Köpçüligiň pikirini ret ediň
HER ýerde hormatlanýan we hormatlanmaýan, taryplanýan ýa-da aýyplanýan zatlar bir-birinden tapawutlanýar. Şeýle-de olar wagtyň geçmegi bilen üýtgeýär. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylardan geçmişde bolan wakalar barada okanda, olara öz garaýşymyz bilen garaman, şol döwürde köp adamlaryň garaýşyny we gymmat saýýan zatlaryny göz öňünde tutmaly.
Meselem, Injilde hormat we utanç ýaly iki pikir barada birnäçe gezek aýdylýar. Hormat we utanç barada aýdylýan waka gowy düşüner ýaly, biz şol döwürde ýaşaýan adamlaryň nähili garaýyşda bolandygyny bilmeli.
I asyrdaky adamlaryň gymmat saýýan zatlary
Bir alymyň aýtmagyna görä, grekleriň, rimlileriň we ýewreýleriň medeniýetinde hormat we utanç örän wajyp saýylýardy. «Adamlar sylag-hormat, abraý, şöhrat gazanmak üçin ölmäge-de taýyndy». Şu zatlary olar wajyp hasaplaýandygy üçin köpçüligiň diýeninden çykmaýardy.
Han-beglerden başlap, gullara çenli wezipe, abraý we hormat gazanmak örän wajypdy. Hormatlanýan adam diňe öz gözünde däl-de, adamlaryň öňünde gymmat saýylýardy. Adama hormat goýmak, bu hemmelere onuň özüni gowy alyp barýandygyny bildirmek. Şeýle-de, hormat goýmak adamyň baýlygyna, wezipesine, abraýyna haýran galyp, oňa ünsli bolmagy aňladýar. Ýagşylyk edip ýa-da başga adamlardan tapawutlanyp, hormaty gazanyp bolýar. Köpçüligiň kemsitmegi we üstüňden gülmegi bolsa, utandyrýar ýa-da hormatyňy gaçyrýar. Galyberse-de, köpçüligiň ýazgarmagy adamy gaýga batyrýar we wyždanyna ezýet berýär.
Isa toýda adama oturmak üçin «tör» we «iň pes ýer» barada aýdanda, şol döwrüň medeniýetinde hormat we utanç meselesini göz öňünde tutdy (Luka 14:8—10). Azyndan iki sapar Isanyň şägirtleri «haýsysynyň uly saýylmalydygy» hakynda jedel etdiler (Luka 9:46; 22:24). Olar şol döwürde ýaşaýan adamlaryň näme barada çendenaşa biynjalyklanýandygyny görkezdiler. Isa wagyz edip, tekepbir we bäsdeş ýehudy dini ýolbaşçylaryň hormatyny hem-de abraýyny gaçyrýardy. Olar özüni uly saýyp, märekäniň öňünde Isa bilen jedel etseler-de, hiç haçan üstün çykyp bilmedi (Luka 13:11—17).
Şeýle-de, I asyrda ýewreýler, grekler we rimliler adamy masgaralamak üçin, ony «tutup, hemmäniň öňünde jenaýaty üçin jeza berýärdiler». Adam üçin daňylmak ýa-da tussag edilmek masgaralykdy. Şeýle jeza adamy jenaýat etse-de, etmese-de dostlarynyň, maşgalasynyň we başga adamlaryň öňünde masgaralaýardy. Adam tussag edilensoň, masgara bolup abraýy gaçýar, özüni sylamaýar we adamlar bilen gatnaşygy bozulýar. Egin-eşikleriň sypyrylyp, ýenjilmek adamy daňylmakdan hem beter kemsidýär. Şeýle ýagdaýda adamlar ýigrenýärler, üstüňden gülýärler we mertebäňi ýere çalýarlar.
Pürse çüýlenmek adamy gaty kemsidýärdi. Alym Martin Heňeliň aýtmagyna görä, gullary pürse çüýlemek gaty erbet kemsitmek, masgaralamak hem gynamak hasaplanylýardy. Pürse çüýlenen we adamlar tarapyndan inkär edilen adamyň maşgalasy, dostlary hem masgara edilýärdi. Isa şeýle öldürilendigi sebäpli, I asyrda mesihçi bolmak isleýän adamlaryň ählisiniň üstünden gülýärdiler. Adamlaryň köpüsi pürse çüýlenen adamyň şägirdi bolmagy akmaklyk hasaplaýardy. Pawlus resul şeýle diýdi: «Biz bolsak haça (pürse, TD) çüýlenen Mesihi ýehudylar üçin büdremäge sebäp, grekler üçin-de akmaklyk bolan... Mesihi wagyz edýäris» (1 Kor. 1:23, 24). I asyryň mesihçileri şeýle synaga nädip döz geldi?
Gymmat saýylýan zatlaryň tapawudy
I asyryň mesihçileri kanuna gulak asyp, erbet iş etmeýärdiler. Petrus resul: «Sizden hiç kim ganhor ýa ogry, jenaýatçy ýa şugul bolup görgi görmesin» diýdi (1 Pet. 4:15). Muňa garamazdan, Isa şägirtlerine onuň ady üçin yzarlanjakdygyny aýtdy (Ýahýa 15:20). Petrus resul: «Kim-de Mesihi bolup görgi görýän bolsa, utanmasyn; bu at bilen Hudaýy şöhratlandyrsyn» diýdi (1 Pet. 4:16). Mesihçiler şol döwürdäki köpçüligiň kadalaryna eýermän, görgi görmekden utanmaly däldiler.
Mesihçiler başga adamlaryň kada-kanunlarynyň özüni alyp barşyna täsir etmegine ýol bermeli däldiler. I asyrda köp adamlar üçin pürse çüýlenen adamy Mesih hasaplamak akmaklykdy. Bu garaýyş mesihçilere täsir edip, olar munuň bilen ylalaşyp bilerdi. Emma olar Isanyň Mesihdigine iman edýändigi üçin, adamlar üstünden gülseler-de, oňa eýermelidi. Isa şeýle diýdi: «Bu zynahor, günäkär nesliň içinde kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da mukaddes perişdeleri bilen bilelikde Atasynyň şöhraty bilen gelen mahaly ondan utanar» (Mar. 8:38).
Şu günler adamlar dürli usul bilen bizi Isanyň ýolundan inkär etdirip biler. Klasdaşlar, goňşular we işgärler bizi ahlaksyzlyk, ynsapsyz ýa-da ýaramaz işleri etmäge yrmaklary mümkin. Olar bizi dogry prinsipler boýunça ýaşaýandygymyz üçin utandyryp biler. Şeýle ýagdaýda özümizi nähili alyp barmaly?
Utanjy äsgermedikleriň göreldesine eýeriň
Isa Ýehowa wepaly bolmak üçin masgaralanyp, öldürilmek synagyna döz geldi. «Ol... utanjy äsgermän, haçdaky (pürsdäki, TD) ölüme döz geldi» (Ýew. 12:2). Isanyň duşmanlary oňa şapbat urdular, onuň egin-eşigini çykardylar, ony ýençdiler, pürse çüýlediler we sögdüler (Mar. 14:65; 15:29—32). Isa başga adamlaryň öňünde olaryň şeýle utandyrandygyna üns bermedi. Nädip? Isa şeýle zalym yzarlamadan gaça durmady. Ol Ýehowanyň öňünde mertebesiniň peselmändigini bilýärdi we adamlaryň şöhratlandyrmagyny islemedi. Isa gul ýaly öldürilse-de, Ýehowa ony direldip, özünden soň iň hormatly orun berdi. Filipililer 2:8—11-nji aýatlarda biz şeýle okaýarys: «Sypatda ynsan bolup, ölüme, hatda haç (pürs, TD) üstündäki ölüme-de boýun egip, Özüni kiçeltdi. Şonuň üçin hem Hudaý Ony juda beýgeldip, Oňa ähli atdan belent ady berdi. Ol muny gökdäkileriň, ýerdäkileriň we ýer astyndakylaryň bary Isanyň adynyň hatyrasyna dyz epsin, her dil Ata Hudaýyň şöhraty üçin Isa Mesihiň Rebdigini ykrar etsin diýip etdi».
Isa şeýle kemsidilip, öldürlenine biperwaý garamady. Ol ölüme höküm edilende, Atasynyň adyna ysnat getirmejek bolup biynjalyklanýardy we şeýle kemsitmeden goramagy haýyş etdi. Isa Ýehowa: «Bu käsäni Menden geçir» diýip ýalbardy. Ýöne Isa Hudaýyň islegine tabyn boldy (Mar. 14:36). Isa yzarlamalara döz gelip, utanjy äsgermedi. Emma köp adamlaryň gymmat saýýan zatlarynyň gadyryny bilýänler mundan utandy. Isa bolsa, şeýle zatlary gymmat saýmady.
Isanyň şägirtlerini hem tussag edip, ýençdiler. Şeýdip, olary köp adamlaryň öňünde masgara etdiler. Olary ýigrendiler, ýöne olar gorkmaýardy. Şägirtler köpçüligiň pikirini we masgaralamasyny ret etdiler (Mat. 10:17; Res. iş. 5:40; 2 Kor. 11:23—25). Olar «haçyny (pürsüni, TD) alyp», hemişe Isanyň yzyna düşmelidigini bilýärdi (Luka 9:23, 26).
Biz barada näme diýse bolar? Dünýäniň akmaklyk, ejiz we asylzada däl hasaplaýan zatlaryny Hudaý akyldar, güýçli hem asylzada hasaplaýar (1 Kor. 1:25—28). Eýsem, hemişe köpçüligiň pikirine eýermek akmaklyk we köre-körlük dälmi näme?
Şöhrat gazanmak isleýän her bir adam köpçüligiň pikirini göz öňünde tutmaly bolýar. Emma biz bolsa, Isa we I asyrdaky şägirtler ýaly, Ýehowa bilen dostlaşmak isleýäris. Şonuň üçin biz Ýehowanyň hormatlaýan zatlaryny hormatlarys, utanç hasaplaýan zatlaryny utanç hasaplarys.