Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • fg sap. 10 soraglar 1—4
  • Siz hakyky dini nädip tapyp bilersiňiz?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Siz hakyky dini nädip tapyp bilersiňiz?
  • Hudaýyň hoş habary
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaýa ýaraýan sežde
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Hakyky dini nädip tapmaly?
    Hudaý bizden näme talap edýär?
  • Hakyky dini nädip tapmaly?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Hakyky dini nädip tapmaly?
    Sen Hudaýyň dosty bolup bilersiň!
Başgalary
Hudaýyň hoş habary
fg sap. 10 soraglar 1—4

10-NJY SAPAK

Siz hakyky dini nädip tapyp bilersiňiz?

1. Ýeke-täk hakyky din barmy?

«Ýalan pygamberlerden ägä boluň» (MATTA 7:15).

Isa şägirtlerine ýeke-täk hakyky diniň bardygyny öwredipdi. Hakyky dini ebedi ýaşaýşa eltýän ýol bilen deňeşdirse bolýar. Isa pygamber bu ýoly «tapýanlar azdyr» diýdi (Matta 7:14). Allatagala diňe Mukaddes Ýazgylara esaslanan seždäni kabul edýär. Diýmek, Hudaýyň hakyky gullukçylarynyň ählisi bir dine uýýarlar. Ýahýa 4:23, 24; 14:6; Efesliler 4:4, 5-nji aýatlary okaň.

2. Isa ýalan mesihçiler barada näme diýdi?

«Olar Hudaýy tanaýandyklaryny iliň öňünde aýdýarlar, emma edýän işleri bilen Hudaýdan ýüz öwürýärler» (TITUS 1:16).

Isa mesihçileriň arasynda ýalan mugallymlaryň peýda boljakdygyny duýdurdy. Bu ýalan mugallymlar göräýmäge hakyky gullukçylara meňzeýärler we özlerine mesihçi diýýärler. Emma olaryň hakyky mesihçidigini ýa-da däldigini bilip bolýar. Nädip? Hakyky mesihçileri gowy häsiýetlerinden we özlerini alyp barşyndan tanap bolýar. Matta 7:13—23-nji aýatlary okaň.

3. Hudaýyň hakyky gullukçylaryny nädip tanap bolýar?

Aşakda getirilen bäş aýratynlyk olary tanamaga kömek edýär:

  • Hakyky dine uýýanlar Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň Sözüdigine ynanýarlar. Olar Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler boýunça ýaşamaga jan edýärler. Diýmek, hakyky din adamlaryň pikirlerine esaslanan dinlerden düýbünden tapawutlanýar (Matta 15:7—9). Hudaýyň hakyky gullukçylary öwredýän zatlaryny durmuşynda ulanýarlar. Ýahýa 17:17; 2 Timoteos 3:16, 17-nji aýatlary okaň.

  • Hudaýyň gullukçysy Mukaddes Ýazgylardan gürrüň berýär. Ol Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berýär, tebigy betbagtçylyga uçranlara we gartaşanlara kömek edýär.

    Hakyky dine uýýanlar Allatagalanyň adyny şöhratlandyrýarlar. Isa adamlara Hudaýyň ady barada gürrüň berip, ony şöhratlandyrýardy. Ol adamlara Hudaýy tanamaga kömek edýärdi we Onuň adyny şöhratlandyrmagy öwredýärdi (Matta 6:9). Siziň ýaşaýan ýeriňizde kimler Hudaýyň ady hakda wagyz edýär? Zebur 8:1; Ýahýa 17:26-y okaň.

  • Allatagalanyň hakyky gullukçylary Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýärler. Allatagala Isany Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmäge iberdi. Hudaýyň Patyşalygy adamzat kynçylyklaryny çözüp biljek ýeke-täk hökümetdir. Isa iň soňky demine çenli bu Patyşalyk barada wagyz edipdi (Luka 4:43; 8:1; 23:42, 43). Ol şägirtleriniň hem bu hakda wagyz etjekdigini aýtdy. Şu günler Hudaýyň Patyşalygy barada kimler wagyz edýär? Matta 24:14-i okaň.

  • Hakyky dine uýýanlar bu zalym dünýäniň işlerine goşulmaýarlar. Olar syýasy işlere, dawalara we jemgyýetde döreýän gozgalaňa gatnaşmaýarlar (Ýahýa 17:16; 18:36). Şeýle-de olar dünýäniň ahlaksyz işlerinden we ýaramaz pikirlerinden gaça durýarlar. Ýakup 4:4-i okaň.

  • Hudaýyň hakyky gullukçylary birek-birege söýgi bildirýärler. Olar Hudaýyň Sözüni okap, ähli milletli adamlara hormat goýmagy öwrenýärler. Ýalan dinler köplenç milletara uruşlary goldaýarlar. Emma Hudaýyň hakyky gullukçylary olara goşulmaýarlar (Mika 4:1—3). Hawa, olar başgalara kömek etmek we göwünlik bermek üçin öz wagtyny hem-de serişdesini ýürekden sarp edýärler. Ýahýa 13:34, 35; 1 Ýahýa 4:20-ni okaň.

4. Siz hakyky dini nädip tapawutlandyryp bilersiňiz?

Haýsy diniň taglymatlary Hudaýyň Sözüne esaslanýar we Allatagalanyň adyny şöhratlandyrýar? Kimler adamzadyň ýeke-täk umydy bolan Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýär? Kimler ähli adamlary söýüp, uruşlara gatnaşmaýar? Siziň pikiriňizçe, bu zatlary kimler ýerine ýetirýär? 1 Ýahýa 3:10—12-nji aýatlary okaň.

«Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabynyň 15-nji babyndan köpräk maglumat tapyp bilersiňiz.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş