Ýehowa «başlangyçdan bäri soňunyň nähili boljakdygyny» aýdýar
«Men başlangyçdan bäri soňunyň nähili boljakdygyny, gadym zamanlardan bäri edilmedik zatlar barada gürrüň berýärin» (IŞAÝA 46:10).
1, 2. Babylyň ýykylyşy näme üçin täsin we mundan Ýehowa barada näme bilýäris?
GARAŇKY gije duşmanlar güýçli Babyl şäherini basyp almak üçin ýuwaşlyk bilen Ýefrat derýasyndan geçýärler. Olar şäheriň derwezesine golaýlaşanda, bir täsin zat görýärler. Ine, iki gapdala açylýan uly derweze açyk dur! Olar şähere okgunly girip, ony basyp aldylar. Olaryň serkerdebaşysy Kir şäheri basyp alandan soň, ysraýyllylary ýesirlikden azat etmek barada karar çykardy. Ýesirlikden azat bolanlaryň müňlerçesi Ýehowa sežde etmek üçin Iýerusalimi dikeltmägä öýlerine dolandy (2 Taryhlar 36:22, 23; Ezra 1:1—4).
2 B. e. öň 539—537-nji ýyllarda bolan bu wakany taryh hem subut edýär. Wakanyň täsinliginiň sebäbi, onuň boljakdygyny takmynan 200 ýyl öň bilýärdiler. Babylyň ýykyljagyny Ýehowa Işaýa pygamber arkaly beýan etdi (Işaýa 44:24—45:7). Hudaý Babylyň diňe bir ýykyljagyny däl-de, eýsem ony kimiň basyp aljagyny hem aýtdya. Ýehowa şol wagtky güwäçileri bolan ysraýyllylara şeýle diýdi: «Başlangyçda, gadym zamanlarda bolan zatlary, meniň Hudaýdygymy, menden başga we maňa meňzeş Hudaýyň ýokdugyny ýatlaň. Men başlangyçdan bäri soňunyň nähili boljakdygyny, gadym zamanlardan bäri edilmedik zatlar barada gürrüň berýärin» (Işaýa 46:9, 10a). Ýehowa Hudaý, hakykatdanam, boljak zatlary öňünden bilýär.
3. Biz haýsy soraglara serederis?
3 Hudaý gelejek barada näme bilýärkä? Ýehowa biziň her birimiz bilen näme boljakdygyny bilýärmikä? Biziň gelejegimiz kesgitlenenmikä? Mukaddes Ýazgylaryň şu soraglara nähili jogap berýändigine şu we indiki makalada serederis.
Ýehowa pygamberlik edýän Hudaý
4. Mukadde Ýazgylardaky pygamberlikleri kim ýazdyrdy?
4 Ýehowa gelejegi öňünden bilýär. Hudaý gadym zamanlarda gullukçylaryna pygamberlikleri ýazdyrdy, şonuň üçin biz onuň etjek işlerini öňünden bilýäris. Ýehowa şeýle yglan edýär: «Ine, öňünden aýdylan zatlar ýerine ýetdi, täze zatlar barada aýdýaryn. Ol ýerine ýetmänkä, size habar bererin» (Işaýa 42:9). Şeýtmek bilen, Ýehowa halkyna uly hormat goýýar!
5. Ýehowanyň etjek zatlaryny öňünden bilmek bizi nämä borçly edýär?
5 Amos pygamber bize: «Baýar, Reb Ýehowa gullukçylaryna, pygamberlerine syryny açmanka, hiç zat etmeýär» diýip ynandyrýar. Boljak zatlary öňünden bilmek bizi borçly edýär. Bu babatda Amos gowy mysal getirýär: «Arslan arlanda, kim gorkmaz?» Arslanyň arryldysy töwerekdäki adamlardyr haýwanlara derrew täsir edişi ýaly, Amos pygamberem Ýehowanyň habaryny derrew yglan edýär. «Baýar, Reb Ýehowa diýse, kim pygamerlik etmez?» (Amos 3:7, 8).
«Ýehowanyň sözi» hemişe üstün çykýar
6. Ýehowanyň Babylyň ýykylyşy baradaky «karary» nädip ýerine ýetdi?
6 Ýehowa Işaýa pygamber arkaly: «Meniň kararym ýerine ýeter, maňa ýaraýan zatlaryň ählisini ederin» diýdi (Işaýa 46:10b). Hudaýyň «karary», ýagny onuň islegi we niýeti, Kir patyşany Persiýadan çagyryp Babyly ýykmakdy. Ýehowa niýetini öňünden yglan etdi. Bilşimiz ýaly, bu b. e. öň 539-njy ýylda aýdylyşy ýaly ýerine ýetdi.
7. Ýehowanyň «sözüniň» hemişe üstün çykjakdygyna näme üçin ynansa bolar?
7 Kir Babyly basyp almazyndan, takmynan 400 ýyl öň amonlylaryň we moablylaryň goşuny birleşip, ýehudylaryň patyşasy Ýehoşofata garşy çykdylar. Ol ynam bilen şeýle doga etdi: «Eý atalarymyzyň Hudaýy Ýehowa! Sen göklerdäki Hudaý dälmisiň?! Halklaryň patyşalyklarynyň üstünden sen höküm sürmeýärmiň, güýç we kuwwat seniň eliňde dälmi, saňa garşy kim durup biler?» (2 Taryhlar 20:6). Işaýa pygamber hem: «Goşunlar Hudaýy Ýehowa karar çykardy, kim ony ýatyryp biler? Onuň eli uzan, kim ony aýryp biler?» diýdi (Işaýa 14:27). Soňra Babylyň patyşasy Nebukadnezer ruhy keselinden açylansoň: «Onuň [Hudaýyň] elini saklap biljek ýa-da oňa: «Sen näme edýäň?» diýip biljek ýok (Daniýel 4:35). Hawa, Ýehowa halkyna şeýle diýdi: «Meniň. . . sözüm-de, maňa boş gaýdyp gelmez, emma maňa ýaraýan zady hökman eder. . . näme üçin iberen bolsam, şony-da üstünlikli amala aşyrar» (Işaýa 55:11). Ýehowanyň «sözüniň» hakdygyna hemişe ynansa bolar. Hudaýyň niýeti, gürrüňsiz, ýerine ýeter.
Hudaýyň «edinen maksady»
8. Hudaýyň «edinen maksady» näme?
8 Pawlus resul efeslilere ýazan hatynda Hudaýyň «edinen maksady» barada belläp geçdi (Efesliler 3:11). Bu onuň etjek işleriniň jikme-jik plany däl-de, eýsem Ýehowanyň adamlar we ýer ýüzi bilen bagly ilkinji niýetini amala aşyrmak maksady (Barlyk 1:28). Hudaýyň niýetiniň üýtgemeýändigine düşünmek üçin, Mukaddes Ýazgylardaky ilkinji ýazylan pygamberlige seredeliň.
9. Barlyk 3:15-iň Hudaýyň niýeti bilen näme baglanyşygy bar?
9 Adam ata bilen How ene günä edenlerinden soň, Ýehowa Barlyk 3:15-de dessine göçme manydaky aýalyň nesil, ýagny ogul dogurjagyny wada etdi. Şeýle-de Ýehowa aýalyň we Şeýtanyň arasynda hem-de olaryň nesilleriniň arasynda duşmanlyk boljakdygyny aýtdy. Ýehowa aýalyň Nesliniň topugynyň tokmaklanmagy zerarly horluk çekmegine ýol berse-de, Hudaýyň bellän wagty Nesil ýylanyň, ýagny Şeýtan Iblisiň başyny tokmaklar. Mundan öň bolsa Hudaýyň maksady wada edilen Mesihiň, ýagny Isanyň kimiň neslinden doguljakdygyny görkezmekdi (Luka 3:15, 23—38; Galatýalylar 4:4).
Ýehowa nämäni öňünden kesgitleýär?
10. Ýehowa başda Adam ata bilen How enäniň günä etjekdigini kesgitledimi? Düşündir.
10 Hudaýyň niýetinde Isanyň ähmiýeti barada aýdanda, Petrus resul şeýle diýdi: «Ol [Isa] dünýä gurulmazyndan öň bellense-de, siziň üçin zamanlaryň ahyrynda aýan boldy» (1 Petrus 1:20). Ýehowa Adam ata bilen How enäniň günä etjekdigini we günäni ýuwmak üçin Isanyň töleg gurbanynyň gerek boljakdygyny kesgitledimi? Ýok, kesgitlemedi. Grek dilinden «gurulmazyndan» diýip terjime edilen sözüň göni manysy «tohum taşlamagy» aňladýar. Adam ata bilen How ene günä etmezlerinden öň, «tohum taşladylarmy», ýagny How ene göwreli boldymy? Ýok, olaryň çagalary günä edenden soň boldy (Barlyk 4:1). Adam ata bilen How ene Hudaýa garşy gidenden soň, ýöne How ene entek göwreli bolmanka, Ýehowa «nesliň» boljagyny kesgitledi. Isanyň ölümi we direlişi bizi ölümden halas etmek we Şeýtanyň işlerini ýogaltmak üçin berlen töleg (Matta 20:28; Ýewreýler 2:14; 1 Ýahýa 3:8).
11. Ýehowa niýetiniň amala aşmagy babatda nämäni öňünden kesgitledi?
11 Ýehowa maksadyny ýerine ýetirmek bilen bagly ýene-de bir zady kesgitledi. Pawlus resul efeslilere Hudaýyň özi «gökde hem ýerde bolan bar zatlary Mesihde birleşdirjekdigini» aýtdy. «Gökde... bolan bar zatlary», ýagny Isanyň mirasdaşlary babatda Pawlus resul şeýle diýdi: «Isleginiň karary boýunça emele getiren Hudaýyň maksadyna görä öňünden bellenildiler» (Efesliler 1:10, 11). Hawa, ençeme adamlar Hudaýyň aýalynyň nesliniň ikinji bölegini düzjekdigini we Isa bilen bile töleg gurbany arkaly adamlara bereket almaga kömek etjekdigini Ýehowa öňünden kesgitledi (Rimliler 8:28—30). Petrus resul olary «mukaddes millet» diýip atlandyrdy (1 Petrus 2:9). Ýahýa resul üçin gören görnüşinde Isanyň mirasdaşlarynyň sanynyň 144 000-ni bilmek uly hormatdy (Ylham 7:4—8; 14:1, 3). Olar patyşa Isa bilen bile «Hudaýyň şöhratynyň öwgüsi üçin» gulluk edýär (Efesliler 1:12—14).
12. 144 000-e kimiň degişlidigini Hudaýyň kesgitlemändigini nireden bilýäris?
12 144 000 adam kesgitlenen bolsa-da, olaryň her biri Hudaýa wepaly gulluk etjekdigini aňlatmaýar. Injildäki duýduruşlar, ilki bilen mesh edilenler wepaly galar ýaly, gökde aljak mirasyna mynasyp bolar ýaly, görkezme bermek we berkitmek üçin ýazylan (Filipililer 2:12; 2 Selanikliler 1:5, 11; 2 Petrus 1:10, 11). Ýehowa 144 000 adamyň talaba laýyk geljekdigini öňünden bilýär. Ýöne bu sana kimiň degişlidigi mesh edilenleriň ýaşaýşyna bagly, muny bolsa olaryň özleri çözmeli (Matta 24:13).
Ýehowa nämäni öňünden bilýär?
13, 14. Ýehowa öňünden bilmekligini haýsy häsiýetleri bilen görkezýär we näme üçin?
13 Ýehowa ýagşy niýetli we pygamberlik edýän Hudaý, ýöne ol öňünden bilmek ukybyny nädip ulanýarka? Ilki bilen biz Hudaýyň ýollarynyň dogry, adalatly we söýgüden doludygyny bilýäris. Pawlus resul I asyrdaky ýewreý mesihçilere Hudaýyň iki üýtgewsiz zatda, ýagny ant we wadada ýalan sözlemeýändigi barada ýazdy (Ýewreýler 6:17, 18). Pawlus resul şeýle pikiri Titusa ýazan hatynda-da, Hudaýyň «ýalan sözlemeýänini» aýtdy (Titus 1:2).
14 Galyberse-de, Ýehowanyň tükeniksiz güýji bolsa-da, ol hiç haçan adalytsyz däl. Musa pygamber Ýehowa barada şeýle diýdi: «Ol wepaly Hudaý, onda adalatsyzlyk ýokdur, Ol dogry hem gönüdir» (Kanunyň gaýtalanyşy 32:4). Ýehowa näme etse-de, onuň ajaýyp häsiýetleri görünýär. Onuň edýän işlerinde esasy häsiýetleri, ýagny söýgi, akyldarlygy, adalatlygy we güýji aýan bolýar.
15, 16. Erem bagynda Ýehowa Adam ata nämäni saýlamagy tabşyrdy?
15 Geliň, bularyň Erem bagynda bolan waka bilen näme baglanyşygy bardygyna seredeliň. Ýehowa söýgüden doly Ata ýaly adamlara gerekli zatlary bilen üpjün etdi. Ol Adam atany pikirlenmek, karara gelmek ukyby bilen ýaratdy. Instinkt boýunça hereket edýän haýwanlardan tapawutlykda, Adam ata-da saýlamakda erkinligi bardy. Ýehowa Adam atany ýaradandan soň, gökdäki tagtyndan «ýasan hemme zatlaryny gördi; we ine, gaty oňatdy» (Barlyk 1:26—31; 2 Petrus 2:12).
16 Ýehowa Adam ata «ýagşylyk we ýamanlygy bilme agajyndan iýme» diýende, onuň nähili karara gelmelidigi babatda ýeterlikli görkezme berdi. Hudaý oňa «bagyň her agajyndan» iýmäge rugsat berse-de, ýöne bir agaçdan iýmezligi tabşyryp, iýen güni onuň öljekdigini duýdurdy (Barlyk 2:16, 17). Ol Adam ata eden işiniň nämä eltjekdigini düşündirdi. Adam ata näme ederkä?
17. Näme üçin Ýehowa öňünden bilmek ukybyny hemişe ulanmaýar diýse bolar?
17 Ýehowa köp zatlary öňünden bilse-de, Adam ata bilen How enäniň näme etjekdiklerini bilesi gelmedi. Şonuň üçin mesele Hudaýyň gelejegi öňünden bilýändiginde däl-de, ony bilmek isleýändiginde. Galyberse-de, soňy erbetlige eltýän pitnäniň bolmagyny söýgüden doly Hudaýyň bilgeşleýin öňünden kesgitländigine ynanmak kyn (Matta 7:11; 1 Ýahýa 4:8). Şonuň üçin Ýehowa öňünden bilmek ukybyny hemişe ulanmaýar.
18. Ýehowa öňünden bilmek ukybyny hemişe ulanmasa-da, näme üçin ol bikämil däl?
18 Ýehowa öňünden bilmek ukybyny hemişe ulanmaýan bolsa, oňa bikämil diýse bolarmy? Ýok, bolmaz. Musa Ýehowa barada: «Ol meniň gaýam, onuň işleri kämildir» diýdi. Adamlaryň günäliligi sebäpli, görýän görgüleri üçin Hudaýy günäkärläp bolmaz. Adam atanyň gulak asmandygy üçin, biz şu günler horluk çekýäris. Pawlus resul munuň sebäbini şeýle düşündirdi: «Bir adam arkaly günäniň we günä arkaly ölümiň dünýä girişi ýaly, ölüm hem ähli adamlara geçdi; çünki hemmesi günä etdi» (Kanunyň gaýtalanyşy 32:4, 5; Rimliler 5:12; Ýeremiýa 10:23).
19. Indiki makalada haýsy sowallara serederis?
19 Şu makalada biz Ýehowanyň adalatsyz däldigine göz ýetirdik (Zebur 33:5). Ýehowanyň ukyby, häsiýeti we kadalary niýetine laýyk gelýär (Rimliler 8:28). Ýehowa pygamberlikler Hudaýy hökmünde «başlangyçdan bäri soňunyň nähili boljakdygyny, gadymy zamanlardan bäri edilmedik zatlar barada» aýdýar (Işaýa 46:9, 10). Şeýle-de ol öňünden bilmek ukybyny hemişe ulanmaýandygyny bildik. Şonuň üçin bu bize nähili täsir etmeli? Biziň kararymyz Hudaýyň niýetine dogry gelýändigini nädip bilse bolar? Dogry karara gelip, biz nähili bereketler alarys? Bu sowallara indiki makalada serederis.
a Ýehowanyň Güwäçileriniň çap eden «Hemme adamlar üçin kitap» atly broşýuranyň (rusça) 28 s. seret.
Siz nähili düşündirersiňiz?
• Haýsy gadymy mysallar Hudaýyň «sözüniň üstün çykýanyny» görkezýär?
• Ýehowa «edinen maksady» babatda öňünden nämäni kesgitledi?
• Ýehowa öňünden bilmek ukybyny nädip ulanýar?