«Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn»
«Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn». MAT. 28:20
1. a) Bugdaý we haşal ot tymsalyny gysgaça gürrüň beriň. b) Isa tymsaly nädip düşündirdi?
ISA Patyşalygy suratlandyrmak üçin bir tymsaly gürrüň berdi. Bu tymsalda daýhan oňat bugdaý tohumyny ekýär, ýöne duşman bugdaýyň arasyna haşal oty ekip gidýär. Bugdaýyň arasynda haşal otlar össe-de, daýhan öz hyzmatkärlerine: «Goý, oraga çenli ikisi bile össün» diýýär. Orak döwri gelende haşal otlary ýok edip, bugdaýy ýygnaýarlar. Tymsalyň manysyny Isanyň özi düşündirdi (Matta 13:24—30, 37—43-nji aýatlary okaň). Biz bu tymsaldan näme öwrenip bileris? («Bugdaý we haşal ot» baradaky çarçuwa serediň).
2. a) Ekin meýdanyndaky wakalar nämäni görkezýär? b) Biz şu tymsalyň haýsy bölegine serederis?
2 Ekin meýdanyndaky wakalar Isa bilen bile Patyşalykda höküm sürjek mesh edilen mesihçileriň nädip we haçan ýygnaljakdygyny suratlandyrýar. Bu mesihçiler bugdaý bilen deňeşdirilýär. Ekiş döwri b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününde başlandy. Orak döwri, ýagny ýygnamak işi soňky günlerde ýaşaýan mesh edilen mesihçiler gutarnykly möhürlenip, göge galanda gutarar (Mat. 24:31; Ylh. 7:1—4). Adam dagyň depesine çykanda daş-töweregi gowy synlap bilýär. Edil şonuň ýaly, bugdaý we haşal ot baradaky tymsal hem takmynan iki müň ýylyň dowamynda bolýan wakalara has gowy düşünmäge kömek edýär. Olar bugdaýyň ekilişi, gögerişi we orak döwri bilen bagly wakalary öz içine alýar. Ýöne biz bu makalada orak döwri barada gürrüň ederisa.
ISANYŇ GÖZEGÇILIGI ASTYNDA
3. a) I asyrdan soň kimler peýda boldy? b) Matta 13:28-e görä, näme soraýarlar we olar kim? (Şeýle-de sözsoňa serediň).
3 B. e. II asyrynyň başynda bütindünýä ekin meýdanynda ýalan mesihçiler, ýagny «haşal ot peýda boldy» (Mat. 13:26). IV asyrda bolsa, haşal ota meňzeş mesihçiler mesh edilen mesihçilerden has-da köpdi. Ýadyňyzda bolsa, tymsalda hyzmatkärler agasyndan haşal oty ýygmaga rugsat soraýarlarb (Mat. 13:28). Agasy näme jogap berdi?
4. a) Agasynyň, ýagny Isanyň sözünden näme bilse bolýar? b) Bugdaýa meňzedilýän mesihçiler haçan belli bolup başlady?
4 Isa bugdaý we haşal ot barada: «Goý, oraga çenli ikisi bile össün» diýdi. Bu ýer ýüzünde I asyrdan başlap, tä şu günlere çenli bugdaýa meňzedilýän mesh edilen mesihçileriň elmydama bolandygyny görkezýär. Muny Isanyň şägirtlerine aýdan şu sözleri hem tassyklaýar: «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» (Mat. 28:20). Bu Isanyň mesh edilen mesihçileri döwrüň soňuna çenli gorajakdygyny görkezýär. Ýöne haşal ota meňzedilýän mesihçileriň köpdügi sebäpli, şol döwürde bugdaý toparyna degişli mesihçileriň kimlerdigini anyklamak kyndy. Muňa garamazdan, orak döwrüne takmynan 30 ýyl galanda, bugdaý topary belli bolup başlady. Nädip?
WEKIL ÝOLY TAÝÝARLAÝAR
5. Malakynyň pygamberligi I asyrda nädip ýerine ýetdi?
5 Isa bugdaý we haşal ot tymsalyny gürrüň bermezinden birnäçe asyr öň, Ýehowa Malaky pygamberi şoňa meňzeş wakalar barada pygamberlik aýtmaga ylhamlandyrdy (Malaky 3:1—4-nji aýatlary okaň)c. Ýahýa çokundyryjy «ýoly taýýarlaýan» habarçydy (Mat. 11:10, 11). Ol b. e. 29-njy ýylynda gelende, Ysraýyl halkynyň höküm güni ýakynlaşypdy. Isa bolsa ikinji habarçydy. Ol Iýerusalimdäki ybadathanany iki gezek, ýagny gullugynyň başynda we soňunda arassalady (Mat. 21:12, 13; Ýahýa 2:14—17). Diýmek, Isa ybadathanany belli bir wagtyň dowamynda, ýagny b. e. 29-njy we b. e. 33-nji ýyllar aralygynda arassalapdyr.
6. a) Malakynyň pygamberligi has uly möçberde nädip ýerine ýetdi? b) Isa ruhy ybadathanany haçan barlap başlady? (Şeýle-de sözsoňa serediň).
6 Malakynyň pygamberligi has uly möçberde nädip ýerine ýetdi? 1914-nji ýyldan takmynan 30 ýyl öň, Ç. T. Rassel we onuň egindeşleri Ýahýa çokundyryjynyňka meňzeş işi ýerine ýetirip başlady. Olar Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenip, köp hakykatlary bildiler. Meselem, olar Isanyň töleg gurbanynyň ähmiýetini öwretdiler, dowzah odunyň ýalandygyny äşgär edip, milletleriň möwritiniň gutarandygyny yglan etdiler. Elbetde, özüni Mesihiň şägirtleri hasaplaýan başga-da ençeme dini toparlar bardy. Olaryň haýsysy bugdaý toparyna degişlidi? Muny bilmek üçin Isa 1914-nji ýylda ruhy ybadathanany barlap başlady. Ol ybadathanany belli bir wagtyň dowamynda, ýagny 1914-nji ýyldan 1919-njy ýylyň başyna çenli barlady we arassaladyd.
MESH EDILEN MESIHÇILER BARLANÝAR WE ARASSALANÝAR
7. Isa 1914-nji ýylda barlag geçirende nämäni anyklady?
7 Isa barlag geçirende nämäni anyklady? Ol 30 ýyldan gowrak wagt bäri Mukaddes Ýazgylary yhlasly öwrenip, güýjüni we emlägini gaýgyrman hoş habary ýaýradýan kiçijik topary gördie. Isa we onuň perişdeleri özüni haşal ota basdyrmadyk birnäçe berk bugdaýy görüp, begenen bolsalar gerek! Ýöne şonda-da «Lewiniň nesli», ýagny mesh edilen mesihçiler arassalanmalydy (Mal. 3:2, 3; 1 Pet. 4:17). Näme üçin?
8. 1914-nji ýyldan soň nämeler boldy?
8 Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň käbiri 1914-nji ýylyň ahyrynda göge gitmändigi üçin ruhdan düşdüler. 1915-nji we 1916-njy ýyllarda guramanyň yzarlanmagy sebäpli wagyz işi haýallady. Üstesine-de, Rassel doganyň 1916-njy ýylyň oktýabrynda aradan çykmagy bilen, guramanyň içinde-de agzalalyk başlandy. Garawul diňi, Mukaddes Ýazgylar we kitapça jemgyýetiniň ýedi müdirinden dördüsi Ruterford doganyň ýolbaşçylyk etmegine garşy çykdylar. Olar doganlaryň agzyny alartmaga çalyşdylar, ýöne 1917-nji ýylyň awgustynda Beýtelden gitdiler. Isa olary, dogrudan-da, arassalady! Şeýle-de doganlaryň käbiri adamlardan ýaňa gorka basyldylar. Emma olaryň köpüsi Isanyň arassalaýyş işine höwes bilen seslendiler we durmuşyny özgertdiler. Şoňa görä-de, Isa olary bugdaý, ýagny hakyky mesihçi hasaplap, ähli ýalan mesihçileri, şol sanda hristian dünýäsiniň buthanalaryny-da inkär etdi (Mal. 3:5; 2 Tim. 2:19). Soňra näme boldy? Muny bilmek üçin, geliň, bugdaý we haşal ot tymsalyna dolanalyň.
ORAK DÖWRÜNIŇ BAŞLANMAGY BILEN NÄMELER BOLDY?
9, 10. a) Biz häzir näme barada gürrüň ederis? b) Orak döwri näme bilen başlandy?
9 Isa: «Orak döwrüň soňudyr» diýdi (Mat. 13:39). Bu döwür 1914-nji ýylda başlandy. Biz häzir Isanyň orak döwri bilen bagly aýdan bäş zady barada gürrüň ederis.
10 Birinjiden, haşal ot ýygylýar. Isa Mesih: «Orak wagty men orakçylara ilki haşal oty ýygyň-da, desseläň diýerin» diýdi. 1914-nji ýyldan soňra, perişdeler haşal ota meňzedilýän mesihçileri «ýygnap» başladylar, ýagny olary «Patyşalygyň ogullaryndan» aýyrdylar (Mat. 13:30, 38, 41).
11. Şu günlere çenli hakyky mesihçiler ýalan mesihçilerden näme bilen tapawutlanýar?
11 Ýygymyň dowamynda bugdaý bilen haşal otuň tapawudy aýyl-saýyl bolup başlady (Ylh. 18:1, 4). 1919-njy ýylda Beýik Babylyň ýykylandygy, ýagny hakyky mesihçileriň onuň gulçulygyndan azat bolandygy mese-mälim boldy. Hakyky mesihçiler ýalan mesihçilerden näme bilen tapawutlanýardy? Olar hoş habary wagyz edýärdiler. Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň arasyndaky jogapkär doganlar her bir mesihçiniň hoş habary wagyz etmelidigini nygtap başladylar. Meselem, 1919-njy ýylda çykan bir broşýurada ähli mesh edilen mesihçiler öýden-öýe wagyz etmäge höweslendirildi. Onda şeýle diýilýärdi: «Bu iş ägirt uly bolup görünse-de, bu Rebbiň işidir we onuň güýji arkaly ýerine-de ýetireris. Siziň bu hormatly işe gatnaşmaga mümkinçiligiňiz bar». Muňa nähili seslendiler? 1922-nji ýylda çykan «Garawul diňi» žurnalyna görä, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler wagyz etmek üçin öňküden-de köp tagalla edip başladylar. Wepaly mesihçiler şu günlerem hoş habary öýden-öýe wagyz etmek bilen tapawutlanýarlar.
12. Bugdaý topary haçandan bäri ammara ýygnalýar?
12 Ikinjiden, bugdaý üýşürilýär. Isa perişdelere: «Bugdaýy... meniň ammaryma üýşüriň» diýdi (Mat. 13:30). 1919-njy ýyldan bäri mesh edilen mesihçiler arassalanan ýygnaga üýşürilýärdi. Soňky günlerde ýaşaýan mesh edilen mesihçiler barada näme diýse bolar? Olaryň hem göge galmagy bilen ýygym gutarnykly tamamlanar (Dan. 7:18, 22, 27).
13. Ylham 18:7-de kemçiniň, ýagny Beýik Babylyň, şol sanda hristian dünýäsiniň şu günki ýagdaýy hakda näme aýdylýar?
13 Üçünjiden, agy we diş gyjama bolar. Perişdeler haşal oty desseläninden soň näme bolar? Isa haşal ot topary barada: «Ol ýerde agy we diş gyjama bolar» diýdi (Mat. 13:42). Bu sözler şu wagt ýerine ýetýärmi? Ýok. Şu günler kemçiniň bir bölegi bolan hristian dünýäsi özi hakda şeýle diýýär: «Men melike bolup otyryn, men dul däl, asla gam-gussa ýüzüni görmerin!» (Ylh. 18:7). Dogrudan-da, hristian dünýäsi agalyk edýär, hatda özüni melike saýyp, syýasy ýolbaşçylara-da diýenini etdirýär. Şu günler haşal ot topary aglaman, gaýtam, öwünýär. Ýöne ýagdaý tizden üýtgär.
14. a) Ýalan mesihçiler haçan we näme üçin «dişini gyjar»? b) Matta 13:42-ä täzeçe düşünişimiz Zebur 112:10-daky pikire nädip gabat gelýär? (Sözsoňa serediň).
14 Uly muşakgatda ýalan dinler ýok edilende, onuň tarapdarlary gizlenmek üçin pena gözlärler, ýöne tapyp bilmezler (Luka 23:30; Ylh. 6:15—17). Olar hiç hili gutulyp bilmejekdigine göz ýetirip, aljyrap aglarlar we gahardan ýaňa «dişini gyjarlar». Isanyň uly muşakgat baradaky pygamberliginde aýdyşy ýaly, olar şol agyr döwürde «perýat ederler»f (Mat. 24:30; Ylh. 1:7).
15. Haşal ota näme bolar we haçan?
15 Dördünjiden, küräniň oduna taşlarlar. Haşal ot desselerine näme bolar? Perişdeler olary «küräniň oduna taşlarlar» (Mat. 13:42). Bu olaryň bütinleý ýok ediljekdigini aňladýar. Hawa, ýalan dini guramalaryň agzalary uly muşakgatyň soňky tapgyrynda, ýagny Armageddonda heläk bolarlar (Mal. 4:1).
16, 17. a) Isa tymsalyny haýsy waka bilen tamamlaýar? b) Bu waka näme üçin gelejekde bolmaly diýip bileris?
16 Bäşinjiden, parlarlar. Isa pygamberligini şeýle sözler bilen tamamlady: «Onsoň dogry adamlar Gökdäki Atalarynyň Patyşalygynda Gün kimin parlar» (Mat. 13:43). Bu haçan we nirede bolar? Bu indi ýerine ýetmeli. Isa häzir ýer ýüzünde bolýan waka barada däl-de, gelejekde gökde boljak zat hakda aýdýarg. Näme üçin şeýle netijä gelýäris? Munuň iki sebäbi bar.
17 Ilki bilen, onuň haçan boljakdygyny bileliň. Isa: «Onsoň dogry adamlar... parlar» diýdi. Ol «onsoň» diýmek bilen, muny «haşal otuň küräniň oduna taşlanmagy» bilen baglanyşdyrdy. Haşal ot uly muşakgatyň soňky tapgyrynda ýok ediler. Diýmek, mesh edilen mesihçiler hem gelejekde «parlar». Ikinjiden, ol nirede bolar? Isa dogry adamlaryň «Gökdäki Patyşalygynda parlajakdygyny» aýtdy. Bu nämäni aňladýar? Uly muşakgatyň birinji tapgyryndan soň, ýer ýüzünde ýaşaýan mesh edilen wepaly mesihçileriň ählisi gutarnykly möhürlener. Soňra Isanyň uly muşakgat baradaky pygamberlikde aýdyşy ýaly, olar gökde ýygnalar (Mat. 24:31). Şol ýerde-de «Atalarynyň Patyşalygynda» parlarlar we Armageddon urşy gutaran badyna, olar Isanyň gelni hökmünde «Guzynyň toýuna» gatnaşarlar (Ylh. 19:6—9).
PEÝDASY
18, 19. Isanyň bugdaý we haşal ot tymsalyna düşünmegiň näme peýdasy bar?
18 Tymsaldan öwrenen zatlarymyzyň bize näme peýdasy bar? Geliň, olaryň üçüsine seredeliň. Birinjiden, düşünjämiz çuňlaşýar. Tymsaldan Ýehowanyň erbetlige ýol bermeginiň wajyp sebäbini bilýäris. Ol «merhemet edenlerini», ýagny bugdaý toparyny taýýarlamak üçin «gazaba sezewar bolanlara uly sabyr-takat bilen döz gelýär»h (Rim. 9:22—24). Ikinjiden, tymsal ynamymyzy berkidýär. Zalym dünýäniň soňy golaýlaşdygy saýyn, duşmanlar has güýçli topulsalar-da, «üstün çykmazlar» (Ýermeýa 1:19-y okaň)i. Ýehowa ençeme asyrlap bugdaý toparyny goran bolsa, diýmek, Ol Isa we perişdeler arkaly «soňuna çenli» biziň ýanymyzda bolar (Mat. 28:20).
19 Üçünjiden, tymsal bize bugdaý toparyny tanamaga kömek edýär. Bu näme üçin wajyp? Isanyň soňky günler baradaky pygamberliginde beren soragyna jogap tapmak üçin bugdaýa meňzedilýän mesihçileriň kimdigini bilmeli. Şonda Isa: «Sadyk hem akylly hyzmatkär kim?» diýipdi (Mat. 24:45). Indiki iki makalada şu soraga doly jogap berler.
a Malaky 3:1 Hökmürowan Reb: «Öňümden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin. Siziň gözleýän Taňryňyz duýdansyz Öz ybadathanasyna geler. Siziň hoşal bolýan äht wekiliňiz, ine, gelýär» diýýär. 2 Emma äht wekiliniň geljek gününe kim çydap biler? Ol peýda bolanda, onuň öňünde kim durup biler? Çünki ol demri eredýän ot kimin, kir ýuwujynyň sabyny kimindir. 3 Ol kümşi eredip saplaýan ýaly oturyp, Lewiniň neslini saplar, olary altyn-kümüş kimin eredip tämizlär. Şonda olar sadakalaryny Rebbe dogrulyk bilen hödür ederler. 4 Onsoň öňki döwürde, geçen ýyllarda bolşy ýaly, Reb Ýahuda we Iýerusalim halkynyň sadakalaryndan hoşal bolar.
b Ýermeýa 1:19 Olar seniň garşyňa söweşerler, emma senden üstün çykmazlar. Çünki seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin. Muny Reb aýdýandyr.
c 2-nji abzas: Tymsalyň beýleki bölekleriniň manysyna düşünmek üçin “2010-njy ýylyň 15-nji martynda çykan «Garawul diňi» žurnalyndaky «Dogry adamlar... gün kimin parlar» (sah. 19—21, abz. 1—9) diýen makalany okap bilersiňiz.
d 3-nji abzas: Isanyň resullary aradan çykdy we ýer ýüzünde galan mesh edilen mesihçiler hyzmatkärler däl-de, bugdaý hökmünde suratlandyrylýar. Şonuň üçin hyzmatkärler perişdeleri aňladýar. Tymsalyň soňundaky haşal oty ýygnaýanlar hem perişdelerdir (Mat. 13:39).
e 6-njy abzas: Indi muňa düşünişimiz üýtgeýär. Biz Isa 1918-nji ýylda barlag geçirendir öýdýärdik.
f 7-nji abzas: Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler 1910-njy ýyldan 1914-nji ýyla çenli 4 million töweregi kitap, 200 milliondan gowrak traktat we broşýura ýaýratdylar.
g 14-nji abzas: Biz indi Matta 13:42-ä täzeçe düşünýäris. Öňki edebiýatlarymyza görä, ýalan mesihçiler onlarça ýyl bäri «aglaýar we dişini gyjaýardy», sebäbi «Patyşalygyň ogullary» olary «iblisiň ogullary» hökmünde paş edýärdi (Mat. 13:38). Ýöne Mukaddes Ýazgylara laýyklykda, biriniň dişini gyjamagy heläk bolmagy aňladyp biler (Zeb. 112:10).
h 16-njy abzas: Danyýel 12:3-de: «Akylly adamlar (ýagny mesh edilen mesihçiler) asman şöhlesi deýin nur saçarlar» diýilýär. Olar ýer ýüzünde ýaşanda, hoş habary wagyz edip, nur saçýarlar. Emma Matta 13:43-de olaryň gökdäki Patyşalykda parlajak wagty barada aýdylýar. Öňler biz iki aýat hem bir zady, ýagny hoş habary wagyz etmegi aňladýandyr öýdýärdik.
i 18-nji abzas: «Ýehowa ýakynlaşyň» (rus.) atly kitaba serediň (sah. 288, 289).