Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr17 Mart sah. 1
  • «Durmuş we wagyz. Okuw depderi» üçin gollanma

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz. Okuw depderi» üçin gollanma
  • Durmuş we wagyz okuw depderindäki salgylar (2017)
  • Sözbaşylar
  • MART 6—12
  • MART 13—19
  • MART 20—26
  • MART 27—APREL 2
Durmuş we wagyz okuw depderindäki salgylar (2017)
mwbr17 Mart sah. 1

«Durmuş we wagyz. Okuw depderi» üçin gollanma

MART 6—12

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝERMEÝA 1—4

jr bap 7, abz. 14, 15

Men argyn jana dynçlyk bererin

Sen argyn janlary gujurlandyrarmyň?

14 Biziň üçin Ýeremiýany näme berkidendigini we ol nädip argyn janlary güýçlendirendigini bilmek, örän peýdaly bolardy (Ýer. 31:25). Hudaý ony üýtgeşik usul bilen ruhlandyrdy. Pikirlenip gör, Ýehowadan şeýle sözleri eşitmek, gör, nähili ýakymly bolardy: «Ine bu gün Men seni ...berk gala etdim. Olar seniň garşyňa göreşerler, emma senden üstün çykmazlar, sebäbi Ýehowa şeýle diýýär: “Çünki seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin“» (Ýer. 1:18,19). Hawa, Ýeremiýa pygamberiň Ýehowa barada meniň güýjüm hem daýanjym, kyn günlerde penakärimdir diýmegi geň galdyrmaýar (Ýer. 16:19).

15 Ýehowa Ýeremiýa pygambere: «Men seniň bilendirin» diýdi. Sen mundan näme öwrenip bilersiň? Imandaşyň ýa-da bir garyndaşyň kömege mätäçdigini bilmek bir zat, emma ol kynçylyga düşende oňa janyň-teniň bilen kömek etmek başga zat. Köplenç edip biljek iň gowy zadyň, bu edil Ýehowanyň Ýeremiýanyň ýanynda bolşy ýaly, gamgyn adamyň ýöne ýanynda bolmakdyr. Mümkin, käbir ýagdaýda sen adama göwünlik bermek üçin nämedir bir zat diýmeli bolarsyň, emma köp sözleri aýtmagyň geregi ýok. Birnäçe mähirli we ýakymly sözler gamgyn ýürege şypa berer! Göwünlik bermek üçin dilewar bolmak hökman däl. Ýürekden gyzyklanyp, aladasyny edýändigiňi görkezýän ýönekeý sözler ýeterlik. Şeýle sözler örän täsirli bolup biler! (Sül. tym. 25:11)

MART 13—19

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝERMEÝA 5—7

w88 1/4 s. 11, 12, abz. 7, 8

Ýeremiýa Hudaýyň hökümlerini aýdyp, abraýdan gaçýar

7 «Olar seniň garşyňa göreşerler, emma senden üstün çykmazlar» - diýip, Ýehowa öňünden duýdurypdy (Ýer. 1:19). Näme üçin ýehudylar we olaryň hökümdarlary bu pygambere garşy göreş alyp bardylar? Sebäbi onuň habary olaryň seždesiniň ýüzleýdigini we ýalandygyny paş edýärdi. Ýeremiýa pygamber ýüz görmezlik bilen paş etdi: «Ine, olar Rebbiň sözünden hoşal bolmaýarlar, gaýtam ýaňsylaýarlar. Uludan-kiçä ählisi haram gazanç edinýärler, her kes pygamberden ruhana çenli [ahlak we ruhy gymmatlyklary berjaý edýänler hut şular bolmalydy], hileli hereket edýärler» (Ýer. 6:10,13).

8 Ruhy ýolbaşçylar gurban getirmekde we hakyky seždäni ýerine ýetirmekde halka ýolbaşçylyk edenem bolsalar, ony bütin ýürekden däl-de, ýüzleý ýerine ýetirýärdiler. Olar üçin däp dogry ýaşaýşy alyp barmakdan hem has ähmiýetlidi. Şol bir wagtyň özünde, olar parahatlyk ýok ýerinde ýehudy halkyny «Parahatlyk! Parahatlyk!» diýip hüwdileýärdiler (Ýer. 6:14; 8:11). Hawa, olar halky Hudaý bilen agzybirlikdedigine ynandyrjak bolýardylar. Olar özlerini mukaddes şäherli we ybadathanaly, Ýehowanyň halas eden halky bolany üçin alada etmäge hiç hili esasyň ýokdygyna berk ynanýardylar. Ýehowa-da bu ýagdaýa şeýle garaýardymy?

w88 1/4 s. 12, abz. 9, 10

Ýeremiýa Hudaýyň hökümlerini aýdyp, abraýdan gaçýar

9 Ýehowa Ýeremiýa pygambere hemmeler ony görer ýaly ybadathananyň derwezelerinde durup, ybadat etmäge gelýänlere Öz habaryny aýtmagy tabşyrdy. Pygamber olara şeýle diýmelidi: «Rebbiň ybadathanasy, Rebbiň ybadathanasy, Rebbiň ybadathanasy bu ýerde» diýen aldawçy sözlere bil baglamaň ... bu size haýyr getirmejek sözlerdir». Ýehudylar ybadathanasy bilen magtanyp, iman bilen däl-de, öz düşünjesi bilen gezýärdiler. Olar eýýäm Ýehowanyň, «Gökler - Meniň tagtym, ýer - Meniň aýaklaryma basgançak; nirede siz Meniň üçin öý gurjak?» diýip, seresaply bolmaklary üçin aýdan sözlerini unutdylar. Ybadathana nähili owadan bolaýanda-da, bütin älemiň hökümdary Ýehowa ol ybadathananyň çägi bilen çäklenmeýärdi! (Ýer. 7:1-8; Iş. 66:1).

10 Ýeremiýa märekäniň öňünde öz haýbatly ýazgarmagyny dowam edýärdi: «O nähili! Siz ogurlyk edýärsiňiz, adam öldürýärsiňiz, zyna edýärsiňiz, ýalandan ant içýärsiňiz, Bagal butuna ýakma gurbanlary getirýärsiňiz, tanamaýan, başga hudaýlaryň yzyna eýerýärsiňiz. Şu nejis işleri, soň ýene-de etmek üçin ... “biz halas“ diýýärsiňiz». Ýehudylar Hudaýyň «saýlan halky» bolany üçin, ybadathana öz gurbanlaryny getirýänçeler Hudaý olaryň islendik ýaramaz hereketlerini çekip-çydar diýip pikir edýärdiler. Eger-de olar Hudaýy ýeke çagasyny läliksiredýän ata hökmünde kabul edýän bolsalar, onda olaryň tamasy çykmaz (Ýer. 7:9,10; Müs. çyk.19:5,6).

jr bap 2 abz. 12

«Soňky günlerde» gulluk

12 Iokim patyşalygyny ýaňy dolandyryp başlanda, Ýehowa Ýeremiýa pygambere ybadathana baryp, ýehudylaryň günälerini açyk paş etmegi tabşyrdy. Ýehowanyň ybadathanasy entek olarda barka, olar gorkara hiç zat ýokdyr öýdýärdiler. Emma olar «ogurlyk etmek, adam öldürmek, zyna etmek, ýalandan ant içmek, Bagal butuna yakma gurbanlaryny getirmek we başga taňrylaryň yzyna eýermeklerini» bes etmeseler, baş ruhany Eliýiň günlerinde Şilodaky mukaddes çadyry Ýehowanyň terk edişi ýaly, öz ybadathanasyny hem terk eder. Ybadathana barýan, ýöne özüni iki ýüzli alyp barýan ýehudylary-da Ol edil şonuň ýaly eder. Ýahuda ýurdy «doly weýran ediler» (Ýer. 7:1—15, 34; 26:1—6). Göz öňüne getiriň, bu habary yglan etmek üçin Ýeremiýa nähili batyrgaý bolmalydy! Hasam ol bu habary hemmelere eşitdirip, tanymal we abraýly ýehudylaryň öňünde aýtmaly bolandyr. Şu günler käbir doganlara we uýalara köçede wagyz etmek ýa-da baý we meşhur adamlar bilen gürleşmek üçin köp batyrgaýlyk gerek bolýar. Eger-de Ýehowa Ýeremiýany goldan bolsa, onda Ol bizi-de goldajakdygyna şübhelenmän bileris (Ýew. 10:39; 13:6).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w88 1/4 s.13 abz. 15

Ýeremiýa Hudaýyň hökümlerini aýdyp, abraýdan gaçýar

Ýahuda hasaplaşýar

15 Takmynan biziň eramyzdan öň 632 ýylda Aşur babyllylardan we midiýalylardan ýeňilipdi, Müsür bolsa Ýahudanyň günorta tarapynda uly bolmadyk bir dünýä şalygyna öwrüldi. Çozuş howpy Ýahuda demirgazykdan gelip bilerdi. Şonuň üçin Ýeremiýa öz ildeşlerine gynançly habar aýtmalydy. Ol: «Ine demirgazyk ýurtdan bir halk gelýär...Özleri-de rehimsiz we zalymdyr... Eý, Siýon gyzy, olar... bir adam ýaly söweşe taýýarlanyp, seniň garşyňa nyzama durdylar» diýýär. Şol döwürde Wawylon şäheri ösüp barýän dünýä şalygydy. Ol biwepa Ýahuda bilen hasaplaşmak üçin Ýehowanyň ýaragy bolmalydy (Ýer.6:22,23; 25:8,9).

MART 20—26

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝERMEÝA 8—11

it Hyýar

Haýwanlary ürküzip kowmak üçin, meýdanlarda pürs, uzyn taýak ýa-da şoňa meňzeş bir zat dikýärdiler. Ýeremiýa butparazlaryň ýasan şekillerini, edil şonuň ýaly jansyz we dilsiz-agyzsyz «hyýar ekilen meýdançadaky garantga» meňzedýär (Ýer. 10:5).

w04 1/10 s. 11, abz. 10

Kim şu günler Hudaýy şöhratlandyrýar?

10 Biz nirä göz aýlasak-da — göge ýa-da ýerdäki ýaradylan zatlara — ählisi Ýaradyjynyň bardygyny görkezýär (Ýer. 10:12). Ruhy şahsyýetleriň: «Gudraty güýçli Hudaýymyz Ýehowa, sen şöhraty, hormaty, alkyşy almaga mynasypsyň. Sebäbi ähli zady sen ýaratdyň, olar seniň islegiň bilen ýaşaýandyr we döredilendir» diýen sözleri bilen ylalaşýarys (Ylh. 4:11). Emma köp alymlar gözleri bilen görýän zatlaryna haýran galsalar-da, «ýürekleriniň gözleri bilen» munda Hudaýyň gudratynyň bardygyny görüp bilmeýärler (Efes.1:18). Meselem, tebigatyň täsin we örän owadandygyna gaty geň galyp, şol bir wagtda hem onuň Beýik Ýaradyjysynyň bardygyny inkär etseň, arassa kendir matany ajaýyp surata öwren suratçynyň bardygyny inkär etmeklik bilen deň bolýar. Hudaýyň bardygyna ynanmaýanlar «aklanyp bilmezler» diýleni geň galdyrmaýar!

w15 1/9 s. 15

Hudaýdan göwnüňiz geçdimi?

Häzir dünýädäki elhenç şertler, adamlaryň höküm sürmeginiň doly heläkçilige getirendigini aýdyň görkezýär. Dünýädäki hökümetler parahat, howpsuz we bagtly ýaşaýşa öwürmegiň deregine, eýsem ýer şaryny weýrançylyga eltdiler. Bularyň ählisi Mukaddes Ýazgylardaky: «Ynsanyň ýoly ygtyýarynda däl. Ýöräp barýan adam ädimlerini ugrukdyryp bilmez» diýen hakykaty tassyklaýar (Ýer. 10:23). Diňe Hudaýyň hökümdarlygy adamzada mäkäm parahatlygy, bagty we eşretli durmuşy berip biler, çünki Hudaýyň niýeti şundan ybaratdyr (Iş. 45:18).

MART 27—APREL 2

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ÝERMEÝA 12—16

jr bap 4 abz. 17

Mekir ýüregiňden habardar bol

17 Ýeremiýanyň alan tabşyrygy ondan doly gulak asmaklygy talap edýärdi. Sen bolan bolsaň Hudaýyň hemme buýruklaryny ýerine ýetirermidiň? Mysal üçin, bir gezek Hudaý Ýeremiýa pygambere özüne zygyrdan edilen guşak satyn almagy we ony dakynmagy tabşyrdy. Soňra Ýeremiýa Ýewfrat derýasyna gitmelidi. Gaýrat etde, kartany alyp, pygamberiň nähili ýol sököndigine seredip gör. Onuň bir tarapy takmynan 500 kilometr! Ol ýerde Ýeremiýa guşagy gaýanyň jaýrygynda gizlemelidi, soňra bolsa Iýerusalime dolanmalydy. Köp günler geçenden soň, Ýehowa guşagy yzyna getirmegi tabşyrdy. (Ýeremiýa 13:1-9 oka.) Hemmesini jemläp alanyňda, Ýeremiýa 2 000 kilometr ýol geçdi! Mukaddes Ýazgylaryň tankytçylary pygamberiň şonça ýol geçendigine ynanyp bilenoklar, sebäbi muňa bir näçe aý giderdi (Ezra 7:9). Emma Ýehowa hut şeýle tabşyryk berdi we Ýeremiýa ony gyşarnyksyz ýerine ýetirdi.

Mekir ýüregiňden habardar bol

18 Ýewfrata çenli barmak üçin pygamber daglardan aşmalydy, soň bolsa saýlan ýoluna görä, mümkin, çölden geçmeli bolandyr. Bularyň bary, diňe zygyrdan edilen guşagy gizlemek üçindi! Onuň uzak wagt ýoklugy, goňşylaryny gyzyklandyran bolsa gerek. Haçanda Ýeremiýa öýüne gaýdyp gelende, onuň bilinde zygyr guşagy eýýäm ýokdy. Şondan soň Hudaý oňa gaýtadan uzak ýola düşmegi tabşyrdy — ýöne bu gezek, guşagy yzyna getirmek üçin. Şol wagta çenli guşak eýýäm çüýräpdir we «hiç zada ýaramsyz bolupdyr». Aňsatlyk bilen: «Bula indi artyk bolýar! Munuň nähili manysy barka?» diýip pikir edip bolardy. Emma Ýeremiýa pygamberde beýle pikir döremedi, sebäbi ol özüni Ýehowa terbiýelemäge ýol berýärdi. Zeýrenmegiň ýa-da hüňürdemegiň deregine, ol ähli zady Hudaýyň aýdyşy ýaly etdi.

jr bap 4 abz. 19—20

Mekir ýüregiňden habardar bol

19 Ýeremiýa öýüne ikinji gezek dolanyp geleninden soň, Hudaý oňa tabşyrygynyň manysyny düşündirdi. Zygyr guşak adamlara wajyp pikiri düşündirmek üçin aýdyň mysal bolmalydy. Hudaý: «Meniň sözüme gulak asmaýan, ýüreginiň kesirligi bilen gezýän we başga taňrylaryň yzyna olara sežde etmek üçin we baş egmek üçin düşýän bu azgyn halk şu guşak ýaly hiç zada ýaramsyz bolar» diýýär (Ýer. 13:10). Ýehowanyň öz halkyna tälim berşi, gör, nähili täsirli! Ýeremiýa pygamberiň, göräýmäge, ujypsyz zatlarda ýürekden gulak asmagy, adamlara wajyp hakykaty aýdyň düşündirmek üçin Hudaýa mümkinçilik berdi (Ýer.13:11).

20 Şu günler kimdir-birine aýdyň sapak bermek üçin Hudaýyň gullukçylaryndan müňlerçe kilometr ýol geçmek talap edilmeýär. Ýöne mukaddes ýazgylaryň prinsiplerine görä ýaşajak bolanyňda, käwagt goňşylaryň ýa-da tanyş-bilişleriň geň galýandygyna, hatda seni ýazgarýandygyna duş gelýärmiň? Seniň egin-eşik saýlaýşyň, saçyňa timar berşiň, saýlan bilimiň we käriň, hatda spirtli içgilere bolan garaýşyň hem olary geň galdyryp biler. Senem Hudaýyň görkezmesine Ýeremiýa ýaly berk eýerersiňmi? Hudaýa ýüregiňi terbiýelemäge ýol berip we dogry karara gelip, sen gowy şaýatlyk berip bilersiň. Her näme bolaýanda-da, Ýehowanyň Sözündäki görkezmelere gulak asyp, hem-de wepaly we paýhasly hyzmatkäriň ýolbaşçylygyna eýerseň, köp bereketleriň eýesi bolup bilersiň. Mekir ýüregiňe boýun bolman, Ýeremiýanyň göreldesine eýer. Ýehowanyň elinde ýumşak toýun bol, şonda sen öz Hojaýynyna uzak wagt hyzmat etjek hormatlanýan gap bolarsyň.

it Uýluk (but)

Ýehowa Ysraýyly we Ýahudany öz bilindäki guşagy bilen deňedi. Hudaý olary özüne şeýle bir ýakynlaşdyrdy welin, hatda olar onuň üçin bezeg hem-de öwgi boldylar (Ýer. 13:11). Pygamberlikde patyşalyk etjek Isa Mesih barada ol dogrulyk bilen guşanar we wepalylyk onuň biliniň guşagy bolar diýilýär. Bu bolsa Isa Mesih güýjini dogrulyk we wepalylyk bilen ulanjakdygyny aňladyp biler. Guşak adamyň bilini berkidişi ýaly, dogrulyk hem Isany Ýehowanyň bellän Kazysy hökmünde kazylyk edende berkider.

Ruhy dürdäneleri agtaryň

jr bap 10 abz. 11

«Ýehowa nirede» diýip, sen her gün soraýarmyň?

11 Erbetler öz ýolunda näme üçin rowaçlanýandygyna Ýeremiýa hiç düşünip bilenokdy. (Ýeremiýa 12:1,3 oka.) Pygamber Ýehowanyň dogrulygyna şübhelenmeýärdi, ýöne şonda-da öz «arzyna» jogap alasy geldi. Ýeremiýanyň gönüligi we açyklygy edil söýýän ata bilen ogluň ýakyn gatnaşykda bolşy ýaly, Hudaý bilen ýakyn gatnaşykda bolandygyny görkezýär. Köp ýehudylar erbetlik edýärdiler we şol bir wagtda hem gülläp ösýärdiler, bu-da Ýeremiýany biynjalyk etdirýärdi. Ol Hudaýdan aýdyň jogap aldymyka? Ýehowa hemme erbetleri köki bilen soguryp aýyrjakdygyny wada berdi (Ýer. 12:14). Hudaý öz sözüni ýerine ýetirdigi saýyn, Ýeremiýanyň hem Hudaýyň adalatlylygyna bolan ynamy has hem berkeýärdi. Bu bolsa oňa mundan beýläk hem öz ýüregini gökdäki Atasyna doly açmaga höweslendirendir.

w04 1/5 s. 11, 12

Ýeremiýa ýaly, batyrgaý bol

Kim bilen gatnaşýandygymyza ünsli bolalyň

16 Ýeremiýa özüne batyrgaý bolmaga kömek eden ýene-de bir zady agzap geçýär. Ol şeýle diýýär: «Degişmegi halaýanlaryň meýlisinde oturmadym we şatlanmadym. Seniň eliň üstümde bolup men doly ýekelikde oturdym, sebäbi Sen meni höküm sözleriň bilen doldurdyň» (Ýer. 15:17). Ýeremiýa üçin azdyryjy köpçüligiň täsirine düşenden, ýeke oturany ýagşydy. Bizem onuň bilen ylalaşýarys. Pawlus resulyň «Erbetler bilen gatnaşyk etmek, gowy endikleri bozýandyr» diýen sözlerine görä, hatda ençeme ýyllaryň dowamynda ösdüren gowy endiklerimiziň hem bozulyp biljekdigini hiç haçan unutmalyň (1 Korinfliler 15:33).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş