Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/6 sah. 19
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa «ýakynda bolmaly zatlary» aýan edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Syýasy dawalar baradaky pygamberlik ýerine ýetýär
    Dürli temalar
  • Mukaddes Kitabyň pygamberliklerini öwreniň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/6 sah. 19

Okyjylaryň sowallary

Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlige görä, ýedinji Iňlis-Amerikan dünýä şalygy haçan höküm sürüp başlady?

▪ Nebukadnezar patyşanyň gören äpet heýkeli ähli dünýä imperiýalaryny aňlatmaýar (Dan. 2:31—45). Bu Daniýel pygamberiň ýaşan döwründen başlap, Hudaýyň halkyna täsir eden bäş imperiýany suratlandyrýar.

Daniýel pygamberiň düşündirişine görä, Iňlis-Amerikan dünýä şalygy Rim imperiýasyndan soň peýda boldy. Daniýel bu heýkeliň aýagyndan tä dabanynyň barmaklaryna çenli demirden ýasalandygyny aýtdy (onuň dabany we barmaklary toýun bilen demir gatyşykly)a. Bu görnüşde demir aýak Iňlis-Amerikan dünýä şalygyny aňladýar. Taryh munuň dogrudygyny subut edýär. Britaniýa Rim imperiýasynyň agalygyndan azat bolup, XVIII asyryň aýagynda aýratyn imperiýa boldy. Soňra, ABŞ-da ösüp, güýçli ýurt boldy. Emma şol wagt Mukaddes Ýazgylaryň pygamberligine görä, ýedinji dünýä imperiýasy döremändi. Näme üçin? Sebäbi Britaniýa ABŞ bilen bile höküm sürmeýärdi. Olar Birinji jahan urşunda birleşdi.

ABŞ-da «patyşalygyň ogullary» yhlasly gulluk edip başlanda, Bruklinde (Nýu-Ýork) guramanyň baş edarasy açyldy (Mat. 13:36—43). Mesh edilen mesihçiler Britaniýa imperiýasyna degişli ýurtlarda yhlasly wagyz edýärdi. Birinji jahan urşunda Britaniýa we ABŞ syýasy duşmanlaryna garşy göreşip, olaryň arasy has-da berkedi. Şeýle-de olar urşuň döreden milletparazlygyny öňe sürüp, wagyz işine ýolbaşçylyk edýän doganlary türmä basyp, olaryň edebiýatlaryny gadagan edip, «aýalyň» neslinden galanlara garşy uruşdy (Ylh. 12:17).

Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlige görä, XVIII asyryň aýagynda Britaniýa imperiýa bolanda, ýedinji dünýä imperiýasy döremändi. Ol Isa Mesih höküm sürüp başlanda döredib.

[Çykgytlar]

a Gatyşan toýun we demir elementleri Iňlis-Amerikan dünýä şalygyna degişli adamlary aňladýar. Wagtyň geçmegi bilen, toýna meňzeş elementler güýjäp, gowşap barýan Iňlis-Amerikan dünýä şalygynyň täsirini güýçlendirýär.

b Bu barada «Daniýeliň pygamberligi» (rusça) kitabynyň 57-nji sahypasyndaky 24-nji abzasda we 56, 139-njy sahypalaryndaky suratda köpräk maglumat tapyp bilersiňiz.

[19-njy sahypadaky surat]

1918-nji ýylyň iýun aýynda «Garawul diňiniň» baş edarasynda gulluk edýän sekiz dogany türmä basdylar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş