Gowy gürrüňdeşlik nikany berkidýär
«Ýerinde aýdylan sözler kümüş gabyň içindäki altyn almalar kimindir». SÜL. TYM. 25:11
1. Gowy gürrüňdeşlik maşgala gatnaşyklaryna nähili täsir edýär?
KANADADA ýaşaýan bir dogan şeýle gürrüň berýär: «Men wagtymyň köp bölegini aýalym bilen geçirýärin. Onuň bilen begenjimi paýlaşanymda şatlygym artýar, gynanjymy paýlaşanymda derdim ýeňilleşýär. Awstraliýaly bir adam şeýle ýazýar: «Meniň maşgala guranyma 11 ýyl boldy. Şol ýyllaryň bir gününi-de men aýalym bilen gürrüňdeş bolman geçirmedim. Gowy gürrüňdeşlik bize birek-birege doly bil baglamaga we maşgalamyzy berkitmäge kömek etdi». Kosta Rikada ýaşaýan bir uýa şeýle diýýär: «Gowy gürrüňdeşlik biziň maşgalamyzy diňe bir bagtly etmän, eýsem, Ýehowa ýakynlaşdyrdy, synaglardan gorady, agzybir etdi we birek-birege bolan söýgimizi artdyrdy».
2. Är-aýala gowy gürrüňdeş bolmak näme üçin kyn bolup biler?
2 Siz ýanýoldaşyňyz bilen ýakymly gürrüňdeşlikden şatlyk tapýarmysyňyz ýa-da size gowy gürrüňdeş bolmak kyn düşýär? Elbetde, medeniýeti we alan terbiýesi biri-birinden tapawutlanýan iki bikämil adam durmuş guranda, kyn ýagdaýlaryň döremegi mümkin (Rim. 3:23). Şeýle-de olaryň gürrüňdeşlik babatda zerurlygy bir-birinden tapawutlanyp biler. Alymlar Jon M. Gottman bilen Nan Silwer: «Nika gatnaşygyny saklamak üçin batyrgaýlyk, dogumlylyk we paýhaslylyk gerek» diýip, ýöne ýere aýtmandyr.
3. Är-aýallara maşgalasyny berkitmäge näme kömek etdi?
3 Nikanyň bagtly bolmagy üçin köp tagalla etmeli. Bir-birini söýýän är-aýal maşgalada hakyky şatlyk tapyp bilerler (Wag. 9:9). Geliň, Yshak we Rebeka bilen bolan waka seredeliň (Gel. çyk. 24:67). Olaryň durmuş guranyna birnäçe ýyl bolsa-da, birek-birege söýgüsi sowamady. Şu günler hem şeýle är-aýallar az däl. Bu maşgalalara näme kömek etdi? Olar düşünje, söýgi, hormat we kiçigöwünlilik ýaly häsiýetleri ösdürip, bir-birine pikirini, duýgularyny dogruçyl hem-de ýumşaklyk bilen aýtmagy öwrendiler. Geliň, häzir şu häsiýetleriň är-aýala gowy gürrüňdeş bolmaga nädip kömek edýändigine seredeliň.
DÜŞÜNJELI BOLUŇ
4, 5. Düşgürlik är-aýala biri-birine düşünmäge nädip kömek edýär? Düşündiriň.
4 Süleýmanyň tymsallary 16:20-de: «Özüni paýhasly alyp barýan rowaç tapar» diýilýär. Bu sözler nika we maşgala gatnaşyklaryna hem degişlidir (Süleýmanyň tymsallary 24:3-i okaň). Biz düşünjäni we akyldarlygy Hudaýyň Sözünden tapyp bileris. Gelip çykyş 2:18-e görä, Hudaý aýaly erkek adamyň keşbine görä däl-de, oňa kömekçi edip ýaratdy. Şol sebäpli aýal gürrüňdeş bolmakda erkek adamdan tapawutlanýar. Aýallaryň köpüsi öz duýgularyny, adamlar we olaryň gatnaşyklary barada gürrüň etmegi gowy görýärler. Mähirli we aç-açan gürrüňdeşlik olara özüniň söýülýändigini duýmaga kömek edýär. Emma erkek adamlaryň köpüsi öz duýgulary hakda däl-de, iş, dynç almak, kynçylyklar we olary çözmek barada gürrüň etmegi halaýarlar. Şeýle-de olar özlerine hormat goýulmagyny isleýärler.
5 Britaniýada ýaşaýan uýa şeýle diýýär: «Ýanýoldaşym meni diňlemegiň deregine, kynçylyklary çalt çözesi gelýär. Emma men ýanýoldaşymyň diňlemegini we duýgularyma düşünmegini isleýärin». Bir adam şeýle ýazýar: «Men ilki durmuş guran günlerim aýalymyň aýdýan islendik kynçylygyny derrew çözjek bolýardym. Ýöne biraz wagtdan aýalymyň özüni diňlemegimi isleýändigine düşündim» (Sül. tym. 18:13; Ýakup 1:19). Düşgür är aýalynyň duýgularyna üns berýär we özüni şoňa görä alyp barmaga çalyşýar. Şonda är aýalynyň pikiriniň we duýgularynyň özi üçin wajypdygyny aýdyň görkezýär (1 Pet. 3:7). Düşgür aýal hem ýanýoldaşynyň garaýşyna düşünmäge çalyşýar. Eger är-aýalyň ikisi-de Hudaýyň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirseler, olaryň nikasy bagtly bolar we dogry karara gelip bilerler.
6, 7. a) Wagyz kitaby 3:7-däki prinsip är-aýala paýhasly bolmaga nädip kömek eder? b) Aýal nädip düşgür bolup biler we ýanýoldaşy nähili tagalla etmeli?
6 Paýhasly är-aýal «dymmagyň öz wagtynyň... geplemegiň öz wagtynyň» bardygyny bilýär (Wag. 3:1, 7). Durmuş guranyna on ýyl bolan bir uýa şeýle gürrüň berýär: «Men häzir bir meseläni haçan orta atmalydygyna düşünýärin. Eger-de ýanýoldaşym iş ýa-da başga borçlary bilen başagaý bolsa, men amatly wagta garaşýaryn. Şonda biziň gürrüňdeşligimiz peýdaly bolýar». Şeýle-de paýhasly aýal sözi «ýerinde aýtmak» üçin öňünden oýlanýar hem-de mähirli, ýakymly, mylakatly geplemäge çalyşýar (Süleýmanyň tymsallary 25:11-i okaň).
7 Mesihçi är diňe bir aýalynyň aýtjak sözlerini diňlemek bilen çäklenmän, eýsem, öz duýgularyny hem aýdyň gürrüň bermäge çalyşmaly. Maşgala guranyna 27 ýyl bolan ýygnak ýaşulusy şeýle diýýär: «Men aýalyma ýüregimi dökmek babatda öz üstümde işleýärin». Maşgala guranyna 24 ýyl bolan bir dogan şu zatlara üns berendigini aýdýar: «Men kynçylyklar barada gürrüň etmegi halamaýaryn. Eger olary agzamasam, geçip gider. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, men duýgularymy aýtmagyň ejizlik däldigine düşündim. Şol sebäpli men ýerlikli sözleri saýlap, olary öz wagtynda aýtmak üçin doga edýärin. Soňra men uludan dem alyp, duýgularymy aýdyp başlaýaryn». Şeýle-de är-aýal gündelik aýady ara alyp maslahatlaşmak ýa-da Mukaddes Ýazgylary bile okamak ýaly zatlar üçin ýerlikli wagt tapsalar, peýdaly bolar.
8. Mesihçi är-aýala gürrüňdeşligini gowulandyrmaga näme kömek eder?
8 Är-aýalyň ikisi-de doga etmeli we gürrüňdeşligi gowulandyrmaga güýçli islegleri bolmaly. Elbetde, öňki garaýşyňy özgertmek aňsat bolmaýar. Eger är-aýal Ýehowany söýüp, Onuň göwnünden turmak isleseler we nika gatnaşygyna mukaddes garasalar, olaryň bu islegi artar. Durmuş guranyna 26 ýyl bolan bir uýa şeýle ýazýar: «Ýanýoldaşym ikimiz nika gatnaşyklaryna Ýehowa ýaly çynlakaý garap, aýra ýaşamaklyk barada pikir hem etmeýäris. Ýüze çykan kynçylyklary maslahatlaşyp çözmäge tagalla edýäris». Bir-birine wepaly we Hudaýyň göwnünden turmak isleýän är-aýallar bol bereket alarlar (Zeb. 127:1).
SÖÝGINI ÖSDÜRIŇ
9, 10. Är-aýala birek-birege bolan söýgini ösdürmäge näme kömek eder?
9 Maşgalada «kämil birligiň bagy» bolan söýgini ösdürmek wajypdyr (Kol. 3:14). Wepaly är-aýal şatlygyny hem derdini bile paýlaşsalar, olaryň birek-birege bolan söýgüsi artar, hatda ýakyndan dostlaşarlar. Olar filmde ýa-da telewizorda görkezilişi ýaly, diňe bir uly zatlar däl-de, eýsem, kiçi zatlar arkaly hem maşgala gatnaşyklaryny berkidýärler. Meselem, bu kiçi zatlara şular degişli bolup biler: birek-biregi gujaklamak, mähirli sözleri aýtmak, bir-biriňe ünsli bolmak, mylakatly geplemek ýa-da ýürekden ýagdaýlaryny soramak. Bu kiçi zatlar nika gatnaşygyna uly täsir edip biler. 19 ýyldan bäri aýaly bilen bagtly ýaşaýan bir adam günüň dowamynda bir-biriniň ýagdaýlaryny bilmek üçin jaň edýändigini ýa-da SMS ýazýandygyny aýdýar.
10 Şeýle-de söýgi häsiýeti är-aýaly bir-birini has gowy tanamaga höweslendirýär (Flp. 2:4). Bu olaryň bikämildigine garamazdan söýgüsiniň artmagyna kömek eder. Bagtly nika gatnaşyklary wagt geçdigiçe berkär. Eger siz-de maşgala guran bolsaňyz, özüňize şeýle soraglary beriň: «Men ýanýoldaşymy gowy tanaýarynmy? Men bir mesele babatda onuň duýgularyna we pikirine düşünýärinmi? Men ýanýoldaşymy haýsy häsiýetleri üçin gowy gördüm we şol gylyk-häsiýetleri barada ýygy-ýygydan oýlanýarynmy?»
BIRI-BIRIŇIZE HORMAT GOÝUŇ
11. Näme üçin nika gatnaşygynda hormat goýmak wajyp? Mysal getiriň.
11 Bagtly nika-da bikämildir; hatda bir-birini söýýän är-aýalyň käte garaýşynyň deň gelmezligi mümkin. Ybraýym bilen Sara hem hemişe bir garaýyşda bolmandylar (Gel. çyk. 21:9—11). Ýöne bu olaryň nikasynyň berk däldigini aňlatmaýar. Näme üçin? Olar bir-birini sylap, hormat goýýardylar. Meselem, Ybraýym Saradan bir zady haýyş edende, oňa hormat bilen ýüzlenipdi (Gel. çyk. 12:11—13). Sara-da Ybraýyma tabyn bolup, içinden-de oňa «Baýarym» diýýärdi (1 Pet. 3:6). Är-aýal bir-birine hormat goýmasa, köplenç bu olaryň aýdýan sözlerinden ýa-da gepleýiş äheňinden görünýär (Sül. tym. 12:18). Bu olaryň nika gatnaşygyna zyýan ýetirer (Ýakup 3:7—10, 17, 18-nji aýatlary okaň).
12. Ýaňy durmuş guran är-aýal bir-birine hormat goýmakda näme üçin has köp tagalla etmeli?
12 Ýaňy durmuş guran är-aýal mähirli gepleşmek we bir-birine hormat goýmak üçin has köp tagalla etmeli. Bu parahat ýagdaýda we aç-açan gürrüňdeş bolmaga ýardam eder. Bir maşgalabaşy şeýle ýatlaýar: «Ilki durmuş guran döwrümiz bize bir-birimiziň duýgularymyza, endiklerimize we zerurlyklarymyza düşünmek kyn bolýardy. Şol sebäpli biz käte ruhdan düşýärdik. Eger siz paýhasly bolup, degişmegi başarsaňyz we kiçigöwünlilik, sabyrlylyk, Ýehowa bil baglamak ýaly häsiýetleri ösdürseňiz nika gatnaşygyňyzy berkidersiňiz». Gör, nähili ýerlikli aýdylan sözler!
HAKYKY KIÇIGÖWÜNLILIGI BILDIRIŇ
13. Nikanyň bagtly bolmagy üçin kiçigöwünlilik wajypmy?
13 Gowy gürrüňdeşligi bagyň içinden asuda şyrlap akýan çeşmä meňzetse bolýar. Bu çeşmäniň bolmagy üçin «kiçigöwünlilik» gerek (1 Pet. 3:8). Maşgala guranyna 11 ýyl bolan bir dogan şeýle belläp geçýär: «Kiçigöwünlilik düşünişmezligi çalt çözmäge ýardam edýär. Sebäbi bu häsiýet „Meni bagyşla“ diýmäge höweslendirýär». 20 ýyl bagtly maşgalada ýaşaýan ýygnak ýaşulusy şeýle diýýär: «Käte „Meni bagyşla“ sözi „Men seni söýýärin“ diýmekden has wajypdyr. Doga etmek kiçigöwünliligi ösdürmegiň bir usulydyr. Aýalym ikimiz Ýehowa ýakynlaşanymyzda, bu biziň bikämildigimizi we Hudaýyň bize bolan merhemetini ýatladýar. Bu maňa dogry garaýyşda bolmaga kömek edýär».
14. Tekepbirlik maşgala nähili täsir edýär?
14 Tekepbirlik är-aýala gürrüňdeş bolmaga we ýüze çykan kynçylygy çözmäge päsgel berýär. Tekepbir adamyň «Men ýalňyşdym, meni bagyşla» diýmäge islegi bolmaýar, çünki ýalňyşyňy boýun almak üçin mertlik gerek. Şeýle adam eden işini aklamak üçin bahana gözleýär ýa-da ýalňyşyny boýun almagyň deregine, başga birini günäkärleýär. Tekepbir adamyň göwnüne degenlerinde, ol parahatlyk döretmäge çalyşmaýar, gaýtam, gaharlanyp, ar almak üçin gödek geplemegi ýa-da dymmagy mümkin (Wag. 7:9). Hawa, tekepbirlik maşgala zyýan ýetirýär. Şol sebäpli «Hudaý tekepbirlere garşy durýandyr, kiçigöwünlilere bolsa merhemet edýändir» diýen sözleri unutmasak gowy bolardy (Ýakup 4:6).
15. Efesliler 4:26, 27-nji aýatlardaky prinsip är-aýala düşünişmezligi çözmäge nädip kömek eder?
15 Tekepbirlik hiç hili kynçylyk döretmez diýip pikir etmeklik ýalňyşlyk bolardy. Şol sebäpli kynçylyk ýüze çykanda, ony derrew çözjek bolmaly. Pawlus mesihçilere: «Gaharyňyzyň üstüne gün ýaşmasyn. Iblise ýol bermäň» diýipdi (Efes. 4:26, 27). Bu maslahata eýermedik är-aýala näme bolar? Bir uýa şeýle diýýär: «Şol gijeler meniň durmuşymda iň erbet günler boldy!» Hawa, kynçylygy parahatlykda çözmegi maksat edinmeli! Ýöne är-aýalyň gahary ýatyşar ýaly, olar birek-birege wagt bermeli. Şeýle-de olar Ýehowadan kömek sorap, kiçigöwünlilik babatda doga etmeli. Şonda bu olara diňe öz duýgulary barada pikirlenmän, eýsem, ýüze çykan kynçylygy çözmäge kömek eder (Koloseliler 3:12; Efesliler 4:32-i okaň).
16. Kiçigöwünlilik häsiýeti är-aýala bir-biriniň ukyplaryny görmäge nädip kömek eder?
16 Kiçigöwünlilik är-aýala bir-biriniň gowy häsiýetlerini we ukyplaryny görmäge kömek edýär. Aýdaly, aýalyň aýratyn ukyby bar. Ol ukybyny maşgalasynyň peýdasy üçin ulanýar. Eger onuň ýanýoldaşy kiçigöwünli bolsa, aýalynyň ukyplydygyny boýun alyp, ony ulanmaga höweslendirer we söýgüsini bildirer (Sül. tym. 31:10, 28; Efes. 5:28, 29). Kiçigöwünli aýal hem ukyplydygy üçin öwünmeýär ýa-da ärini kemsitmeýär. Galyberse-de, olaryň ikisi «bir ten» bolup, bir-birine zyýan ýetirmeli däldirler (Mat. 19:4, 5).
17. Nikany bagtly edip, Ýehowany şöhratlandyrmaga näme kömek eder?
17 Ybraýym bilen Sara ýa-da Yshak bilen Rebeka ýaly siz hem nikaňyzyň berk bolmagyny we Ýehowanyň şöhratlanmagyny isleýärmisiňiz? Eger şeýle bolsa, nikaňyza Ýehowanyň garaýşy ýaly garaň. Hudaýyň Sözünden düşünje we paýhasy agtaryň. Biri-biriňiziň ýagşy häsiýetleriňize üns berip, söýgini ösdüriň (Nag. 8:6). Kiçigöwünli bolmaga tagalla ediň we birek-birege hormat goýuň. Şonda nikaňyz hem size, hem-de gökdäki Ataňyza şatlyk getirer (Sül. tym. 27:11). Maşgala guranyna 27 ýyl bolan bir doganyň şu sözlerine siz hem goşulsaňyz gerek: «Men durmuşymy aýalymsyz göz öňüne getirip bilmeýärin. Biziň nikamyz gün-günden berkeýär. Sebäbi biz Ýehowany söýýäris we hemişe biri-birimiz bilen gürrüňdeş bolýarys».