Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 15/1 sah. 26—30
  • Şeýtana garşy duruň, ol sizden gaçar!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Şeýtana garşy duruň, ol sizden gaçar!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Biz Iblisden gorkmalymy?
  • Şeýtan bizi näme üçin yzarlaýar?
  • «Bizi Erbetden halas et»
  • Iblisiň aldawyna düşmäň
  • Hudaýyň ýaraglary goraýar
  • Iblise garşy duruň, ol sizden gaçar
  • Isa ýaly «Iblise garşy duruň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Iblis hakykatdan-da barmy?
    Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby
  • Iblise ýol bermäň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 15/1 sah. 26—30

Şeýtana garşy duruň, ol sizden gaçar!

«Indi, Hudaýa boýun boluň. Iblise garşy duruň, ol sizden gaçar» (ÝAKUP 4:7).

1, 2. a) Işaýa kitabynyň 14-nji babynda Iblisiň haýsy häsiýeti görkezilýär? b) Biz haýsy soraglara serederis?

IBLIS ulumsylygyň asyl nusgasy. Onuň tekepbirligini Işaýa pygamber tymsalynda beýan etdi. Babyl dünýä imperiýasy bolmazyndan ýüz ýyl gowrak öň, Işaýanyň pygamberliginde Hudaýyň halkynyň «Babyl patyşasyna» ýüzlenip aýdan aýdymy ýazylan. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Çünki sen ýüregiňde: «Göklere çykaryn. Tagtymy Hudaýyň ýyldyzlaryndan [Dawudyň neslindäki patyşalardan] ýokarda goýaryn . . . Hemmelerden beýik Bolana meňzärin» diýipdiň» (Işaýa 14:3, 4, 12—15; Sanlar 24:17). «Babyl patyşanyň» tekepbirligi «bu dünýäniň taňrysy» Şeýtanyň tekepbirligine meňzeýärdi (2 Korintoslylar 4:4). Şeýlelikde, Babyl patyşalarynyň soňunyň masgaraçylykly gutaryşy ýaly, Şeýtanyň ulumsylygynyň soňy-da aýylganç bolar.

2 Emma Iblis heniz barka, adamlarda şeýle soraglar ýüze çykýar: Biz Şeýtandan gorkmalymy? Ol mesihçileri näme üçin yzarladýar? Iblisiň aldawyna düşmez ýaly, biz näme etmeli?

Biz Iblisden gorkmalymy?

3, 4. Mesh edilen mesihçiler we olaryň ýoldaşlary näme üçin Iblisden gorkmaýarlar?

3 Isa Mesihiň: «Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, iblis sizi synamak üçin, käbiriňizi tussaga saldyrar, siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölýänçäň, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin» diýen sözleri mesh edilen mesihçileri ruhlandyrýar (Ylham 2:10). Mesh edilenler we ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän adamlar Iblisden gorkmaýar. Olar ýöne bir mert bolany üçin däl-de, Hudaýdan gorkup, Ýehowanyň «ganatlarynyň kölegesinde sygynýany» üçin Iblisden gorkmaýarlar (Zebur 34:9; 36:7).

4 Isanyň ilkinji gaýduwsyz şägirtleri zalymlyk bilen gynalyp öldürilseler-de, wepaly galdylar. Olar Şeýtan Iblisden gorkmadylar, sebäbi Ýehowanyň Özüne wepaly galýanlary hiç haçan terk etmeýändigini bilýärdiler. Şonuň üçin şu günlerem mesh edilen mesihçiler we olaryň wepaly ýoldaşlary yzarlansa-da, Hudaýyň öňünde aýypsyz galmagy ýüregine düwýärler. Ýöne Pawlus resul Iblisiň ölüme-de eltip biljekdigini aýtdy. Biz mundan gorkmalymy?

5. Ýewreýler 2:14, 15-nji aýatlardan biz näme bildik?

5 Pawlus resul Isanyň et hem gandan bolup adam sypatyna girmeginiň sebäbini şeýle düşündirdi: «Ol muny ölüm güýjüne eýe bolany, ýagny iblisi ölüm arkaly ýogaltjak, ömür boýy ölüm gorkusy zerarly gul bolanlaryň hemmesini erkinlige ýetirjek bolup etdi» (Ýewreýler 2:14, 15). «Ölüm güýjüne eýe bolan» Iblis, Iuda Iskariota diýenini etdirdi we Isany öldürmek üçin ýehudy dini ýolbaşçylary we rimlileri ulandy (Luka 22:3; Ýahýa 13:26, 27). Muňa garamazdan, Isanyň ölümi günäli adamlary Şeýtanyň gol astyndan azat edip, olara ebedi ýaşaýşa umyt berdi (Ýahýa 3:16).

6, 7. Iblis ölüm güýjüni çäksiz ulanyp bilýärmi?

6 Eýsem, Iblis ölüm güýjüni çäksiz ulanyp bilýärmi? Şeýtanyň başda ýalan sözläp, maslahat berip eden erbet işi adamlaryň ölümine eltdi. Sebäbi Adam ata günä etdi we günä bilen ölüm ähli adamlara geçdi (Rimliler 5:12). Üstesine-de, ýer ýüzünde Şeýtanyň gullukçylary Ýehowa sežde edýänleri yzarlaýar we käte Isa Mesihi öldürişleri ýaly öldürýär.

7 Ýöne Iblis islän adamyny öldürip bilýändir öýtmeli däl. Sebäbi Hudaý öz gullukçylaryny goraýar we olaryň hemmesini ýer ýüzünden ýok etmäge, Şeýtana hiç haçan ýol bermez (Rimliler 14:8). Ýöne Ýehowa öz halkynyň yzarlanmagyna we Şeýtanyň hüjümi zerarly käbirlerimiziň ölmegimize ýol berýär. Muňa garamazdan, Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň «ýatlama kitabyna» giren adamlaryň direljekdigi barada aýdylýar we Iblis muňa asla päsgel berip bilmez! (Malaki 3:16; Ýahýa 5:28, 29; Resullaryň işleri 24:15).

Şeýtan bizi näme üçin yzarlaýar?

8. Iblis Hudaýyň gullukçylaryny näme üçin yzarladýar?

8 Şeýtan bizi, esasanam, Hudaýyň wepaly gullukçysy bolanymyz üçin yzarladýar. Onuň maksady bizi imandan dändirmek. Biziň gökdäki Atamyz bilen ýakyn aragatnaşygymyz bar, Şeýtan bolsa şony bozjak bolýar. Biz muňa geň galmaly däl. Erem bagynda Ýehowa göçme manydaky öz «aýaly» bilen «ýylanyň» arasynda hem-de olaryň «nesilleriniň» arasynda duşmançylyk boljakdygyny aýtdy (Barlyk 3:14, 15). Mukaddes Ýazgylar Iblisi «köne ýylan» diýip suratlandyrýar we indi onuň wagtynyň az galany üçin gahar-gazaba münendigini görkezýär (Ylham 12:9, 12). «Aýal» bilen «ýylanyň» nesliniň arasynda duşmançylyk dowam edýänligi sebäpli, Ýehowanyň wepaly gullukçylary azar çekip biler (2 Timoteos 3:12). Şeýtanyň bizi yzarlamagynyň esasy sebäbini bilýäňizmi?

9, 10. Iblis nähili jedelli meseläni orta atdy we munuň adamlara nähili dahyly bar?

9 Iblis Hudaýyň höküm sürmäge haklydygy barada jedelli meseläni orta atdy. Şeýle-de ol adamlaryň Hudaýyň öňünde aýypsyz galjagyny şübhä goýdy. Şeýtan Eýýup atly dogry adamy synady. Näme üçin? Ol Eýýuby Hudaýyň öňünde aýypsyz galdyrmajak boldy. Eýýubyň aýaly we üç sany «içýakgyç teselli berijiler» şol wagt Iblisiň maksadyny ýerine ýetirdiler. Eýýubyň kitabynda, Şeýtana adamlary synamaga ýol berilse, olaryň Hudaýa wepaly galjagyny Iblisiň şübhä goýandygy aýdylýar. Emma Eýýup aýypsyz galyp, Şeýtanyň ýalançydygyny subut etdi (Eýýup 1:8-2:9; 16:2; 27:5; 31:6). Iblis şu günlerem sözüniň dogrudygyny subut etmek üçin, Ýehowanyň Güwäçilerini yzarlaýar we bizi aýypsyz galdyrmajak bolup jan edýär.

10 Hudaýyň öňünde aýypsyz galdyrmajak bolup, Şeýtanyň synaýandygyny bilsek, dogrudanam, bize mert we güýçli bolmaga kömek edýär (Kanunyň gaýtalanyşy 31:6). Älemiň Hökümdary bolan Hudaýymyz bize aýypsyz galmaga kömek eder. Biz aýypsyz galyp, Ýehowanyň ýüregini şatlandyrsak, beýik gyjalat berýän Iblis Şeýtana jogap bermäge Hudaýda mümkinçilik bolar (Süleýmanyň tymsallary 27:11).

«Bizi Erbetden halas et»

11. «Bizi synaga salma» diýmek nämäni aňladýar?

11 Aýypsyz galmak aňsat däl, şonuň üçin biz güýçli doga etmeli. Isanyň nusgalyk dogasyndaky sözler hem bize kömek eder. Ol dogada şeýle diýdi: «Bizi synaga salma, bizi Erbetden halas et» (Matta 6:13, TD). Ýehowa bize günä etdirip synamaýar (Ýakup 1:13). Käwagt Mukaddes Ýazgylarda Hudaý erbetlik edýär diýilse-de, aslynda, ol olaryň bolmagyna diňe ýol berýär (Rut 1:20, 21). Isanyň dogasyndan görnüşi ýaly, synagda Ýehowadan goldaw dilemeli. Onuň dogalarymyzy eşidýäni gürrüňsiz. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Hudaý dogruçyldyr, Ol size güýjüňizden öte synalmagyňyza ýol bermän, döz gelip bilmegiňiz üçin, synag bilen bilelikde çykalga-da açar» (1 Korintoslylar 10:13)

12. «Bizi Erbetden halas et» diýip, näme üçin doga etmeli?

12 Isa nusgalyk dogasynda synag barada agzandan soň: «Bizi Erbetden halas et» diýdi. Käbir Mukaddes Ýazgylaryň terjimelerinde, mysal üçin, Injilde: «Bizi iblisden halas et» diýilýär. «Mukaddes Kitap çagalar üçin gürrüňde» (Stambul, 1997) diýen kitapda bolsa «Ýamanlykdan gora» diýilýär. Emma «halas et» diýen söz bu ýerde adamyň aladasyny etmegi aňladýar, Mattanyň hoş habarynda bolsa Iblise «Synagçy» diýilýär (Matta 4:3, 11). Şonuň üçin «Erbetden», ýagny Şeýtan Iblisden halas bolmak üçin doga etmek wajyp. Ol bizi Hudaýa garşy günä etdirjek bolýar (1 Selanikliler 3:5). «Bizi Erbetden halas et» diýenimizde, Iblisiň aldawyna düşmez ýaly, gökdäki Atamyzdan ýol görkezmegini we kömek bermegini soraýarys.

Iblisiň aldawyna düşmäň

13, 14. Mesihçiler ýygnakda öň ahlaksyzlyk eden adama bolan garaýşyny näme üçin üýtgetmelidi?

13 Pawlus resul Korintosdaky mesihçilere geçirimli bolmaga höweslendirip şeýle diýdi: «Siz kimi bir zatda bagyşlasaňyz, men hem bagyşlaýaryn; sebäbi men hem birini bir zatda bagyşlan bolsam, bagyşlanymy siziň üçin Mesihiň huzurynda bagyşladym. Muny şeýtan bizden üstün çykmasyn [Şeýtanyň aldawyna düşmäň, TD] diýip etdim; çünki biz onuň ýaman niýetlerinden habarsyz däldiris» (2 Korintoslylar 2:10, 11). Iblis bizi dürli ýol bilen aldap bilýän bolsa, onda näme üçin Pawlus beýle diýdikä?

14 Pawlus korintoslylara käýedi, sebäbi olar ahlaksyz adamlary ýygnak gatnaşygyndan kesmeýärdi. Bu Şeýtany begendirýärdi, çünki «butparazlar arasynda-da görülmedik ahlaksyzlyga» olaryň geçirimli bolany üçin, ýygnaga dil ýetirilýärdi. Ahyrsoňy agyr günä edýän adam gatnaşykdan kesilýärdi (1 Korintoslylar 5:1—5, 11—13). Soňra ol adam toba edýär. Şonda korintoslylar ony bagyşlaman, ýygnaga kabul etmeseler, Iblis olary başga ýol bilen aldaýar. Nädip? Olar Şeýtan ýaly gödek we rehimsiz bolýar. Eger toba eden adam «çendenaşa gaýga batsa» we Hudaýa gulluk etmezligi ýüregine düwse, onda belli bir möçberde ýaşulular, rehimli Hudaý Ýehowanyň öňünde jogapkär bolardy (2 Korintoslylar 2:7; Ýakup 2:13; 3:1). Elbetde, mesihçileriň Şeýtan ýaly zalym, gödek we rehimsiz bolasy gelenok.

Hudaýyň ýaraglary goraýar

15. Biz nähili söweş alyp barýarys we bu söweşde ýeňşimiz nämä bagly?

15 Biz Iblisden gutulasymyz gelse, ruhy gudratlara garşy söweşmeli. Bu erbet ruhlary ýeňmek üçin, «Hudaýyň ähli ruhy ýaraglaryny» dakynmaly (Efesliler 6:11—18). Bu ýaraglaryň arasynda «dogrulyk sowudy» hem bar (Efesliler 6:14). Gadymy Ysraýyl patyşasy Saul Hudaýa gulak asmady we mukaddes ruhdan mahrum boldy (1 Patyşalar 15:22, 23). Eger biz dogrulygy ösdürip, ruhy ýaraglary dakynsak, bizde Hudaýyň mukaddes ruhy bolar we Şeýtandyr onuň erbet perişdelerinden, ýagny jynlardan goranyp bileris (Süleýmanyň tymsallary 18:10).

16. Erbet ruhy gudratlardan hemişe goranmak üçin näme etmeli?

16 Erbet ruhy gudratlardan hemişe goranmak üçin, şeýle hem biz Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okamaly we «akylly iş dolandyryjynyň» taýýarlaýan edebiýatyny ulanmaly (Luka 12:42). Şeýdip, biz, Pawlusyň sözlerine görä, aňymyzy ruhy pikirlerden doldurarys: «Eý doganlar, dogry, hormatly, adalatly, tämiz, ýakymly, taryplanýan näme bar bolsa, artyk we öwgä mynasyp bir zat bar bolsa, siz şol hakda oýlanyň» (Filipililer 4:8).

17. Hoş Habaryň ökde wagyzçysy bolmaga bize näme kömek eder?

17 Ýehowa «aýaklarymyza bolsa parahatlyk getirýän Hoş Habary» geýdirýär (Efesliler 6:15). Ýygnaga yzygiderli gatnaşsak, Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmäge kömek edýär. Adamlara Hudaýyň hakykatyny ýetirmäge we ruhy azatlyga çykmaga kömek etmek, gör, nähili şatlykly iş! (Ýahýa 8:32). Ýalan taglymatlardan goranmak we «galalary ýykmak» üçin, bize «Hudaýyň sözi bolan Ruhuň gylyjy» gerek (2 Korintoslylar 10:4, 5; Efesliler 6:17;). Mukaddes Ýazgylary ökdelik bilen ulansak, adamlara hakykaty öwretmäge we Iblisiň aldawyna düşmezlige kömek eder.

18. Biz nädip «Iblisiň hilelerine garşy durup bileris»?

18 Pawlus resul ruhy ýaraglar baradaky pikirini şeýle sözler bilen başlady: «Rebde, Onuň üstün gudratynda güýçleniň. Iblisiň hilelerine garşy durup biler ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň» (Efesliler 6:10, 11). «Garşy durmak» diýen grek sözi, söweşde durýan ýerini goraýan esgere degişli. Şeýtan agzybirligimizi bozjak, taglymatymyzy ýoýjak hem-de Hudaýyň öňünde aýypsyz galdyrmajak bolup, dürli hileleri ulansa-da, biz ruhy söweşde berk garşylyk görkezýäris. Ýöne Iblisiň hüjümi uzaga çekmez we ebedi bolmaz!a

Iblise garşy duruň, ol sizden gaçar

19. Biz Iblise nädip garşy durup bileris?

19 Biz Iblise we onuň gol astyndaky erbet ruhy gudratlara garşy ruhy söweşde üstün çykyp bileris. Biz Şeýtandan gorkmaly däl, sebäbi Ýakup: «Hudaýa boýun boluň. Iblise garşy duruň, ol sizden gaçar» diýdi (Ýakup 4:7). Şeýtana we onuň jynlaryna garşy durmagyň bir usuly, jadygöýlik bilen bagly zatlardan hem-de onuň bilen meşgullanýan adamlardan gaça durmaly. Mukaddes Ýazgylar Ýehowanyň gullukçylarynyň yrym etmeli däldigini hem-de astrologlara, palçylara we jadygöýlere ýüz tutmaly däldigini aýdyň görkezýär. Biz ruhy taýdan yhlasly we güýçli bolsak, kimdir biriniň bizi dogalamagyndan gorkmarys (Sanlar 23:23; Kanunyň gaýtalanyşy 18:10—12; Işaýa 47:12—15; Resullaryň işleri 19:18—20).

20. Biz Iblise ýene-de nädip garşy durup bileris?

20 Şeýle-de biz «Iblise garşy durar» ýaly, Mukaddes Ýazgylaryň kadalary we hakykaty boýunça ýaşamaly. Bu dünýä Şeýtanyň isleýşi ýaly ýaşaýar, çünki ol onuň taňrysy (2 Korintoslylar 4:4). Biz bolsa bu dünýä mahsus bolan tekepbirlikden, özüňi söýmeklikden, ahlaksyzlykdan, zorlukdan we baýlygy söýmekden gaça durýarys. Iblis Isany çölde synanda, ol Mukaddes Ýazgylary ulanyp, oňa garşy durdy. Şonda Iblisiň gaçyp gidenini bilýäris (Matta 4:4, 7, 10, 11). Şu günlerem, biz Hudaýa hemişe gulak assak we Oňa doga edip bil baglasak, Iblis «bizden gaçar» (Efesliler 6:18). Ýehowa Hudaý we onuň söýgüli Ogly biz bilen bolany üçin, bize hiç kim, hatda Iblisem düzedip bolmajak zyýan ýetirip bilmez! (Zebur 91:9—11).

a «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) 1992-nji ýylyň Magtymguly (maý) aýynyň 15-ne çykan sanynyň 21—23-nji sahypalaryndan Hudaýyň ruhy ýaraglary barada köpräk maglumat tapsa bolar.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Biz Şeýtan Iblisden gorkmalymy?

• Şeýtan mesihçileri näme üçin yzarladýar?

• «Bizi Erbetden halas et» diýip, näme üçin doga etmeli?

• Ruhy söweşde biz nädip ýeňiş gazanyp bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş