Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/3 sah. 20—24
  • Umytda şatlanyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Umytda şatlanyň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • MESH EDILEN MESIHÇILERIŇ «DIRI UMYDY»
  • PATYŞALYGA GIRMEK
  • BAŞGA GOÝUNLAR ÜÇIN UMYT
  • UMYDYŇYZY UNUTMAŇ
  • UMYDYMYZA GÖRÄ ÝAŞALYŇ
  • «Mukaddes ruh ýüregimizde... ynam döredýär»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Umyt edip şatlanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
  • Biz siziň bilen gideris
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Ýehowa umyt bagla we batyr bol
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/3 sah. 20—24

Umytda şatlanyň

«Ýalan sözlemeýän Hudaýyň ezelden wada eden baky ýaşaýşynyň umydyna daýanyň» (TITUS 1:2).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Mesh edilen mesihçileriň biri ölýänçä wepaly galsa, göklerde uly şatlyk bolýandygyny nireden bilýäris?

  • Başga goýunlaryň umydynyň amala aşmagynyň mesh edilenleriň umydy bilen näme baglanyşygy bar?

  • Umydymyza gowuşmak isleýän bolsak, näme üçin «mukaddes ýaşaýyşda, takwalykda gezmeli»?

1. Kynçylyklarda Ýehowanyň berýän umydy nädip kömek edýär?

ÝEHOWA — «umyt Hudaýy». Pawlus resul şeýle diýýär-de, soňra biz «Mukaddes Ruhuň gudraty bilen umytda artar ýaly», Ýehowa bizi «imanda bütin şatlyk we parahatlyk bilen doly edýär» diýýär (Rim. 15:13). Eger biziň umydymyz berk bolsa, onda durmuşda döreýän ähli kynçylyklara hötde gelip bileris, ýüregimizde şatlyk hem parahatlyk bolar. Mesh edilen mesihçileriňem, beýleki mesihçileriňem umydy «jan labyry ýaly ynamly hem berkdir» (Ýew. 6:18, 19). Durmuşyň kynçylyklary tupan ýaly abansa-da, umyda berk ýapyşsak, Hudaýdan daşlaşmarys we imanymyz gowşamaz (Ýewreýler 2:1; 6:12-nji aýatlary okaň).

2. Häzirki mesihçileriň nähili iki dürli umydy bar we «başga goýunlar» näme üçin mesh edilen mesihçileriň umydy bilen gyzyklanýar?

2 Soňky günlerde ýaşaýan mesihçileriň iki dürli umydy bar. Mesh edilen mesihçileriň «kiçijik sürüsiniň» galan agzalary Mesih bilen göklerdäki Patyşalykda patyşalar we ruhanylar hökmünde baky höküm sürmäge umyt baglaýarlar (Luka 12:32; Ylh. 5:9, 10). «Başga goýunlaryň» «uly märekesi» bolsa, Mesihi Patyşalygyň raýatlary hökmünde ýer ýüzünde boljak jennetde ebedi ýaşamaga umyt edýärler (Ylh. 7:9, 10; Ýahýa 10:16). Başga goýunlar halas bolmak üçin Mesihiň entek ýerde ýaşaýan «doganlaryny» yhlasly goldamalydygyny hiç haçan unutmaly däl (Matta 25:34—40). Mesh edilen mesihçiler sylagyny alar, başga goýunlaryň umydy hem hökman amala aşar (Ýewreýler 11:39, 40-njy aýatlary okaň). Geliň, ilki bilen, mesh edilen mesihçileriň umydyna seredeliň.

MESH EDILEN MESIHÇILERIŇ «DIRI UMYDY»

3, 4. Mesh edilen mesihçiler «diri umyda gowuşmak» üçin nädip gaýtadan dogulýarlar we olaryň näme umydy bar?

3 Petrus resul mesh edilen mesihçilere iki hat ýazyp, olara «saýlananlar» diýýär (1 Pet. 1:1, 2). Ol kiçijik sürä berlen umyt barada jikme-jik gürrüň berip, şeýle diýýär: «Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler! Ol Öz uly rehimdarlygy bilen Isa Mesihiň ölülerden direlmegi arkaly diri umyda gowuşmak üçin, size Gökde saklanan çüýremez, tegmiltsiz, solmaz mirasy almak üçin, biziň gaýtadan dogulmagymyzy üpjün etdi. Siz ahyrky wagtda aýan bolmaga taýýar duran gutulyş üçin, Hudaýyň güýji bilen iman arkaly goralýarsyňyz... siz muňa begeniň» (1 Pet. 1:3—6).

4 Ýehowanyň Mesih bilen gökdäki Patyşalykda höküm sürmek üçin saýlan mesihçileri Hudaýyň ruhy ogullary hökmünde «gaýtadan dogulmaly». Olar Mesih bilen bilelikde patyşalyk hem ruhanylyk etmek üçin mukaddes ruh bilen mesh edilýärler (Ylh. 20:6). Petrusyň aýtmagyna görä, mesh edilen mesihçiler «gaýtadan doglup», olara «gökde saklanýan çüýremez, tegmiltsiz, solmaz mirasy» almaga «diri umyt» berilýär. Dogrudan-da, mesh edilen mesihçiler «diri umydyna» begenip biler! Emma olar umydynyň amala aşmagy üçin wepaly galmaly.

5, 6. Mesh edilen mesihçiler näme üçin wepaly galmaly?

5 Petrus ikinji hatynda mesh edilen mesihçileri «çagyrylmagyny, saýlanmagyny berkitmek üçin, köpräk gaýrat etmegi» maslahat berýär (2 Pet. 1:10). Olar iman, takwalyk, doganlyk söýgüsi hem-de söýgi ýaly mesihi häsiýetleri ösdürmek üçin köp tagalla etmelidi. Soňra Petrus: «Şu zatlar sizde bar bolsa, köpelse, sizi Rebbimiz Isa Mesihi tanamakda bikär hem miwesiz goýmaz» diýýär (2 Petrus 1:5—8-nji aýatlary okaň).

6 Kiçi Aziýada ýerleşýän Filadelfiýadaky ýygnagyň mesh edilen ýaşulularyna direlen Isa şeýle diýýär: «Sözümi berjaý edip, sabyr bilen çydanyň üçin, ýer ýüzünde ýaşaýanlary synama maksady bilen, bütin dünýäniň üstüne injek synag sagadyndan seni goraryn. Men basym gelerin. Täjiňi hiç kime aldyrmajak bolup, baryňy gaýym sakla» (Ylh. 3:10, 11). Eger mesh edilen mesihçi wepaly bolmasa, onda ölýänçä wepaly galýan «saýlananlara» beriljek «solmaz şöhrat täji» alyp bilmez (1 Pet. 5:4; Ylh. 2:10).

PATYŞALYGA GIRMEK

7. Ýahuda ýazan hatynda nähili ajaýyp umydy agzap geçýär?

7 Takmynan b. e. 65 ýylynda Isanyň dogany Ýahuda mesh edilen mesihçilere hat ýazyp, olara «çagyrylanlar» diýip ýüzlendi (Ýahuda 1; Ýewreýler 3:1-i deňeşdiriň). Ýahuda başda olara mesh edilen mesihçileriň gutulyş umydy hakda ýazmakçy bolsa-da, başga wajyp meseleler barada aýtmaly bolýar (Ýahuda 3). Emma gysga hatynyň soňunda mesh edilen mesihçileriň ajaýyp umydy hakda ýazýar: «Halasgärimiz ýalňyz Hudaý sizi büdremekden goramagy, şöhratynyň huzurynda uly şatlyk bilen tegmiltsiz duruzmagy başarýandyr. Şöhrat, ululyk, gudrat we häkimiýet Rebbimiz Isa Mesih arkaly ähli döwürlerden öň, häzir we ähli döwürleriň dowamynda Hudaýyňky bolsun!» (Ýahuda 24, 25).

8. Mesh edilen mesihçileriň biri ölýänçä wepaly galsa, göklerde uly şatlyk bolýandygyny nireden bilýäris?

8 Elbetde, her bir mesh edilen mesihçi «büdräp», heläk bolmakdan ägä bolmaly. Olar Isa Mesihiň ölümden direltjekdigine umyt edýärler. Şonda olar Hudaýyň öňünde kämil ruhy şahsyýet hökmünde durarlar. Olardan biri ölýänçä wepaly galsa, onda ol hökman «ruhy tende galar» we «çüýremezlikde» hem «şöhratda» direler (1 Kor. 15:42—44). Eger «toba eden ýeke günäkär üçin» gökde uly şatlyk bolýan bolsa, onda Mesihiň doganlarynyň biri Hudaýa ölýänçä wepaly galsa, onda göklerde nähili şatlyk bolýandyr?! (Luka 15:7). Her bir mesh edilen mesihçi sylagyny uly begenç bilen alar, Ýehowa we ruhy şahsyýetler hem muňa begener (1 Ýahýa 3:2-ni okaň).

9. Mesh edilen mesihçilere Patyşalyga girmek nähili manyda «boldan berilýär»? Bu ýer ýüzünde gulluk edýän mesh edilen mesihçilere nähili täsir edýär?

9 Ýahuda ýaly, Petrus hem mesh edilen mesihçilere wepaly galsalar, aljak sylagy hakda şeýle diýýär: «Rebbimiz hem Halasgärimiz Isa Mesihiň ebedi Patyşalygyna girme size boldan berler» (2 Pet. 1:10, 11). Petrus olara Patyşalyga girme «boldan berler» diýmek bilen, olaryň göklere uly şöhrat bilen girjegini aýdýar. Şeýle-de ol mesh edilen mesihçileriň göklerde aljak ençeme bereketlerini göz öňünde tutýan bolmaly. Mesh edilen mesihçiler Hudaýa wepaly gulluk edişini şatlyk hem minnetdarlyk bilen ýatlarlar. Bu olara ýer ýüzünde wepaly gulluk etmäge höweslendirýär (1 Pet. 1:13).

BAŞGA GOÝUNLAR ÜÇIN UMYT

10, 11. a) Başga goýunlaryň näme umydy bar? b) Başga goýunlaryň umydynyň Mesih we «Hudaýyň ogullarynyň aýan bolmagy» bilen näme baglanyşygy bar?

10 Pawlus resul Hudaýyň mesh edilen ogullarynyň şöhratly umydy, ýagny Mesihiň mirasdaşlary boljakdygy barada ýazýar. Soňra ol Ýehowanyň ençeme başga goýunlara-da berjek umydy hakynda şeýle diýýär: «Ýaradylyş Hudaýyň ogullarynyň aýan bolmagyna küýseg bilen garaşýar. Sebäbi ýaradylyş öz islegi bilen däl-de, ony tabyn Etdireniň islegi bilen puçluga tabyn boldy. Munda ýaradylyşyň özi hem çüýreme gullugyndan azat edilip, Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşar diýen umyt bar» (Rim. 8:14—21).

11 Ýehowa «nesil» arkaly «köne ýylan» Şeýtan Iblisi ýok etjekdigi hakynda wada edip, adamlara umyt beripdi (Gel. çyk. 3:15; Ylh. 12:9). Wada edilen «nesil», esasanam, Isa Mesihdi (Gal. 3:16). Şöhratly mesh edilen mesihçiler hem şol «nesle» degişli. Isanyň ölümi we direlişi adamlara günäden we ölümden azat bolmaga umyt berdi. Şol umyt Hudaýyň ogullarynyň aýan bolmagy bilen amala aşar. Olar Isa bilen Şeýtanyň zalym dünýäsini ýok edenlerinde aýan bolarlar (Ylh. 2:26, 27). Şonda agyr muşakgatdan çykyp gelen başga goýunlar halas bolar (Ylh. 7:9, 10, 14).

12. Mesh edilen mesihçileriň aýan bolmagy adamlara nähili bereketler getirer?

12 Mesihiň müňýyllyk hökümdarlygynda «ýaradylyş», ýagny adamzat azatlyga çykar! Şol döwür «Hudaýyň ogullary» has-da aýan bolup, Mesih bilen ruhanylar hökmünde adamzada töleg gurbanyndan peýdalanmaga kömek eder. Hudaýyň Patyşalygynyň ýer ýüzünde höküm sürmegi bilen Ýehowa gulak asýan adamlar kem-kemden «çüýreme gullugyndan azat ediler». Diýmek, indi olar günäniň we ölümiň gulçulygynda bolmazlar. Eger olar müň ýylyň dowamynda we soňky synagda Ýehowa wepaly galsalar, onda olaryň atlary «ýaşaýyş kitabyna» hemişelik ýazylar. Şeýdip, olar «Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşar» (Ylh. 20:7, 8, 11, 12). Dogrudan-da, ajaýyp umyt!

UMYDYŇYZY UNUTMAŇ

13. Biziň umydymyzyň amala aşmagy nämä bagly? Mesih haçan «görner»?

13 Petrusyň ýazan ylhamly hatlary mesh edilen mesihçilere we başga goýunlara umydyny ýatda saklamaga kömek edýär. Petrus olaryň umydynyň amala aşmagy edýän işlerine däl-de, Ýehowanyň merhemetine baglydygyny düşündirip, şeýle diýdi: «Hüşgär bolup, Isa Mesihiň görünmegi bilen özüňize getiriljek merhemete baş-bitin umyt baglaň» (1 Pet. 1:13). Isa Mesih wepaly şägirtlerini sylaglamak hem-de erbet adamlary heläk etmek üçin «görner» (2 Selanikliler 1:6—10-njy aýatlary okaň).

14, 15. a) Umydymyzy unutmazlyk üçin näme etmeli? b) Petrus resul nähili maslahat berdi?

14 Biz umydymyzy unutmak islemeýän bolsak, onda «Ýehowanyň gününiň» tizden geljekdigini hemişe ýatda saklamaly we şoňa görä ýaşamaly. Şol gün Ýehowa «Gögi», ýagny häzirki ynsan hökümetleri hem-de «ýeri», ýagny erbet adamlary we onuň «elementlerini» ýok eder. Soňra Petrus resul şeýle diýdi: «Siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek? Hudaýyň gününiň gelmegine garaşyp, ony çaltlandyryp, mukaddes ýaşaýyşda, takwalykda gezmelisiňiz. Şol gün zerarly Gök ot alyp dargar, elementler ýanyp erär» (2 Pet. 3:10—12).

15 Häzirki «Gögüň» we «ýeriň» deregine «täze Gök (Mesihiň gökdäki patyşalygy) täze ýer (täze adamzat jemgyýeti)» geler (2 Pet. 3:13). Petrus täze dünýä «garaşmak», ýagny umydymyzy unutmazlyk barada gönümel maslahat berýär: «Eý, söýgüli doganlar, bulara garaşýandygymyz üçin, Hudaýyň ýanynda parahatlykda tegmiltsiz, müýnsüz boljak bolup gaýrat ediň» (2 Pet. 3:14).

UMYDYMYZA GÖRÄ ÝAŞALYŇ

16, 17. a) «Mukaddes ýaşaýyşda, takwalykda gezmek» üçin näme etmeli? b) Biziň umydymyz nädip amala aşar?

16 Biz diňe umydymyzy unutmazlyk bilen çäklenmän, eýsem, şoňa görä-de ýaşamaly. Petrus hem bize Ýehowany razy edip, ýaşamalydygymyzy ýatladýar. «Mukaddes ýaşaýyş» Hudaýyň ahlak kadalary boýunça ýaşap, «milletler arasynda oňat edim-gylymly bolmagy» aňladýar (2 Pet. 3:11; 1 Pet. 2:12). Şeýle-de «biri-birimize söýgimiz bolmaly». Diýmek, bütindünýä doganlygyň, esasan-da, ýerli ýygnagyň agzybirligini saklamak üçin güýjümizi gaýgyrmaly däl (Ýahýa 13:35). «Takwalykda gezmek» bolsa, Ýehowa bilen dostlugymyzy berkidýän işleri etmegi aňladýar. Muňa manyly doga etmek, Mukaddes Ýazgylary her gün okamak, çuňňur şahsy okuwy we maşgala okuwyny geçirmek hem-de «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habary» yhlasly wagyz etmek ýaly işler degişlidir (Mat. 24:14).

17 Biziň ählimiz Ýehowany razy edip, zalym dünýä ýok edilende, halas bolmak isleýäris. Şonda «Hudaýyň ezelden wada eden baky ýaşaýşyna» bolan umydymyz amala aşar (Titus 1:2).

[22-nji sahypadaky surat]

Mesh edilen mesihçiler «diri umyda gowuşmak» üçin gaýtadan dogulýarlar

[24-nji sahypadaky surat]

Maşgalaňyz umydyny unutmasyn

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş