyzçylary!
Russiýadaky Beýteliň gözegçilik edýän territoriýasynda 2007-nji gulluk ýylynda Patyşalyk işinde gazanylan üstünlikleri görüp, biz örän begenýäris. Russiýada Garaşsyzlyk aýyndan Magtymguly aýyna çenli pionerleriň sany yzyny üzmän köpelip, 20 000-den geçdi! Ýaz aýlary kömekçi pioner bolup gulluk etmeli we wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde wagyz etmeli diýen çagyryşa wagyzçylar gowy seslendiler. 2006-njy ýylyň Türkmenbaşy aýyndan başlap, kömek etmeli ýerlere göçmäge isleg bildiren wagyzçylardan we maşgalalardan Beýtele 240 sany hat geldi. Köpüsi dostlarynyň çakylygy boýunça ýa-da aýlanýan gözegçiniň teklip etmegi bilen göçdüler. Belarusyň we Russiýanyň heniz hiç bir ýygnaga bellenilmedik ýerleri köp. Biz wagyzçylaryň ählisini mundan beýläk hem wagyz edip, gullugyny giňeltmäge çagyrýarys (Ýahýa 4:35—38).
Russiýada «Patyşalyk barada habaryň» nobatdaky sanynyň «Ýalan din tizden ýok ediler!» diýen No.37 kitapçanyň 8 milliondan gowragy ýaýradyldy. Bir pioner wagyz etmeýän suwda çokundyrylmadyk wagyzçy bilen bu kitapça barada gürrüňdeş bolanda, ol 9 ýyl arasy üzülenden soň, ýene-de ýygnak duşuşyklaryna we wagyz etmäge yzygiderli gatnaşyp başlaýar, häzir ol suwda çokundyrylmaga taýynlanýar. Russiýada welaýat kongresine çagyrmagyň bütindünýä kompaniýasy geçirilende, 2006-njy ýyldaky welaýat kongresine 2005-nji ýyla garanda 11 000 adam köp gatnaşdy.
Şeýle kampaniýalar akýürekli adamlara Mukaddes Ýazgylaryň aslynda näme öwredýändigini bilmäge kömek etmek üçin geçirilýär (Mat. 28:19, 20). Wagyz edeniňizde, sähelçe gyzyklanan adamlara-da üns bermegiňizi we Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak üçin ikilenç ideg etmegiňizi haýyş edýäris. Biz Patyşalyk işinde siziň bilen bile eginme-egin zähmet çekýändigimize begenýäris. Size gyzgyn doganlyk söýgimizi bildirýäris.
Siziň doganlaryňyz,
Russiýadaky Beýtel