Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • Ýermeýa 42
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

Ýermeýa kitabynyň mazmuny

      • Halk Ýermeýa doga et diýip ýalbarýar (1—6)

      • Ýehowa Müsüre gitmäň diýýär (7—22)

Ýermeýa 42:1

Parallel aýatlar

  • +Ýer 40:13, 14

Ýermeýa 42:2

Parallel aýatlar

  • +5Ms 28:62

Ýermeýa 42:8

Parallel aýatlar

  • +Ýer 41:16

Ýermeýa 42:10

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: Men ökünip, betbagtçylyk indermerin.

Parallel aýatlar

  • +5Ms 32:36; Ýer 18:7, 8; Mik 7:18

Ýermeýa 42:11

Parallel aýatlar

  • +Ýer 41:17, 18

Ýermeýa 42:12

Parallel aýatlar

  • +2Ms 34:6

Ýermeýa 42:14

Parallel aýatlar

  • +Ýer 43:4, 7

Ýermeýa 42:16

Parallel aýatlar

  • +5Ms 28:45; Ýer 44:12—14, 27, 28

Ýermeýa 42:18

Parallel aýatlar

  • +2Pa 25:8—10; 2Tr 34:24, 25; 36:16, 17; Agy 2:4
  • +Ýer 29:18

Ýermeýa 42:20

Parallel aýatlar

  • +Ýer 42:1, 2

Ýermeýa 42:21

Parallel aýatlar

  • +2Tr 24:19; Neh 9:26; Zek 7:11

Ýermeýa 42:22

Parallel aýatlar

  • +Ýer 43:10, 11

Umumy salgylar

Ýer. 42:1Ýer 40:13, 14
Ýer. 42:25Ms 28:62
Ýer. 42:8Ýer 41:16
Ýer. 42:105Ms 32:36; Ýer 18:7, 8; Mik 7:18
Ýer. 42:11Ýer 41:17, 18
Ýer. 42:122Ms 34:6
Ýer. 42:14Ýer 43:4, 7
Ýer. 42:165Ms 28:45; Ýer 44:12—14, 27, 28
Ýer. 42:182Pa 25:8—10; 2Tr 34:24, 25; 36:16, 17; Agy 2:4
Ýer. 42:18Ýer 29:18
Ýer. 42:20Ýer 42:1, 2
Ýer. 42:212Tr 24:19; Neh 9:26; Zek 7:11
Ýer. 42:22Ýer 43:10, 11
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
Mukaddes Kitap
Ýermeýa 42:1—22

Ýermeýa

42 Soňra goşunbaşylar, Kareýiň ogly Ýohanan+, Hoşaýaryň ogly Ýeznap we halkyň uludan⁠-⁠kiçisi gelip, 2 Ýermeýa pygambere şeýle diýdiler: «Haýyş edýäris, Ýehowa Hudaýyňa biziň üçin, aman galan adamlar üçin ýalbaryp doga et. Özüňem görüp dursuň, uly halkdan sanlyja adam galdy+. 3 Goý, seniň Hudaýyň Ýehowa bize ýöremeli ýolumyzy görkezsin we näme etmelidigimizi aýtsyn».

4 Ýermeýa pygamber olara şeýle jogap berdi: «Siziň haýyşyňyzy ýerine ýetirerin, Ýehowa Hudaýa doga ederin. Ýehowanyň her bir sözüni, ýekejesini⁠-⁠de gaçyrman aýdaryn, hiç zat gizlemerin».

5 Olar Ýermeýa jogap berip, şeýle diýdiler: «Goý, Ýehowa dogruçyl we wepaly şaýat bolsun. Biz Ýehowa Hudaýyň sen arkaly aýdan ähli sözlerini ýerine ýetireris. 6 Ýagşy bolsa⁠-⁠da, ýaman bolsa⁠-⁠da, Ýehowa Hudaýymyza gulak asarys. Biz seniň üstüň bilen Hudaýa ýalbardyk. Indi işimiz ugruna bolar, sebäbi Ýehowa Hudaýymyza gulak asýarys».

7 On günden Ýehowa Ýermeýa bilen gepleşdi. 8 Ol Kareýiň ogly Ýohanany, goşunbaşylary we uludan⁠-⁠kiçä ähli adamlary çagyrdy+. 9 Pygamber olara şeýle diýdi: «Siz menden Hudaýyň huzuryna baryp, ýalbarmagy haýyş etdiňiz. Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: 10 „Eger ýurtda galsaňyz, men sizi ýykmaryn, gaýtam dikelderin; köküňiz bilen sogurmaryn, gaýtam ekerin. Başyňyza betbagtçylyk indermekden el çekerin*+. 11 Siz Wawilon patyşasyndan gorkýarsyňyz+, ýöne ondan gorkmaň.

Ondan heder etmäň — muny Ýehowa aýdýar. — Men siziň bilen bolaryn, sizi halas ederin, onuň elinden gutararyn. 12 Men size rehim ederin+, ol hem size rehim eder, siz dogduk mekanyňyza dolanarsyňyz“.

13 Eger siz: „Ýok, biz ýurtda galmarys! — diýip, Ýehowa Hudaýyňyza gulak asmasaňyz, 14 — biz Müsüre gideris+, ol ýerde söweş surnaýyny eşitmeris, çörege zar bolman ýaşarys“ diýseňiz, 15 onda ýahuda halkynyň aman galanlary, Ýehowanyň sözüni diňläň! Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Eger siz Müsüre gitmegi, ol ýerde ýaşamagy ýüregiňize berk düwen bolsaňyz, 16 onda siziň gorkýan gylyjyňyz Müsürde başyňyzdan iner, gorkýan açlygyňyz Müsüre çenli yzyňyzdan kowalar. Şeýdip, ol ýerde ölersiňiz+. 17 Müsüre gitmegi we ol ýerde ýaşamagy ýüregine düwen her kes gylyçdan, açlykdan we mergiden öler. Olaryň hiç biri diri galmaz, başyna inderjek betbagtçylygymdan gaçyp gutulmaz“.

18 Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Gahar⁠-⁠gazabymyň Iýerusalimiň ilatynyň başyndan inişi ýaly+, Müsüre gidenleriň hem başyndan iner. Sizi görenler gorkudan ýaňa sandyrarlar, sizi näletlärler, ýaňsylarlar we gargarlar+. Indi siz ýurdy hiç haçan görmersiňiz“.

19 Ýahuda halkynyň aman galanlary! Ýehowa size Müsüre gitmäň diýýär. Şu günki aýtjak sözlerimi berk belläň. 20 Eger ýalňyşlyk goýberseňiz, janyňyzdan mahrum bolarsyňyz. Siz meni Ýehowa Hudaýyň ýanyna iberip: „Biziň üçin Ýehowa Hudaýymyza ýalbar. Ýehowa Hudaýymyzyň habaryny aýt. Bizem olary ýerine ýetireris“+ diýdiňiz. 21 Men şu gün size Hudaýyň habaryny aýdýaryn, ýöne siz Ýehowa Hudaýa gulak asmarsyňyz, men arkaly aýdýan sözlerini ýerine ýetirmersiňiz+. 22 Şuny bilip goýuň, ýaşamaga gitjek bolýan ýurduňyzda gylyçdan, açlykdan we mergiden ölersiňiz»+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş