Sen nähili görelde görkezýärsiň?
1. Isa şägirtlerine nähili görelde görkezdi?
1 Isa adamlara ýüzlenip: «Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň» diýdi (Mat. 11:29). Ol diňe öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, özi hem görelde görkezýärdi. Isanyň şägirtlerine görkezen göreldesi barada oýlanyp görüň. Ol ýumşakdy, mähirlidi, adamlaryň aladasyny edýärdi we olara haýpy gelýärdi (Mat. 8:1—3; Mar. 6:30—34; Luka 6:43—48). Isa örän pes göwünli adamdy (Ýahýa 13:2—5). Şägirtleri Isa bilen gulluk edýärkäler, onuň arman-ýadaman wagyz edişini we hakykaty ussatlyk bilen öwredişini görýärdiler (Luka 8:1; 21:37, 38). Biz wagyzda nähili görelde görkezýäris?
2. Wagyzda salykatly geýinsek we özümizi gowy alyp barsak, adamlara nähili täsir eder?
2 Wagyzda. Biz wagyz edenimizde salykatly geýinsek, özümizi edepli alyp barsak we adamlar bilen içgin gyzyklansak, bu olara güýçli täsir eder (2 Kor. 6:3; Flp. 1:27). Olar wagyzda Mukaddes Ýazgylary ulanyşymyza üns berýärler. Käbiri bolsa, üns bilen diňleýşimizi halaýarlar. Gowy göreldämiz, adamlary hoş habara çekýändigini unutmalyň.
3. Biz imandaşlarymyza nädip gowy täsir edip bileris?
3 Dogan-uýalara. Imandaşlara görkezýän göreldämiz hakynda hem oýlanyp görüň. Biziň yhlasly wagyz edişimizi görüp, dogan-uýalaryň hem yhlasy artar. Demriň demri ýiteldişi ýaly, biziň gowy taýýarlan hödürlerimiz hem dogan-uýalary wagyzda ökdeleşmäge höweslendirer (Sül. tym. 27:17). Anyk maglumatlary ýöredip, gyzyklanan adamlary uzaga çekmän ideg etsek, beýleki wagyzçylar-da göreldämize eýerip başlarlar. Biz birkemsiz gulluk etsek, dogan-uýalara gowy täsir ederis (2 Tim. 4:5).
4. Biz näme üçin wagtal-wagtal görkezýän göreldämiz hakynda oýlanmaly?
4 Wagtal-wagtal geýnişimiz, gepleýşimiz we görkezýän göreldämiz hakda oýlansak gowy bolar. Onda biz gowy göreldämiz bilen Ýehowany begendireris hem-de Pawlus ýaly: «Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz hem menden görelde alyň» diýip bileris (1 Kor. 11:1).