Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sah. 272—sah. 281 abz. 4
  • Wagyz etmeli habarymyz

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Wagyz etmeli habarymyz
  • Wagyz mekdebi
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «HUDAÝDAN GORK WE ONUŇ TABŞYRYKLARYNY SAKLA»
  • ISA HAKDA ŞAÝATLYK EDÝÄRIS
  • «PATYŞALYK BARADAKY... HOŞ HABAR»
  • Näme üçin Isa Mesihiň yzyna eýermeli?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Hudaýyň patyşalygy höküm sürýär
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Hudaýyň Patyşalygy näme?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Patyşalyk «hiç haçan ýok bolmaz»
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sah. 272—sah. 281 abz. 4

Wagyz etmeli habarymyz

Ýehowa bize uly jogapkärçilik ynandy we hormat bildirdi. Ol şeýle diýýär: «Siz Meniň şaýatlarym... Men Hudaýdyryn» (Iş. 43:12, TD). Biz Hudaýa ýöne bir iman etmek bilen çäklenmeýäris. Biz Hudaýyň Sözündäki wajyp hakykaty adamlara wagyz edýäris. Ýehowa bize näme hakda wagyz etmegi tabşyrdy? Biz, esasan, Ýehowa Hudaý, Isa Mesih we Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz edýäris.

«HUDAÝDAN GORK WE ONUŇ TABŞYRYKLARYNY SAKLA»

GADYMY döwürde Ýehowa wepaly gullukçysy Ybraýyma «ýer ýüzüniň ähli milletlerini» patalajakdygyny aýtdy (Gel. çyk. 22:18). Şeýle-de Hudaý ähli adamlardan, esasan, nämäni talap edýändigini Süleýman patyşa arkaly şeýle beýan etdi: «Hudaýdan gork we Onuň tabşyryklaryny sakla, çünki bu ynsanyň esasy borjudyr» (Wag. 12:13). Emma bu zatlar barada bütin ýer ýüzündäki adamlar nädip eşidip bilerler?

Hudaýyň aýdýan sözlerine iman edýän adamlar hemişe-de bardy. Emma Mukaddes Ýazgylarda aýdylyşyna görä, hoş habary bütin ýer ýüzünde ähli halklara wagyz etmek işi «Rebbiň gününde» başlanmalydy. Ol «gün» 1914-nji ýylda başlandy (Ylh. 1:10). Ylham 14:6, 7-nji aýatlarda «her millete we taýpa, her dile we her halka» wagyz etmek işine perişdeleriň ýolbaşçylyk etjekdigi pygamberlik edildi. Ýehowanyň perişdesi adamlara şeýle diýýär: «Hudaýdan gorkuň! Ony şöhratlandyryň! Çünki Onuň höküm sagady geldi. Gögi, Ýeri, deňzi we suw bulaklaryny Ýaradana sežde ediň!» Görşümiz ýaly, Hudaý bu habaryň adamlara yglan edilmegini isleýär. Biziň bu işe gatnaşmaga ajaýyp mümkinçiligimiz bar.

Hak «Hudaý». Ýehowanyň höküm sürmäge haklydygy baradaky mesele gozgalanda, Hudaý bize: «Siz meniň şaýadymsyňyz» diýdi (Iş. 43:10). Biz adamlary ýöne bir din kabul etmäge ýa-da Hudaýa ynanmaga höweslendirmek üçin wagyz etmeýäris. Biz olara ýeri-gögi ýaradan hak Hudaýy tanamaga mümkinçilik berýäris (Iş. 45:5, 18, 21, 22; Ýahýa 17:3). Diňe hakyky Hudaý gelejegi anyk aýdyp bilýär. Biz adamlara Hudaýyň aýdan zatlarynyň geçmişde berjaý bolandygyny aýdyp, Ýehowanyň wadalarynyň gelejekde-de ýerine ýetjekdigine ynandyryp bileris. Bu biziň üçin uly hormatdyr (Ýeş. 23:14; Iş. 55:10, 11).

Elbetde, biziň wagyz edýän adamlarymyzyň köpüsi ýalan taňrylara sežde edýärler ýa-da asla Hudaýa sežde etmeýärler. Adamlar hoş habary kabul eder ýaly, olary gyzyklandyraýjak zatlar bilen gürrüňe başlamaly. Bu babatda biz Resullaryň işleri 17:22—31-nji aýatlardaky aýdylan zatlardan öwrenip bileris. Pawlus resul sypaýyçylykly bolsa-da, ol ähli adamlaryň ýeriň-gögüň Ýaradyjysy Hudaýyň öňünde hasabat bermelidigini aýdyň düşündirdi.

Hudaýyň adyny tanadýarys. Hak Hudaýyň ady barada gürrüň bermäge sowuk-sala garamaň. Ýehowa öz adyny gowy görýär (Müs. çyk. 3:15; Iş. 42:8). Ol adamlaryň Öz adyny bilmegini isleýär. Ýehowa beýik adynyň Mukaddes Ýazgylarda takmynan 7 000 gezek ýazylmagyna ýolbaşçylyk etdi. Şol sebäpli biz adamlary Hudaýyň ady bilen tanyşdyrmaga jogapkärdiris (Kan. tag. 4:35).

Ähli adamlaryň gelejegi Ýehowanyň adyny bilip, ony iman bilen çagyrmagyna baglydyr (Ýowel 2:32; Mal. 3:16; 2 Sel. 1:8). Emma köp adamlar Ýehowany tanamaýarlar. Hudaýa ynanýaryn diýýän adamlaryň köpüsi-de Ýehowany bilmeýärler. Hatda olaryň Mukaddes Ýazgylary bolsa-da we ony okasalar-da, Hudaýyň adyny bilmeýärler. Sebäbi häzirki köp terjimelerde Hudaýyň ady aýrylypdyr. Käbir adamlar Hudaýyň adyny bilseler-de, dini ýolbaşçylar ony tutmaly däl diýýärler.

Biz adamlara Hudaýyň adyny nädip tanadyp bileris? Munuň iň gowy usuly — olaryň Mukaddes Ýazgylaryndan Hudaýyň adyny görkezmek. Mukaddes Ýazgylaryň käbir terjimelerinde Hudaýyň ady müňlerçe gezek duş gelýär. Käbirlerinde Zebur 8:1, 9-da we 68:20-de duş gelýär. Başga terjimelerde bolsa, Hudaýyň adynyň durmaly ýerinde «Reb» we «Hudaý» diýen sözleri ulanypdyrlar hem-de şol sözleri kursiw bilen ýazypdyrlar. Häzirki terjimelerde Hudaýyň ady ýok bolsa, adamlara ony görkezmek üçin köne terjimeleri ulanyp bilersiňiz. Käbir ýurtlarda Hudaýyň adyny dini aýdymlarda ulanýarlar ýa-da jemgyýetçilik jaýlarynyň ýokarsyna ýazýarlar.

«Täze Dünýä terjimesiniň» Ýermeýa 10:10—13-nji aýatlaryndaky sözler hatda ýalan taňrylara sežde edýän adamlara-da güýçli täsir edip bilýär. Bu aýatlarda diňe bir Hudaýyň ady agzalman, eýsem, onuň kimdigi hem aýdyň düşündirilýär.

Biz hristian buthanalarynyň agzalary ýaly, diňe «Hudaý» we «Reb» diýen sözleri ulanyp, Ýehowanyň adyny ýaşyrmaly däl. Elbetde, bu her bir gürrüňdeşligi Hudaýyň adyny aýtmak bilen başlamalydygyny aňlatmaýar. Sebäbi käbir adamlar Ýehowanyň adyny halamaýandygy üçin gürrüňdeşligi bes edýärler. Emma adam bilen gowy pikir alşyp başlansoň, Hudaýyň adyny aýtmaga çekinmeli däl.

Mukaddes Ýazgylaryň asyl nusgasynda Hudaýyň ady «Reb» we «Hudaý» diýen sözlere garanyňda, has köp duş gelýär. Elbetde, Mukaddes Ýazgylary ýazan adamlar Hudaýyň adyny her bir sözlemde ýazmandyrlar. Olar Hudaýyň adyny ýerlikli we hormat bilen ulanypdyrlar. Bu biziň üçin hem gowy görelde bolup durýar.

Bu ady kim göterýär? Hudaýyň adyny bilmek örän wajyp bolsa-da, bu Hudaýy tanamagyň diňe başlangyjydyr.

Adamlar Ýehowany söýüp, ony iman bilen çagyrar ýaly, onuň nähili Hudaýdygyny bilmeli. Ýehowa Sinaý dagynda Musa pygambere öz adyny tanadanda, diňe bir «Ýehowa» diýen sözi aýtmak bilen çäklenmedi. Ol Musanyň ünsüni Öz ajaýyp häsiýetlerine çekdi (Müs. çyk. 34:6, 7). Biz hem adamlara Ýehowa barada gürrüň berenimizde, şeýle edip bileris.

Siz gyzyklanan adama wagyz edeniňizde ýa-da ýygnakda nutuk bilen çykyş edeniňizde, Hudaýyň Patyşalygynyň berjek bereketleri barada gürrüň berseňiz, şeýle wadalaryň Ýehowanyň nähili Hudaýdygyna düşünmäge kömek edýändigini nygtap geçiň. Ýehowanyň kada-kanunlary barada aýdanyňyzda, şol tabşyryklardan Hudaýyň akyldarlygynyň we söýgüsiniň görünýändigini belläp geçiň. Hudaýyň tabşyryklarynyň agyr ýük bolman, eýsem, biziň üçin peýdalydygyny düşündiriň (Iş. 48:17, 18; Mika 6:8). Ýehowanyň her bir ýagdaýda bildirýän güýjüniň onuň nähili Hudaýdygyny, onuň kadalaryny we niýetini aýan edişini görkezjek boluň. Ýehowanyň öz häsiýetlerini paýhaslylyk bilen bildirýändigine üns beriň. Siziň aýdýan sözleriňizden Ýehowa bolan duýgularyňyz görünsin. Şonda siziň Ýehowa bolan söýgiňiz başgalarda-da şeýle söýgini oýarar.

Şu günler adamlara wagyz edýän habarymyz Hudaýdan gorkmaklyga höweslendirýär. Biz aýdýan zatlarymyz bilen adamlara Hudaýdan gorkyny ösdürmäge kömek etjek bolmaly. Hudaýdan gorky Ýehowadan titräp gorkmagy däl-de, ony çuňňur hormatlamagy aňladýar (Zeb. 89:7). Şeýle-de Hudaýdan gorkmaklyk Ýehowanyň beýik Kazydygyna we biziň gelejegimiziň ony razy etmegimize baglydygyna düşünmekdir (Luka 12:5; Rim. 14:12). Şol sebäpli Hudaýdan gorky Ýehowany ýürekden söýmek we onuň göwnünden turmak islegi bilen berk baglanyşyklydyr (Kan. tag. 10:12, 13). Şeýle-de Hudaýdan gorky erbet işleri ýigrenmäge, Ýehowanyň tabşyryklaryna gulak asmaga we oňa ýürekden gulluk etmäge höweslendirýär (Kan. tag. 5:29; 1 Ýyl. 28:9; Sül. tym. 8:13). Bu gorky dünýäniň işlerini söýmekden gaça durmaga we Ýehowa bütin ýüregiň bilen gulluk etmäge kömek edýär (1 Ýahýa 2:15—17).

Hudaýyň ady «güýçli galadyr». Ýehowany gowy tanaýan adamlaryň berk goragy bar. Emma olar bu goragy diňe bir Hudaýyň adyny tutýandyklary ýa-da onuň käbir häsiýetlerini bilýändikleri üçin almaýarlar. Olar Ýehowa bil baglaýarlar. Bu babatda Süleýmanyň tymsallary 18:10-da şeýle diýilýär: «Rebbiň ady güýçli galadyr; dogry adam onuň içine ylgap, howpsuzlykda bolýandyr».

Adamlary Ýehowa bil baglamaga höweslendirmek üçin ähli mümkinçilikden peýdalanyň (Zeb. 37:3; Sül. tym. 3:5, 6). Ýehowa bil baglaýan adam Hudaýa we onuň berýän wadalaryna iman edýändigini görkezýär (Ýew. 11:6). Ýehowanyň adyny çagyrýan adamlar onuň Älemiň hökümdarydygyna iman edýärler, onuň kada-kanunlaryny söýýärler we diňe onuň gutuluş berip bilýändigine doly ynanýarlar (Rim. 10:13, 14).

Köp adamlar has agyr kynçylyklara duş gelýärler. Olar şeýle ýagdaýda hiç hili çykalga tapmaýarlar. Olary Ýehowanyň kada-kanunlaryny öwrenmäge, Oňa bil baglamaga we öwrenen zatlaryna görä ýaşamaga höweslendiriň (Zeb. 25:5). Şeýle-de olary Hudaýdan kömek soramak we berýän bereketlerine minnetdarlyk bildirmek üçin yzygiderli doga etmäge höweslendiriň (Flp. 4:6, 7). Olar diňe bir Mukaddes Ýazgylardan käbir aýatlary okandygy üçin däl-de, öz durmuşynda Hudaýyň berýän wadalarynyň ýerine ýetişini görüp, Ýehowany gowy tanap başlaýarlar. Şeýle-de olar Ýehowanyň adynyň manysyna dogry düşünip, kalbynda rahatlyk duýýarlar (Zeb. 34:8; Ýer. 17:7, 8).

Adamlara Ýehowa Hudaýdan gorkmagyň we onuň tabşyryklaryny berjaý etmegiň paýhaslydygyna düşünmäge kömek etmek üçin her bir mümkinçilikden peýdalanyň.

ISA HAKDA ŞAÝATLYK EDÝÄRIS

ISA MESIH direlip, göge galmazyndan öň, şägirtlerine şeýle tabşyryk berdi: «Ýeriň tä soňuna çenli Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» (Res. iş. 1:8). Şu günler Hudaýa wepaly gulluk edýän adamlar barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Hudaýyň buýruklaryny berjaý edip, Isa şaýatlyk edýärler» (Ylh. 12:17). Sen hem yhlasly wagyz edýärsiňmi?

Köp adamlar Isa ynanýandygyny aýtsalar-da, onuň ýere gelmezinden öňki ýaşaýşy barada hiç zat bilmeýärler. Olar onuň ýer ýüzünde ynsan bolup ýaşandygyny bilmeýärler. Olar Isa Hudaýyň Ogly diýilmeginiň manysyna düşünmeýärler. Olar Hudaýyň niýetini amala aşyrmakda Isanyň tutýan orny barada kän zat bilmeýärler. Şeýle-de olar Isanyň häzir näme edýändigini we onuň gelejekde etjek işleriniň olaryň durmuşyna nähili täsir etjekdigini bilmeýärler. Hatda käbir adamlar Ýehowanyň Şaýatlary Isa ynanmaýarlar diýip nädogry pikir edýän bolmaklary hem mümkin. Şol sebäpli biz adamlara bu babatda hakykaty bildirmek üçin jan etmäge borçludyrys.

Käbir adamlar Isa ýaly adamyň ýaşandygyna asla ynanmaýarlar. Käbirleri bolsa ony beýik adam hasaplaýarlar. Köp adamlar onuň Hudaýyň Ogludygyny inkär edýärler. Şeýle adamlara Isa hakda «şaýatlyk etmek» üçin köp tagalla etmeli, sabyrly we sypaýyçylykly bolmaly.

Adamlar nähili garaýyşda bolsalar-da, olar Hudaýyň berjek ebedi ýaşaýşyna gowuşmak üçin Isa Mesih barada bilmeli (Ýahýa 17:3). Hudaý ähli adamlaryň «Isa Mesihiň Rebdigini ykrar etmegini» we oňa tabyn bolmagyny isleýär (Flp. 2:9—11). Biz nädogry garaýyşly ýa-da ters pikirde bolan adamlara duşanymyzda, olaryň Isa barada berýän soraglaryny jogapsyz goýmaýarys. Käte biz Isa Mesih barada hatda ilkinji idegde-de aýdyp bilýäris. Emma käbir ýagdaýlarda seresaplylyk bilen adamlara pikirini dogrulamaga kömek etmeli bolýarys. Şeýle-de indiki ideglerde bu soragyň başga taraplary barada pikir alşar ýaly oýlanmaly. Emma adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlaman, ähli zatlar barada pikir alşyp bolmaýar (1 Tim. 2:3—7).

Isa Hudaýyň niýetinde wajyp orun tutýar. Biz adamlara diňe Isanyň «ýoldugyna», onsuz «hiç kimiň Ata baryp bilmeýändigine» hem-de Isa Mesihe iman etmän, Hudaýyň göwnünden turup bolmaýandygyna düşünmäge kömek etmeli (Ýahýa 14:6). Adam Ýehowanyň ilkinji Ogluna nähili wajyp orny berendigine düşünmese, Mukaddes Ýazgylarda aýdylan zatlara düşünip bilmeýär. Näme üçin? Sebäbi Ýehowa Ogluny öz niýetinde esasy gural hökmünde ulanýar (Kol. 1:17—20). Muny Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikler hem tassyklaýar (Ylh. 19:10). Şeýtanyň turzan pitnesi we Adam atanyň günäsi sebäpli dörän ähli kynçylyklar diňe Isa Mesih arkaly çözüler (Ýew. 2:5—9, 14, 15).

Adamlar Mesihiň tutýan ornuna düşüner ýaly, olar adamzadyň gözgyny ýagdaýdadygyna we bu ýagdaýdan öz güýji bilen azat bolup bilmejekdigine düşünmeli. Biziň hemmämiz günäli dogulýarys. Günä biziň durmuşymyza ähli tarapdan täsirini ýetirip durýar. Biziň ählimiz ahyrsoňy ölýäris (Rim. 3:23; 5:12). Adamlar bilen bu zatlar hakda pikir alşyň. Şeýle-de Ýehowanyň Isa Mesihiň töleg gurbany arkaly adamlary günäniň we ölümiň ýesirliginden azat etmek isleýändigini hem-de şol tölege iman etmelidigini belläp geçiň (Mar. 10:45; Ýew. 2:9). Bu olara gelejekde kämil bolup, ebedi ýaşaýşa gowuşmaga mümkinçilik berer (Ýahýa 3:16, 36). Şeýle ajaýyp gelejegi başga hiç kim arkaly alyp bolmaýar (Res. iş. 4:12). Siz bir adam bilen gürrüňdeş bolýan bolsaňyz-da, ýygnakda çykyş edýän bolsaňyz-da, bu zatlary ýöne bir agzap geçmek bilen çäklenmäň. Mähirli hem-de sabyrly bolup, diňleýjilere Halasgärimiz Isa Mesihiň tutýan ornuna minnetdarlygyny artdyrmaga kömek ediň. Şeýle minnetdarlyk duýgusy adamyň garaýşyna, özüni alyp barşyna we durmuşda goýýan maksatlaryna güýçli täsir eder (2 Kor. 5:14, 15).

Isa öz janyny biziň üçin bir gezek gurban berdi (Ýew. 9:28). Emma häzir ol Baş Ruhany bolup, yhlasly gulluk edýär. Adamlara munuň manysyna düşünmäge kömek ediň. Gürrüňdeş bolýan adamyňyz göwnüçökgünlige düşýärmi, bir zatdan ejir çekýärmi ýa-da daş-töwerekdäki bolýan zalymlyk sebäpli başga-da kynçylyklara duş gelýär? Isa-da ýer ýüzünde ynsan bolup ýaşan döwri bu zatlary başdan geçiripdi. Şol sebäpli ol biziň nähili duýgulary başdan geçirýändigimize düşünýär. Ähtimal, biz bikämilligimiz sebäpli Hudaýyň rehimdarlygyna mätäçdiris. Eger biz Mesihiň töleg gurbany esasynda Hudaýa doga edip, ötünç sorasak, «Atanyň ýanynda Töwellaçymyz» Isa bize kömek eder. Isa bize duýgudaşlyk bildirip, «biziň üçin töwella edýär» (1 Ýahýa 2:1, 2; Rim. 8:34). Isanyň töleg gurbany we onuň Baş Ruhany hökmünde edýän gullugy arkaly biz «Hudaýyň merhemet tagtyna» golaýlaşyp, gerekli wagty Ýehowanyň kömegini alyp bilýäris (Ýew. 4:15, 16). Biz bikämil bolsak-da, Isa Baş Ruhany hökmünde bize Hudaýa päk ynsap bilen gulluk etmäge kömek edýär (Ýew. 9:13, 14).

Şeýle-de Hudaý Isany mesihçiler ýygnagynyň Başy edip, oňa uly ygtyýar berdi (Mat. 28:18; Efes. 1:22, 23). Ýygnagyň Başy Isa bize Hudaýyň islegine görä görkezme berýär. Şol sebäpli adamlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçireniňizde ýygnagyň Başynyň adam däl-de, Isa Mesihdigine düşünmäge kömek ediň (Mat. 23:10). Hakykat bilen gyzyklanan adamy ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaga höweslendiriň. Sebäbi ol ýerde «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» taýýarlaýan edebiýatlary arkaly Mukaddes Ýazgylar öwrenilýär. Olara diňe «hyzmatkäriň» kimdigini däl, eýsem, onuň «Agasynyň» kimdigini-de düşündiriň. Bu olara Isanyň ýygnaklara ýolbaşçylyk edýändigine düşünmäge kömek eder (Mat. 24:45—47). Olary ýygnak ýaşululary bilen tanyşdyryň we ýaşuly bolup gulluk etmek üçin Mukaddes Ýazgylaryň haýsy talaplaryna laýyk gelmelidigini gürrüň beriň (1 Tim. 3:1—7; Titus 1:5—9). Şeýle-de ýaşuly doganlaryň ýygnagyň eýesi däldigini we olar dogan-uýalara Isa Mesihiň göreldesine eýermäge kömek edýändigini düşündiriň (Res. iş. 20:28; Efes. 4:16; 1 Pet. 5:2, 3). Gyzyklanýan adamlara bütin dünýä boýunça hereket edýän gurama Isanyň ýolbaşçylyk edýändigine göz ýetirmäge ýardam ediň.

Injilde beýan edilişi ýaly, Isa ölmeziniň öň ýany Iýerusalime girip gelýärkä, onuň şägirtleri oňa «Rebbiň adyndan gelýän Patyşa gutly bolsun!» diýdiler (Luka 19:38). Okuw geçýän adam Mukaddes Ýazgylary has çuňňur öwrenip başlanda, ol Ýehowanyň Isa Mesihe ähli milletleriň üstünden höküm sürmäge ygtyýar berendigine düşüner (Dan. 7:13, 14). Siz ýygnakda nutuk bilen çykyş edeniňizde ýa-da kimdir biri bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçireniňizde, adamlary Isanyň hökümdarlygyna minnetdar bolmaga höweslendiriň we bu hökümdarlygyň biz üçin nämeler etjekdigini düşündiriň.

Biz Isa Mesihiň Patyşadygyna ynanýandygymyzy we onuň hökümdarlygyna ýürekden tabyn bolýandygymyzy ýaşaýşymyz bilen görkezýäris. Muny adamlara düşündirjek boluň. Isanyň Patyşa bolmak üçin mesh edilenden soň, şägirtlerine nähili ýumşy berjaý etmegi tabşyrandygyny düşündiriň (Mat. 24:14; 28:18—20). Isanyň Ajaýyp Maslahatçy hökmünde durmuşymyzda nämäni birinji orunda goýmalydygymyz barada aýdan zatlary hakda gürrüň ediň (Iş. 9:6, 7; Mat. 6:19—34). Parahatlyk Şazadasynyň, ýagny Isanyň öz şägirtlerine nähili garaýyşda bolmalydygyny nygtap geçişi barada pikir alşyň (Mat. 20:25—27; Ýahýa 13:35). Emma adamlara näme etmelidigini görkezme bermekden ägä boluň. Gaýtam, olary edýän işleriniň Mesihiň hökümdarlygyna tabyn bolýandygyny görkezýändigini barlamaga höweslendiriň. Adamy bu hakda oýlanmaga höweslendireniňizde, özüňiz hem aýdýan zatlaryňyza laýyk hereket ediň.

Isa Mesih — tutulan düýp. Mukaddes Ýazgylarda şägirt taýýarlamak işi jaý gurluşygy bilen deňeşdirilýär. Bu gurluşygyň düýbi — Isa Mesih (1 Kor. 3:10—15). Bu gurluşygy tamamlamak üçin, adamlara Mukaddes Ýazgylar arkaly Isanyň nähili adam bolandygyny bilmäge kömek ediň. Emma okuw geçýän adam siziň yzyňyza eýermelidir diýip pikir etmez ýaly seresap boluň (1 Kor. 3:4—7). Olaryň ünsüni Isa Mesihe çekiň.

Eger Mukaddes Ýazgylar okuwynyň düýbi dogry tutulsa, onda sapak geçýän adam Mesihiň göreldesine eýermegiň wajypdygyna düşüner (1 Pet. 2:21). Şol sebäpli adamy Mukaddes Ýazgylardan Isanyň durmuşy barada ýöne bir taryhy waka hökmünde okaman, eýsem, onuň göreldesine eýermäge höweslendiriň. Isanyň garaýşyna we häsiýetlerine eýermäge kömek ediň. Şeýle-de Isanyň gökdäki Atasyna nähili garandygyna, synaglara we kynçylyklara nädip döz gelendigine, Hudaýa tabyn bolýandygyny nädip görkezendigine hem-de dürli ýagdaýlarda özüni adamlar bilen nähili alyp barandygyna üns bermäge kömek ediň. Isanyň durmuşynda haýsy işi birinji orunda goýandygyny nygtap geçiň. Şonda okuw geçýän adam belli bir karara gelmeli bolanda ýa-da synaglara düşende özüne şeýle soraglary berer: «Isa şeýle ýagdaýda näme ederdi? Meniň geljek kararym Isanyň meniň üçin eden zatlaryna minnetdardygymy görkezermi?»

Siz ýygnak duşuşygynda çykyş edeniňizde, diňleýjileriňiz Isa Mesihe iman edýär diýip, oňa aýratyn üns bermek hökman däldir öýtmäň. Gürrüňdeşligiňizi Mesihe iman etmegiň wajypdygy bilen baglanyşdyrsaňyz, aýdýan zatlaryňyz has täsirli bolar. Meselem, siz ýygnak duşuşyklary barada gürrüň edeniňizde, ýygnagyň Başy Isanyň tutýan ornuny belläp geçiň. Eger siz wagyz işi hakynda gürrüň etseňiz, onda diňleýjileriň ünsüni Isanyň bu işi yhlasly ýerine ýetirendigine çekiň. Şeýle-de adamlar täze dünýäde ýaşap biler ýaly, Mesihiň Patyşa hökmünde olary wagyz işi arkaly nädip ýygnaýandygyny belläp geçiň.

Elbetde, Isa barada esasy taglymatlary bilmek ýeterlikli däl. Hudaýyň gullukçysy bolmak üçin, Isa iman etmeli we ony ýürekden söýmeli. Şeýle söýgi wepaly bolmaga we ýürekden gulak asmaga höweslendirýär (Ýahýa 14:15, 21). Söýgi adamlara islendik kynçylyklarda mert bolmaga, Mesihiň yzyna hemişe eýermäge we ruhy taýdan ýetişen mesihçilere hakykatda «kök urup, düýp tutmaga» ýardam edýär (Efes. 3:18). Mesihçiniň şeýle durmuşy Isa Mesihiň Atasyna, ýagny Ýehowa Hudaýa şöhrat getirýär.

«PATYŞALYK BARADAKY... HOŞ HABAR»

ISA özüniň barlygynyň we Şeýtanyň zalym dünýäsiniň soňunyň golaýlaşandygyny görkezjek alamat barada jikme-jik aýdanda, şeýle pygamberlik etdi: «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler; ahyrzamana şonda geler» (Mat. 24:14).

Bütin dünýäde nähili habar wagyz edilmelidi? Isa şägirtlerine Hudaýa şeýle doga etmegi öwretdi: «Patyşalygyň gelsin». Diýmek, bu — Patyşalyk baradaky hoş habar (Mat. 6:10). Ylham 11:15-de: «Dünýä patyşalygy Rebbimiziňki (Ýehowanyňky) we Onuň Mesihiniňki boldy» diýilýär. Älem-jahanyň hökümdary Ýehowa bolsa-da, ol Isa Mesihi Patyşa edip belledi. Emma aýratyn bir zady belläp geçmek gerek: Isanyň aýtmagyna görä, biziň günlerimizde wagyz edilmeli habar I asyrda şägirtleriň aýdan habaryndan has köp zady öz içine alýar. Isanyň ilkinji şägirtleri adamlara: «Hudaýyň Patyşalygy size golaýlady» diýip wagyz edýärdiler (Luka 10:9). Sebäbi Patyşa bolmak üçin mesh edilen Isa şol wagt adamlaryň arasyndady. Emma Matta 24:14-e görä, Isa Hudaýyň niýetinde ýerine ýetjek başga-da wajyp wakanyň bütin dünýäde yglan ediljekdigini pygamberlik etdi.

Ýehowa Danyýel pygambere bu wakanyň ýerine ýetişini görnüş arkaly görkezdi. Danyýel «owaldan Bar Bolan» Ýehowa Hudaýyň «ynsan ogluna meňzeş birine», ýagny Isa Mesihe «ähli halklaryň, milletleriň we uruglaryň» üstünden «hökümdarlyk, şöhrat we patyşalyk berendigini» gördi (Dan. 7:13, 14). Älem-jahandaky bu wajyp waka 1914-nji ýylda gökde ýerine ýetdi. Şondan soň, Iblis we onuň jynlary ýer ýüzüne zyňyldy (Ylh. 12:7—10). Şonda zalym dünýäniň soňky günleri başlandy. Emma onuň soňy gelmänkä, Ýehowanyň Patyşasynyň gökde höküm sürüp başlandygy barada bütin dünýäde wagyz edilmeli. Adamlaryň ählisi bu habary eşitmeli. Olar bu habara seslenseler, Beýik Hudaýyň «ynsan patyşalygynyň üstünden» hökümdarlyk etmegini isleýändigini görkezerler (Dan. 4:29).

Dogrudan-da, biz gelejekde has ähmiýetli wakanyň bolmagyna garaşýarys. Biz şu günlerem «Patyşalygyň gelsin» diýip, doga edýäris. Emma şeýle diýmek bilen, biz Hudaýyň Patyşalygynyň gelejekde höküm sürüp başlajakdygyny däl-de, eýsem, Danyýel 2:44 we Ylham 21:2—4-nji aýatlarda aýdylyşy ýaly, bu Patyşalygyň aýgytly hereket edip başlajakdygyny göz öňünde tutýarys. Şonda Hudaýyň Patyşalygy ýer ýüzüni Jennete öwrer we onda diňe Hudaýy hem-de ýakynyny söýýän adamlar ýaşar. Biz «Hudaýyň Patyşalygy baradaky bu hoş habary» wagyz edenimizde şol ajaýyp özgerişlikleri-de gürrüň berýäris. Şeýle-de biz adamlara Ýehowanyň öz Ogluna Patyşalyk tagtyny berendigini ynamly aýdýarys. Siz Patyşalyk barada wagyz edeniňizde hoş habary-da gürrüň berýärsiňizmi?

Adamlara Patyşalygyň nämedigini düşündiriň. Biz Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmek tabşyrygyny nädip ýerine ýetirip bileris? Biz gürrüňdeşligi adamlary gyzyklandyraýjak dürli temalardan başlasak-da, soňra Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň edýändigimizi, mümkin boldugyndan, tizräk düşündirmeli.

Şeýle-de adamlara Patyşalyga degişli aýatlary okap ýa-da aýdyp bermek örän wajypdyr. Patyşalyk barada gürrüň edeniňizde, adamyň onuň nämedigine düşünýändigini anyklajak boluň. Ähtimal, Hudaýyň Patyşalygynyň hökümetdigini aýtmak ýeterlikli bolmaz. Käbir adamlara göze görünmeýän hökümetiň bardygyna ynanmak kyn bolmagy mümkin. Şol sebäpli adamlar bilen bu babatda pikir alyşjak boluň. Meselem, biz öwüsýän ýeli görmesek-de, onuň güýçli täsirini duýup bilýäris. Biz ýeli ýaradan Şahsyýeti görmesek-de, onuň ägirt uly güýjüniň bardygyna düşünýäris. Mukaddes Ýazgylarda oňa «bütin döwürleriň Patyşasy» diýilýär (1 Tim. 1:17). Ýa-da başga bir mysala seredeliň. Uly ýurtlaryň käbir raýatlary öz paýtagtyny ýa-da prezidentini görüp bilmeýär. Emma olar hakda täzelikler arkaly eşidýärler. Şonuň ýaly, Mukaddes Ýazgylar hem bize Hudaýyň Patyşalygy barada habar berýär. Mukaddes Ýazgylar tutuşlygyna ýa-da onuň käbir bölekleri 2 600-den gowrak dilde çap edildi. Onda Patyşalyk tagtynyň kime berlendigi we bu hökümetiň nämeleri edýändigi beýan edilýär. Ençeme dilde çap edilýän «Garawul diňi» žurnaly-da «Ýehowanyň Patyşalygyny yglan edýär».

Hudaýyň Patyşalygynyň nämedigini düşündirmek üçin, adamlaryň ynsan häkimiýetlerinden garaşýan zatlaryny, ýagny ykdysady taýdan üpjün etmeklerini, parahatçylygyň bolmagyny, bilimiň we lukmançylyk kömeginiň berilmegini, jenaýatçylygyň we milletparazlygyň bolmazlygyny agzap bilersiňiz. Adamlaryň şu zerurlyklaryny we başga-da isleglerini diňe Hudaýyň Patyşalygynyň kanagatlandyryp biljekdigini düşündiriň (Zeb. 145:16).

Adamlary Isa Mesihiň hökümdarlyk edýän Patyşalygynyň raýatlary bolmaga höweslendirjek boluň. Isanyň geçmişde eden gudratlaryny agzap, onuň gelejekde Patyşa hökmünde etjek zatlaryny nygtap geçiň. Şeýle-de Isanyň bildiren ajaýyp häsiýetleri barada gürrüň ediň (Mat. 8:2, 3; 11:28—30). Onuň biziň üçin öz janyny gurban edendigini we Hudaýyň ony gökde ölümsiz ýaşaýyş üçin direldendigini düşündiriň. Häzir bolsa, Isa gökde Patyşa bolup höküm sürýär (Res. iş. 2:29—35).

Hudaýyň Patyşalygynyň häzir gökde höküm sürýändigini nygtap geçiň. Emma köp adamlar dünýädäki bolýan erbet zatlary görüp, Patyşalygyň höküm sürýändigine şübhelenmegi mümkin. Şeýle adamlar bilen gürrüňdeş bolanyňyzda, olara Isa Mesihiň dünýäde şeýle zatlaryň boljakdygyny aýdandygyny düşündiriň. Munuň üçin Mattanyň 24-nji, Markusyň 13-nji ýa-da Lukanyň 21-nji babynda beýan edilen soňky günleriň alamatynyň käbir aýratynlyklary barada pikir alşyň. Soňra Mesihiň gökde tagta çykmagy bilen, ýer ýüzünde näme üçin şeýle wakalaryň bolýandygyny soraň. Olaryň ünsüni Ylham 12:7—10, 12-nji aýatlara çekiň.

Hudaýyň Patyşalygynyň nähili işi ýerine ýetirýändigini aýdyň görkezmek üçin Matta 24:14-i okap, şu günler bütin ýer ýüzünde Mukaddes Ýazgylara esaslanan bilim berýän programmanyň alnyp barylýandygyny düşündiriň (Iş. 54:13). Adamlara Ýehowanyň Şaýatlarynyň Mukaddes Ýazgylara esaslanan dürli mekdepleriniň bardygyny we olaryň mugt geçirilýändigini gürrüň beriň. Şeýle-de 230-dan gowrak ýurtlarda öýden-öýe wagyz edip, her bir adam ýa-da bütin maşgala bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny mugtuna geçirýändigimizi düşündiriň. Ynsan häkimiýetleriniň haýsysy şeýle okuw programmasyny diňe öz raýatlary üçin däl, eýsem, bütin dünýä boýunça geçirýär? Adamlary Patyşalyk zalyna ýa-da Ýehowanyň Şaýatlarynyň kongreslerine çagyryň. Bu duşuşyklar olara Mukaddes Ýazgylara esaslanan bilimiň adamlaryň durmuşyna nähili täsir edýändigini görmäge kömek eder (Iş. 2:2—4; 32:1, 17; Ýahýa 13:35).

Emma bu zatlaryň gürrüňdeş bolýan adamyň durmuşyna nähili täsir edýändigini-de düşündirjek boluň. Munuň üçin siz adama Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary bolup ýaşamaga mümkinçiliginiň bardygyny sypaýyçylyk bilen düşündirip bilersiňiz. Emma munuň üçin ol näme etmeli? Adam Hudaýyň näme talap edýändigini öwrenmeli we bilen zatlaryny durmuşynda ulanmaly (Kan. tag. 30:19, 20; Ylh. 22:17).

Adamlara Patyşalygy birinji orunda goýmaga kömek ediň. Adam Hudaýyň Patyşalygy baradaky habary kabul edenden soň hem, köp kararlara gelmeli bolýar. Ol Hudaýyň Patyşalygyny durmuşynda birinji orunda goýarmy? Isa şägirtlerine: «Öňürti Hudaýyň Patyşalygyny... agtaryň» diýdi (Mat. 6:33). Biz dogan-uýalara Hudaýyň Patyşalygyny agtarmaga nädip kömek edip bileris? Bu babatda özüňiz gowy görelde görkezjek boluň we Patyşalygyň işlerini nädip ileri tutup bolýandygy barada pikir alşyň. Şeýle-de adamy Patyşalygy birinji orunda goýmak üçin nämeleri edip biljekdigi barada oýlanmaga höweslendiriň we başgalaryň muny nädip edýändigini gürrüň beriň. Mukaddes Ýazgylardan käbir wakalary gürrüň bereniňizde, onuň Ýehowa bolan söýgüsini artdyrjak boluň. Hudaýyň Patyşalygynyň, hakykatdan-da, bardygyny nygtap geçiň. Patyşalyk barada wagyz etmegiň wajypdygyna üns beriň. Adamlara näme etmelidigini aýtman, eýsem, olaryň ýüreginde hereket etmäge isleg döretmek, köplenç, gowy netije berýär.

Biz wagyz edenimizde, esasan, Ýehowa Hudaý, Isa Mesih we Hudaýyň Patyşalygy barada aýtmaly. Olar baradaky wajyp hakykat biziň ýygnak duşuşyklarymyzda nygtalmaly we olar hakynda adamlara wagyz etmeli. Şeýle-de Ýehowa, Isa we Hudaýyň Patyşalygy barada bilen zatlarymyz biziň durmuşymyza täsir etmeli. Şeýdip, biz Wagyz mekdebinde alan bilimimiziň örän peýdalydygyny görkezeris.

ÄHLI ADAMLAR ŞU ZATLARY BILMELI

  • Ýehowa — ýeriň-gögüň Ýaradyjysy.

  • Ýehowa — ýalňyz hak Hudaý.

  • Ýehowa — söýgüden doly, çäksiz akyldar, adalatly we Gudratygüýçli Hudaý.

  • Biz edýän hereketlerimiz üçin Ýehowanyň öňünde jogapkär.

BIZIŇ ÝEHOWA EDÝÄN SEŽDÄMIZ...

  • Ýehowa bolan söýgimize esaslanmaly.

  • Ýürekden bolmaly we dünýädäki zatlary söýmeli däl.

  • Ýehowa bilen dostlugymyzy we ony razy etmegi gymmat saýýandygymyzy görkezmeli.

ADAMLARA ŞU ZATLARA DÜŞÜNMÄGE KÖMEK EDIŇ:

  • Diňe Isa Mesih arkaly Hudaý bilen dostlaşyp bolýar.

  • Diňe Isa Mesihe iman edip, günäniň we ölümiň ýesirliginden azat bolup bolýar.

  • Hudaý adamlaryň Isa Mesihe diňe bir Reb diýip ýüzlenmän, eýsem, onuň tabşyryklaryny berjaý etmeklerini isleýär.

  • Mukaddes Ýazgylarda Isa barada hakykat bar, emma hristian dünýäsi ol hakda ýalan taglymatlary öwredýär.

ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAGLAR BERIŇ:

  • Men Isa Mesihi ýygnagyň Başy hasaplaýandygymy aýdyň görkezýärinmi?

  • Mesihiň töleg gurbany meniň durmuşyma täsir edýärmi?

  • Özümi alyp barşym we garaýşym Hudaýyň Oglunyň göreldesine laýyk geler ýaly näme edip bilerin?

ADAMLAR ŞU ZATLARY BILMELI:

  • Hudaýyň Patyşalygy häzir gökde höküm sürýär we ol tizden ähli ynsan hökümetlerini aýrar.

  • Hudaýyň Patyşalygy ýer ýüzüni Jennete öwrer we ýerde Ýehowany hem-de ýakynlaryny söýýän adamlar ýaşar.

  • Diňe Hudaýyň Patyşalygy ähli adamlaryň isleglerini doly kanagatlandyrar.

  • Biz edýän işlerimiz bilen Hudaýyň Patyşalygynyň raýatlary bolmak isleýändigimizi görkezýäris.

ÖZÜŇIZE ŞEÝLE SORAGLARY BERIŇ:

  • Men durmuşymda Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýýarynmy?

  • Patyşalygyň işlerini has yhlasly goldar ýaly nähili özgerişikler edip bilerin?

  • Başgalary Patyşalygy birinji orunda goýmaga höweslendirmek üçin näme edip bilerin?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş