Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 15/1 sah. 8—11
  • Işaýa kitabyndan peýdaly pikirler — ikinji bölüm

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Işaýa kitabyndan peýdaly pikirler — ikinji bölüm
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «YNHA... GÜNLER GELER»
  • (Işaýa 36:1—39:8)
  • «SEN DIKELDILERSIŇ»
  • (Işaýa 40:1—59:21)
  • SEN «TAGTYŇ OWADAN TÄJI BOLARSYŇ»
  • (Işaýa 60:1—66:24)
  • «Siz... begenişip, şatlanarsyňyz»
  • Işaýa kitabyndan peýdaly pikirler — birinji bölüm
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 15/1 sah. 8—11

Ýehowanyň Sözi diri

Işaýa kitabyndan peýdaly pikirler — ikinji bölüm

IŞAÝA pygamber özüne tabşyrylan ýumşy ak ýürekden berjaý etdi. Onuň on taýpaly Ysraýyl patyşalygyna yglan eden hökümi bir eýýäm ýerine ýetdi. Indi ol Iýerusalimiň gelejegi barada aýdýar.

Iýerusalim şäheri derbi-dagyn edilip, ýaşaýjylary sürgüne äkidiler. Emma ol hemişelik idegsiz galmaz. Birnäçe ýyldan şäher we hakyky sežde dikeldiler. Bu barada Işaýa 36:1—66:24-nji aýatlarda aýdylýara. Biz bu aýatlara seretsek, özümize köp peýda alarys, sebäbi ondaky pygamberlikleriň köpüsi biziň günlerimizde uly möçberde ýerine ýetýär we ýakyn gelejekde ýerine ýeter. Şeýle-de Işaýa kitabynda Mesih barada tolgundyryjy pygamberlikler bar.

«YNHA... GÜNLER GELER»

(Işaýa 36:1—39:8)

B. e. öň 732-nji ýylda, ýagny Hizkiýa patyşanyň höküm sürýän döwrüniň 14-nji ýylynda Aşur patyşalygy Ýahudanyň üstüne çozýar. Ýehowa Iýerusalimi gorajakdygyny wada edýär. Haçan-da Ýehowanyň bir perişdesi aşurlylaryň 185 000 sany esgerini öldürende, şol howp olardan sowulýar.

Hizkiýa agyr keselleýär. Ýehowa onuň dogasyna jogap berip, ony sagaldýar we on bäş ýyl ömrüni uzaldýar. Babyl patyşasy onuň sagalandygyny eşidip, gutlamak üçin wekillerini iberende, Hizkiýa akylsyzlyk edip ähli baýlyklaryny görkezýär. Işaýa oňa: «Ynha, şeýle günler geler, seniň öýüňdäki bar zat we ata-babalaryň şu güne çenli ýygnan zatlary Babyla äkidiler» diýip, Ýehowanyň habaryny ýetirýär (Işaýa 39:5, 6). Bu pygamberlik takmynan 100 ýyldan soň ýerine ýetýär.

Sowallaryň jogaby:

38:8 — Kölegesi yzyna süýşen «basgançak» näme? B. e. öň sekizinji asyrda Müsürde we Babylda gün sagady giňden ulanylýardy, bu basgançagy Hizkiýanyň atasy Ahaz patyşa wagty bilmek üçin edinen bolmaly ýa-da köşgüň içinde basgançak bolan bolmaly. Basgançagyň ýanyndaky sütüne gün düşende, basgançakdaky kem-kemden süýşýän sütüniň kölegesi arkaly wagty bilip bolýardy.

Biziň üçin sapak:

36:2, 3, 22. Köşk dolandyryjysy Şebnagy wezipeden boşatsalar-da, ol onuň ýerine bellenilen adamyň mürzesi bolup hyzmat etmegini dowam etdi (Işaýa 22:15, 19). Eger-de käbir sebäplere görä, bizi Ýehowanyň guramasyndaky jogapkärli borjumyzdan aýyrsalar, Hudaýa gulluk etmegimizi bes ederismi?

37:1, 14, 15; 38:1, 2. Kynçylykda Ýehowa doga edip, oňa doly bil baglasak akyldar bolarys.

37:15—20; 38:2, 3. Iýerusalim aşurlylaryň howp astyndady, eger olar şäheri basyp alsalar Ýehowanyň adyna ysnat getirjekdigi Hizkiýany has alada goýýardy. Hizkiýa ölüm ýassygynda ýatyrka, öz saglygy hakda däl-de, şol hakda alada edýärdi. Eger ol nesil galdyrman ölse, onda Dawudyň patyşalyk nesliniň ýitjekdigi ony has biynjalyk edýärdi. Eger aşurlylar bilen söweş başlansa, kimiň ýolbaşçylyk etjekdigi hem ony alada goýýardy. Biz hem Hizkiýa ýaly Ýehowanyň adynyň şöhratlanmagyny we onuň niýetiniň amala aşmagyny öz gutulyşymyzdan has wajyp saýýarys.

38:9—20. Hizkiýanyň bu aýdymy durmuşda Ýehowany şöhratlandyrmakdan başga wajyp zadyň ýokdugyny öwredýär.

«SEN DIKELDILERSIŇ»

(Işaýa 40:1—59:21)

Işaýa Iýerusalim derbi-dagyn edilip, halky Babyla sürgün ediler diýenden soň, onuň dikeldiljegi barada hem pygamberlik edýär (Işaýa 40:1, 2). Işaýa 44:28-de: «Sen [Iýerusalim] dikeldilersiň» diýilýär. Babylyň ýalan taňrylary diňe «ýük» bolar (Işaýa 46:1). Babyl ýok ediler. Bu pygamberlikler iki ýüz ýyldan soň ýerine ýeter.

Ýehowa gullukçysyny «halkyň yşgy» eder (Işaýa 49:6). Babylyň «gökleri», ýagny höküm sürýän topar «tüsse kimin ýok bolar», onuň ýaşaýjylary «çirkeý kimin gyrlar», emma Sionyň sürgünlikdäki gyzy bolsa, «boýnundaky zynjyry çözer» (Işaýa 51:6; 52:2). Ýehowanyň ýanyna gelip, oňa gulak asýanlara, ol: «Dawuda wada eden ebedi ähtimi, mizemez merhemetimi bererin» diýýär (Işaýa 55:3). Hudaýyň adyl talaplary boýunça ýaşaýanlar, «Ýehowada bütinleý şatlanarlar» (Işaýa 58:14). Adamlaryň Hudaýa garşy eden günäleri bolsa, onuň bilen gatnaşygyny bozar (Işaýa 59:2).

Sowallaryň jogaby:

40:27, 28 — Ysraýyllylar näme üçin: «Meniň ýolum Ýehowadan gizlengi, Hudaý meniň işimi unutdy» diýdiler? Babyldaky käbir ýehudylar Ýehowa biziň ejir çekýändigimizi görmeýär, agyr durmuşymyzy bilmeýär diýip düşünýärdiler. Emma pygamberiň sözleri olara Babyl ýurdunyň Ýaradyjydan uzakda däldigini we Hudaýyň ejizlemeýändigini ýa-da ýadamaýandygyny ýatladýar.

43:18—21 — Näme üçin sürgünden dolanyp gelen ýehudylara «geçmişi ýatlamaň» diýildi? Ýehowanyň bu sözleri onuň geçmişde halas edişi barada gullukçylarynyň unutmalydygyny aňlatmaýar. Ýöne Ýehowa «täze» eden işi üçin olaryň ony şöhratlandyrmagyny isleýär, ýehudylar bu işleri öz gözleri bilen görerler, sebäbi olar Iýerusalime howpsuz, mümkin, has göni ýol bilen dolanarlar. «Agyr muşakgatdan» çykan «uly märekäniň» her biri üçin-de Ýehowany şöhratlandyrmaga täze sebäp bolar (Ylham 7:9, 14).

49:6 — Isa Mesih ýer ýüzünde diňe Ysraýyl ogullary üçin gulluk eden bolsa-da, ol nädip ähli «halklaryň nury» bolup biler? Bu ýerde Isanyň ölüminden soňky waka göz öňünde tutulýar. Işaýa 49:6-daky sözler onuň şägirtlerine degişli (Resullaryň işleri 13:46, 47). Şu günler mesh edilen mesihçiler uly märekäniň kömegi arkaly «milletlere nur» hökmünde gulluk edip, «ýeriň ujuna çenli» adamlara bilim berýär (Matta 24:14; 28:19, 20).

53:10 — Isanyň ejir çekişi haýsy manyda Ýehowa ýarady? Elbetde, rehimli we duýgudaş Ýehowa üçin söýgüli Oglunyň ejir çekişini we gynanyşyny görmek hasratlydy. Muňa garamazdan, Isanyň ýürekden gulak asanlygy hem-de ejir çekip, ölümi arkaly gazanylan ähli zatlar Ýehowa ýarady (Süleýmanyň tymsallary 27:11; Işaýa 63:9).

53:11 — Isa Mesih nähili bilim arkaly «adamlaryň köpüsini aklar»? Isa bu bilimi ýer ýüzünde ynsan bolup ýaşanda we adalatsyz ejir çekip ölende edindi (Ýewreýler 4:15). Şeýlelikde, Isanyň töleg gurbany mesh edilen mesihçilere we uly märekä Hudaýyň öňünde dogry bolmaga mümkinçilik berýär (Rimliler 5:19; Ýakup 2:23, 25).

56:6 — «Özge taýpalylar» kim we olar nädip Ýehowanyň «ähtini berk saklaýarlar»? «Özge taýpalylar» Isanyň «başga goýunlaryny» aňladýar (Ýahýa 10:16). Olar täze äht bilen bagly kanuna boýun bolýarlar we äht bilen baglanyşykly guramaçylykly işleri goldaýarlar. Olar mesh edilen mesihçiler bilen bir saçakdan iýmitlenip, Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmekde we şägirt taýýarlamak işinde olary goldaýarlar.

Biziň üçin sapak:

40:10—14, 26, 28. Ýehowa mähirli, güýçli, ähli zady başarýar we çäksiz akyldar. Ol biziň ýagdaýymyza şeýle gowy düşünýär welin, hatda muny göz öňümize-de getirip bilmeýäris.

40:17, 23; 41:29; 44:9; 59:4. Syýasy baglanyşyklar we butlar hiç zat. Olara bil baglamagyň hiç hili peýdasy ýok.

42:18, 19; 43:8. Hudaýyň Sözüne üns bermesek we «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» maslahatyna gulak asmasak, ruhy taýdan kör we ker bolarys (Matta 24:45).

43:25. Ýehowa biziň günälerimizi öz hatyrasy üçin bagyşlaýar. Biziň günäden we ölümden halas bolup, ebedi ýaşamak umydymyz Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmakdan ikinji orunda durýar.

44:8. Ýehowa bil baglasak gaýa kimin berk bolarys. Onuň Hudaýdygy barada wagyz etmäge hiç haçan gorkmarys! (2 Patyşalar 22:31, 32).

44:18—20. Butlara sežde etmeklik ýüregi azdyrýar. Biziň ýüregimizde Ýehowanyň tutmaly ornuny hiç zat eýelemeli däl.

46:10, 11. Ýehowa pygamberlikleri ýa-da «kararlary», ýagny maksadyny amala aşyryp bilýändigi onuň hak Hudaýdygyny subut edýär.

48:17, 18; 57:19—21. Ýehowanyň gutulyşyna bil baglasak, oňa ýakynlaşsak, tabşyryklaryna gulak assak, biziň parahatlygymyz derýa kimin tükeniksiz, edýän dogry işlerimiz bolsa, deňziň tolkunlary kimin köp bolar. Hudaýyň Sözüne gulak asmaýan adamlar «çaýkanýan deňiz» kimindir. Olarda parahatlyk ýok.

52:5, 6. Babyllylar hak Hudaý ejiz diýip, nädogry netijä geldiler. Olar Ýehowanyň ysraýyllylardan närazy bolandygy sebäpli sürgün edilendigini göz öňünde tutmadylar. Şu mysaldan görnüşi ýaly, biri betbagtçylyga uçranda, biz netije çykarmaga howlukmaly däl.

52:7—9; 55:12, 13. Patyşalyk baradaky hoş habary şatlykly wagyz etmäge we şägirt taýýarlamaga bizde azyndan üç sebäp bar. Ruhy taýdan aç adamlara kiçigöwünlilik bilen wagyz edýändigimiz üçin, aýaklarymyz ne ajap. Biz Ýehowany «gözlerimiz» bilen görýäris, ýagny oňa ýakynlaşýarys. Şeýle-de biz ruhy taýdan ösýäris.

52:11, 12. Hudaýyň gullukçylary hökmünde «Ýehowanyň gaplaryny» götermek üçin biz ruhy we ahlak taýdan arassa bolmaly.

58:1—14. Ikiýüzli takwalyk we dogrulyk biderek. Hudaýyň gullukçylary hakyky takwalyk bildirmeli we doganlary ýürekden söýmeli (Ýahýa 13:35; 2 Petrus 3:11).

59:15b—19. Ýehowa adamlaryň edýän işlerine syn edýär we gerekli wagtynda goşulýar.

SEN «TAGTYŇ OWADAN TÄJI BOLARSYŇ»

(Işaýa 60:1—66:24)

Işaýa 60:1-de şu günler hem geçmişdäki ýaly hakyky seždäniň dikelendigi aýdylýar. Onda: «Gal, parla, Iýerusalim, çünki seniň nuruň geldi, Ýehowanyň şöhraty seniň üstüňe dogdy» diýilýär. Sion «Ýehowanyň elinde tagtyň owadan täji bolar» (Işaýa 62:3).

Işaýa Babyla sürgün edilip, toba geljek ildeşleri üçin Ýehowa doga edýär (Işaýa 63:15—64:12). Işaýa pygamber hak Hudaýa gulluk edýänler bilen ýalan taňrylara sežde edýänleriň tapawudyny görkezip, Ýehowanyň öz gullukçylaryna nädip pata berjekdigini aýdýar (Işaýa 65:1—66:24).

Sowallaryň jogaby:

61:8, 9 — «Ebedi äht» näme we «nesil» kim? Bu Ýehowanyň mesh edilen mesihçiler bilen baglaşan täze ähti. «Nesil» bolsa, olaryň habaryna seslenýän millionlarça «başga goýunlar» (Ýahýa 10:16).

63:5 — Hudaýyň gazaby ony nädip goldady? Hudaýyň gazaby ýöne bir saklap bolmaýan duýgy däl. Onuň adalatly gahary ony goldap, dogry höküm çykarmaga höweslendirýär.

Biziň üçin sapak:

64:6. Bikämil adamlar özüni halas edip bilmeýär. Olaryň toba gelip edýän dogry işleri hapa eşikden arassa däl (Rimliler 3:23, 24).

65:13, 14. Ýehowa wepaly gullukçylaryna bol ruhy iýmit bilen bereket berýär.

66:3—5. Ýehowa ikiýüzlüligi ýigrenýär.

«Siz... begenişip, şatlanarsyňyz»

Babyla sürgün edilen wepaly ýehudylary pygamberlikleriň ýerine ýetişi nähili begendirendir! Ýehowa olara: «Siz bolsa Meniň döredýän zatlaryma ebedilik begenişip, şatlanarsyňyz. Çünki, ine, Men Iýerusalimi şatlyk bilen we onuň halkyny begenç bilen ýaradaryn» diýdi (Işaýa 65:18).

Biz hem şu günler dünýäni ruhy tümlük we halklary garaňkylyk gurşap alan döwürde ýaşaýarys (Işaýa 60:2). Dogrudan hem häzir «kyn pursatlar» (2 Timoteos 3:1). Şonuň üçin Ýehowanyň Işaýa kitabyndaky gutulyş habary bizi has hem ruhlandyrýar (Ýewreýler 4:12).

[Çykgyt]

a Işaýa 1:1—35:10-njy aýatlary 2006-njy ýylyň Bitaraplyk aýynyň 1-ine çykan «Garawul diňi» žurnalyndaky «Işaýa kitabyndan peýdaly pikirler — birinji bölüm» diýen makalada seredilýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş