Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/10 sah. 12—16
  • Siz nähili ruhy bildirýärsiňiz?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Siz nähili ruhy bildirýärsiňiz?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • DÜNÝÄNIŇ RUHUNDAN GAÇA DURUŇ
  • ÝYGNAKDA SYLAG-HORMAT RUHUNY BILDIRIŇ
  • BAŞGALAR BABATDA GOWY GARAÝYŞDA BOLUŇ
  • HUDAÝYŇ GURAMASYNDA GOWY RUHY ÖSDÜRMÄGE GOŞANT GOŞUŇ
  • Ýygnakda abatlaýjy ruhy saklaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Birinji asyrda we şu günler mukaddes ruhuň täsir edişi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Özüňizi Hudaýa bagyş edip, şoňa görä ýaşamak üçin ruhda geziň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Näme üçin Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýermeli?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/10 sah. 12—16

Siz nähili ruhy bildirýärsiňiz?

«Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň ruhuňyz bilen bolsun!» (FLM. 25).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Biz nähili ruha eýerýändigimizi näme üçin barlamaly?

  • Biz nähili garaýyşdan gaça durmaly we muny nädip edip bileris?

  • Ýygnakda sylag-hormat ruhuny görkezmek üçin näme etmeli?

1. Pawlus mesihçilere ýazan hatynda nämä umyt edýändigi barada aýtdy?

PAWLUS RESUL ýygnaklaryň bildirilýän ruhundan Hudaýyň we Isa Mesihiň razydygyna umyt edýärdi. Şol sebäpli ol bu barada mesihçilere telim gezek hat ýazdy. Meselem, ol galatýalylara şeýle ýazdy: «Eý doganlarym! Goý, Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti siziň bildirýän ruhuňyz bilen bolsun. Omyn!» (Gal. 6:18, TD). Pawlus «siziň bildirýän ruhuňyz» diýmek bilen nämäni göz öňünde tutdy?

 1. Pawlus mesihçilere ýazan hatynda nämä umyt edýändigi barada aýtdy?
2, 3. a) Käbir ýagdaýlarda Pawlus «ruh» sözüni nähili manyda ulandy? b) Biz bildirýän ruhumyz babatda özümize nähili soraglary berip bileris?
 4. «Dünýäniň ruhy» näme?
 5. Ysraýyllylaryň käbiri nähili ruha eýerdiler?
 6. I asyrda käbirleriniň erbet garaýşy nädip aýan boldy we ol näme sebäpden döredi?
 7. Biz ýygnakda nähili ruhdan seresap bolmaly?
 8. Mukaddes Ýazgylardaky haýsy aýatlar ýolbaşçylyk edýän doganlara dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär?
 9. a) Mesihçä düzediş ýa-da maslahat berlende, onuň imany nädip synalmagy mümkin? b) Käýinç berlende nähili garaýyşda bolsak gowy bolar?
10. a) Ýagşy we ýaman ruh barada Ýakup 3:16—18-nji aýatlardan näme öwrenip bileris? b) «Gökden inen akyldarlyga» eýersek nähili peýda getirer?
11. a) Biz dogry garaýşy saklasak nämeden gaça durup bileris? b) Dawudyň göreldesinden nähili sapak edinip bileris?
12. Ýygnagyň agzybir bolmagyna näme kömek eder?
13. Biz öz pikirimize nähili garamaly we Mukaddes Ýazgylardaky haýsy waka muňa düşünmäge kömek edýär?
14. Biz başgalara dogry garaýyşdadygymyzy nädip görkezip bileris?
15. a) Bagyşlamak babatda Eýýupdan näme öwrenip bileris? b) Doga etmeklik bize Hudaýa ýaramly garaýşy ösdürmäge nädip kömek edýär?
16, 17. Siz bildirýän ruhuňyzyň Ýehowa ýaramly bolmagy üçin näme etmek isleýärsiňiz?

2, 3. a) Käbir ýagdaýlarda Pawlus «ruh» sözüni nähili manyda ulandy? b) Biz bildirýän ruhumyz babatda özümize nähili soraglary berip bileris?

2 Pawlusyň bu aýatda ulanan «ruh» sözi bizi geplemäge ýa-da hereket etmäge höweslendirýän güýji aňladýar. Käbir adamlar mähirli, ünsli, mylaýym, eli açyk we geçirimli bolýar. Mukaddes Ýazgylarda «ýumşak, ýuwaş ruhly» we «mylaýym ruhly» adamlar öwülýär (1 Pet. 3:4; Sül. tym. 17:27). Emma käbirleri içýakgyç, öz peýdasyna çapýan, öýkelek bolýarlar ýa-da özbaşdak bolmaklygy isleýärler. Şeýle-de ahlaksyz, boýun egmezek, hatda pitneçi ruhy bildirýänler hem bar.

3 Şol sebäpli Pawlus: «Reb... seniň ruhuň bilen bolsun» diýen sözleri ulanyp, doganlary Hudaýyň niýetine we Mesihiň häsiýetine laýyk gelýän ruhy bildirmäge höweslendirdi (2 Tim. 4:22; Koloseliler 3:9—12-nji aýatlary okaň). Şonuň üçin biz özümize şeýle soraglar bersek gowy bolar: «Men nähili ruhy bildirýärin? Men bildirýän ruhumyň Hudaýa has ýaramly bolmagy üçin näme edip bilerin? Men ýygnagyň gowy ruhuna nähili goşant goşup bilerin?» Günebakarly meýdany göz öňüne getiriň. Ol ýerdäki her bir gül tutuş meýdana gözellik berýär. Biz hem şol gülleriň birine meňzäp, ýygnagyň owadanlygyna owadanlyk goşup bilerismi? Elbetde, biz şeýle etmäge jan etmeli. Geliň, Hudaýa ýaramly ruhy bildirmek üçin näme etmelidigine seredeliň.

DÜNÝÄNIŇ RUHUNDAN GAÇA DURUŇ

4. «Dünýäniň ruhy» näme?

4 Mukaddes Ýazgylarda: «Biz bu dünýäniň ruhuny däl-de... Hudaýdan gelen Ruhy aldyk» diýilýär (1 Kor. 2:12). «Dünýäniň ruhy» näme? Bu ruh Efesliler 2:1, 2-nji aýatlarda-da agzalýar: «Siz bir wagtlar içinde gezýän ýazyk we günäleriňiz zerarly ölüdiňiz. Bu dünýäniň gerdişine, söz diňlemeýän adamlarda häzir işleýän ruhuň, ýagny howadaky erbet güýçleriň hökümdaryna uýýardyňyz». Bu ýerde aýdylýan «howa» dünýäniň ruhuny ýa-da garaýşyny aňladýar. Olar edil howa ýaly bizi gurşap alýar. Ony şu günler köp adamlara mahsus bolan garaýyşdan görse bolýar, ýagny olar köplenç şeýle diýýärler: «Hiç kimiň maňa görkezme bermäge haky ýok» ýa-da «Öz hakyň üçin göreş!» Olar Şeýtanyň dünýäsindäki «sözi diňlemeýän» adamlardyr.

5. Ysraýyllylaryň käbiri nähili ruha eýerdiler?

5 Bu garaýyş ýaňy-ýakynda döremedi. Musanyň döwründe Korah Ysraýyl ýygnagyna ýolbaşçylyk eden adamlara garşy çykdy. Ol, esasanam, Haruna we onuň ruhany bolup gulluk edýän ogullaryna garşy boldy. Belki-de, Korah olaryň kämilsizligini görendir. Ýa-da ol Musanyň kowum-garyndaşlaryna uly wezipe berip, ony garyndaşparaz hasaplandyr. Nähili sebäp bolaýanda-da, Korah ähli zada ynsan garaýşy bilen seredip, Ýehowanyň bellän adamlaryna gödeklik bilen: «Siz juda öte geçdiňiz!.. Siz özüňizi näme üçin Rebbiň jemagatyndan ýokary tutýarsyňyz?» diýip, olaryň garşysyna gitdi (San. 16:3). Datan bilen Abyram hem Musa zeýrenip, ol biziň «üstümizden höküm hem sürjek bolýar» diýdiler. Haçanda olary Musanyň ýanyna çagyranlarynda: «Biz barjak däl» diýip, tekepbirlik bilen jogap berdiler (San. 16:12—14). Ýehowa olaryň görkezen ruhundan närazy boldy. Ol ähli pitneçilere ölüm jezasyny berdi (San. 16:28—35).

6. I asyrda käbirleriniň erbet garaýşy nädip aýan boldy we ol näme sebäpden döredi?

6 I asyrda-da käbirleri ýygnakda ýolbaşçylyk edýän doganlary tankytlapdyrlar. Ýahuda şägirt olaryň «häkimiýeti äsgermeýändigini» aýtdy (Ýahuda 8). Olar öz ornundan närazy bolan bolmaly we Hudaýyň tabşyran borjuny ak ýürekden ýerine ýetirýän doganlara garşy başgalary-da öjükdiripdirler (3 Ýahýa 9, 10-njy aýatlary okaň).

7. Biz ýygnakda nähili ruhdan seresap bolmaly?

7 Elbetde, şeýle ruha mesihçiler ýygnagynda orun ýok. Bu ruh bizde döremez ýaly, seresap bolmaly. Ýygnakdaky ýaşulular-da, Musanyň we Ýahýa resulyň döwründäki ýaly kämilsiz adamlar. Käte ýaşulular biziň hut özümize degişli ýalňyşlygy goýberip biler. Eger şeýle ýagdaý ýüze çyksa, ýygnagyň her bir agzasy bu dünýäniň ruhuna eýerip, erjellik bilen «adalatlygy» talap etse ýa-da «bu dogan ýaşuly bolmaga mynasyp däl» diýse, nähili ýerliksiz bolardy! Eger ujypsyz ýalňyşlyk goýberilse, Ýehowa oňa üns bermeýär. Biz hem şeýle etmeli dälmi näme? Käbirleri agyr günä edip, ýaşulular komiteti bilen gürrüňdeş bolmakdan ýüz öwürdiler. Sebäbi olar bu ýaşulularyň haýsy-da bolsa bir häsiýetini halamaýardy. Şeýle adamlary lukmanyň haýsydyr bir häsiýetini halaman, bejergi almak islemeýän syrkawa meňzetse bolýar.

8. Mukaddes Ýazgylardaky haýsy aýatlar ýolbaşçylyk edýän doganlara dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär?

8 Şeýle ruhuň bizde döremezligi üçin, Mukaddes Ýazgylarda «sag elinde ýedi ýyldyzy» saklap duran Isanyň suratlandyrylyşyny unutmaly däl. «Ýyldyzlar» mesh edilen mesihçileri, has giň manyda bolsa, ýygnakdaky ähli gözegçi doganlary aňladýar. Isa elindäki «ýyldyzlary» zerur hasaplaýan tarapyna ugrukdyryp bilýär (Ylh. 1:16, 20). Diýmek, mesihçiler ýygnagynyň Başy Isa ähli ýaşulular maslahatyna gözegçilik edýär. Eger ýaşululardan kimdir birine düzediş bermek zerur bolsa, «gözleri ot ýalny ýaly» bolan Isa ony görüp, dogany wagtynda we Özüne ýaramly görnüşde düzetmegiň aladasyny eder (Ylh. 1:14). Emma ondan öň, biz mukaddes ruh tarapyndan bellenenlere ähli taraplaýyn hormat goýmaly. Bu babatda Pawlus şeýle ýazdy: «Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara janyňyz hakda hasabat berjekler hökmünde tabyn boluň. Çünki olar gözegçilik edýändir. Olar bu wezipelerini ahy-nala bilen däl-de, — munuň size haýry bolmaz — eýsem, şatlyk bilen ýerine ýetirer ýaly, olara tabyn boluň» (Ýew. 13:17).

Isanyň tutýan orny hakynda oýlansaňyz, siziň maslahaty kabul edişiňize nädip täsir eder?

[14-nji sahypadaky surat]1. Someone rejecting counsel; 2. Someone accepting counsel; 3. Jesus holding the seven stars
Isanyň tutýan orny hakynda oýlansaňyz, siziň maslahaty kabul edişiňize nädip täsir eder?

1. Someone rejecting counsel; 2. Someone accepting counsel; 3. Jesus holding the seven stars

9. a) Mesihçä düzediş ýa-da maslahat berlende, onuň imany nädip synalmagy mümkin? b) Käýinç berlende nähili garaýyşda bolsak gowy bolar?

9 Şeýle-de mesihçä düzediş berlende ýa-da ol ýygnakdaky hormatly borçdan aýrylanda, onuň ruhy garaýşy synalyp biler. Zorlukly wideooýunlary oýnaýan bir ýaş dogana ýaşulular sypaýçylyk bilen maslahat berdiler. Gynansak-da, ol maslahaty diňlemedi we gulluk hyzmatçysy borjundan aýryldy. Sebäbi ol indi Mukaddes Ýazgylaryň talabyna laýyk gelmeýärdi (Zeb. 11:5; 1 Tim. 3:8—10). Şondan soňra ol dogan gelnen karar bilen özüniň närazydygyny hemmelere gürrüň berip başlaýar we ýaşululary tankytlap birnäçe sapar filiala hat ýazýar. Hatda ol ýygnagyň beýleki agzalaryna hem filiala hat ýazdyrtjak bolýar. Eger biz özümizi aklajak bolup, ýygnagyň agzybirligine howp salsak, gaty nädogry bolardy. Emma berlen käýinje dogry garaýyşda bolup, özümiziň gowşak taraplarymyzy görmäge mümkinçilik hökmünde garasak we ony rahatlyk bilen kabul etsek gowy bolardy (Ýeremiýanyň agysy 3:28, 29-njy aýatlary okaň)a.

10. a) Ýagşy we ýaman ruh barada Ýakup 3:16—18-nji aýatlardan näme öwrenip bileris? b) «Gökden inen akyldarlyga» eýersek nähili peýda getirer?

10 Ýakup 3:16—18-nji aýatlarda ýygnakda haýsy ruha eýermegiň dogrudygy, haýsysynyň nädogrudygy babatda gowy görkezme berilýär: «Nirede içigaralyk, igenjeňlik bar bolsa, ol ýerde başbozarlyk, her hili erbet iş hem bardyr. Emma Gökden inen akyldarlyk ilki bilen, sap, ondan soň-da parahatlyk söýüji, mylaýym, diýenediji, rehimden, oňat miwelerden doly, ýüz görmezek we ikiýüzlülikden halasdyr. Parahatlyk döredýänler dogrulyk miwesini parahatlykda ekýändir». Eger biz «Gökden inen akyldarlyga» eýersek, Hudaýa mahsus häsiýetleri görkezeris we doganlaryň arasynda gowy ruhuň bolmagyna ýardam ederis.

ÝYGNAKDA SYLAG-HORMAT RUHUNY BILDIRIŇ

11. a) Biz dogry garaýşy saklasak nämeden gaça durup bileris? b) Dawudyň göreldesinden nähili sapak edinip bileris?

11 Biz Ýehowanyň «Öz... ýygnagyny bakmaga» ýaşululary belländigini unutmaly däl (Res. iş. 20:28; 1 Pet. 5:2). Şol sebäpli ýaşuly bolup gulluk edýändigimize ýa-da etmeýändigimize garamazdan, biz Hudaýyň ýola goýan düzgünine hormat goýmagyň paýhaslydygyna düşünýäris. Biz dogry garaýşymyzy saklasak, ýygnakdaky borjumyz barada çendenaşa aladalanmarys. Haçanda Ysraýylyň patyşasy Saul öz ýerine Dawudyň patyşa bolup biljekdigini duýanda, ol «Dawuda şübheli garap başlady» (1 Sam. 18:9, TD). Saul patyşada erbet ruh peýda boldy, hatda ol Dawudy öldürmek isledi. Saul ýaly öz tutýan ornuň barada çendenaşa köp oýlanmagyň deregine, Dawutdan görelde alsak gowy bolar. Bu ýaş ýigit özüne edilen ähli adalatsyzlyga garamazdan, Hudaýyň bellän häkimiýetine hormat goýmagyny dowam etdi (1 Samuel 26:23-i okaň)b.

12. Ýygnagyň agzybir bolmagyna näme kömek eder?

12 Ýygnakda imandaşlaryň garaýşynyň tapawutlanýandygy sebäpli, hatda gözegçi doganlaryň arasynda-da nägilelik döräp biler. Bu babatda Injildäki şu maslahat kömek eder: «Hormatda her kişi beýlekini özünden ýokary saýsyn... Akyllysyramaň» (Rim. 12:10, 16). Öz pikiriňi dogry hasaplap, öz sözüňi gögertmegiň deregine, köplenç käbir ýagdaýlary çözmegiň birnäçe dogry ýollarynyň bolýandygyny boýun almaly. Eger biz başgalaryň garaýşyny göz öňünde tutmaga çalyşsak, ýygnagyň agzybirligine ýardam ederis (Flp. 4:5).

13. Biz öz pikirimize nähili garamaly we Mukaddes Ýazgylardaky haýsy waka muňa düşünmäge kömek edýär?

13 Aýdaly, biz ýygnakda haýsydyr bir zady özgertmelidigini görýäris, emma bu barada hiç zat aýtmaly däl diýmek dogrumy? Ýok. I asyrda jedelli sorag ýüze çykanda, doganlar «beýleki doganlaryň birnäçesi bilen birlikde Pawlus bilen Barnabas resullaryň, ýolbaşçylaryň ýanyna, Iýerusalime gitmeli diýen karara geldiler» (Res. iş. 15:2). Elbetde, bu sorag we onuň çözgüdi babatda her doganyň öz pikiri bardy. Emma olaryň hersi öz pikirini aýdyp, mukaddes ruhuň görkezmesi esasynda karara gelenlerinden soňra, olaryň hiç biri öz sözüni gögertjek bolmadylar. Doganlaryň gelen karary hat üsti bilen ýygnaklara ýetirilende, dogan-uýalar «bu öwüt-nesihat hakda begenişdiler» we olaryň «imany berkeşýärdi» (Res. iş. 15:31; 16:4, 5). Biz hem biynjalyk bolýan zatlarymyzy jogapkär doganlara aýdanymyzdan soňra, bu babatda çendenaşa alada etmän, olara ynanmaly. Sebäbi olar bu meseläni düýpli ara alyp maslahatlaşýarlar.

BAŞGALAR BABATDA GOWY GARAÝYŞDA BOLUŇ

14. Biz başgalara dogry garaýyşdadygymyzy nädip görkezip bileris?

14 Başgalar babatda gowy garaýyşda bolmaga bizde köp mümkinçilikler bar. Biziň göwnümize degenlerinde, bagyşlamaga taýyn bolsak, biz gowy garaýyşdadygymyzy görkezýäris. Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Biri-biriňize sabyr-takatly boluň. Birew birewden kineli bolsa, Ýehowanyň sizi rehimdarlyk bilen bagyşlaýşy ýaly, siz hem birek-biregi bagyşlaň» (Kol. 3:13, TD). «Birew birewden kineli bolsa» diýen jümle, nägile bolmaga degerli sebäbiň bar bolmagyny aňladýar. Emma imandaşymyzyň gowşak tarapyna aşa köp üns berip, ýygnagyň parahatlygyna zyýan ýetirmegiň deregine, Ýehowanyň göreldesine eýermäge jan edeliň we dogan-uýalary ýürekden bagyşlap, olar bilen Hudaýa gullugymyzy dowam edeliň.

15. a) Bagyşlamak babatda Eýýupdan näme öwrenip bileris? b) Doga etmeklik bize Hudaýa ýaramly garaýşy ösdürmäge nädip kömek edýär?

15 Bagyşlamak babatda Eýýupdan görelde alyp bileris. Üç sany dereksiz teselli berijiler oňa ençeme erbet sözleri aýdyp, onuň göwnüne degdiler. Muňa garamazdan, Eýýup geçirimlilik etdi. Nädip? «Eýýup dostlary üçin dileg etdi» (Eýýup 16:2; 42:10). Başgalar üçin doga etsek, bu biziň olara bolan garaýşymyzy üýtgedip biler. Bütin dünýädäki dogan-uýalar üçin edýän dogamyz, Isa Mesihiň ruhuna eýermäge kömek edýär (Ýahýa 13:34, 35). Biz doganlar üçin diňe bir doga etmek bilen çäklenmän, eýsem, mukaddes ruhy hem dilemeli (Luka 11:13). Hudaýyň ruhy bize başgalar bilen gatnaşanymyzda mesihçi häsiýetlerini bildirmäge kömek edýär (Galatýalylar 5:22, 23-nji aýatlary okaň).

HUDAÝYŇ GURAMASYNDA GOWY RUHY ÖSDÜRMÄGE GOŞANT GOŞUŇ

16, 17. Siz bildirýän ruhuňyzyň Ýehowa ýaramly bolmagy üçin näme etmek isleýärsiňiz?

16 Ýygnagyň her bir agzasy gowy ruhy ösdürmegi maksat edinse, gör, nähili ajaýyp bolar! Bu makalany okap, belki-de, siz gowy ruhy ösdürmeli diýen karara gelensiňiz. Eger şeýle bolsa, özüňizi Hudaýyň Sözi arkaly barlap görüň (Ýew. 4:12). Pawlus ýygnaga gowy täsir etmegiň aladasyny edip, şeýle diýdi: «Men özümde bir aýyp görmeýärin, ýöne munuň bilen özümi aklamaýaryn. Meniň üstümden höküm çykarýan Rebdir» (1 Kor. 4:4).

17 Gökden inen akyldarlyga eýermäge çalşyp, özümiz ýa-da tutýan ornumyz hakda çendenaşa aladalanmasak, biz ýygnagyň gowy ruhuna goşant goşarys. Eger biz başgalar babatda gowy pikirde bolup, olary bagyşlamaga taýyn bolsak, imandaşlarymyzyň arasyndaky agzybirligi berkideris (Flp. 4:8). Şonda biz Ýehowanyň we Isanyň biziň bildirýän ruhumyzdan hoşaldygyna ynamly bolup bileris (Flm. 25).

a Ýeremiýanyň agysy 3:28 Ynsan dymyp, ýalňyz otursyn, çünki boýuntyrygy dakan Rebdir. 29 Ýere ýüzin ýykylsyn, belki, umyt bardyr.

b 1 Samuel 26:23 Reb her kimi öz adalatlylygy hem-de wepalylygy üçin sylaglaýandyr. Şu gün Reb seni meniň elime berdi, ýöne men Rebbiň seçip saýlan adamyna el götermek islemedim.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş