Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr22 Maý sah. 1—12
  • «Durmuş we wagyz» okuw depderi üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz» okuw depderi üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2022)
  • Sözbaşylar
  • 2—8 MAÝ
  • 9—15 MAÝ
  • 16—22 MAÝ
  • 23—29 MAÝ
  • 30 MAÝ—5 IÝUN
  • 6—12 IÝUN
  • 13—19 IÝUN
  • 20—26 IÝUN
  • 27 IÝUN—3 IÝUL
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2022)
mwbr22 Maý sah. 1—12

«Durmuş we wagyz» okuw depderi üçin salgylar

2—8 MAÝ

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 ŞAMUWEL 27—29

«Dawudyň ugurtapyjylygy»

it «Akyş»

Akyş

Şawul patyşa Dawudy yzarlap ýörkä, ol iki gezek Akyş hanyň ýurduna gaçýar. Birinji gezek Dawut piliştlileriň ýurduna baranda, duşmanlar öldürer öýdüp, özüni däli ýaly alyp barýar (1Şm 21:10—15; Zb 34:sözb; 56:sözb). Ikinji gezek ol Akyş hanyň ýanyna 600 adamy we olaryň hojalygy bilen barýar. Biraz wagtdan Akyş han Dawuda Ziklag şäherini berýär. Şeýdip, Dawut piliştlileriň ýurdunda bir ýyl dört aý ýaşaýar. Akyş han Dawuda ynanýardy we ol Ýahudanyň şäherlerine çozýandyr öýdýärdi. Aslynda, Dawut geşurlylaryň, girzitleriň we amaleklileriň üstüne çozýardy (1Şm 27:1—12). Bir gezek piliştliler ysraýyllara garşy söweşmek üçin goşunlaryny ýygnaýar. Şonda Akyş han Dawudy nökeri edip belleýär. Ýöne «piliştli han-begler» Akyş hana söweşe gitmänkä, Dawudy adamlary bilen yzyna Ziklaga ugrat diýýärler (1Şm 28:2; 29:1—11). Dawut patyşa bolanda Get galasyny basyp alýar. Emma ol Akyş hany öldürmeýär. Akyş han Süleýman patyşanyň döwründe-de Get galasynda höküm sürýärdi (1Pa 2:39—41; serediň: GET).

w21.03 sah. 4, abz. 8

Ýaş doganlar, ýagşy at gazanyň!

8 Geliň, Dawudyň duş gelen ýene bir kynçylygy hakda gürrüň edeliň. Ol patyşa saýlanandan soň tagta çykýança köp garaşmaly boldy (1 Şam. 16:13; 2 Şam. 2:3, 4). Dawuda sabyrly garaşmaga näme kömek etdi? Dawut ruhdan düşmegiň deregine, Ýehowanyň islegini berjaý etmek üçin elinden gelenini etdi. Meselem, ol Hudaýyň halkynyň duşmanlary bilen söweşerdi. Şeýdip, Ýahudanyň serhedini gorardy (1 Şam. 27:1—12).

it «Ýalan»

Ýalan

Erbet niýet bilen aýdylan ýalan söz Mukaddes Kitapda ýazgarylýar. Emma bu başga biriniň bilmeli däl zadyny aýtmaga borçludygyňy aňlatmaýar. Şol sebäpli Isa Mesih şeýle maslahat berdi: «Mukaddes zady itlere bermäň, merjen monjuklary doňuzlaryň öňüne taşlamaň, ýogsam olary depeläp, soňra size-de topulaýmasynlar» (Mat 7:6). Şonuň üçin Isa howply ýagdaýyň boljakdygyny aňsa, hemme zady doly aýtmaýardy ýa-da berlen soraglara göni jogap bermeýärdi (Mat 15:1—6; 21:23—27; Ýah 7:3—10). Ybraýym, Yshak, Rahaw, Alyşa pygamber hem Hudaýa gulluk etmeýän adamlara ýalňyş maglumat berdiler ýa-da hemme zady doly aýtmadylar (1Ms 12:10—19; 1Ms 20-nji bap; 26:1—10; Ýuş 2:1—6; Ýak 2:25; 2Pa 6:11—23).

Ruhy dürdäneler

w10 1/1 sah. 20, abz. 5, 6

Ölenler dirilere kömek edip bilýärmi?

Mukaddes Kitapda adam ölensoň, «topraga siňýändigi» we «oý-pikirleriniň hem puç bolýandygy» aýdylýar (Zebur 146:4). Şawul patyşa-da, Şamuwel pygamber hem Hudaýyň jadygöýlere ýüz tutmagy ýazgarýandygyny bilýärdi. Hatda Şawul höküm sürüp başlanda, palçylary we jadygöýleri ýurtdan kowupdy (3 Musa 19:31).

Oýlanyp görüň, eger Şamuwel pygamberiň ruhy ýaşan bolsa, ol jadygöý arkaly Şawul patyşa bilen gürleşip, Hudaýyň kanuny bozardymy? Şawul patyşa günä edensoň, Ýehowa oňa hiç hili jogap bermeýärdi. Heý-de, bir jadygöý Gudratygüýçli Hudaýy Şawula jogap bermäge mejbur edip bilerdimi?! Elbetde, ýok. Aslynda, Şawul bilen zalym ruh, ýagny Şamuweliň keşbine giren jyn-arwah gürleşipdi.

9—15 MAÝ

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 1 ŞAMUWEL 30, 31

«Ýehowa Hudaýdan teselli tapyň»

w06 1/8 sah. 28, abz. 12

Ýehowadan gorkýan nähili bagtly!

12 Dawudyň Hudaýdan gorkmaklygy ony diňe erbet iş etmekden saklamady. Ol oňa kyn ýagdaýlarda aýgytly we paýhasly bolmaga kömek edýär. Dawut öz adamlary bilen bir ýyl we dört aý filistilileriň ýurdunda Sekelag şäherinde gizlenýär (1 Patyşalar 27:5—7). Şol wagtlar erkek adamlar şäherde ýokka, amelekliler şäheri oda berip, aýallaryny, çagalaryny we sürülerini ýesir alyp gidýärler. Dawut adamlary bilen şähere dolanyp gelende, bolan zatlary görüp, möňňürip aglaýarlar. Dawudyň adamlary gaharlanyp, Dawudy daşlajak boldular. Dawut gynansa-da tapdan düşmedi (Süleýmanyň tymsallary 24:10). Ol Hudaýdan gorkýandygy üçin Ýehowa doga etdi, şonda «Ýehowa ony güýçlendirdi». Hudaýyň kömegi bilen Dawut we onuň adamlary ameleklileriň yzyndan ýetip, bar zadyny alyp yzyna getirdiler (1 Patyşalar 30:1—20).

w12 15/4 sah. 30, abz. 14

Ýehowa bizi goraýar

14 Dawut köp hasratlary başyndan geçiripdi (1 Sam. 30:3—6). Hudaýyň Sözünden görnüşi ýaly, Ýehowa Dawudyň duýgusyna düşünýärdi (Zebur 34:18; 56:8-nji aýatlary okaň). Ol bize hem düşünýär. «Göwnümiz synyk» we «ruhumyz ökünçli» wagty Ýehowa bize ýakyndyr. Biz hem Dawut ýaly teselli tapyp bileris. Dawut: «Men Seniň merhemetiňe begenip şatlanaryn, çünki Sen meniň muşakgatymy gördüň, janymyň görgüler içindeligini bildiň» diýdi (Zeb. 31:7). Emma Ýehowa çekýän hasratymyzy diňe görmek bilen çäklenmän, eýsem ýygnak duşuşyklary arkaly göwünlik berýär we ruhlandyrýar.

Ruhy dürdäneler

w05 15/3 sah. 24, abz. 8

Birinji Şamuwel kitabyndan peýdaly pikirler

30:23, 24. Dawut 4 Musa 31:27-däki sözlere görä karara gelipdi. Biz hem ýygnagyň işlerine azajygam bolsa goşant goşsak, Ýehowa gadyrymyzy biler. Şonuň üçin, geliň, «näme etsek-de, adamlar üçin däl-de, Ýehowa üçin ýürekden edeliň» (Koloslylar 3:23).

16—22 MAÝ

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 ŞAMUWEL 1—3

«Dawudyň ýas aýdymyndan näme öwrenýäris?»

w00 15/6 sah. 13, abz. 9

Ygtyýarly adamlara hormat goýuň

9 Dawuda adalatsyzlyk edenlerinde, ol: «Zalymlar janymyň kastyna çykýar» diýip Ýehowa derdini aýdýar (Zebur 54:3). Ol gözýaş döküp, şeýle doga edýär: «Hudaýym, meni duşman elinden halas et... Ýehowa, günä etmesem-de, ýazykly bolmasam-da, olar meni tutmak üçin gizlenip ýatyrlar. Daýaw adamlar üstüme topulýarlar. Erbetlik etmesem-de, maňa topuljak bolýarlar. Olara seret, dilegimi eşit!» (Zebur 59:1—4). Size-de ygtyýarly adamlar adalatsyzlyk edip, derdiňize dert goşupdymy? Ysraýylyň patyşasy Şawul hem Dawuda azar ýamanyny berýärdi. Ýöne Dawut oňa hemişe hormat goýýardy. Şawul söweşde ölende, Dawut begenmedi, gaýtam onuň hatyrasyna ýas aýdymyny düzdi. Aýdymda şeýle sözler bar: «Şawul bilen Ýonatan mähir-muhabbete ýugrulandy... Olar bürgütden çalasyn, arslandan rüstemdi. Eý Ysraýyl gyzlary, Şawul üçin aglaň» (2 Şamuwel 1:23, 24). Hawa, Dawut Ýehowanyň bellän patyşasyna ýürekden hormat goýýardy.

w12 15/4 sah. 10, abz. 8

Dönüklik soňky günleriň alamaty!

8 Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda wepaly adamlaryň mysaly hem getirilýär. Biz olaryň ikisine we olardan näme öwrenip bolýandygyna serederis. Ilki bilen, Dawuda wepaly bolan adamyň mysalyna seredeliň. Ýonatan Saul patyşanyň uly ogludy. Ol atasyndan soň Ysraýylda indiki patyşa bolmalydy. Emma Ýehowa Dawudy saýlady. Ýonatan Ýehowanyň kararyna hormat goýup, Dawuda göripçilik etmeýärdi. Ýonatan «Dawut bilen jana-jan dost bolup», wepaly boljakdygyny söz berdi. Hatda ol Dawuda eşigini, gylyjyny, ýaýyny we guşagyny berip, ony sylaýandygyny görkezdi (1 Sam. 18:1—4). Ýonatan ähli zatda Dawudy goldaýardy. Hatda bir sapar Dawudy Sauldan gorajak bolup, janyny howp astyna saldy. Ýonatan Dawuda wepalydy, şol sebäpli: «Sen Ysraýylda patyşa bolarsyň, men bolsa senden soň ikinji adam bolaryn» diýdi (1 Sam. 20:30—34; 23:16, 17). Ýonatan ölende bolsa, Dawudyň ýüregi gyýylyp, dostuna bolan söýgüsini wasp edip, aýdym düzdi (2 Sam. 1:17, 26).

Ruhy dürdäneler

it «Dogan»

Dogan

Mukaddes Kitapda bir işiň başyny tutup, eginme-egin işleşýän adamlara hem «dogan» diýilýär. Mysal üçin, Tir patyşasy Huram Süleýman patyşa doganym diýip ýüzlenýär. Ol Süleýmana özi ýaly patyşa bolandygy üçin däl-de, ybadathananyň gurluşygyna agaçlary we başga-da gerek zatlary ýetirip, bile işleşendigi üçin doganym diýen bolmaly (1Pa 9:13; 5:1—12). Dawut patyşa hem şeýle diýdi: «Agzybir ýaşaýan doganlary görmek, nähili gowy, nähili ýakymly!» (Zb 133:1). Şu sözlerden görnüşi ýaly, agzybir hem parahat ýaşamak üçin süýtdeş dogan bolmak hökman däl. Dawut bilen Ýonatan aga-ini bolmasa-da, biri-birini dogan ýaly gowy görýärdiler (2Şm 1:26). Şeýle-de häsiýetleri we endikleri meňzeş bolan adamlara dogan diýilýär (Nak 18:9, çykgyt).

23—29 MAÝ

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 ŞAMUWEL 4—6

«Ýehowadan gorkuň, ony gynandyrmaň»

w05 15/5 sah. 17, abz. 8

Ikinji Şamuwel kitabyndan peýdaly pikirler

6:1—7. Dawudyň niýeti gowy bolsa-da, Hudaýyň kanunyna görä, äht sandygyny arabada göçürmeli däldi. Şonuň üçin munuň soňy gowulyk bilen gutarmady (2 Musa 25:13, 14; 4 Musa 4:15, 19; 7:7—9). Uza äht sandygy agdarylmaz ýaly, ony saklaýar. Şu wakadan niýetimiz gowy bolsa-da, Hudaýyň tabşyryklaryny bozmaly däldigini öwrenýäris.

w05 1/2 sah. 27, abz. 20

Ýehowa adalatly Hudaý

20 Äht sandygy Ýehowanyň ysraýyl halkynyň arasyndadygyny görkezýärdi. Kanuna görä, ygtyýary bolmadyk adam äht sandygyna elini degirse, ölüme höküm edilmelidi (4 Musa 4:18—20; 7:89). Mukaddes sandyk göçürlende hem Kanundaky tabşyryklar doly berjaý edilmelidi. Şol sebäpli lewilerden bolan Uza muňa sowuk-sala garamaly däldi. Ol ruhany bolmasa-da, Hudaýyň tabşyryklaryny gowy bilýärdi. Şeýle-de Uza çagalygyndan äht sandygy barada köp zatlary bilen bolmaly, sebäbi birnäçe ýyl öň äht sandygy olaryň öýüne getirilipdi (1 Şamuwel 6:20—7:1). Dawut patyşa alyp gaýdýança, äht sandygy 70 ýyllap olaryň öýünde durdy.

w05 1/2 sah. 27, abz. 21

Ýehowa adalatly Hudaý

21 Ýehowa adamyň ýüregini görýär. Mukaddes Kitapda Uzanyň niýeti hakda jikme-jik aýdylmasa-da, Ýehowa onuň ýüregindäki tekepbirligi gören bolmaly. Uza Hudaýyň kanunyny äsgermezlik etdi. Mümkin, ol haky bolmadyk zatlary etmegi endik edinendir (Nakyllar 11:2). Äht sandygy Uzanyň öýünde ençeme ýyllap durdy. Şol sebäpli Uza hondanbärsi bolup, äht sandygy köpçüligiň öňünde göçürmegi özüne at-abraý bilendir (Nakyllar 8:13). Belki, onuň Hudaýa imany gowşap: «Ýehowanyň äht sandygyny goramaga güýji ýetmez» diýip pikir edendir. Nähili bolaýanda-da, ýürekleri barlaýan Ýehowa Uza derrew jeza berip, adalatly höküm çykardy (Nakyllar 21:2).

Ruhy dürdäneler

w96 1/4 sah. 29, abz. 1

Ýehowa hemişe bil baglaň

Dawut bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, käte Ýehowanyň ýakyn dostlary hem kyn ýagdaýlarda aljyrap, ýalňyşyp bilýär. Dawut patyşa äht sandygynyň göçürilmegine jogapkärdi. Ýehowa Uza jeza berende, Dawudyň başda gahary geldi, soňra gorkdy (2 Şamuwel 6:8, 9). Şonda onuň imany synaldy. Dawut äht sandygy göçürende Ýehowa bil baglamady, tabşyrygyna eýermedi. Bizem Hudaýa gulak asmandygymyz üçin kynçylyga uçrasak, Ýehowadan nägile bolarysmy? (Nakyllar 19:3).

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

w05 1/10 sah. 23, 24, abz. 14, 15

Oýa boluň, Hudaýyň «höküm sagady gelip ýetdi»

14 Biz oýa bolsak, gelejekde nähili wakalaryň şaýady bolarys? Ylham kitabynda Hudaýyň niýetiniň nädip amala aşjakdygy aýdylýar. Biz Ylham kitabyndaky sözlere eýersek, oýa bolýandygymyzy görkezeris. 1914-nji ýylda Isa Mesih gökde patyşa bolanda, «Halypamyzyň güni» başlandy (Ylham 1:10). Pygamberlikde şol günde boljak wakalar täsirli beýan edilýär. «Hoş habary yglan edýän» perişde batly ses bilen: «Hudaýdan gorkuň, ony şöhratlandyryň, sebäbi höküm etmeli sagady gelip ýetdi» diýýär (Ylham 14:6, 7). Hudaýyň höküm sagady uzaga çekmez. Pygamberlikdäki hökümler gysga wagtyň içinde yglan edilip, ýerine ýetiriler. Bizem şu pygamberligiň ýerine ýetýän döwründe ýaşaýarys.

15 Biz höküm sagady tamamlanmanka, «Hudaýdan gorkmaly, ony şöhratlandyrmaly». Nädip? Alladan gorksak, erbet işleri etmeris (Nakyllar 8:13). Biz Hudaýa gulak asyp, hormat goýarys we ony şöhratlandyrarys. Mukaddes Kitaby her gün okamaga wagt taparys. Ýygnak duşuşyklaryndan galmarys (Ýewreýler 10:24, 25). Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary yhlasly wagyz ederis. Ýehowa hemişe bil baglap, janymyz-tenimiz bilen gulluk ederis (Zebur 62:8). Älem-jahanyň Hökümdary Ýehowa tabyn bolarys we islendik karara gelenimizde, maslahatyna gulak asarys. Sizem Hudaýdan gorkup, ony şöhratlandyrýarsyňyzmy?

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

jr bap 10, abz. 23, 24

«Hany Ýehowa?» diýip her gün soraň

23 Biz doga edip Ýehowadan görkezme soramaly. Hudaýyň islegine düşünmek üçin Mukaddes Kitaby çuňňur öwrenmeli. Ýermeýa pygamberiň döwründe häzirki ýaly Mukaddes Kitap tutuşlygyna ýokdy. Ýöne Ýermeýa gözleg geçirip, Hudaýyň ylhamy bilen birnäçe kitaplary ýazyp bildi. Sizem Hudaýyň Sözüni ünsli okap oýlansaňyz, peýdaly maslahatlary taparsyňyz. Şonda «Hany Ýehowa?» diýip soraýan ýaly bolarsyňyz (Ýer. 2:6, 8). Ýehowadan görkezme agtaryp, oňa bil baglaň. Şeýtseňiz, «suwuň ýakasynda ekilen agaç ýaly bolarsyňyz, köküňiz çeşmäniň boýuna ýaýrar» (Ýermeýa 17:5—8-nji aýatlary okaň).

24 Mukaddes Kitaby okanyňyzda Ýehowanyň sizden näme garaşýandygyna düşünjek boluň. Hudaýyň Sözündäki taryhy wakalary, tabşyryklary, prinsipleri ünsli okaň. Tapan ruhy dürdäneleriňizi haýsy ýagdaýda ulanyp biljekdigiňiz hakda oýlanyň we durmuşyňyzda ulanyň. Siz erjellik bilen «Hany Ýehowa?» diýip sorasaňyz, Hudaý çykgynsyz ýagdaýda-da Sözi arkaly görkezme berer. Ýehowa siziň bilmeýän, «akylyňyza sygmajak zatlara» düşünmäge kömek eder (Ýer. 33:3).

g17.5 sah. 3—7

Betbagtçylykda janymyzy gorajak maslahatlar

«Birden güýçli partlama boldy. Onuň zarbyna men ýere ýykyldym. Ofisiň içini tüsse gaplady. Hemme ýer ýanyp başlady» (Joşuwa).

«Ýertitreme», «Harasat», «Terrorçylyk», «Mekdepde atyşyk boldy»... Şu günler şeýle elhenç habarlar häli-şindi gazetlerde, täzeliklerde aýdylýar. Elbetde, şeýle habarlary okamak bir başga, öz başyňdan geçirmek bir başga. Betbagtçylykda özüňizi we maşgalaňyzy goramak üçin şu üç ädimi ädip bilersiňiz.

BETBAGTÇYLYKDAN ÖŇ: TAÝYNLYK GÖRÜŇ!

Tebigy betbagtçylyk hemme adamlaryň başyna inip bilýär. Şonuň üçin öňünden taýýarlyk görmeli. Nädip?

• «Meniň başyma inmez» öýtmäň. Betbagtçylykda sizem, dogan-garyndaşlaryňyzam howply ýagdaýa düşüp biler. Boljak zat bolansoň, taýýarlyk göreniň peýdasy ýok.

• Tebigy betbagtçylyklar barada biliň. Ýaşaýan ýeriňizde nähili tebigy betbagtçylyklaryň bolup biljekdigini öňünden anyklaň. Gaçyp gutular ýaly, howpsuz ýerleri öňünden tapyň. Jaýyňyzyň berk gurlandygyna we howpsuz ýerde ýerleşýändigine göz ýetiriň. Öýüňizden tiz ýanýan zatlary çykaryň. Ýangyn hakda duýduryş berýän enjamy ýylda bir gezek barlap, batareýasyny çalşyň.

• Gerekli zatlary taýýarlaň. Tebigy betbagtçylyk bolanda, tok, suw, aragatnaşyk ulgamy kesilip biler we ulaglar ýöremezligi mümkin. Eger ulagyňyz bar bolsa, hemişe ýangyçly bolsun. Şeýle-de suw, tiz zaýalanmaýan iýmitleri we ilkinji kömek üçin dermanlary taýýarlap goýuň («Betbagtçylyk üçin niýetlenen sumkaňyz taýýarmy?» diýen çarçuwa serediň).

• Dogan-garyndaşlaryňyzyň, tanyş-bilişleriňiziň telefon belgileri hemişe el ýüzde dursun.

• Howply ýagdaýa öňünden taýýarlanyň. Ýaşaýan jaýyňyzda, işleýän ýeriňizde we çagalaryňyzyň okaýan mekdebinde girelgeleriň hem-de çykalgalaryň nirede ýerleşýändigini biliň. Duýdansyz betbagtçylyk bolanda, maşgalaňyz bilen nirede görüşjekdigiňizi öňünden gepleşiň. Şol ýerleriň biri ýaşaýan ýeriňiziň töwereginde, beýlekisi has uzagrakda bolsun. Belki, mekdepde ýa-da kitaphanada görşüp bilersiňiz. Döwlet işgärleri tebigy betbagtçylyk bolmazdan öň, saýlan ýerleriňize baryp gaýtmagy maslahat berýär.

• Başgalara kömek ediň. Garrylara hem-de maýyplara nädip kömek etmelidigi hakda öňünden oýlanyň.

BETBAGTÇYLYK DÖWRI: AÝGYTLY HEREKET EDIŇ

Makalanyň başynda agzalan Joşuwa şeýle gürrüň berýär: «Ýangyn başlanda işdeşlerimden hiç kim muňa üns bermedi. Biri kompýuterini öçürdi, biri suwuny doldurdy, hiç kim gaçmalydyrynam öýtmedi. Arasyndan: „Garaşyp görsek näme?“ diýenem tapyldy». Joşuwa ýagdaýyň howpludygyna düşünip: «Boluň! Eglenmäň! Bärden çaltrak çykmaly!» diýip gygyrdy. Şondan soň işgärler Joşuwanyň yzy bilen çykyp başladylar. Ol işdeşlerine: «Aljyramaň! Biri ýykylsa, galdyryň, kömek ediň. Hemmämizem halas bolarys» diýdi.

• Ýangynda aşak egilip ýa-da emedekläp derrew çykalga tarap gidiň. Tüsseden ýaňa öňüňi görmek kyn bolýar. Köplenç ýangynda tüssä bogulyp ölýärler. Şonuň üçin zadyňyzy aljak bolup eglenmäň. Hatda bir sekunt eglenseňiz, janyňyzdan dynyp bilersiňiz.

• Ýer titrände stol ýaly berk zadyň aşagyna giriň, gapynyň söýesinde ýa-da otagyň burçunda duruň. Ýer gaýta-gaýta titräp biler. Şol sebäpli tizden-tiz daşaryk çykyň we binalardan daşrak duruň. Halas edijiler birnäçe sagat eglenip biler. Olar gelýänçä başgalara kömek ediň.

• Suw joşgunda. Eger suw kenardan yza çekilip başlasa, derrew beýik ýere çykjak boluň. Adatça, birinji tolkundan soň has güýçli tolkunlar gelýär.

• Harasatda tizden-tiz gaçybatalgada gizleniň.

• Sil gelende suw alan binalardan uzakda duruň. Suwdan ulagly ýa-da pyýada geçjek bolmaň. Suw hapa bolup, içinde döwük, kesgir zatlar bolmagy mümkin. Şeýle-de suwda üzülen tok simleri we lýuklar açyk bolup biler.

• Bilýäňizmi? Hatda çuňlugy ýarym metr bolan suw akymy ulagy äkidip bilýär. Köplenç suwdan ulagly geçjek bolýanlar ölýär.

• Hökümet raýatlary başga ýere göçürse (ewakuasiýa), eglenmän gidiň! Dogan-garyndaşlaryňyza, dost-ýarlaryňyza nirededigiňizi habar beriň. Ýogsam olar sizi tapjak bolup, janyny howp astyna salar.

• Bilýäňizmi? Betbagtçylykda jaň etmegiň deregine, SMS ýazsaňyz gowy bolar.

• Hökümet raýatlara öýde ýa⁠-⁠da gaçybatalgada galmalydygyny aýtsa, gulak asyň. Himiki, biologiki ýa-da ýadro partlamasy bolsa, hiç ýere çykmaň. Daşardan howa girmez ýaly hemme ýerleri ýapyşdyryň, açyk ýer galmasyn. Ýadro partlamasynda radiasiýadan goranar ýaly binanyň iň aşaky gatyna düşüň we daşky diwarlara golaý barmaň. Radioda we telewizorda aýdylýan soňky täzelikleri diňläp duruň. Hökümet işgärleri ýagdaýyň gowulaşandygyny habar berýänçä, hiç ýere çykmaň.

BETBAGTÇYLYKDAN SOŇ: ÖZÜŇIZI GORAŇ

Keselden we beýleki howp-hatarlardan goranmak üçin şu maslahatlara eýeriň:

• Mümkin bolsa, betbagtçylykda halas bolanlaryň saklanýan ýerinde däl-de, dost-ýarlaryňyzyňkyda boluň.

• Ýaşaýan ýeriňizde arassaçylygy saklaň.

• Betbagtçylyk bolan ýerleri arassalanyňyzda goranmak üçin ähli gerek zatlary ulanyň. Mümkin bolsa, ellik, berk aýakgap, kaska we tozandan goraýan ýörite agyz-burun örtügini dakynyň. Tok simlerden we tüsseläp duran zatlardan ägä boluň.

• Başardygyňyzdan her günki edýän işleriňizi ediň. Çagalaryňyz siziň rahatdygyňyzy we şatlygyňyzy ýitirmeýändigiňizi görsün. Olara öý işlerini etmäge kömek ediň, bile oýun oýnaň. Şeýle-de maşgala bolup, Hudaýa sežde ediň. Betbagtçylyk baradaky hemme täzelikleri biljek bolmaň. Sizi biynjalyk edýän zatlaryňyzy dogan-garyndaşlaryňyza gaýta-gaýta gürrüň berip, derdine dert goşmaň. Berilýän kömegi kabul ediň, özüňizem beýlekilere kömek ediň.

• Betbagtçylykda ýitiren zatlaryňyza gynanyp ýörmäň. Hökümet işgärleri we halas edijiler adamlaryň zadyny däl-de, janyny halas edýär. Olar ýitiren zatlaryňyzy gaýtaryp bermezler. Ýadyňyzda bolsun, adama ýaşamak üçin diňe arassa suw, iýmäge, geýmäge zat we ýatar ýaly ýer gerekdir (1 Timoteos 6:7, 8).

• Duýgy taýdan ejir çekseňiz kömek soraň. Betbagtçylykdan soň käbir adamlarda howsala düşmek, göwünçökgün bolmak, keýpiň bozulmak, ünssüzlik we ukusyzlyk ýaly alamatlar bolup biler. Eger sizde-de şeýle alamatlar bolsa dostuňyza gürrüň beriň.

Ýokarda agzalan Joşuwa iş ýerindäki ýangyndan çykyp ýetişse-de, käbir işdeşleri halas bolup bilmedi. Betbagtçylykdan soň ýygnak ýaşululary oňa göwünlik berdiler. Şeýle-de Joşuwa psiholog lukmanlara ýüz tutdy. Ol şeýle diýýär: «Olar çekýän hasratymyň tizden geçjekdigini we şeýle duýgularyň köplerde bolýandygyny aýtdylar. Alty aýdan soň ukym ýerine gelip başlady, indi gijelerine kän basyrganamok. Ýöne ýangyndan soň özüme gelýänçäm köp wagt gerek boldy».

Adamyň başyna betbagtçylyk inende: «Şeýle adalatsyzlyk näme üçin bolýarka?» diýip oýlanýar. Käbirleri betbagtçylyklary Hudaýdan görýär. Käbiri bolsa, Joşuwa ýaly köp adamy halas edip bilmändigi üçin özüni günäkär duýýar. Joşuwa sözüni şeýle dowam edýär: «„Wah! Ýene biraz tijenen bolsam, köpleri halas edip bilerdim!“ diýen pikirler meni günüme goýanok. Ýöne Allatagalanyň tizden bütin ýer ýüzünde adalaty dikeltjekdigi we ähli zady düzetjekdigi hakda oýlananymda, kalbym rahatlanýar. Men her günüme şükür edip ýaşaýaryn, Hudaýyň beren ýaşaýşyny goramaga jan edýärin» (Ylham 21:4, 5).

BETBAGTÇYLYK ÜÇIN NIÝETLENEN SUMKAŇYZ TAÝÝARMY?

Halas ediş edaralary her öýde iň zerur zatlaryň bolmalydygyny we olary ýylda täzeläp durmalydygyny maslahat berýär. Elbetde, haýsy zatlary taýýarlamalydygy ýaşaýan ýeriňize we ýagdaýyňyza bagly. Goşmaça maglumat üçin ýerli halas ediş edaralaryna ýüz tutup bilersiňiz.

Adam başyna azyndan 10 litr suw we üç güne ýeter ýaly zaýalanmaýan iýmit taýynlap goýmak maslahat berilýär.

Käbir maşgalalar tebigy betbagtçylyk üçin niýetlenen sumkasyna şu zatlary salyp goýýar: ýapynja, ýyly eşik we berk köwüş; el çyra, radio, batareýalar; ilkinji kömek üçin niýetlenen däri-derman, jürlewük; gap-gaç ugrundan käbir zatlar, pyçak, öl bolmaýan otluçöp; agyz-burun örtükleri, öl bolmaýan skoç, çatma ýasar ýaly galyň klýonka; diş çotka, sabyn, el süpürgiç, hajathana kagyzy; çagalar, garrylar we maýyplar üçin gerek zatlar; dermanlar, käbir wajyp resminamalaryň kopiýasy (olary salmak üçin suw geçirmeýän guty ýa-da başga zat); dogan-garyndaşlaryň, dost-ýarlaryň, tiz kömek edaralaryň telefon belgileri, şeýle-de ýygnanyşmaly ýeriň salgysy we kartasy; pul hem-de kartlar; öýüň we ulagyň açarynyň nusgasy; çagalar üçin kitap, kagyz, ruçka, galam; Mukaddes Kitap.

30 MAÝ—5 IÝUN

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 ŞAMUWEL 7, 8

«Ýehowa Dawut bilen äht baglaşýar»

w10 1/4 sah. 20, abz. 3

«Patyşalygyň... baky durar»

Dawut patyşa ybadathanany gurmak isleýändigini aýdanda, Ýehowa örän begendi. Hudaý Dawudyň neslini şa tagtynda ebedi oturtjakdygyny wada berip, onuň bilen äht baglaşdy. Ol Natan pygamber arkaly Dawuda: «Hojalygyňa-da, patyşalygyňa-da hiç wagt howp abanmaz, tagtyň baky durar» diýdi (2 Şamuwel 7:16). Dawudyň neslinden ebedilik höküm sürjek patyşa kimkä? (Zebur 89:20, 29, 34—36).

w10 1/4 sah. 20, abz. 4

«Patyşalygyň... baky durar»

Nazaretli Isa Dawut patyşanyň neslindendi. Isa dünýä inende, perişde: «Ýehowa Hudaý oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. Ol Ýakubyň nesline ebedi patyşa bolar, Patyşalygynyň soňy bolmaz» diýdi (Luka 1:32, 33). Şeýlelikde, Ýehowanyň Dawut bilen baglaşan ähti Isa Mesihde ýerine ýetdi. Isany adamlar däl-de, Hudaý patyşa edip belledi. Şonuň üçin onuň ebedilik höküm sürmäge haky bar. Dogrudan-da, Hudaýyň hiç bir wadasy ýerine ýetmän galmaýar (Işaýa 55:10, 11).

w14 15/10 sah. 10, abz. 14

Hudaýyň Patyşalygyna imanyňyzy berkidiň

14 Geliň, Ýehowanyň gadymy Ysraýylyň patyşasy Dawut bilen äht baglaşanda nämäni wada berendigine seredeliň (2 Şamuwel 7:12, 16-njy aýatlary okaň). Dawut Iýerusalimde höküm sürýärkä, Ýehowa onuň bilen äht baglaşyp, Mesihiň onuň neslinden boljakdygyny wada berdi (Luka 1:30—33). Şeýdip, Ýehowa Mesihiň nesil şejeresini aýan etdi. Hudaý Dawudyň bu nesliniň Mesihi Patyşalykda Patyşa bolmaga ygtyýarynyň bardygyny aýtdy (Ezek. 21:25—27). Dawudyň tagty ebedi durar, sebäbi onuň nesli Isa ebedidir we onuň «tagty Gün kimin bolar» (Zeb. 89:34—37). Hawa, Isa Mesih hiç haçan nebisjeň bolmaz we Hudaýyň Patyşalygy ebedi durar!

Ruhy dürdäneler

it «Soňky günler»

Soňky günler

Bilgamyň pygamberligi. Ysraýyllar Wada edilen ýurdy basyp almanka, Bilgam Mowap patyşasy Ballaga şeýle diýdi: «Ysraýyllaryň gelejekde (soňky günlerde) seniň halkyňa näme etjekdigini aýdaýyn... Ýakupdan bir ýyldyz çykar, Ysraýyldan şalyk hasasy göteriler. Ol Mowabyň maňlaýyny ýarar, batyr ýigitleriň kellesini pytradar» (4Ms 24:14—17, çykgyt). «Ýakupdan bir ýyldyz», ýagny Dawut patyşa mowaplary derbi-dagyn edende, şu pygamberlik ilkinji gezek ýerine ýetýär (2Şm 8:2). Diýmek, Dawut tagta çykanda mowaplaryň «soňky günleri» başlan bolmaly. Dawut patyşanyň eden işleri Isa Mesihiň Patyşa bolanda has uly möçberde etjek işlerini görkezýär. Şol sebäpli Bilgamyň pygamberligi Isa Mesih duşmanlarynyň üstünden ýeňiş gazananda hem ýerine ýeter (Işa 9:7; Zb 2:8, 9).

6—12 IÝUN

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 ŞAMUWEL 9, 10

«Dawut patyşa ýagşylygyny gaýgyrmady»

w06 15/6 sah. 14, abz. 6

Siz bagtly bolup bilersiňiz!

Dawut pygamber şeýle sözleri ýazdy: «Ejizleri goldaýan adam bagtlydyr. Ýehowa kyn gününde ýardam eder. Ýehowa onuň janyny sag, başyny aman saklar, adamlar oňa bagtly diýerler» (Zebur 41:1, 2). Dawudyň wepaly dosty Ýonatanyň iki aýagy agsak ogly bardy. Dawut onuň aladasyny edip, ejizleri goldaýandygyny görkezdi (2 Şamuwel 9:1—13).

w05 15/5 sah. 17, abz. 12

Ikinji Şamuwel kitabyndan peýdaly pikirler

9:1, 6, 7. Dawut Ýonatana beren sözünde durdy. Bizem sözümizde tapylmak üçin elimizde baryny etmeli.

w02 15/2 sah. 14, abz. 10

Olar «bedenindäki tikene» çydadylar

10 Dawut patyşa jana-jan dosty Ýonatanyň hatyrasyna ogly Mepiboşete ýagşylyk etdi. Ol Şawul patyşanyň mal-mülküni agtygy Mepiboşete berdi. Şawulyň hyzmatkäri Zybana bolsa, onuň melleginde işlemegi tabşyrdy. Şeýle-de Dawut Mepiboşete: «Sen hemişe meniň saçagymdan çörek iýersiň» diýdi (2 Şamuwel 9:6—10). Elbetde, Dawudyň eden ýagşylygy Mepiboşete göwünlik berendir, derdini ýeňledendir. Geliň, bizem Dawudyň göreldesine eýerip, «bedenindäki tikenden» ejir çekýän adamlara ýagşylyk edeliň (2 Korinfliler 12:7).

Ruhy dürdäneler

it «Sakgal»

Sakgal

Gadymy döwürde sakgaly syrylan erkek kişi at-abraýdan düşýärdi. Hatda ysraýyllaram muny aýyp görýärdi. Musanyň kanunynda: «Saçyňyzyň iki gapdalyny aýyrmaň, sakgalyňyzyň ujuny gyrkmaň» diýilýärdi (3Ms 19:27; 21:5). Sakgal syrmaklyk butparazlaryň däbi bolandygy üçin gadagan edilýärdi.

13—19 IÝUN

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 ŞAMUWEL 11, 12

«Erbet höwesleriň toruna düşmäň»

w21.06 sah. 17, abz. 10

Şeýtanyň duzagyndan halas bolup bileris

10 Ýehowa Dawut patyşa baýlyk, at-abraý berdi we duşmanlarynyň üstünden ýeňiş gazanmaga kömek etdi. Dawut Ýehowanyň eden ýagşylyklarynyň «sanardan köpdügini» aýdypdy (Zeb. 40:5). Ýöne ol açgözlügiň toruna düşüp, Allatagalanyň ýagşylyklarynyň gadyryny bilmedi. Ol baryna kaýyl bolmady, has köp zady isledi. Dawudyň ençeme aýallary bolsa-da, hetlerden bolan Uryýanyň aýaly Batşeba göz gyzdyryp, onuň bilen zyna etdi. Soňra Batşeba göwreli boldy. Dawut muny hem az görýän ýaly, Uryýany öldürmegiň küýüne düşdi (2 Şam. 11:2—15). Dawut näme barada oýlandyka? Eden işlerini Ýehowa görmeýändir öýtdümikä? «Süýji-süýji iýmäniň, ajy-ajy gägirmesi bolar» diýlişi ýaly, Dawut köp ejir çekmeli boldy. Emma Dawut ýalňyşyna düşünip toba etdi, Ýehowa hem ony bagyşlady (2 Şam. 12:7—13).

w19.09 sah. 17, abz. 15

Ýehowa ýürekden tabyn boluň!

15 Ýehowa Dawudy diňe bir maşgalabaşy däl-de, bütin ysraýyl halkynyň baştutany edip belledi. Dawut patyşanyň uly ygtyýary bardy. Ol käte ygtyýaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, agyr günäleri etdi (2 Şam. 11:14, 15). Ýöne ol Ýehowa tabyn bolup, beren temmisini kabul etdi. Dawut patyşa Ýehowa doga edip, ýüregini dökýärdi. Ol Ýehowanyň maslahatyna eýermek üçin elinde baryny edýärdi (Zeb. 51:1—4). Şeýle-de ol pesgöwünli bolansoň, diňe bir erkek kişileriň däl, aýallaryň hem maslahatyny kabul edýärdi (1 Şam. 19:11, 12; 25:32, 33). Dawut goýberen ýalňyşlyklaryndan sapak edinýärdi we Ýehowa gulluk etmegi örän wajyp hasaplaýardy.

w18.06 sah. 17, abz. 7

Hudaýyň kada-kanunlary we prinsipleri arkaly ynsabyňyzy terbiýeläň

7 Biz Hudaýyň kanunlaryny bozup, öz ýalňyşymyzdan sapak edinmän, gaýtam, Mukaddes Ýazgylarda agzalýan adamlaryň ýalňyşyndan wajyp zatlary öwrenip bilýäris. Süleýmanyň tymsallary 1:6-da: «Akyldar adam diňläp, bilimde össün» diýilýär. Dogrudan-da, Mukaddes Ýazgylardaky wakalary okap oýlansak, Hudaýyň görkezmesiniň örän peýdalydygyna göz ýetirýäris. Meselem, Dawut patyşa Ýehowanyň tabşyrygyny bozup, Batşeba bilen zyna edensoň, özüni nähili duýandygy hakda oýlanyp görüň (2 Şam. 12:7—14). Bu wakany okap oýlananymyzda, özümize şeýle soraglary berip bileris: «Dawut patyşa Batşeba bilen zyna edendigi üçin ýüregine ýara salýan ýagdaýdan nädip gaça durup bilerdi? Eger men şeýle synaga düşsem näme ederin? Ýusupdan görelde alyp gaçarynmy ýa-da Dawut ýaly hereket ederin?» (Gel. çyk. 39:11—15). Biz günäniň erbet netijesi hakda oýlansak, «ýamanlygy ýigrenmegi» berk ýüregimize düweris.

Ruhy dürdäneler

it «Dawut»

Dawut

Ýehowa hemme zady görýär. Ol Dawut bilen Batşebanyň eden günäsiniň üstüni açdy. Eger şu işe kazylar sereden bolsa Kanuna görä, Batşeba bilen Dawuda ölüm jezasy berlerdi. Şonda olaryň heniz dünýä inmedik çagasy-da ölerdi (5Ms 5:18; 22:22). Emma Ýehowa Dawudyň işine özi seredip, rehim etdi. Sebäbi ol Dawut bilen Patyşalyk ähtini baglaşypdy (2Şm 7:11—16). Şeýle-de Dawudyň özi rehimdar adamdy (1Şm 24:4—7; Ýak 2:13-i deňeşdiriň). Onsoňam, Ýehowa olaryň ýürekden toba edýändigini gördi (Zb 51:1—4). Ýöne Dawut bilen Batşeba eden günäsiniň ajy miwesini datmaly boldy. Ýehowa Natan pygamber arkaly Dawuda şeýle diýdi: «Sen öz maşgalaňdan ýamanlyk görersiň» (2Şm 12:1—12).

20—26 IÝUN

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 ŞAMUWEL 13, 14

«Özüni bilýän Emin başyna bela satyn aldy»

it «Abselim»

Abselim

Emini öldürýär. Abselimiň Tamar atly owadan uýasy bardy. Onuň atabir agasy Emin Tamara aşyk bolýar. Ol kesellän kişi bolup, iýere zat bişirer ýaly, kakasyna Tamary ýanyna ibermegi haýyş edýär. Tamar gelensoň ony zorlap, namysyna degýär. Şondan soň Eminiň söýgüsinden nam-nyşan galmaýar. Ol Tamary şeýle bir ýigrenýär welin, ony kowup goýberýär. Tamaryň egninde durmuşa çykmadyk şa gyzlarynyň dony bardy. Ol donuny ýyrtyp, başyndan kül sowurýar we ýolboýy aglap gidýär. Dogany Abselim uýasyny görüp, näme bolandygyny derrew aňýar. Ol Eminiň Tamar sebäpli däli-diwana bolup ýöreninden habarlydy. Abselim uýasyna bolan zatlar hakda dil ýarmazlygy tabşyrýar we öýünde ýaşadýar (2Şm 13:1—20).

w17.09 sah. 5, abz. 11

Özüňize erk etmekligi öwreniň

11 Mukaddes Ýazgylarda özüne erk edip bilmändigi üçin ahlak taýdan päkligini saklamadyk adamlaryň hem mysaly getirilýär. Munuň üçin olar eden işiniň ajy miwesini datdylar. Uýamyz Kimden tapawutlylykda, Süleýmanyň tymsallary 7-nji bapda agzalýan ýaş ýigit akylsyz hereket edip, özüni başgaça alyp bardy. Şeýle-de özüne erk etmändigi üçin pajygaly ýagdaýa sezewar bolan Amnon hakda-da oýlanyp bileris (2 Şam. 13:1, 2, 10—15, 28—32). Ata-eneler ýokarda agzalan wakalary ulanyp, maşgala okuwynda çagalaryna duşuşmak meselesinde özüňe erk etmegi we akyldar bolmagy öwredip biler.

it «Abselim»

Abselim

Aradan iki ýyl geçýär. Goýun gyrkylýan döwri Abselim Iýerusalimden 22 km demirgazyk we demirgazyk-gündogarda ýerleşýän Bagal-hazorda meýlis gurap, patyşany hem şa ogullaryny çagyrýar. Kakasy gitmejekdigini aýdanda, Abselim iň uly agasy Emini ibermegi haýyş edýär (Nak 10:18). Emin «şerap içip, keýpini köklänsoň», Abselim hyzmatkärlerine ony öldürmegi buýurýar. Patyşanyň beýleki ogullary bolsa Iýerusalime gaçyp gidýär. Abselim hem Jelile deňziniň gündogaryndaky Geşur ýurduna babasynyň (siriýaly) ýanyna gaçýar (2Şm 13:23—38). Şeýdip, Natan pygamberiň Dawuda: «Öý-içeriňden hiç wagt gylyç aýrylmaz» diýen sözleri ýerine ýetip başlaýar (2Şm 12:10).

Ruhy dürdäneler

g04 22/12 sah. 8, 9

Içki dünýäňiz owadan bolsun!

Geliň, Dawut patyşanyň ogly Abselim hakda gürrüň edeliň. «Daşy jäjek, içi möjek» diýlişi ýaly, Abselim boý-syratly, gelşikli ýigit bolsa-da, adamçylygy pesdi. Mukaddes Kitapda: «Tutuş Ysraýylda Abselim ýaly görmegeý ýigit ýokdy, depesinden dabanyna çenli onuň ýekeje-de kem ýeri ýokdy» diýilýär (2 Şamuwel 14:25). Emma ol şeýle tekepbirdi welin, kakasyny tagtdan agdaryp, ýerine özi patyşa bolmak isledi. Abselim hatda kakasynyň gyrnaklary bilen ýatdy. Şeýdip, ol Ýehowanyň gaharyny getirdi we iň soňunda gynalyp öldi (2 Şamuwel 15:10—14; 16:13—22; 17:14; 18:9, 15).

Siziň Abselim ýaly adam bilen dostlaşasyňyz gelerdimi? Elbetde, ýok. Gaýtam siz ondan gaçardyňyz. Abselim nähili owadanam bolsa, tekepbir hem dönükdi. Görmegeýligi ony ölümdenem halas edip bilmedi. Mukaddes Kitapda köp adamlaryň ýagşy häsiýetleri barada ýazylsa-da, olaryň daş keşbi hakda hiç zat aýdylmaýar. Diýmek, adamyň içki dünýäsiniň owadan bolmagy has wajyp.

27 IÝUN—3 IÝUL

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 ŞAMUWEL 15—17

«Tekepbir Abselim gozgalaň turuzýar»

it «Öňünden ylgamak»

Öňünden ylgamak

Gadymy döwürde patyşalaryň nökerlerini arabasynyň öňünden ylgatmak däbi bardy. Olar patyşanyň gelýänini jar çekýärdiler we oňa hyzmat edýärdiler (1Şm 8:11). Abselim bilen Adonyýar at-abraýyny arşa galdyrmak we patyşa bolmaga hakynyň bardygyny görkezmek üçin şol däbe eýerdiler. Olar arabasynyň öňünden 50 adamy ylgatdylar (2Şm 15:1; 1Pa 1:5; serediň: YLGAMAK).

w12 15/7 sah. 13, abz. 5

Erkinlik berýän Ýehowa gulluk ediň

5 Mukaddes Ýazgylarda erbet täsir eden adamlaryň birnäçe mysallary bar. Olaryň biri Dawut patyşanyň ogly Abşalom. Ol örän görmegeý ýigitdi. Ol Şeýtan ýaly ýüreginde erbet höwesleriň kök urmagyna ýol berdi. Onuň patyşa bolmaga haky bolmasa-da, kakasynyň tagtyna geçmek isledi. Abşalom arzuwyna ýetjek bolup, patyşanyň adamlara kömek etmek islemeýändigini, özüniň bolsa kömek etjekdigini aýtdy. Erem bagynda edil Iblisiň edişi ýaly, Abşalom hem adamlaryň aladasyny edýärin diýip, atasyna töhmet atdy (2 Sam. 15:1—5).

it «Hebron»

Hebron

Birnäçe ýyldan soň Abselim Hebrona gaýdyp gelýär we kakasyny tagtdan düşürjek bolýar. Ol özüni patyşa diýip yglan etmek üçin Hebron şäherini saýlaýar. Sebäbi Hebron birwagt Ýahudanyň paýtagtydy we Abselimiň önüp-ösen şäheridi. Ýöne Abselimiň tagty eýelemek üçin guran hilesi başa barmaýar (2Şm 15:7—10).

Ruhy dürdäneler

w18.08 sah. 6, abz. 11

Siz munuň dogrudygyny bilýärsiňizmi?

11 Bizem diňe ýarysy hakykat bolan ýa-da doly bolmadyk maglumatlary eşitmegimiz mümkin. Geliň, Dawut patyşa hem-de Mepiboşet bilen bolan waka seredeliň. Dawut oňa jomartlyk bildirip, ýagşylyk edýär we atasy Şawulyň ähli ýerlerini oňa gaýtaryp berýär (2 Şam. 9:6, 7). Ýöne biraz wagtdan Dawut Mepiboşet barada erbet zatlary eşidýär. Ol ähli zadyň anygyna ýetmegiň deregine, Mepiboşediň bar zadyny elinden alýar (2 Şam. 16:1—4). Soňra Dawut onuň bilen gepleşende, nädogry hereket edendigine düşünýär we bar zadyny yzyna gaýtaryp berýär (2 Şam. 19:24—29). Eger Dawut doly bolmadyk maglumat esasynda howlukmaç hereket etmän, gaýtam, ähli jikme-jiklikleri bilmek üçin ýeterlik wagt sarp eden bolsa, şeýle adalatsyzlygy etmekden gaça durup bilerdi.

WAGYZDA ÖKDELEŞIŇ

w09 15/5 sah. 27, 28

Yttaý ýaly wepaly boluň

Rimliler 15:4-de şeýle diýilýär: «Öňki ýazylan zatlar hem öwüt-nesihat bermek üçin ýazyldy». Biz Yttaýyň göreldesine nädip eýerip bileris? Geliň, Yttaýyň Dawut patyşa näme üçin wepaly bolandygyny bileliň. Ol ýurdundan kowlup, Ysraýylda gelmişek bolup ýaşaýardy. Yttaý piliştli bolsa-da, Ýehowanyň hak Hudaýdygyna ynanýardy we Ýehowanyň Dawudy patyşa edip belländigini bilýärdi. Piliştliler bilen ysraýyllar ganym duşmandy. Ýöne Yttaý Jalut pälwany we ençeme ildeşini öldüren Dawudy ýigrenmedi (1 Şam. 18:6, 7). Ol Dawudyň Ýehowa wepalydygyny we gowy adamdygyny bilýärdi. Dawudam Yttaýa uly hormat goýýardy. Ol Abselime garşy soňky söweşde esgerlerini üç topara bölende, olaryň birine «getli Yttaýy ýolbaşçy edip goýupdy» (2 Şam. 18:2).

Bizem adamlary ala tutmaly däl. Olaryň milletine, tire-taýpasyna, terbiýesine däl-de, gowy häsiýetlerine üns bermeli. Öňden bäri aňymyza siňen milletparazlygy köki bilen aýyrmaly. Yttaý bilen Dawudyň wakasyndan görşümiz ýaly, Ýehowany ýakyndan tanasak we söýsek, hiç kimi ala tutmarys.

Yttaýyň göreldesi hakda oýlanyp, özüňize şeýle soraglary beriň: «Men Dawutdan uly bolan Isa Mesihe ýürekden wepalymy? Wagyz we şägirt taýýarlamak işine yhlasly gatnaşyp, wepalydygymy subut edýärinmi? (Mat. 24:14; 28:19, 20). Men Ýehowa üçin köp zatdan geçmäge taýynmy?»

Maşgalabaşylar hem Yttaýyň göreldesine eýerip biler. Yttaý Hudaýyň saýlan patyşasynyň tarapyna geçip, hem özüne, hem ýanyndaky adamlaryna kynçylyk döretdi. Şonuň ýaly, maşgalabaşylar köpräk gulluk etmek kararyna gelende, maşgalasy üçin käbir kynçylyklar döremegi mümkin. Ýöne alada etmäň, wepaly adama Ýehowa-da wepalydyr (Zeb. 18:25).

Mukaddes Kitapda Dawut bilen Abselimiň arasyndaky söweşden soň Yttaý hakda agzalmaýar. Yttaý Dawudy kyn gününde goldap, Ýehowa wepalydygyny görkezdi. Mukaddes Kitapda Yttaý barada ýazylmagyndan Hudaýyň wepaly adamlara üns berýändigini we sylaglaýandygyny öwrenýäris (Ýew. 6:10).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş