«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
ÝANWAR 4—10
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 3 MUSA 18, 19
«Ahlak taýdan arassa boluň»
Şeýtanyň duzagyna düşmekden ägä boluň
Ýehowa goňşy halklaryň ahlaksyzlyga baş goşýandygyny aýdyp, ysraýyllylara şeýle diýdi: «Sizi alyp barýan ýurdum bolan Kenganyň adatlaryna eýermäň... ýurt harama çykdy. Men ýurdy etmişleri üçin jezalandyraryn» (Lew. 18:3, 25). Ysraýylyň mukaddes Hudaýy Ýehowa kenganlylaryň edýän işlerini şeýle bir ýigrenýärdi welin, ýurdy haram hasaplaýardy.
Ýehowa halkyna ýolbaşçylyk edýär
13 Ysraýyllylaryň wepaly patyşalary beýleki halklaryň ýolbaşçylaryndan düýbünden tapawutlanýardy. Sebäbi ynsan akyldarlygy bilen dolandyrýan ýolbaşçylaryň düşünjeleri çäklidi. Meselem, kenganlylar ýakyn garyndaşlary, haýwanlar bilen we başga-da azgyn jyns gatnaşyklary edýärdiler, çagalary gurban berýärdiler, nejis butparazlyk bilen meşgullanýardylar (Lew. 18:6, 21—25). Wawilon bilen müsür halkynyň ýolbaşçylary bolsa Hudaýyň ysraýyl halkyna beren we ylmy taýdan tassyklanan arassaçylyk baradaky tabşyryklaryna eýermeýärdi (San. 19:13). Emma Hudaýyň halky öz ýolbaşçylarynyň ruhy, ahlak we beden taýdan arassaçylygy goldaýandyklaryny görýärdi. Dogrudan-da, Ýehowanyň olara ýolbaşçylyk edýändigi aýdyň görünýärdi.
Hudaý erbetligi näme eder?
Eýsem, kesirlik bilen durmuşyny üýtgetmek islemeýän we erbet işleri etmegini dowam edýän adamlara näme bolar? Hudaýyň şu wadasy hakda oýlanyň: «Sebäbi ýer ýüzünde dogruçyl, Hudaýa wepaly adamlar ýaşar. Erbetler ýer ýüzünden ýok ediler, dönükler hem sogrulyp taşlanar» (Nakyllar 2:21, 22). Şonda erbet adamlaryň täsirinden azat bolarys. Şeýle parahat şertlerde Hudaýa gulak asýan adamlar kem-kemden bikämillikden azat bolar (Rimliler 6:17, 18; 8:21).
Ruhy dürdäneler
«Men seniň kanunyňy nähili söýýärin!»
11 Musanyň kanunynda hasylyň galyndysyny ýygnamak baradaky kanun Hudaýyň halkynyň aladasyny edýändigini görkezýär. Ýehowa ysraýylly daýhanlara meýdandaky hasylyny ýygnanlarynda, yzynda azajygyny galdyrmagy tabşyrdy. Daýhanlar meýdandaky hasylynyň hemmesini, üzümdir zeýtunyň galyndysyny ýygnap almaýardylar. Eger-de bugdaýyň dessesi meýdanda galsa, olar dolanyp almaly däldi. Olary Ýehowa garyplara, gelmişeklere, dul hatynlara we ýetimlere galdyrmagy tabşyrdy. Olar gallanyň galyndysyny ýygnap, agyr zähmet çekseler-de, bu olary zat dilemäge mejbur etmeýärdi (Lewililer 19:9, 10; Kanunyň gaýtalanyşy 24:19—22; Zebur 37:25).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
w02 1/2 sah. 29
Okyjylaryň sowallary
Mesihçiler Töwratdaky ýakyn garyndaşyň bilen durmuş gurmazlyk baradaky tabşyryga eýermelimi?
Ýehowanyň ysraýyl halkyna beren kanunynda durmuş gurmak barada kän zat aýdylmaýar. Ýöne Ýehowa durmuş gurmak bilen bagly käbir anyk tabşyryklary berdi. Mysal üçin, 3 Musa 18:6—20-nji aýatlarda «ýakyn garyndaşyň» bilen durmuş gurmaly däldigi aýdylýar. Şu aýatlardan görnüşi ýaly, ýakyn garyndaş bolan adamlar jynsy gatnaşyk etmeli däl. Elbetde, biz Töwratdaky tabşyryklar boýunça ýaşamaýarys (Efesliler 2:15; Koloslylar 2:14). Ýöne biz kim bilen durmuş gurmalydygy barada karara gelenimizde, ondaky maslahatlara göz ýummaly däl. Munuň birnäçe sebäbi bar.
Birinjiden, mesihçiler ýakyn garyndaşy bilen durmuş gurmak meselesinde ýaşaýan ýeriniň kanunlaryna eýermäge borçly (Matta 22:21; Rimliler 13:1). Elbetde, şol kanunlar her ýurtda her hili. Şeýle kanunlaryň köpüsi, esasan, adamyň geni bilen bagly. Bilşimiz ýaly, ýakyn garyndaşy bilen durmuş gurýan adamlaryň çagalary maýyp ýa-da kesel bolup dogulýar. Ine, şu sebäbe görä hem-de «ýokary häkimiýetlere tabyn bolmalydygy» üçin, mesihçiler durmuş guranda ýerli kanunlara eýerýärler.
Ikinjiden, her medeniýetde ýerlikli we ýerliksiz hasaplanýan zatlar bar. Şeýle-de ganybir garyndaşlaryň arasynda durmuş gurmak babatda her medeniýetiň öz tertip-düzgüni we däp-dessurlary bar. Köplenç ýakyn garyndaşlar durmuş gursa, olaryň gany gatyşýar diýýärler. Şonuň üçin şeýle nikalar gadagan edilýär. Ýakyn garyndaşlaryň arasyndaky nika babatda her medeniýetiň öz garaýşy bolsa-da, «Britan ensiklopediýasynda» aýdylmagyna görä, «garyndaşlar biri-birine näçe ýakyn bolsa, şonça-da geljekki nesil üçin howp has güýçli bolýar». Diýmek, mesihçiler hatda şeýle howp abanmasa-da, ýerli däp-dessurlary we ýaşaýan ýerindäki adamlaryň duýgularyny äsgermezçilik edip, Hudaýyň adyna we mesihçiler ýygnagynyň abraýyna ysnat getirmek islemeýärler (2 Korinfliler 6:3).
Üçünjiden, Hudaý hemme adama ynsap berdi. Adamlar ýagşy-ýamany saýgarmak ukyby bilen dogulýar (Rimliler 2:15). Ynsap adama edýän işleriniň ýerlikli ýa ýerliksizdigini, gowy ýa-da erbetdigini duýdurýar. Emma ol kütelen ýa ölen bolsa, hiç zat duýdurmaýar. Ýehowa hem şony göz öňünde tutup, ysraýyllara ýakyn garyndaşyň bilen durmuş gurmagy gadagan edýän kanuny berende, şeýle diýdi: «Çykyp gaýdan Müsür ýurduňyzda we indi barjak Kengan ýurduňyzda ýaşaýan halklaryň işlerini etmäň. Olaryň däp-dessurlaryna eýermäň» (3 Musa 18:3). Mesihçiler şu dünýäde giňden ýaýran erbet garaýşyň Mukaddes Kitabyň esasynda terbiýelenen ynsabyna täsir etmegine ýol bermeýärler (Efesliler 4:17—19).
Biz mundan näme öwrenýäris? Biz Töwratdaky tabşyryklar boýunça ýaşamasak-da, ynsabymyz ýakyn garyndaşlaryň bilen, ýagny kakasy bilen gyzynyň, ejesi bilen oglunyň ýa-da iki süýtdeş doganyň durmuş gurmagynyň nädogrudygyny duýdurýara. Uzagrak garyndaşlaryň bilen durmuş gurmak babatda bolsa, biz ýaşaýan ýurdumyzyň kanunlaryny we ýerli halkyň garaýşyny göz öňünde tutmaly. Şeýle-de Mukaddes Kitapdaky: «Goý, hemmeler maşgala ojagyna hormat goýsun» diýen tabşyryga eýermeli (Ýewreýler 13:4).
ÝANWAR 11—17
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 3 MUSA 20, 21
«Ýehowanyň halky şu dünýäden tapawutlanýar»
w04 15/10 sah. 11, abz. 12
Seniň Jennetde ýaşamak umydyň berkmi?
12 Biz bir zady hiç haçan ýadymyzdan çykarmaly däl. Hudaý ysraýyllara şeýle diýipdi: «Şu günki berýän ähli tabşyryklarymy berjaý ediň. Şonda güýçli halk bolarsyňyz, derýadan geçip, ýurdy miras alarsyňyz» (5 Musa 11:8). 3 Musa 20:22, 24-nji aýatlarda hem şol ýurt hakda aýdylýar: «Ähli kada-kanunlarymy we hökümlerimi berjaý edip ýaşaň. Şonda berjek ýurdumdan kowulmarsyňyz. Şol sebäpli: „Olaryň ýurduny siz eýelärsiňiz. Size süýt bilen bal akýan ýurdy mülk edip bererin“». Görşümiz ýaly, Wada edilen ýurda geçmek üçin ysraýyllar Ýehowa Hudaý bilen gowy gatnaşykda bolmalydy. Emma olar Ýehowa gulak asmadylar, şol sebäpli Hudaý wawilonlylara olaryň ýurduny basyp alyp, sürgün edilmegine ýol berdi.
it «Miras»
Miras
Adam ölensoň, yzynda galan islendik emläge «miras» diýilýär. Muňa adamyň ene-atasyndan ýa-da ata-babalaryndan galan miras hem degişli. Köplenç na·halʹ diýen ýewreý işligi (at görnüşinde na·halahʹ) ulanylýar. Adatça, miras ýa mülk hökmünde birine bir zat berlende ýa-da alnanda, tertip boýunça nesilden-nesle edilýärdi (4Ms 26:55; Hyz 46:18). Käte «mirasdüşer» sözi gelende, ya·rashʹ diýen işlik ulanylýar. Ýöne köplenç bu işlik bir zada eýe çykmak manyda ulanylýar (1Ms 15:3; 3Ms 20:24). Şeýle-de bu sözüň «basyp almak, kowup çykarmak» diýen ýaly söweş bilen bagly manylary hem bar (5Ms 2:12; 31:3). Miras bilen bagly ulanylýan başga-da grek sözleri bar. Meselem, grekçe kleʹros sözi ilkibaşda «bije» diýip terjime edilýärdi, ýöne wagtyň geçmegi bilen «paýlaşmak», soňra bolsa «miras» diýip terjime edilip başlandy (Mat 27:35; Res 1:17; 26:18).
it «Guşlar»
Guşlar
Tupandan soň Nuh pygamber başga haýwanlar bilen bilelikde «halal guşlary» gurban getirip başlady (1Ms 8:18—20). Şondan soň Hudaý adamlara guşlaryň etini iýmäge rugsat berdi, ýöne olary gany bilen iýmeli däldi (1Ms 9:1—4; 3Ms 7:26; 17:13-nji aýatlary deňeşdiriň). Şol döwür haýsy guşlaryň «halal» hasaplanýandygy Hudaýa gurban berse bolýandygyndan ýa-da bolmaýandygyndan anyklanan bolmaly. Mukaddes Kitapdaky wakalardan görnüşi ýaly, iýilmäge rugsat berlen guşlaryň hiç biri Musanyň kanuny güýje girýänçä, «haram» hasaplanmaýardy (3Ms 11:13—19, 46, 47; 20:25; 5Ms 14:11—20). Mukaddes Kitapda guşlaryň nämäniň esasynda haram hasaplanandygy barada hiç zat aýdylmaýar. Haram hasaplanan guşlaryň köpüsi ýyrtyjydy we zir-zibil iýýärdi, ýöne hemmesi beýle däldi (serediň: HÜÝPÜÝPIK). Täze äht baglaşylansoň, Hudaýyň Petrus resula görnüşde görkezişi ýaly, haram hasaplanýan guşlary iýmezlik baradaky tabşyryk aýryldy (Res 10:9—15).
Ruhy dürdäneler
it «Kesmek»
Kesmek
Hudaýyň kanunynda ölüler üçin endamyňy kesmek gadagan edilýärdi (3Ms 19:28; 21:5; 5Ms 14:1). Bu tabşyrygyň berilmeginiň sebäbi, ysraýyllar Ýehowanyň saýlan mukaddes we eziz halky hasaplanýardy (5Ms 14:2). Şonuň üçin ysraýyllar butparazlyk bilen bagly islendik zatdan gaça durmalydylar. Olar ölüleriň ýagdaýy we direlişe bolan umyt barada gowy bilýärdi. Şol sebäpli ölen adam üçin gynanyp, öz teniňe zyýan ýetirmek akylsyzlykdy (Dan 12:13; Ýew 11:19). Şeýlelikde, tenine zyýan ýetirmezlik baradaky tabşyryk ysraýyllary Hudaýyň ýaradan ynsan bedenine hormat goýmaga höweslendirýärdi.
ÝANWAR 18—24
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 3 MUSA 22, 23
«Baýramçylyklardan näme öwrenýäris?»
it «Petir baýramy»
Petir baýramy
Petir baýramynyň birinji güni halk dabaraly ýagdaýda ýygnanyşýardy. Şol güni Sabat güni hasaplaýardylar. Baýramçylygyň ikinji güni, ýagny 16-njy nisanda olar Palestinada ösdürilen hasylyň ilkinji desselerini ruhana getirip berýärdiler. Şoňa çenli hiç kim täze hasyldan çörek bişirip ýa gowrup iýmeli hem däldi, şerap edip içmeli hem däldi. Ruhany bolsa hasylyň ilkinji dessesini Ýehowa hödürlemek üçin ony eýläk-beýläk galgadýardy. Soňra ýakma gurbanlygy hökmünde şikessiz erkek tokly bermelidi we ýany bilen ýaga garylan ýokary hilli un we şerap sadakasyny getirmelidi (3Ms 23:6—14). Hudaý gurbanlyk ojagynda dänäni hem-de uny ýakmagy tabşyrmandy, ýöne soňra ruhanylar şeýle edýärdi. Baýramçylyk döwri hasylyň ilkinji miwesini diňe bir jemagat ýa-da tutuş halk däl-de, aýry-aýry maşgalalar we minnetdarlyk gurbanlyklaryny hödür etmek üçin Ysraýylda mülki bolan adamlar hem berip bilýärdi (2Ms 23:19; 5Ms 26:1, 2; serediň: EKINIŇ ILKINJI HASYLY).
Manysy. 2 Musa 12:14—20-nji aýatlarda aýdylyşy ýaly, ysraýyllar şol döwür Ýehowanyň Musa tabşyryşy ýaly petir çörek iýýärdiler. 19-njy aýatda bu babatda berk tabşyryk berilýär: «Ýedi günläp öýüňizde hiç hili hamyrmaýa goýmaň». Petir baýramy ysraýyllara Müsürden howlugyp çykan wagtyny ýatladýardy (şol wagt olaryň hamyry ajatmaga wagty ýokdy) (2Ms 12:34). Şeýdip, olar gören görgülerini we gulçulykdan azat bolan döwrüni ýatlaýardylar. Sebäbi Ýehowanyň hut özi şeýle diýipdi: «Şonda azap çeken döwrüňiz we Müsürden çykan günüňiz hiç wagt ýadyňyzdan çykmaz» (5Ms 16:3). Dogrudan-da, ysraýyllaryň her ýyl bellän ilkinji üç uly baýramçylygynda halk hökmünde azatlyga çykandygy we Halasgär Hudaýy Ýehowanyň eden işleri hakda oýlanmagy ýerliklidi (5Ms 16:16).
it «Pentikost»
Pentikost
Bugdaý hasylynyň ilkinji miwesiniň getirilişi arpanyňkydan tapawutlanýardy. Iki jam (4,4 l) ýokary hilli una hamyrmaýa goşup, iki sany çörek bişirmelidi. Ysraýyllar çörekleri öz «öýünden» getirýändigi sebäpli, olary mukaddes gulluk üçin taýýarlanýan ýörite çörekler ýaly däl-de, adaty çörek ýaly bişirmelidi (3Ms 23:17). Çörekler bilen bilelikde ýakma gurbanlygyny, günä gurbanlygyny we parahatlyk gurbanlygy hökmünde iki sany toklyny hödürlemelidi. Ruhany iki toklynyň böleklerini we ilkinji hasyldan bişirilen çörekleri Ýehowanyň öňünde eýläk-beýläk galgatmalydy. Bu şol zatlaryň Ýehowa hödürlenýändigini görkezýärdi. Soňra olar parahatlyk gurbanlygy hökmünde iýer ýaly ruhana berilýärdi (3Ms 23:18—20).
Siz Ýehowanyň guramasy bilen öňe ýöreýärsiňizmi?
11 Ýehowanyň guramasy biziň aladamyzy edip, Pawlus resulyň beren maslahatyna eýermäge höweslendirýär: «Birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrjak bolalyň. Käbirleriniň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagy goýman, gaýtam, ol günüň golaýlaýanlygyny näçe görseňiz, şonça-da biri-birimizi ruhlandyralyň» (Ýew. 10:24, 25). Her ýylky baýramçylyklar we Ýehowa sežde etmek üçin geçirilýän başga-da duşuşyklar ysraýyllylary ruhy taýdan berkidýärdi. Şeýle-de Nehemýanyň günlerinde geçirilen Çatma baýramy ýaly baýramçylyklar ysraýyllylary örän begendirýärdi (Müs. çyk. 23:15, 16; Neh. 8:9—18). Biz hem ýygnak duşuşyklaryna we kongreslere gatnaşyp, köp bereketleri alýarys. Şol sebäpli ruhy taýdan sagdyn we bagtly bolar ýaly, geliň, guramanyň çärelerine doly gatnaşalyň (Titus 2:2)
Ruhy dürdäneler
Aýypsyzlygyňyzy saklaň
3 Biz Hudaýyň gullukçylary hökmünde aýypsyzlygymyzy saklaýandygymyzy Ýehowany bütin ýüregimiz bilen söýüp we doly wepaly galmak bilen görkezýäris. Şonda biz her bir gelýän kararymyzda Hudaýyň islegini göz öňünde tutarys. Geliň, aýypsyzlyk sözüniň näme aňladýandygyny bileliň. Mukaddes Ýazgylarda agzalýan «aýypsyzlyk» sözüniň, esasan, doly, kemçiliksiz ýa-da bitewi diýen manylary bar. Meselem, ysraýyllylar Ýehowa mal gurbanyny berende, Kanuna görä ol şikessiz bolmalydy (Lew. 22:21, 22). Hudaýyň halky bir aýagy, gözi ýa-da gulagy şikesli we başga keselli maly gurban getirmeli däldi. Ýehowa birkemsiz, şikessiz ýa-da ýaralanmadyk maly gurban getirmek gaty wajypdy (Mal. 1:6—9). Elbetde, biz Ýehowanyň näme üçin birkemsiz ýa-da şikessiz maly talap edýändigine gaty gowy düşünýäris. Sebäbi biziň özümizem gök-önüm, kitap ýa-da bir gural satyn alanymyzda, zaýa ýa-da bir ýeri kem bolsa, satyn almak islemeýäris. Biz hemme ýeri abat, gowy we bitewi zady alasymyz gelýär. Şonuň ýaly, Ýehowa-da biziň oňa söýgi bilen we wepaly gulluk etmegimizi isleýär. Başgaça aýdanyňda, biziň gullugymyz doly, birkemsiz ýa-da bitewi bolmaly.
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Okyjylaryň sowallary
Ysraýyllaryň ähli erkekleri Petir baýramyna gidende hasyl ýygymy başlanýardy. Onda mukaddes çadyra getirilýän hasylyň ilkinji desselerini kim ýygnaýardy?
Töwratda şeýle diýilýär: «Ähli erkekleriňiz ýylda üç gezek: Petir baýramynda, Hepdeler baýramynda we Çatma baýramynda Ýehowa Hudaýyňyzyň saýlan ýerine gelsin. Ýöne hiç kim Ýehowanyň huzuryna eli boş gelmesin» (5 Musa 16:16). Süleýman patyşanyň günlerinden bäri Iýerusalimdäki ybadathana Ýehowanyň saýlan ýeri hasaplanýardy.
Şol üç baýramçylygyň birinjisi bahar aýlarynda başlanýardy. Oňa Petir baýramy diýilýärdi. Ol 14-nji nisanda bellenilýän Pasha baýramynyň ertesi başlap, ýedi gün, ýagny nisan aýynyň 21-ne çenli dowam edýärdi. Petir baýramynyň ikinji güni, ýagny 16-njy nisanda mukaddes kalendar boýunça hasylyň ilkinji ýygymy başlanýardy. Şol gün baş ruhany «hasylyň ilkinji desselerini» alyp, Hudaýyň huzurynda eýläk-beýläk galgadýardy (3 Musa 23:5—12). Ähli erkekler Petir baýramyna giden bolsa, onda hasylyň ilkinji desselerini kim ýygnaýardy?
Ýehowanyň Petir baýramy döwri hasylyň ilkinji desselerini ýygnamak baradaky tabşyrygy tutuş halka degişlidi. Ýöne her bir adamyň özi hasylyň ilkinji desselerini ýygnap, mukaddes çadyra eltmeli diýen düzgün ýokdy. Muny halkyň ýolbaşçylary etmelidi. Olar Petir baýramy üçin ýygnalýan desseleri golaýdaky ekin meýdanyndan alyp bilýärdi. Bir ensiklopediýada şeýle diýilýär: «Eger Iýerusalimiň töweregindäki ekin meýdanynda hasyl bişip ýetişen bolsa, onda desseleri şol ýerden ýygnaýardylar. Eger ýetişmedik bolsa, onda Ysraýylyň başga ýerlerinden getirýärdiler. Desseleri üç adam ýygnaýardy, olaryň hersiniň oragy we sebedi bolýardy» («Encyclopaedia Judaica»). Ýygnalan desseleri baş ruhana getirip berýärdiler, ol bolsa Ýehowa hödür edýärdi.
Hasylyň ilkinji desselerini getirmek baradaky tabşyryk ysraýyllara gowy ýurda elteni üçin we ekinine bereket berýändigi üçin Ýehowa minnetdarlyk bildirmäge gowy mümkinçilik berýärdi (5 Musa 8:6—10). Ýöne, esasanam, desseleriň hödürlenmegi «gelejekki ýagşy zatlaryň... kölegesidi» (Ýewreýler 10:1). Isa Mesih b. e. 33-nji ýylynyň 16-njy nisanynda direlipdi. Onuň direlen güni hasylyň ilkinji desseleriniň Ýehowa hödürlenýän gününe gabat gelýärdi. Pawlus resul bu barada şeýle diýdi: «Mesih bolsa ölüm ukusyna gidenleriň arasyndan ilkinji miwe bolup direldi... Ýöne her kim öz nobatynda direler: ilkinji miwe hökmünde Mesih, soňra Mesih gelende, oňa degişli bolanlar direler» (1 Korinfliler 15:20—23). Baş ruhanynyň Ýehowanyň huzurynda desseleri galgatmagy Isa Mesihiň ölümden direlmegini aňladýardy. Ebedi ýaşamak üçin ölümden ilkinji bolup Isa direlipdi. Şeýdip, ol ähli adamlara günäden hem ölümden azat bolmaga ýol açdy.
ÝANWAR 25—31
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 3 MUSA 24, 25
«Azatlyk ýyly we gelejekdäki azatlyk»
it «Azatlyk»
Azatlyk
Azatlyk Hudaýy. Ýehowa azatlyk Hudaýy. Ol ysraýyl halkyny Müsür gulçulygyndan azat etdi. Ýehowa olara tabşyryklaryna gulak asyp ýaşasalar, hiç zatda mätäçlik çekmejekdiklerini aýtdy (5Ms 15:4, 5). Dawut Iýerusalimiň diňlerinde «asudalygyň boljakdygyny» aýtdy (Zb 122:6, 7). Emma Kanuna görä, adam garyp düşse, özüni ýa maşgalasyny eklemek üçin, özüni gulçulyga satyp bilýärdi. Ýöne ýedinji ýyl azatlyga çykyp bilýärdi (2Ms 21:2). Azatlyk ýylynda (her 50-nji ýyl) tutuş ýurtda azatlyk yglan edilýärdi. Her bir ýewreý guly azatlyga çykarylyp, öz hojalygyna dolanyp barýardy (3Ms 25:10—19).
it «Miras»
Miras
Maşgala degişli ýer nesilden-nesle geçýändigi üçin, ony hemişelik satyp bolmaýardy. Aslynda, ýer satylanda ondan alynjak hasyla görä baha kesilip, indiki Azatlyk ýylyna çenli satylýardy. Satyn aljak bolýan adam hem Azatlyk ýylyndan näçe ýylyň geçendigini hasaplamalydy. Eger ýer Azatlyk ýylyna çenli yzyna satyn alynmasa, onda Azatlyk ýyly ol hakyky eýesine gaýtarylyp berilýärdi (3Ms 25:13, 15, 23, 24). Şu kanun oba ýerlerindäki öýlere-de degişlidi, sebäbi olar mellek ýaly hasaplanýardy. Ýöne şäherdäki öýler beýle däldi, ýagny öňki eýesi ony bir ýylyň içinde yzyna satyn almasa, onda ol häzirki eýesinde hemişelik galýardy. Emma lewiler şäherdäki öýlerini islän wagty yzyna satyn alyp bilýärdi. Sebäbi olar lewilere hemişelik mülk edip berlipdi (3Ms 25:29—34).
it «Azatlyk ýyly»
Azatlyk ýyly
Azatlyk ýyly baradaky kanun köp kynçylyklaryň öňüni alýardy. Şu günler köp ýurtlarda adamlar iki topara bölünen: käbirleri juda baý ýaşasa, köpleri juda garyp ýaşaýar. Azatlyk ýyly baradaky kanun hemmelere peýda getirýärdi. Halkyň arasynda garyp, ýeter-ýetmezçilikden kösenýän adam ýokdy. Her kim öz ukypdyr başarnygyny ulanyp, halkyň peýdasyna zähmet çekip bilýärdi. Ýehowa ysraýyllara berekedini bolluk bilen eçilýärdi we olara ähli zatda tälim berýärdi. Şol sebäpli ysraýyllar Hudaýa gulak asan bolsalar, gowy hökümeti döredip, gülläp öserdiler (Işa 33:22).
Ruhy dürdäneler
w09 1/9 sah. 22, abz. 4
Göwnüňize degenlerinde
Eger bir ysraýylly başga bir ysraýyllyny urup, gözüne şikes ýetirse, Kanuna görä, özüne-de şeýle jeza berilýärdi. Emma günäkäre ýa-da onuň maşgala agzalarynyň birine zyýan çeken tarap jeza bermeýärdi. Kanuna görä, şol meselä jogapkär adamlar, ýagny bellenen kazylar seretmelidi. Birine bilgeşleýin zyýan ýetirseň, nähili jeza berilýändigine düşünmek, adamy şeýle işi etmekden saklaýardy. Ýöne bu-da hemmesi däl.
FEWRAL 1—7
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 3 MUSA 26, 27
«Ýehowanyň berekedini almak üçin näme etmeli?»
«Boş hyýallary» ret ediň
8 «Baýlyk» nädip taňry bolup biler? Bir mysala seredeliň. Gadymy Ysraýylda meýdandaky daşy jaý we diwarlary gurmak üçin ulanylýardylar. Emma ysraýyl halky şol daşy «mukaddes sütün» ýa-da «surat çekilen daş» edip ulananda, ol halky Ýehowadan daşlaşdyryp biler (Lew. 26:1). Pul hem şeýle bolup biler. Pul esasy zerurlyklary kanagatlandyrmak we Hudaýa gulluk etmek üçin gerek bolýar (Wag. 7:12; Luka 16:9). Ýöne pul gazanmak Hudaýa gulluk etmegimize päsgel berse, pul biziň taňrymyz bolýar (1 Timoteos 6:9, 10-njy aýatlary okaň). Bu zalym dünýäde baýlyk esasy orun tutýar, şonuň üçin biz pula paýhasly garamaly (1 Tim. 6:17—19).
it «Hudaýa ýaramly gorky»
Hudaýa ýaramly gorky
Hudaý bilen ýakyn dostlukly gatnaşygy bolandygy üçin, Musa pygamber halkyň arasynda «täsin işleri (ýewreýçe moh·ra’ʹ) edipdi» (5Ms 34:10, 12; 2Ms 19:9). Hudaýa iman edýän adamlar Musa çuňňur hormat goýýardylar, sebäbi olar Hudaýyň Musa pygamber arkaly gepleşýändigine düşünýärdiler. Ysraýyllar Ýehowanyň mukaddes çadyryna hem çuňňur hormat goýmalydylar (3Ms 19:30; 26:2). Munuň üçin olar mukaddes çadyrda edilýän işlere çuňňur hormat bilen garamalydylar, Ýehowanyň aýdyşy ýaly sežde etmelidiler we ähli tabşyryklaryna birkemsiz gulak asmalydylar.
w91 1/3 sah. 17, abz. 10
Goý, «parahatlyk Hudaýy» ýürekleriňizi gorasyn
10 Ýehowa halkyna şeýle diýdi: «Kada-kanunlaryma eýerip, tabşyryklarymy berjaý edip ýaşasaňyz, ýurduňyza wagtly-wagtynda ýagyş ýagdyraryn. Topragyňyz bol hasyl berip, agaçlaryňyz miwe getirer. Ýurduňyza parahatlyk bererin, rahat ýatyp turarsyňyz. Wagşy haýwanlary ýurduňyzdan kowup çykararyn, size gylyç galdyran adam bolmaz. Hemişe ýanyňyzda bolaryn. Men siziň Hudaýyňyz, siz hem meniň halkym bolarsyňyz» (3 Musa 26:3, 4, 6, 12). Ysraýyllar howpsuzlykda, parahatlykda, bolçulykda ýaşap bilýärdi we Ýehowa bilen ýakyn dostlukly gatnaşykdan lezzet alyp bilýärdi. Ýöne munuň üçin olar Ýehowanyň kada-kanunlaryna eýermelidi (Zebur 119:165).
Ruhy dürdäneler
it «Gyrgynçylyk»
Gyrgynçylyk
Hudaýyň kanunyny äsgermezçilik etmegiň netijesi. Ýehowa ysraýyllara olar bilen baglaşan ähtine eýermeseler, üstlerine gyrgynçylyk iberjekdigini duýdurypdy (3Ms 26:14—16, 23—25; 5Ms 28:15, 21, 22). Mukaddes Kitapda halkyň ruhy we beden saglygynyň Ýehowanyň berekedi bilen (5Ms 7:12, 15; Zb 103:1—3; Nak 3:1, 2, 7, 8; 4:21, 22; Ylh 21:1—4), keselçiligiň bolsa, günä hem-de bikämillik bilen baglanyşyklydygy aýdylýar (2Ms 15:26; 5Ms 28:58—61; Işa 53:4, 5; Mat 9:2—6, 12; Ýah 5:14). Käbir ýagdaýlarda Ýehowanyň özi adamlary keselçilige uçradýardy. Meselem, Ýehowa Merýemi, Uzyýany we Geýhazy heýwere keseline duçar etdi (4Ms 12:10; 2Tr 26:16—21; 2Pa 5:25—27). Köplenç keselçilik ýa-da gyrgynçylyk bir adamyň ýa tutuş halkyň eden günäsi üçin bolýardy. Olar eken zadynyň miwesini orýardylar, ýagny eden işi sebäpli ejir çekýärdi (Gal 6:7, 8). Pawlus resul ahlaksyzlyk edýänleriň «bedeni masgara bolar ýaly», Hudaýyň olary haramlyga tabşyrjakdygyny we olar «azgynlyk edendikleri üçin jezasyny aljakdygyny» aýtdy (Rim 1:24—27).
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
w09 1/8 sah. 30
Okyjylaryň sowallary
Men näçeräk sadaka bermeli?
«Hudaý şatlyk bilen berýän adamy söýýändir» (2 Korinfliler 9:7). Bu sözleri millionlarça adamlar bilýär. Emma metjide, buthana barýan adamlar gurby çatmasa-da, sadaka bermäge özlerini borçly duýýarlar. Sebäbi käbir dini ýolbaşçylar belli bir möçberde sadaka bermegi talap edýärler. Olar ondan birini getirmeli diýen düzgüne eýerip, adamlar girdejisiniň 10 göterimini sadaka bermeli diýýärler.
Mukaddes Kitapda belli bir möçberde sadaka bermek talap edilýärmi? Eger talap edilýän bolsa, onda men näçeräk sadaka bermeli?
Hökmany we meýletin berilýän sadakalar
Mukaddes Kitapda ysraýyl halkynyň Hudaýa hökman bermeli sadakalary barada anyk tabşyryklar bar (3 Musa 27:30—32; 4 Musa 18:21, 24; 5 Musa 12:4—7, 11, 17, 18; 14:22—27). Ýöne çendenaşa köp zat bermek talap edilmeýärdi. Eger ysraýyllar sadaka bermek baradaky kanunlara gulak assalar, Ýehowa olara bol bereket berjekdigini wada beripdi (5 Musa 28:1, 2, 11, 12).
Käbir ýagdaýlarda bolsa ysraýyllar göwnünden çykaran zadyny sadaka berip bilýärdi. Meselem, Dawut patyşa Ýehowa üçin ybadathana gurjak bolanda, halk «5 000 batman altyn»b sadaka getiripdi (1 Taryh 29:7). Muny Isanyň günlerinde dul aýalyň beren sadakasy bilen deňeşdirip görüň. Isa ybadathanada «garyp dul aýalyň ikije teňňe atandygyny gördi». Dul aýal näçeräk sadaka berdikä? Onuň beren sadakasy işçiniň bir günlük hakynyň bary-ýogy 1,5 göterimine deňdi. Emma Isa onuň beren sadakasynyň juda gymmatlydygyny aýtdy (Luka 21:1—4).
Mesihçilerden belli bir möçberde sadaka bermek talap edilýärmi?
Mesihçiler ysraýyl halkyna berlen kanun boýunça ýaşamaýarlar. Olar Hudaýa belli bir möçberde sadaka bermäge borçly däl. Ýöne mesihçiler bermekden köp şatlyk tapýarlar. Isa şeýle diýipdi: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» (Resullar 20:35).
Ýehowanyň Şaýatlarynyň wagyz işi berilýän pul sadakalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Meselem, berilýän sadakalar biziň okaýan edebiýatlarymyzy çap etmek, Ýygnak jaýlaryny gurmak hem-de abatlamak üçin sarp edilýär. Ýöne bu işleri edýänlere hak tölenmeýär. Ýehowanyň Şaýatlarynyň käbiri uzak wagtly gulluk edýärler. Şonuň üçin olara ýoluna ýa başga-da gerek-ýarak zatlary üçin biraz sowalga pul berilýär. Ýöne hiç kim şeýle kömege tamakin bolmaýar. Ýehowanyň Şaýatlaryna wagyz edýändigi üçin pul tölenmeýär. Gaýtam, olar çadyr tikip, gününi gören Pawlus resul ýaly, özlerini eklemek üçin işleýärler (2 Korinfliler 11:9; 1 Selanikliler 2:9).
Eger biri Ýehowanyň Şaýatlarynyň işini goldamak üçin sadaka beresi gelse, onda ol näçeräk sadaka bermeli? Pawlus bu soraga şeýle jogap berdi: «Goý, her kim göwünli-göwünsiz ýa-da mejburlyk bilen däl-de, göwnünden çykaran zadyny bersin, sebäbi Hudaý şatlyk bilen berýän adamy söýýändir» (2 Korinfliler 8:12; 9:7).
FEWRAL 8—14
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 4 MUSA 1, 2
«Ýehowa halkyna guramaçylykly ýolbaşçylyk edýär»
w94 1/12 sah. 9, abz. 4
Ýehowa edilýän arassa seždäni durmuşda birinji orunda goýuň
4 Eger ysraýyllaryň düşelgesini ýokardan synlasaň, näme zatlary görerdiň? 3 milliondan gowrak adam ýaşaýan hatar-hatar çadyrlary görerdiň. Demirgazykda üç, günortada üç, gündogarda üç we günbatarda üç taýpadan düzülen toparlar ýerleşýärdi. Düşelgäniň ortasynda bolsa, başga dört bölekden ybarat bir kiçijik topary görersiň. Olarda lewi taýpasyndan bolan maşgalalar ýaşaýardy. Düşelgäniň ortarasynda daş-töweregi mata bilen örtülen owadan çadyr bardy. Oňa «mukaddes çadyr» diýilýärdi. Ony Ýehowanyň tabşyrygy boýunça «ökde ussalar» ýasapdy (4 Musa 1:52, 53; 2:3, 10, 17, 18, 25; 2 Musa 35:10).
it «Düşelge»
Düşelge
Ysraýyllaryň düşelgesi gaty uly bolupdyr. Ysraýylyň ilaty 3 million ýa-da ondan hem köp bolan bolmaly. Olaryň arasynda aýallar, çagalar, garrylar, ýarawsyz adamlar, söweşe ýaramly 603 müň 550 erkekler hem-de 22 müň lewiler bardy. Şeýle-de ysraýyllaryň ýany bilen gaýdan başga milletden «birgiden adam» bardy (2Ms 12:38, 44; 4Ms 3:21—34, 39). Düşelgäniň näçe ýer tutandygy anyk belli däl; ol gaty uly bolan bolmaly. Mukaddes Kitapda: «Iordanyň boýunda, Mowap düzlüginde düşlän ysraýyllaryň çadyrlary Beýt-ýeşimotdan Abyl-şitime çenli baryp ýetýärdi» diýilýär (4Ms 33:49).
Ruhy dürdäneler
it «Ilat ýazuwy»
Ilat ýazuwy
Adatça, ilat ýazuwy atma-at we taýpalaryň, maşgalalaryň sanyna görä geçirilýärdi. Ilat ýazuwynyň maksady ýöne bir adamlaryň sanyny bilmek däldi. Mukaddes Kitaba görä, ilat ýazuwy her dürli maksat bilen geçirilýärdi. Meselem, salgyt ýygnamak, söweşe ýaramly erkekleri hasaba almak ýa-da mukaddes çadyrda dürli borçlary ýerine ýetirýän lewileri bellemek üçin geçirilýärdi.
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
Şuny bilýäňizmi?
Aslynda 13 taýpa bolsa-da, Mukaddes Kitapda näme üçin ysraýylyň 12 taýpasy diýilýär?
Ysraýyl taýpalary ýa maşgalalary Ýakubyň ogullaryndan döredi. Hudaý Ýakuba Ysraýyl diýip at goýupdy. Ýakubyň 12 ogly bardy. Olar: Ruben, Şimgon, Lewi, Ýahuda, Dan, Naftaly, Gad, Aşer, Ysahar, Zebulun, Ýusup we Benýamin (1 Musa 29:32—30:24; 35:16—18). Ýakubyň 11 oglunyň adyny göterýän taýpalar bardy. Ýusubyň adyny göterýän taýpa bolsa ýokdy, ýöne onuň ogullary Efraýym bilen Manaşanyň adyny göterýän taýpalar bardy. Şeýlelikde, jemi 13 taýpa bolýar. Onda näme üçin Mukaddes Kitapda 12 taýpa diýilýär?
Ysraýyllaryň arasynda diňe lewi taýpasy mukaddes çadyrda, soňra ybadathanada Ýehowa gulluk etmek üçin bellenipdi. Şol sebäpli olar goşunda gulluk etmek üçin hasaba alynmaýardy. Ýehowa Musa şeýle diýipdi: «Lewi taýpasyny hasaba alma, olary beýleki ysraýyllara goşma. Lewileri äht sandygy duran mukaddes çadyra we ähli esbaplara jogapkär edip belle. Olar mukaddes çadyry we esbaplaryny götersin, şol ýerde hyzmat etsin» (4 Musa 1:49, 50).
Lewilere Wada edilen ýurtdan mülk berilmedi. Emma olara ysraýyllaryň mülkünden jemi 48 şäher berildi (4 Musa 18:20—24; Ýuşa 21:41).
Şu iki sebäbe görä, lewi taýpasy başga taýpalaryň sanawyna goşulmaýar. Şol sebäpli köplenç ysraýylyň 12 taýpasy diýilýär (4 Musa 1:1—15).
FEWRAL 15—21
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 4 MUSA 3, 4
«Lewileriň gullugy»
it «Ruhany»
Ruhany
Kanun ähtine görä. Ysraýyllar Müsür gulçulygyndaka, Ýehowa olaryň ähli nowbahar ogullaryny özüne bagyş etdi. Müsürlileriň nowbaharlaryny bolsa, onunjy jezany berende, ýok edipdi (2Ms 12:29; 4Ms 3:13). Şeýdip, Ysraýylyň ähli nowbaharlary Ýehowanyňky boldy. Ýehowa olary ruhanylyga ýa-da mukaddes çadyrda dürli borçlara belläp, mukaddes gullukda ulanyp bilýärdi. Ýöne ysraýyllaryň ähli nowbaharlaryna derek, Hudaý lewi taýpasynyň ähli erkeklerini saýlady (Ýusubyň ogullary Efraýym bilen Manaşanyň nesilleri hersi bir taýpa hasaplanýardy). Ysraýyllaryň bir aýlyk çagalaryndan başlap, ähli nowbahar ogullaryny hasaba alanlarynda, ysraýyl nowbaharlary lewilerden 273 adam köp çykdy. Şonuň üçin Hudaý olardan adam başyna mukaddes çadyrda ulanylýan ölçeg bilen bäş şekel (11 dollar) almagy tabşyrdy. Pullary Harun bilen ogullaryna bermelidi (4Ms 3:11—16, 40—51). Sebäbi Ýehowa lewi taýpasyndan bolan Harunyň maşgalasyndaky erkekleri eýýäm ruhanylyga belläpdi (4Ms 1:1; 3:6—10).
it «Lewiler»
Lewiler
Borçlary. Lewiler üç maşgaladan ybaratdy: Lewiniň ogullary Gerşon (Gerşom), Kohat we Merar (1Ms 46:11; 1Tr 6:1, 16). Ysraýyllar çöldekä, bu üç maşgalanyň hersi mukaddes çadyryň golaýynda özlerine bellenen ýerde çadyrlaryny dikýärdiler. Harunyň maşgalasyndan bolan kohatlar çadyryň gündogar tarapynda, beýleki kohatlar bolsa günortasynda ýerleşýärdi. Gerşonlar günbatar tarapynda, merarlar bolsa demirgazyk tarapynda ýerleşýärdi (4Ms 3:23, 29, 35, 38). Lewilere mukaddes çadyry gurnamak, ýygnamak we göçürmek bilen bagly işler tabşyrylypdy. Çadyry göçürmeli bolanda, Harun bilen ogullary mukaddes otag bilen iň mukaddes otagyň aralygyndaky tutyny aýryp, äht sandygynyň üstüne ýapýardylar. Şeýle-de olar gurbanlyk ojagynyň we mukaddes çadyrda ulanylýan ähli esbaplaryň, gap-gaçlaryň üstüni ýapýardylar. Diňe şondan soň, kohatlar şol zatlary göterip bilýärdi. Gerşonlar mukaddes çadyryň matalaryny, örtükleri, perdeleri, howlynyň perdelerini, mukaddes çadyryň we gurbanlyk ojagynyň duran howlysynyň girelgesindäki perdäni, olaryň ýüplerini, esbaplaryny we şolar bilen bagly zatlary götermelidi. Merarlar bolsa, mukaddes çadyryň çarçuwalaryny, taýaklaryny, sütünlerini, direglerini, howludaky söýeleri, diregleri, gazyklary, ýüpleri, olaryň esbaplaryny we şolar bilen bagly zatlary göterýärdiler (4Ms 1:50, 51; 3:25, 26, 30, 31, 36, 37; 4:4—33; 7:5—9).
it «Lewiler»
Lewiler
Musa pygamberiň günlerinde lewiler 30 ýaşynda borçlaryny ýerine ýetirip başlamalydy. Olar ýygnak çadyryny we ondaky zatlary götermäge bellenilipdi (4Ms 4:46—49). Lewiler käbir borçlaryny 25 ýaşdan başlap ýerine ýetirip bilýärdi. Mümkin, olara mukaddes çadyry göçürmek ýaly agyr işler tabşyrylan däldir (4Ms 8:24). Dawut patyşanyň günlerinde lewiler borçlaryny 20 ýaşdan başlap ýerine ýetirip bilýärdi. Dawudyň aýdyşy ýaly, mukaddes çadyry indi eýläk-beýläk göçürmek gerek däldi, sebäbi onuň ýerine ybadathana gurulmalydy. Lewiler 50 ýaşynda hyzmatyny bes edýärdi (4Ms 8:25, 26; 1Tr 23:24—26; serediň: ÝAŞ). Lewiler Kanuny gowy bilmelidi, sebäbi olar köplenç halkyň öňünde ony okap bermeli ýa-da öwretmeli bolýardy (1Tr 15:27; 2Tr 5:12; 17:7—9; Neh 8:7—9).
Ruhy dürdäneler
Hudaýdan gorkup, akyldar bol!
13 Hasrat çekýän günlerinde Dawut Hudaýyň kömegini duýup, Ýehowa bolan gorkusy we imany artdy (Zebur 31:22—24). Ýöne Dawudyň Hudaýdan üç sapar gorkusy gowşanda bolsa, erbet netije getirdi. Ilkinji gezek Dawut Ýehowanyň äht sandygyny Iýerusalime geçirende, Hudaýyň kanuny boýunça lewilileriň egninde geçirmelidi, emma ol arabada geçirdi. Sandyk arabadan agdaryljak wagty Oza ony saklajak bolup, sandyga elini degirende «Hudaýa ýaramaýan iş edeni üçin» Ýehowa ony öldürdi. Hawa, Oza agyr günä etse-de, bu Dawudyň Hudaýyň kanunyna gulak asmandygy sebäpli boldy. Hudaýdan gorkmaklyk onuň kanunyny berjaý etmekligi hem aňladýar (2 Şamuwel 6:2—9; Sanlar 4:15; 7:9).
FEWRAL 22—28
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 4 MUSA 5, 6
«Nezirleriň göreldesine nädip eýerip bilersiňiz?»
it «Nezir»
Nezir
Özüni Ýehowa nezir hökmünde bagyş eden adamdan üç zat talap edilýärdi. 1) Ol şerap ýa-da şoňa meňzeş içgileri, üzümden we başga zatlardan edilen sirke, üzüm şiresini içmeli däldi. Üzüm, kişmiş ýa-da üzümden taýýarlanan hiç zady, hatda çig üzümi-de, gabygyny-da agzyna almaly däldi. 2) Başyna päki degmeli däldi. 3) Hatda ene-atasy, dogany ýa uýasy ölse-de, jesede golaýlaşmaly däldi (4Ms 6:1—7).
Ant içmek. Ant içen adam özüni Ýehowa nezir hökmünde «bagyş etmelidi (saýlanmalydy)». Ýöne ol muny adamlardan öwgi almak ýa-da göz üçin etmeli däldi. «Nezirlik döwri ol Ýehowa üçin mukaddes» hasaplanýardy (4Ms 6:2, 8; 1Ms 49:26-ny deňeşdiriň).
Nezir bolan adam Ýehowa edilýän seždede wajyp orun tutýardy. Mukaddes çadyrda gulluk edýän baş ruhany ýaly, nezir bolan adam hem hatda ýakyn garyndaşy bolsa-da, jesede galtaşmaly däldi. Baş ruhanynyň we beýleki ruhanylaryň arassa seždede wajyp orun tutýandygy üçin, olar Ýehowanyň huzurynda mukaddes gullugy ýerine ýetirende, şerap ýa-da beýleki spirtli içgileri içmeli däldi (3Ms 10:8—11; 21:10, 11).
Mundan başga-da, «nezirlik döwri onuň başyna päki degmeli däldi», sebäbi bu onuň Ýehowa bagyş edilendiginiň alamatydy. Adamlar ony görende, nezir hökmünde mukaddes edilendigine derrew düşünýärdi (4Ms 6:5). Mukaddes Sabat ýa-da Azatlyk ýylyndaky «gyrkylmadyk üzüm» barada aýdylanda hem na·zirʹ diýen birmeňzeş ýewreý sözi ulanylýar (3Ms 25:5, 11). Baş ruhanynyň sellesinde sap altyndan lowurdap duran maňlaýlygyň ýüzünde «Ýehowa mukaddesdir» diýen ýazgy bolýardy. Şol ýazgy «mukaddesligiň alamatydy (ýew. neʹzer, na·zirʹ diýen sözden alnan)» (2Ms 39:30, 31). Ysraýylyň patyşalarynyň geýýän täjine-de ýewreýçe neʹzer diýýärdiler (2Şm 1:10; 2Pa 11:12; serediň: TÄÇ; BAGYŞ ETMEK). Pawlus resul hem mesihçiler ýygnagyna ýazan hatynda aýalyň saçynyň uzynlygy onuň başyny örtýän ýaglyk ýalydygyny aýtdy. Aýalyň saçy onuň ygtyýarynyň erkek adamyňkydan tapawutlanýandygyny, Hudaýyň tabşyrygy boýunça ärine tabyn bolmalydygyny ýatladýardy. Diýmek, saçyny gyrkmazlyk (erkek adam üçin gelşiksizdi), şerap içmezlik we hiç zada özüni hapalatmazlyk baradaky tabşyryga eýerýän adam Ýehowanyň islegini berjaý etmek üçin öz isleginden geçmäge taýyn bolmalydy (1Kr 11:2—16; serediň: SAÇ; ÝAGLYK DAŇMAK; TEBIGATYŇ KANUNY).
Ruhy dürdäneler
w05 15/1 sah. 30, abz. 2
Okyjylaryň sowallary
Şimşonyň nezirligi başgalaryňkydan tapawutlanýardy. Heniz ol dogulmanka, Ýehowa perişdesi arkaly onuň ejesine: «Sen göwreli bolup ogul dograrsyň, saçyna päki degmeli däldir. Çaga ejesiniň göwresinde galan gününden başlap, Hudaýyň neziri bolar we ysraýyllary piliştlileriň elinden halas eder» diýdi (Serdarlar 13:5). Şimşon nezir bolmak üçin ant içmändi. Ony Hudaýyň özi ömürlik nezir edip saýlapdy. Şonuň üçin jesede degmezlik baradaky tabşyryk oňa degişli däldi. Eger şu tabşyryk Şimşona degişli bolan bolsa, onda ol saý sebäp bilen jesede degendigi üçin ýene-de nezir bolar ýaly täzeden dogulmaly bolardy. Görşümiz ýaly, nezir bolup doglan adam bilen öz islegi boýunça nezir bolan adamdan edilýän talaplar biri-birinden tapawutlanýardy.
WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ
w06 15/1 sah. 32
«Mukaddes Kitapdan aýatlar ýazylan iň gadymy golýazmalar»
ÝIGRIMI BÄŞ ýyl mundan öň, ysraýyl arheologlary üýtgeşik bir zat tapýarlar. Olar Iýerusalimdäki Hennem jülgesiniň gowagyndan ýüzüne Mukaddes Kitapdan aýat ýazylan iki sany kiçiräk kümüşden ýasalan golýazma tapdylar. Golýazmalaryň ikisi hem b. e. öň 607-nji ýylda Wawilonyň Iýerusalimi weýran etmezinden öň ýasalypdyr. Şol golýazmalaryň ýüzüne 4 Musa 6:24—26-njy aýatlarda agzalýan käbir bereketler ýazylypdyr. Şeýle-de olarda Hudaýyň Ýehowa ady birnäçe gezek duş gelýär. Olar «ýüzünde Ýewreý ýazgylaryndan aýatlar bolan iň gadymy golýazmalaryň biri hasaplanýar».
Käbir alymlar şol tapylan golýazmalar b. e. öň II asyra degişli diýip jedelleşdiler. Olaryň jedelleşmeginiň bir sebäbi, şol tapylan golýazmalardaky suratlaryň hili gaty pesdi welin, ondaky ýazylan zatlary jikme-jik öwrenmek kyndy. Bu meseläni çözmek üçin alymlar şol golýazmalary täzeden öwrenip başlaýarlar. Olar häzirkizaman kompýuterler arkaly golýazmalaryň ýokary hilli suratyny ýasap bildiler. Şol barlagyň netijesi ýaňy-ýakynda habar berildi. Alymlar nähili netijä geldikä?
Ilki bilen, alymlar arheologik tapyndylar Wawilon sürgüninden öňki döwre degişlidigine göz ýetirýärler. Şeýle-de olar golýazmalardaky paleografik, ýagny harplaryň, ýazuw stiliniň, ýerleşişiniň, yzygiderliliginiň, sözlemleriň düzülişiniň şol döwre, ýagny b. e. öň VII asyryň ahyryna degişli diýen netijä gelýärler. Mundan başga-da alymlar golýazmanyň orfografik aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, şeýle netijä geldiler: «Golýazmalaryň orfografik aýratynlyklary arheologik we paleografik tapyndylara gabat gelýär».
Bir amerikan žurnalynda şol golýazmalar (olara Ketef Hennemdäki kümüş golýazmalar hem diýilýär) babatda geçirilen barlaglaryň netijesi barada şeýle diýilýär: «Biz köp alymlaryň gelen netijesi bilen razylaşýarys. Dogrudan-da, olar Mukaddes Kitapdan aýatlar ýazylan iň gadymy golýazmalaryň biri eken» («Bulletin of the American Schools of Oriental Research»).
[Çykgytlar]
a Köpräk bilmek üçin, 1980-nji ýylyň 1-nji martynda çykan «Garawul diňindäki» (rus.) «Mesihçiler ganybir garyndaşy bilen durmuş gurmaga nähili garamaly?» diýen makala serediň (sah. 13, 14).
b 2008-nji ýylda bir gram altynyň bahasy ortaça 31 dollara deňdi. Diýmek, halkyň beren sadakasy takmynan 4 794 855 000 dollara barabardy.