Ýehowa Älemiň Hökümdary!
«Men Älemiň Hökümdary Ýehowany özüme pena edindim». (ZEB. 73:28, TD)
1. 1 Korintoslylar 7:31-de Pawlus näme hakynda aýdýar?
PAWLUS RESUL: «Dünýäniň häzirki ýagdaýy geçegçidir» diýdi (1 Kor. 7:31). Injiliň asyl nusgasyna görä, Pawlus bu aýatda dünýäni özgerip durýan teatr sahnasyna we ondaky gowy hem ýaman rollary ýerine ýetirýän artistlere meňzedýär.
2, 3. a) Ýehowanyň hökümdarlygyna garşy çykmaklygy nämä meňzetse bolar? b) Biz haýsy soraglara serederis?
2 Häzirki döwri-de teatryň sahnasy bilen deňeşdirse bolar. Oňa siz hem gatnaşýarsyňyz! Bu sahnada Ýehowa Hudaýyň hökümdar bolmaga haklydygy barada görkezilýär. Sahnany bir ýurduň ýagdaýyna meňzetse bolar: bir tarapda tertip-düzgüni saklaýan kanuny hökümet, beýleki tarapda bolsa, ýalançylyk, zorluk we ganhorlyk edýän jenaýatçylar topary. Jenaýatçylar kanuny hökümete garşy çykyp, wepaly raýatlara azar berýär.
3 Şeýle ýagdaýy bütin dünýäde görse bolýar. «Älemiň hökümdary Ýehowanyň» kanuny hökümeti berkarar edildi (Zeb. 71:5, TD). Emma Şeýtan «iblis» jenaýatçylar toparyna ýolbaşçylyk edip, adamlara azar berýär (1 Ýahýa 5:19). Olar Hudaýyň hökümdarlygyna garşy çykýarlar, wepaly adamlary hem oňa garşy gitmäge iterýärler. Bu ýagdaýyň ýüze çykmagyna näme sebäp boldy? Hudaý muňa näme üçin ýol berdi? Biz näme edip bileris?
Sahnanyň mazmuny
4. Bütindünýä sahnasynda haýsy iki meselä seredilýär?
4 Bu bütindünýä sahnasynda özara baglanyşykly iki meselä seredilýär: Ýehowanyň hökümdar bolmaga haklydygy we adamlaryň aýypsyzlygy. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa köplenç «Älemiň Hökümdary» diýilýär. Meselem, mezmurçy oňa doly bil baglap: «Men Älemiň Hökümdary Ýehowany özüme pena edindim» diýýär (Zeb. 73:28, TD). Hawa, Ýehowany Hemmelerden Beýik Hudaý hasaplamaga ençeme sebäpler bar (Dan. 7:22).
5. Biz näme üçin Ýehowanyň hökümdarylygyny goldamaly?
5 Ýehowa Hudaý ähli zady ýaradandygy üçin älem-jahanyň Hökümdary bolmaga haklydyr (Ylham 4:11-i okaň). Şeýle-de ol Kazy, Kanun çykaryjy we Patyşadyr (Iş. 33:22). Biz hem Hudaýy Hökümdar hasaplap, oňa minnetdar bolmaly, sebäbi ol bize ýaşaýyş berdi. Eger biz «Rebbiň tagtynyň göklerde gurlandygyny, Onuň patyşalygynyň hemmäniň üstünden höküm sürýändigini» hiç haçan unutmasak, Ýehowanyň hökümdarlygyny goldap, onuň tarapynda bolarys (Zeb. 103:19; Res. iş. 4:24).
6. Aýypsyzlyk nämäni aňladýar?
6 Ýehowanyň hökümdarlygyny goldar ýaly aýypsyz bolmaly. «Aýypsyzlyk» ahlak taýdan päk bolmagy aňladýar. Hudaýyň öňünde ýazyksyz we dogry gezýän adama aýypsyz diýse bolar. Eýýup hem aýypsyz adamdy (Eýýup 1:1).
Sahnanyň başlanyşy
7, 8. Şeýtan Ýehowanyň hökümdarlygyna nädip garşy çykdy?
7 Takmynan 6 müň ýyl mundan öň, bir perişde Ýehowanyň hökümdarlygyna garşy çykdy. Ol özüne sežde edilmegi isläp, pitne turuzdy. Bu pitneçi Adam ata bilen How enäni Ýokary häkimiýete tabyn bolmazlyga iterdi we Ýehowany ýalan sözlemekde aýyplap, adyny garalady (Gelip çykyş 3:1—5-nji aýatlary okaň). Pitne turzan zalym perişde Şeýtan (duşman), Iblis (töhmetçi), ýylan (aldawçy) we aždarha (ýuwudýan) diýen ady aldy (Ylh. 12:9).
8 Şeýtan Ýehowanyň hökümdarlygyna garşy çykyp, oňa bäsdeşlik edýär. Emma Älemiň Hökümdary näme edip bilerdi? Ol pitneçileri, ýagny Şeýtany, Adam atany we How enäni derrew ýok edermi? Elbetde, Ýehowa şeýle edip bilerdi we özüniň Gudratygüýçli Hudaýdygyny görkezerdi. Şeýle-de kanunyna gulak asmasalar, olary jezalandyrjakdygy barada aýdan sözleriniň dogrudygyny subut ederdi. Ýöne Ýehowa näme üçin şeýle etmedi?
9. Şeýtan nämäni şübhä goýýar?
9 Şeýtan Adam ata bilen How enäni aldap, Hudaýdan daşlaşdyrýar we Ýehowanyň adamlardan gulak asmaklygy talap etmäge haklydygyny şübhä goýýar. Şeýle-de ol ilkinji ynsanlary Hudaýa boýun bolmazlyga iterýär we ähli adamlaryň hem Hudaýa bolan wepalylygyny şübhä goýýar. Ýehowanyň wepaly gullukçysy Eýýup bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, Şeýtan ähli adamlary Ýehowadan daşlaşdyryp biljekdigini aýdýar (Eýýup 2:1—5).
10. Ýehowa Şeýtany ýok etmäge näme üçin howlukmady?
10 Ýehowa Şeýtany ýok etmäge howlukmady. Sebäbi ol Iblise aýdanlaryny subut etmäge wagt berdi. Şeýle-de adamlara Ýehowa wepalydygyny görkezmäge mümkinçilik berildi. Wagt nämäni görkezdi? Şeýtan jenaýatçylykdan doly dünýäni döretdi. Ýehowa Iblisi we onuň dünýäsini ýok edip, Özüniň höküm sürmäge haklydygyny subut eder. Ýehowa Hudaý bar zadyň şeýle gowy boljakdygyna ynanýardy, şol sebäpli bu barada pitne turan badyna aýtdy. Bu Erem bagynda bolup geçipdi (Gel. çyk. 3:15).
11. Köp adamlar Hudaýyň hökümdarlygyny nädip goldaýarlar?
11 Köp adamlar Ýehowanyň hökümdarlygyny goldap, onuň adyny mukaddes etmek bilen, imanda berk durup, aýypsyzlygyny sakladylar. Olara Habyl, Hanok, Nuh, Ybraýym, Sara, Musa, Rut, Dawut, Isa we onuň şägirtleri hem-de häzir aýypsyzlygyny saklaýan millionlarça adamlar degişlidir. Iblis ähli adamlary Hudaýdan daşlaşdyraryn diýip öwünýärdi. Ýöne Hudaýyň hökümdarlygyny goldaýan adamlar Şeýtanyň ýalançydygyny subut edip, Ýehowanyň adyna atylan töhmeti paş edýärler (Sül. tym. 27:11).
Sahnanyň soňy
12. Hudaý näme üçin erbetlige hemişelik ýol bermez?
12 Ýehowa tizden höküm sürmäge haklydygyny ykrar eder. Biz onuň erbetlige hemişelik ýol bermejekdigini we soňky günlerde ýaşaýandygymyzy bilýäris. Ýehowa Tupanda erbet adamlary heläk etdi. Ol Sodom bilen Gomorany hem-de faraony we onuň goşunyny ýok etdi. Sisera bilen onuň esgerleri-de, Sanherip bilen aşur goşuny-da Hemmelerden Beýige garşy durup bilmedi (Gel. çyk. 7:1, 23; 19:24, 25; Müs. çyk. 14:30, 31; Kaz. 4:15, 16; 2 Pat. 19:35, 36). Diýmek, Ýehowa Hudaý adynyň masgaralanmagyna we gullukçylaryna azar berilmegine çydap ýörmez. Onsoňam, biz häzir Isanyň barlygyna we zalym dünýäniň soňuna degişli alamatlary görýäris (Mat. 24:3).
13. Biz Ýehowanyň duşmanlary bilen ýok edilmez ýaly näme etmeli?
13 Hudaýyň duşmanlary bilen ýok edilmez ýaly, biz Ýehowanyň hökümdarlygyna wepalydygymyzy subut etmeli. Nädip? Şeýtanyň jenaýatçylykdan doly dünýäsinden aýry bolmaly we onuň tarapdarlaryndan gorkmaly däl (Iş. 52:11; Ýahýa 17:16; Res. iş. 5:29). Biz diňe şonda gökdäki Atamyzyň hökümdarlygyny goldarys. Ýehowa adyny töhmetdan arassalap, Älemiň Hökümdarydygyny aýan edende, biz halas bolarys.
14. Mukaddes Ýazgylarda näme barada aýdylýar?
14 Mukaddes Ýazgylarda başdan-aýak adamzat we Ýehowanyň hökümdarlygy hakda jikme-jik gürrüň berilýär. Onuň ilkinji üç babynda ýaradylyş we ynsanyň günä edişi hakda aýdylsa, soňky üç babynda adamzadyň günäden saplanyşy hakda gürrüň berilýär. Beýleki bölümlerinde Älemiň Hökümdary Ýehowanyň adamzada, ýere we äleme degişli niýetini amala aşyrmak üçin eden işleri jikme-jik beýan edilýär. Gelip çykyş kitabynda Şeýtanyň we erbetligiň döreýşi görkezilýär, Ylham kitabynyň jemleýji böleginde bolsa, erbetligiň hem-de Iblisiň ýok edilip, Hudaýyň isleginiň gökde bolşy ýaly, ýerde-de amala aşjakdygy aýdylýar. Mukaddes Ýazgylarda günäniň hem ölümiň sebäbi düşündirilip, olar ýerdäki sahnadan aýrylar we olaryň ýerini çäksiz şatlyk bilen ebedi ýaşaýşa gowuşjak aýypsyz adamlar tutar.
15. Biz hökümdarlyk baradaky sahnanyň tamamlanýan döwri näme etmeli?
15 Tizden dünýäniň sahnasy düýpgöter üýtgär. Hökümdarlyk baradaky sahnanyň tutulary ýapylar. Şeýtan sahnadan ebedilik ýok ediler we Hudaýyň islegi amala aşar. Biz Hudaýyň Sözünde wada edilen bereketleri almak üçin, häzirden Ýehowanyň hökümdarlygyny goldamaly. Häzir ýaýdanyp durmagyň wagty däl. Biz: «Reb meniň bilendir» diýip biler ýaly, onuň tarapyny tutmaly (Zeb. 118:6, 7).
Biz aýypsyz bolup bileris!
16. Hudaýyň öňünde aýypsyz bolup biljekdigimizi nireden bilýäris?
16 Pawlus resul şeýle diýýär: «Siz her kişiniň başyna gelýänden başga hiç bir synaga salynmadyňyz; Hudaý dogruçyldyr, Ol size güýjüňizden öte synalmagyňyza ýol bermän, döz gelip bilmegiňiz üçin, synag bilen bilelikde çykalga-da açar» (1 Kor. 10:13). Hawa, biz Ýehowanyň hökümdarlygyny goldap, aýypsyz bolup bileris. Pawlusyň agzap geçen synagy näme sebäpli döreýär? Hudaý bize nädip çykalga açýar?
17—19. a) Ysraýyllylar nähili synaglara döz gelip bilmediler? b) Biz Ýehowanyň öňünde nädip aýypsyz galyp bileris?
17 Çölde ysraýyl halky bilen bolan wakadan görnüşi ýaly, Hudaýyň kanunyny bozmaga iterýän ýagdaýlar sebäpli «synag» döräp biler (1 Korintoslylar 10:6—10-njy aýatlary okaň). Ysraýyl halky synaga garşy durup bilerdi. Ýehowa gudrat bilen bir aýlap olara bedene guşunyň etini berse-de, olar «ýamana höweslendiler». Birnäçe wagtlap halkda iýere eti bolmasa-da, Hudaý olara ýeterlik manna berýärdi. Emma olar bedenäni açgözlük bilen ýygnap, synaga düşdüler (San. 11:19, 20, 31—35).
18 Musa Hudaýdan Kanun almak üçin Sina dagyna çykýar. Şonda ysraýyl halky altyn gölä sežde edip, ten höweslerine eýerýärler we butparazlyga baş goşýarlar. Halkyň arasynda baştutanyň ýoklugy sebäpli olary hiç kim synagdan saklamaýar (Müs. çyk. 32:1, 6). Wada edilen diýara girmeginiň öň ýany, müňlerçe ysraýyllylar mowaply zenanlaryň yşkyna düşüp, ahlaksyzlyk etdiler. Şonda müňlerçe ysraýylly eden günäsi üçin heläk boldy (San. 25:1, 9). Käte ysraýyl halky pitne turzup, igenýärdiler. Hatda bir gezek olar Musa bilen Hudaýa garşy nägile boldular (San. 21:5). Zalym Kora, Datan, Abyram we olaryň ýaranlary heläk edilende-de, ysraýyl halky zeýrenip, pitneçilere adalatsyz jeza berlendigini aýtdylar. Netijede, gökden ot inip, 14 müň 700 adam heläk boldy (San. 16:41, 49).
19 Ysraýyllylaryň duçar bolan synaglary öte agyr däldi. Emma olar synaglara döz gelip bilmediler, sebäbi olaryň imany gowşap, Ýehowany, onuň dogry ýollaryny we edýän aladasyny unutdylar. Biz hem synaglara duçar bolup bileris, emma olara döz gelip bolýar. Eger biz Ýehowa bil baglap, onuň goldajakdygyna şübhelenmesek we elimizde baryny etsek, aýypsyzlygymyzy saklarys. Sebäbi «Hudaý dogruçyldyr» we biz onuň «güýjümizden öte synalmagymyza ýol bermejekdigine» ynanyp bileris. Ýehowa bizi hiç haçan terk etmez we agyr synaglara duçar bolmagymyza ýol bermez (Zeb. 94:14).
20, 21. Biz synaga uçranymyzda Hudaý nädip «çykalga açar»?
20 Ýehowa biziň synaglara döz gelip bilmegimiz üçin güýç berip, «çykalga açýar». Meselem, imandan dändermek üçin bizi yzarlaýan adamlaryň topulmagy ahmal. Şeýle ýagdaýlarda urgudan, ejirden ýa-da ölümden gaçmak üçin, imandan dänmek barada pikirlenmegimiz mümkin. Pawlusyň 1 Korintoslylar 10:13-de ýazan ylhamly sözleri synaglaryň wagtlaýyndygyny görkezýär. Biziň imanymyzyň gowşamazlygy üçin, Ýehowa synaglaryň çendenaşa güýjemegine ýol bermez. Şeýle-de aýypsyz galar ýaly, Ýehowa biziň imanymyzy berkidip, ruhy taýdan güýç berer.
21 Ýehowa bizi mukaddes ruhy arkaly goldaýar. Mukaddes ruh Hudaýyň Sözündäki pikirleri ýadymyza salyp, synaglara döz gelmäge kömek edýär (Ýahýa 14:26). Şeýlelikde, hiç kim bizi imandan dänderip bilmez. Biz Ýehowanyň hökümdar bolmaga haklydygyna we adamlaryň aýypsyz galmagynyň wajypdygyna düşünýäris. Şu zatlary bilip we Ýehowanyň kömegi bilen köp adamlar tä ölýänçä Hudaýa wepaly galdylar. Ýöne ölüm Hudaýyň berýän çykalgasy däl. Ýehowa wepaly gullukçylaryna soňuna çenli çydamaga kömek etdi. Ol bize-de çydamly bolmaga ýardam berer. Ýehowa «gutulyşy miras aljaklara hyzmat etmek üçin iberilen hyzmatkärlerini», ýagny wepaly perişdelerini hem ulanýar (Ýew. 1:14). Diňe aýypsyzlygyny saklan adamlar Hudaýyň hökümdarlygyny ebedi goldap bilerler. Älemiň Hökümdary Ýehowa wepaly galsak, bizde-de şeýle mümkinçilik bolar. Bu barada biz indiki makalada gürrüň ederis.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Biz näme üçin Ýehowany älem-jahanyň hökümdary hasaplamaly?
• Hudaýyň öňünde aýypsyzlygy saklamak nämäni aňladýar?
• Biz Ýehowanyň hökümdarlygynyň tizden ykrar ediljekdigini nireden bilýäris?
• 1 Korintoslylar 10:13-e görä, biz aýypsyz galyp bilerismi?