«Şu adamy idemegi haýyş edýäris» (S-43 U) resmikagyzynyň ulanylyşy
Bu resmikagyz başga ýerden gelen ýa-da daşary ýurt dilinde gepleýän adam hakykat bilen gyzyklananda doldurylýar. Öň bu resmikagyzy daşary ýurt dilinde gepleýän adam hakykat bilen gyzyklansa-gyzyklanmasa-da doldurylýardy. Emma häzir diňe adam gyzyklanan ýagdaýynda doldurylýar. Ýöne lal adama duşanda, hakykat bilen gyzyklanmasa-da, S-43 U resmikagyzyny doldurmaly.
Bu resmikagyzy dolduransoň näme etmeli? Ony ýygnagyň kätibine bermeli. Eger ol haýsy ýygnaga bermelidigini bilýän bolsa, onda gyzyklanan adamyň ruhy taýdan aladasyny etmek üçin, şol ýygnagyň ýaşulysyna berip biler. Eger bilmeýän bolsa, onda filiala ibermeli.
Eger daşary ýurt dilinde gepleýän adam siziň ýygnagyňyzyň territoriýasynda ýaşaýan bolsa, şol dili bilýän wagyzçy bilen tanyşdyrýançaňyz, ol adamy özüňiz ideg etmegi dowam ediň (Seret km 11/09 sah. 4).