HYDYR KITABY
1 Pars patyşasy Kiriň+ hökümdarlygynyň birinji ýylynda, Ýehowanyň Ýermeýa pygamber arkaly aýdan sözi+ ýerine ýetdi. Ýehowa Pars patyşasy Kiri bir perman çykarmaga höweslendirdi*. Kir patyşa şu permany bütin patyşalygynda jar çekdirdi+:
2 «Pars patyşasy Kir şeýle diýýär: „Gökleriň Hudaýy Ýehowa ýer ýüzüniň ähli patyşalyklaryny maňa berdi+. Ol Ýahuda topragynda ýerleşýän Iýerusalimde ybadathana* gurmagy tabşyrdy+. 3 Araňyzda şol Hudaýa sežde edýäniňiz barmy? Goý, Hudaý ýaryňyz bolsun! Ýahudada ýerleşýän Iýerusalime gidiň-de, Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň Iýerusalimdäki ybadathanasyny* gaýtadan dikeldiň. Ol hak Hudaýdyr. 4 Watanyna dolanýanlara+ goňşy-golamlary kömek etsin. Olara altyn-kümüş, goş-golam we mal-gara bersinler, hak Hudaýyň Iýerusalimdäki ybadathanasy üçin sadakalary hem bersinler“»+.
5 Soňra ýahuda we benýamin taýpasynyň baştutanlary, ruhanylar, lewiler, hak Hudaýyň höweslendiren ähli adamlary Ýehowanyň Iýerusalimdäki ybadathanasyny dikeltmäge gitmek üçin taýýarlyk gördüler. 6 Ähli goňşulary bolsa altyn-kümüşden gap-gaç, goş-golam, mal-gara we gymmatbaha zatlary berip, kömek etdiler. Olar göwnünden çykaran sadakalaryny hem berdiler.
7 Onsoňam, Kir patyşa Ýehowanyň ybadathanasynyň gap-gaçlaryny yzyna berdi. Nawuhodonosor şol gap-gaçlary Iýerusalimden alyp gaýdyp, öz taňrysynyň buthanasynda goýupdy+. 8 Pars patyşasy Kir gap-gaçlary hazynaçysy Mitredata çykartdy. Mitredat olary sanap, Ýahudanyň baştutany Şeşbasara*+ berdi.
9 Sanap görseler, sebet görnüşli 30 altyn gap, sebet görnüşli 1 000 kümüş gap, başga-da 29 gap 10 we 30 altyn käse, 410 kümüş käse, başga-da 1 000 gap-gaç bar eken. 11 Altyn-kümüş gap-gaçlar jemi 5 400 sanydy. Ýehudylar Wawilon ýesirliginden+ Iýerusalime gaýdanda, Şeşbasar şol gap-gaçlary hem äkitdi.
2 Wawilon patyşasy Nawuhodonosor halky Wawilona sürgün edipdi+. Ýesirler*+ Iýerusalime we Ýahuda dolanyp, öz şäherlerinde ýaşap başladylar+. 2 Olar Zerubabel+, Ýoşuw+, Nehemýa, Seraýa, Relaý, Mordekaý, Bilşan, Mispar, Bigwaý, Rehum we Baganaý bilen gaýdypdylar.
Ysraýyl erkekleriniň sanawy şudur+: 3 Paroşyň nesli 2 172 adam; 4 Şepatýanyň nesli 372 adam; 5 Arahyň+ nesli 775 adam; 6 Ýoşuwyň we Ýowabyň neslinden Pahatmowabyň nesli+ 2 812 adam; 7 Elamyň nesli+ 1 254 adam; 8 Zatuwyň nesli+ 945 adam; 9 Zekaýyň nesli 760 adam; 10 Banynyň nesli 642 adam; 11 Babaýyň nesli 623 adam; 12 Azgatyň nesli 1 222 adam; 13 Adonykamyň nesli 666 adam; 14 Bigwaýyň nesli 2 056 adam; 15 Adynyň nesli 454 adam; 16 Hizkiýanyň neslinden Ateriň nesli 98 adam; 17 Bezaýyň nesli 323 adam; 18 Ýoranyň nesli 112 adam; 19 Haşumyň nesli+ 223 adam; 20 Jepbaryň nesli* 95 adam; 21 beýtullahamlylar 123 adam; 22 netopalylar 56 adam; 23 anatotlylar+ 128 adam; 24 azmawetliler 42 adam; 25 kirýat-ýegarimliler, kepiralylar we beýerotlylar 743 adam; 26 ramalylar+ we gebalylar+ 621 adam; 27 mikmaslylar 122 adam; 28 beýtelliler we aýlylar+ 223 adam; 29 nebolylar+ 52 adam; 30 Magbyşyň nesli* 156 adam; 31 beýleki Elamyň nesli 1 254 adam; 32 Harymyň nesli 320 adam; 33 lotlylar, haditliler we onlylar 725 adam; 34 ýerihonlylar 345 adam; 35 Senanyň nesli* 3 630 adam.
36 Ruhanylar+: Ýoşuwyň+ neslinden Ýedaýanyň+ nesli 973 adam; 37 Imeriň nesli+ 1 052 adam; 38 Paşhuryň nesli+ 1 247 adam; 39 Harymyň nesli+ 1 017 adam.
40 Lewiler+: Hodawýanyň neslinden Ýoşuwyň we Kadmyýalyň nesli+ 74 adam. 41 Aýdymçylar+: Asafyň nesli+ 128 adam. 42 Derwezebanlar+: Şalumyň, Ateriň, Talmonyň+, Akubyň+, Hatytyň, Şobaýyň nesli jemi 139 adam.
43 Ybadathana gullukçylary*+: Zyhanyň, Hasupanyň, Tabagotyň, 44 Kerosyň, Sigahanyň, Padonyň, 45 Lebananyň, Hakabyň, Akubyň, 46 Hagabyň, Selmaýyň, Hananyň, 47 Giddeliň, Geharyň, Reýanyň, 48 Resiniň, Nekodanyň, Gazamyň, 49 Uzzanyň, Paseýanyň, Basaýyň, 50 Aşnanyň, Megunimiň, Nepusymyň, 51 Bakbugyň, Hakupanyň, Harhuryň, 52 Baslutyň, Mejidiň, Harşanyň, 53 Barkosyň, Siseranyň, Temahyň, 54 Neziýanyň we Hatabyň nesli.
55 Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesli: Sotaýyň, Soperetiň, Perutyň+, 56 Ýagalahyň, Darkonyň, Giddeliň, 57 Şepatýanyň, Hatylyň, Poherethazbaýymyň we Omyýyň nesli.
58 Ybadathana gullukçylarynyň we Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesli jemi 392 adamdy.
59 Telmeladan, Telharşadan, Kerupdan, Adondan we Imerden gaýdyp gelen, ýöne tiresiniň hem-de aslynyň ysraýyllardandygyny subut edip bilmedikler şulardy+: 60 Delaýanyň, Tobyýanyň we Nekodanyň nesli 652 adam. 61 Ruhanylaryň nesli: Habaýyň, Hakosyň nesli+ we gileadly Barzyllanyň gyzyna öýlenip, olaryň adyny alan Barzyllanyň nesli+. 62 Olar aslynyň kimlerdendigini bilmek üçin nesil daragtyndan tireleriniň adyny gözlediler, emma tapyp bilmediler. Şonuň üçin olary ruhanylyk borjundan aýyrdylar*+. 63 Häkim* olara urymy we tummymy*+ ulanýan ruhany tapylýança, mukaddes sadakalardan iýmeli däldigini+ aýtdy.
64 Tutuş jemagat jemi 42 360 adamdy+. 65 Olaryň 7 337 gul-gyrnagy, 200 aýal-erkek aýdymçylary bardy. 66 Şeýle-de 736 aty, 245 gatyry 67 we 435 düýesi bilen 6 720 eşegi bardy.
68 Ýehowanyň Iýerusalimdäki ybadathanasyna gelip, käbir tirebaşylar hak Hudaýyň ybadathanasyny gaýtadan dikeltmek+ üçin göwnünden çykaryp sadaka berdiler+. 69 Olar ýagdaýyna görä, gurluşygyň hazynasyna 61 000 altyn teňňe*, 5 000 kümüş teňňe*+ we ruhanylar üçin 100 sany eşik berdiler. 70 Ruhanylar, lewiler, aýdymçylar, derwezebanlar, ybadathana gullukçylary we galan adamlar şäherlerinde ýaşap başladylar. Şeýdip, tutuş ysraýyl halky şäherlerine dolanyp geldi+.
3 Ýedinji aýda+ ähli şäherlerdäki ysraýyllar Iýerusalime ýygnandylar. 2 Ýehosadygyň ogly Ýoşuw+, beýleki ruhanylar, Şehalteliň+ ogly Zerubabel+ bilen doganlary hak Hudaýyň guly Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly+, ýakma gurbanlyklary bermek üçin Ysraýyl Hudaýynyň gurbanlyk ojagyny* gurdular.
3 Olar goňşy halklardan+ gorksalar-da, gurbanlyk ojagyny öňki ýerinde gurup, her gün ertirine-agşamyna Ýehowa ýakma gurbanlyklary+ berip başladylar. 4 Kanunda ýazylyşy ýaly, Çatma baýramyny belläp+, her günki ýakma gurbanlyklary hödürlediler+. 5 Her günki ýakma gurbanlygyndan+ başga-da Täze aý baýramynda+ we Ýehowanyň şanyna bellenilýän mukaddes baýramçylyklarda+ gurban berdiler. Her kim Ýehowa üçin göwnünden çykaran+ sadakasyny hem bererdi. 6 Ýehowanyň ybadathanasynyň düýbi tutulmadyk bolsa-da, ýedinji aýyň birinden+ Ýehowa ýakma gurbanlyklary berip başladylar.
7 Pars patyşasy Kiriň+ rugsady bilen, daş ýonujylara+ we senetçilere+ hak tölediler. Sidonlylara we tirlilere iýip-içgi, ýag berip+, deňziň üsti bilen Liwandan Ýafa kedr agaçlaryny getirtdiler.
8 Hak Hudaýyň Iýerusalimdäki ybadathanasyna gelenlerine iki ýyl iki aý bolanda, Şehalteliň ogly Zerubabel, Ýehosadygyň ogly Ýoşuw bilen doganlary, ruhanylar, lewiler, ýesirlikden Iýerusalime gaýdyp gelenleriň ählisi+ işe başladylar. Olar 20 ýaşdan ýokary lewileri Ýehowanyň ybadathanasynyň gurluşygyna gözegçi edip bellediler. 9 Ýahudanyň* neslinden Ýoşuw bilen ogullary we doganlary, Kadmyýal bilen ogullary hak Hudaýyň ybadathanasynyň gurluşygyna gözegçilik etdiler. Lewi taýpasyndan Henadatyň ogullary, nesilleri+, dogan-garyndaşlary hem olara goşuldy.
10 Gurluşykçylar Ýehowanyň ybadathanasynyň düýbüni tutdular+. Şonda mukaddes eşikli ruhanylar surnaýly+, Asafyň neslinden lewiler bolsa bürünç çanly* gelip, Ysraýyl patyşasy Dawudyň goýan düzgünine görä, Ýehowany şöhratlandyryp başladylar+. 11 Olar Ýehowany şöhratlandyryp, alkyş okap+: «Ol ýagşydyr, Ysraýyla wepaly söýgüsi* ebedidir»+ diýip, gezekli-gezegine aýdym aýdyp başladylar. Soňra tutuş halk batly ses bilen Ýehowany şöhratlandyrdy, sebäbi Ýehowanyň öýüniň düýbi tutulypdy. 12 Ruhanylardan, lewilerden we tirebaşylardan öňki ybadathanany gören garrylar ybadathananyň ýene-de düýbüniň tutulandygyny görüp+, ses edip agladylar. Beýlekiler bolsa şatlykdan ýaňa sesiniň ýetdiginden gygyryşdylar+. 13 Şonda agy seslerini şatlyk-şowhundan saýgarar ýaly bolmady, sebäbi märeke şeýle bir gygyryşýardy welin, olaryň sesi alyslara ýaň salýardy.
4 Ýahuda we benýamin taýpasynyň duşmanlary+ ýesirlikden dolanyp gelenleriň+ Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň ybadathanasyny gurýandygyny eşidip, 2 Zerubabeliň we tirebaşylaryň ýanyna bardylar-da: «Geliň, ybadathanany bile guralyň, bizem siziň Hudaýyňyza sežde edýäris*+. Bizi şu ýurda getiren Assiriýa patyşasy Esarhadonyň döwründen bäri Hudaýyňyza gurban berýäris»+ diýdiler. 3 Emma Zerubabel, Ýoşuw we Ysraýylyň beýleki tirebaşylary: «Hudaýymyzyň ybadathanasyny siz bilen gurmarys+. Pars patyşasy Kiriň tabşyryşy ýaly, Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň öýüni özümiz gurarys»+ diýip jogap berdiler.
4 Ýurtda ýaşaýan halklar Ýahuda ilatynyň sustuny basyp, elini işden sowadyp başladylar+. 5 Olar Pars patyşasy Kiriň döwründen başlap, Pars patyşasy Dariýiň+ döwrüne çenli ýehudylaryň niýetini puja çykarmak üçin+ maslahatçy tutdular. 6 Haşaýar* höküm sürüp başlanda, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilatyny ýamanlap, hat ýazdylar. 7 Pars patyşasy Ardaşiriň* döwründe bolsa Bişlam, Mitredat, Tabyýel bilen ýoldaşlary Ardaşir patyşa hat ýazdylar. Haty arameý diline terjime edip+, arameý harplary bilen ýazdylar*.
8 Rehum häkim bilen Şimşaý mürze-de Iýerusalimiň ilatyny ýamanlap, Ardaşir patyşa hat ýazdy*. 9 Şol hat Rehum häkimiň, Şimşaý mürzäniň, olaryň ýoldaşlary bolan serdarlaryň, arçynlaryň, kätipleriň, ereklileriň+, wawilonlylaryň, Suzanyň+ ilaty elamlaryň+, 10 beýik we hormatly Asenaparyň ýesir alyp, Samariýanyň şäherlerine sürgün eden halklarynyň+, Ýewfrat derýasynyň günbatarynda ýerleşýän welaýatyň ilatynyň adyndan ýazylypdy. 11 Patyşa iberilen hatyň mazmuny* şeýledi:
«Ardaşir patyşa! Gullaryňyz, Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň ilaty size ýüzlenýär: 12 Ýurduňyzdan gaýdan ýehudylaryň Iýerusalime gelendigini patyşa habar berýäris. Şol gozgalaňçy we zalym halk şäherini gaýtadan dikeldýär. Şäheriň düýbüni tutup, diwarlaryny gutaryp barýarlar+. 13 Eger olar şäheri täzeden gurup, diwarlaryny dikeltse, size ne salgyt, ne gümrük, ne-de paç tölärler+. Netijede, patyşanyň hazynasyna zyýan ýeter. Goý, patyşamyz mundan habarly bolsun. 14 Köşgüň duz-çöregini iýip ýörkäk*, muny patyşa habar bermesek bolmaz. Şol sebäpli hat ýazyp, patyşa habar bermegi makul bildik. 15 Ata-babalaryňyzyň taryhy golýazmalaryny barlap görüň+. Şonda olaryň gozgalaňçy, patyşalara we welaýatlara uly zyýan ýetiren, gadym döwürlerden bäri gozgalaň turzup gelýän halkdygyna göz ýetirersiňiz. Şonuň üçin olaryň şäheri weýran edilipdi+. 16 Biz şuny patyşa habar bermek isleýäris: eger olar şäheri täzeden gurup, diwarlaryny dikeltse, Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky ähli ýerler eliňizden gider»+.
17 Patyşa Samariýadaky Rehum häkime, Şimşaý mürze bilen ýoldaşlaryna, Ýewfrat derýasynyň günbatarynda ýerleşýän welaýatyň ilatyna şeýle jogap ýollady:
«Ähliňize salam! 18 Iberen hatyňyzy maňa düşnükli edip okap berdiler*. 19 Meniň buýrugym bilen, barlag geçirildi. Olar irki döwürlerden bäri patyşalara garşy çykypdyr, başbozar we gozgalaňçy şäher eken+. 20 Iýerusalimiň güýçli patyşalary Ýewfrat derýasynyň günbatarynda ýerleşýän tutuş welaýata hökümdarlyk edipdir, ilatdan salgyt, gümrük, paç alypdyr. 21 Olara aýdyň, häziriň özünde gurluşygy goýsun. Men perman çykarýançam, şäher gaýtadan dikeldilmesin. 22 Muňa sowuk-sala garamaň, patyşanyň hazynasyna indi bir zyýan ýetmesin»+.
23 Ardaşir patyşanyň iberen haty Rehumyň, Şimşaý mürzäniň we ýoldaşlarynyň öňünde okalan badyna, olar Iýerusalime gidip, zor bilen* gurluşygy togtatdylar. 24 Şeýdip, Hudaýyň Iýerusalimdäki ybadathanasynyň gurluşygy saklandy, Pars patyşasy Dariýiň hökümdarlygynyň ikinji ýylyna çenli hiç hili gurluşyk bolmady+.
5 Hagaý pygamber+ bilen Ydonyň+ agtygy Zekerýa pygamber+ Ýahudada we Iýerusalimde ýaşaýan ýehudylara Ysraýyl Hudaýynyň* adyndan pygamberlik etdiler. 2 Şonda Şehalteliň ogly Zerubabel+ bilen Ýehosadygyň ogly Ýoşuw+ Hudaýyň Iýerusalimdäki ybadathanasyny dikeldip başlady+. Pygamberler hemişe olaryň ýanynda bolup ruhlandyrýardylar+. 3 Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimi Tatenaý we Şetarbaznaý ýoldaşlary bilen gelip, ýehudylara: «Ybadathananyň gurluşygyny dowam etmäge size kim rugsat berdi?» diýdiler. 4 Soňra olar: «Gurluşyga başlanlaryň atlaryny aýdyň» diýdiler. 5 Hudaý ýehudylaryň ýaşulularyny goldaýardy*+. Tatenaý bilen ýoldaşlary Dariý patyşa habar ýolladylar, emma jogap gelýänçä, gurluşygy saklap bilmediler.
6 Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimi Tatenaý, Şetarbaznaý bilen ýoldaşlary, ýagny Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň arçynlary Dariý patyşa hat iberdiler. 7 Hatda şeýle sözler bardy:
«Dariý patyşa:
Bizden size salam bolsun! 8 Biz Ýahuda welaýatyndaky beýik Hudaýyň öýüne baranymyzy patyşa habar bermek isleýäris. Ybadathanany ullakan daşlardan gurup, diwarlaryny agaç bilen berkidip ýörler. Adamlar işe erjel ýapyşýar, gurluşyk tamamlanyp barýar. 9 Olaryň ýaşulularyna: „Ybadathananyň gurluşygyny dowam etmäge size kim rugsat berdi?“+ diýdik. 10 Size hat üsti bilen habar bermek üçin, gurluşyga ýolbaşçylyk edýänleriň adyny hem soradyk.
11 Olar şeýle jogap berdiler: „Biz ýeriň-gögüň Hudaýyna gulluk edýäris. Ençeme ýyl öň Ysraýylyň beýik patyşasynyň guran ybadathanasyny gaýtadan dikeldýäris+. 12 Ata-babalarymyz gökleriň Hudaýynyň gaharyny getirdiler+. Hudaý olary Wawilonyň haldeý patyşasy Nawuhodonosoryň eline berdi+. Wawilon patyşasy ybadathanany ýumurdy+, halky bolsa Wawilona ýesirlige äkitdi+. 13 Emma Wawilon patyşasy Kir hökümdarlygynyň birinji ýylynda Hudaýyň ybadathanasyny dikeltmek hakda perman çykardy+. 14 Şeýle-de Kir patyşa Hudaýyň Iýerusalimdäki ybadathanasynyň altyn-kümüş gap-gaçlaryny getirtdi. Nawuhodonosor olary Wawilondaky buthanada goýupdy+. Gap-gaçlary Şeşbasara*+ berdiler, Kir patyşa ony häkim edip belläpdi+. 15 Kir patyşa Şeşbasara: „Gap-gaçlary Iýerusalimdäki ybadathana äkit, goý, Hudaýyň öýüni öňki ýerinde dikeltsinler“+ diýdi. 16 Şeşbasar Iýerusalime gelip, Hudaýyň ybadathanasynyň düýbüni tutdy+, gurluşyk häzirem gidip dur, ýöne doly gutarmady“+.
17 Indi patyşa makul bilse, goý, Wawilondaky şa hazynasynda* barlag geçirilsin, Kir patyşanyň Hudaýyň Iýerusalimdäki ybadathanasyny dikeltmek hakda perman çykarandygy ýa çykarmandygy anyklansyn+. Soňra patyşamyzyň gelen karary bize habar berilsin».
6 Dariý patyşa buýruk berip, Wawilonyň hazynalaryny* barlatdy. 2 Midiýa welaýatynyň Ekbatan şäherindäki galadan bir golýazma tapyldy. Şol golýazmanyň esasynda şeýle hat ýazyldy:
3 «Kir patyşa hökümdarlygynyň birinji ýylynda Hudaýyň Iýerusalimdäki ybadathanasy hakda şeýle perman çykardy+: „Ýehudylar ybadathananyň düýbüni tutup, gaýtadan dikeltsin, Hudaýa gurbanlyklary hödürlesin. Ybadathananyň beýikligi-de, ini-de 60 tirsek* bolsun+. 4 Diwarlarynyň üç hataryny ullakan daşlardan, bir hataryny agaçdan örsünler+. Ähli çykdajylar patyşanyň hazynasyndan berilsin+. 5 Nawuhodonosoryň Iýerusalimdäki ybadathanadan Wawilona alyp gaýdan altyn-kümüş gap-gaçlary+ yzyna berilsin. Olary Hudaýyň ybadathanasynda öňki ýerinde goýsunlar“+.
6 Şonuň üçin Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimi Tatenaý, Şetarbaznaý bilen ýoldaşlary, welaýatyň arçynlary+, size buýruk berýärin! Indiden beýläk 7 Hudaýyň ybadathanasynyň gurluşygyna päsgel bermäň. Goý, ýehudylaryň häkimi we ýaşululary Hudaýyň ybadathanasyny gaýtadan dikeltsin. 8 Siz hem ýehudylaryň ýaşulularyna ybadathanany dikeltmäge kömek ediň. Permanym şeýle: gurluşyk durmaz ýaly, ähli çykdajysyny haýal etmän şa hazynasyndan+, Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatdan alynýan salgytdan beriň. 9 Iýerusalimdäki ruhanylaryň aýdyşy ýaly, gökleriň Hudaýyna ýakma gurbanlyklary bermek üçin öküzçe+, goç+, guzy+, bugdaý+, duz+, ýag+, şerap+ ýaly gerek zatlary her gün beriň. 10 Goý, olar wagtly-wagtynda gurban berip, gökleriň Hudaýyny razy etsin, patyşanyň we ogullarynyň jan-saglygy üçin dileg etsin+. 11 Kimde-kim şu permana gulak asmasa, öýüniň bir pürsüni goparyp alyp, şol adamy pürsden asyň, öýüni bolsa hajathana* öwrüň. 12 Eger bir patyşa ýa-da halk şu permany bozup, Hudaýyň adyny göterýän+ ybadathanany ýykmaga milt etse, goý, Hudaý şol patyşany we halky heläk etsin. Men, Dariý şeýle perman çykardym, haýal etmän ýerine ýetiriň».
13 Şonda Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimi Tatenaý, Şetarbaznaý+ bilen ýoldaşlary Dariý patyşanyň ähli buýrugyny dessine ýerine ýetirdiler. 14 Ýehudy ýaşululary bolsa Hagaý pygamberiň+ we Ydonyň agtygy Zekerýa+ pygamberiň sözlerinden ruhlanyp, gurluşygy dowam etdiler, gurluşyk gowy gidýärdi+. Ysraýyl Hudaýynyň emri bilen+, olar Kiriň+, Dariýiň+ we Pars patyşasy Ardaşiriň*+ permany esasynda, ybadathananyň gurluşygyny doly tamamladylar. 15 Ybadathanany adar* aýynyň üçüne, Dariý patyşanyň hökümdarlygynyň altynjy ýylynda gurup boldular.
16 Soňra ysraýyllar, ruhanylar, lewiler+ we ýesirlikden dolanyp gelen adamlaryň ählisi şatlyk-şowhun bilen Hudaýyň öýüniň açylyş* dabarasyny geçirdiler. 17 Olar Hudaýyň öýüniň açylyş dabarasyna bagyşlap, 100 öküzi, 200 goçy, 400 guzyny gurbanlyk berdiler. Ysraýyl taýpalarynyň sanyna görä, 12 tekäni tutuş Ysraýyl üçin günä gurbanlygy hökmünde berdiler+. 18 Şeýle-de Musanyň kitabynda ýazylyşy ýaly+, ruhanylary we lewileri topara bölüp, Iýerusalimde Hudaýa gulluk etmäge bellediler+.
19 Ýesirlikden dolanyp gelen halk birinji aýyň 14-ne Pasha baýramyny belledi+. 20 Ruhanylar we lewiler tämizlendiler+. Olaryň ählisi tämizlenip, soňra ýesirlikden gelen halk üçin, beýleki ruhanylar we özleri üçin Pasha gurbanlygyny soýdular. 21 Ýesirlikden gelen ysraýyllar we olara goşulan adamlar gurbanlykdan iýdiler. Şol adamlar Ysraýyl Hudaýy Ýehowa sežde etmek* üçin, goňşy halklaryň erbet işlerinden tämizlenipdi+. 22 Soňra olar ýedi günläp uly şatlyk-şowhun bilen Petir baýramyny bellediler+, sebäbi Ýehowa olaryň göwnüni göteripdi. Olar Ysraýyl Hudaýynyň, hak Hudaýyň ybadathanasyny gurdular. Hudaý bolsa halkyny goldamak üçin Assiriýa patyşasynyň ýüregini ýumşadypdy+.
7 Pars patyşasy Ardaşiriň*+ höküm sürýän döwri Hydyr*+ Wawilondan gaýtdy. Ol Seraýanyň+ ogludy, Seraýa Azarýanyň ogludy, Azarýa Hilkiýanyň+ ogludy, 2 Hilkiýa Şalumyň ogludy, Şalum Sadygyň ogludy, Sadyk Ahytubyň ogludy, 3 Ahytup Emirýaryň ogludy, Emirýar Azarýanyň+ ogludy, Azarýa Meraýotyň ogludy, 4 Meraýot Zerahýanyň ogludy, Zerahýa Uzzynyň ogludy, Uzzy Bekkiniň ogludy, 5 Bekki Abyşuwyň ogludy, Abyşuw Pinehasyň+ ogludy, Pinehas Algazaryň+ ogludy, Algazar bolsa uly ruhany Harunyň+ ogludy. 6 Hydyr Wawilondan çykyp gaýtdy. Ol mürzedi, Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň Musa beren kanunyny gowy bilýärdi*+. Patyşa Hydyryň ähli haýyşyny bitirdi, sebäbi Ýehowa Hudaý ony goldaýardy*.
7 Ardaşiriň hökümdarlygynyň ýedinji ýylynda käbir ysraýyllar, ruhanylar, lewiler+, aýdymçylar+, derwezebanlar+ we ybadathana gullukçylary*+ Hydyr bilen Iýerusalime gitdiler. 8 Patyşanyň hökümdarlygynyň ýedinji ýylynyň bäşinji aýynda Hydyr Iýerusalime bardy. 9 Ol birinji aýyň birine Wawilondan çykyp, Hudaýyň kömegi bilen, bäşinji aýyň birine Iýerusalime geldi+. 10 Hydyr Ýehowanyň kanunyny çuňňur öwrenip berjaý etmegi+ we Hudaýyň düzgünlerini, hökümlerini Ysraýylda öwretmegi ýüregine düwüpdi*+.
11 Hydyr Ýehowanyň ysraýyllara beren tabşyryklaryny, kanunlaryny çuňňur öwrenýän ruhany we mürzedi. Ardaşir patyşa Hydyra hat beripdi. Hatyň mazmuny* şeýledi:
12 «Gökleriň Hudaýynyň kanunyny göçürip alýan Hydyr ruhana patyşalaryň patyşasy Ardaşirden+ salam!* 13 Men şeýle perman çykarýaryn: patyşalygymda ýaşaýan ysraýyllar, ruhanylar, lewiler seniň bilen Iýerusalime gitjek bolsa gidibersin+. 14 Seni patyşa bilen ýedi maslahatçysy iberýär. Sen Iýerusalime we Ýahuda baryp, Hudaýyň kanunynyň* berjaý edilýändigini ýa edilmeýändigini bilmeli. 15 Patyşa-da, maslahatçylary-da Iýerusalimde mesgen tutan Ysraýyl Hudaýyna göwnünden çykaryp altyn-kümüş berýär. 16 Wawilonyň ähli welaýatyndan hem altyn-kümüş aldyň. Halk bilen ruhanylar Hudaýyň Iýerusalimdäki ybadathanasy üçin göwnünden çykaryp sadaka berdi, olaryň ählisini äkit+. 17 Şol pullara haýal etmän öküz+, goç+ guzy+, galla+ we şerap sadakalary+ üçin gerek zatlary al-da, Hudaýyň Iýerusalimdäki ybadathanasynyň gurbanlyk ojagynda* gurban ber.
18 Galan altyn-kümüşleri bolsa doganlaryň bilen näme etmegi makul bilseňiz, Hudaýyň islegine görä ulanyp bilersiňiz. 19 Hudaýyň öýi üçin berlen ähli gap-gaçlary Iýerusalime äkit-de, Hudaýyň öýünde goý+. 20 Hudaýyň öýüne başga-da gerek zatlary şa hazynasyndan alyp bilersiň+.
21 Men, Ardaşir patyşa, Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň ähli hazynaçylaryna şeýle buýruk berýärin: gökleriň Hudaýynyň kanunyny göçürip alýan Hydyr+ ruhana soran zadyny haýal etmän beriň. 22 Hydyra 100 batmana* çenli kümüş, 100 huma* çenli bugdaý, 100 çelege* çenli şerap+, 100 çelege çenli ýag+ we näçe gerek bolsa duz+ beriň. 23 Gökleriň Hudaýynyň ybadathanasy+ bilen bagly ähli işi yhlasly ýerine ýetiriň. Goý, patyşanyň ogullary we halky gökleriň Hudaýynyň gazabyna sezewar bolmasyn+. 24 Şuny bilip goýuň, ruhanylardan, lewilerden, aýdymçylardan, sazandalardan+, derwezebanlardan, ybadathana gullukçylaryndan+ we Hudaýyň öýüniň işçilerinden hiç hili salgyt, gümrük ýa-da paç almaň+.
25 Hydyr, sen bolsa Hudaýyň beren akyldarlygy bilen, häkimleri we kazylary belle. Goý, olar Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň ilatyna, Hudaýyň kanunlaryny bilýän halka kazylyk etsin. Kanuny bilmeýänlere-de öwrediň+. 26 Hudaýyň kanunyna we patyşanyň permanyna eýermeýän adama haýal etmän çäre görüň, ony ölüme höküm ediň, sürgün ediň, jerime salyň ýa-da zyndana taşlaň».
27 Ata-babalarymyzyň Hudaýy Ýehowa şöhrat bolsun! Ýehowa Iýerusalimdäki ybadathanasyny has-da bezemek üçin patyşanyň ýüregini ýumşatdy+. 28 Hudaý patyşanyň, maslahatçylaryň+ we han-begleriň öňünde maňa ýagşylyk etdi*+. Ýehowa Hudaýym meni goldady, men hem dogumlanyp, Iýerusalime gitmek üçin ysraýyl baştutanlaryny ýygnadym.
8 Ardaşir* patyşanyň+ höküm sürýän döwründe meniň bilen Wawilondan çykyp gaýdan tirebaşylar we olaryň nesilleri şulardyr: 2 Pinehasyň+ neslinden Gerşom, Ytamaryň+ neslinden Danyýar, Dawudyň neslinden Hatuş, 3 Paroşyň we Şekanýanyň neslinden Zekerýa bilen hasaba alnan 150 adam*, 4 Pahatmowabyň neslinden+ Zerahýanyň ogly Alhunaý bilen 200 adam, 5 Zatuwyň neslinden+ Ýahazyýeliň ogly Şekanýa bilen 300 adam, 6 Adynyň neslinden+ Ýonatanyň ogly Ebet bilen 50 adam, 7 Elamyň neslinden+ Atalýanyň ogly Ýeşaýa bilen 70 adam, 8 Şepatýanyň neslinden+ Mikaýylyň ogly Zabdyýar bilen 80 adam, 9 Ýowabyň neslinden Ýehiýeliň ogly Abdyýar bilen 218 adam, 10 Banynyň neslinden Ýusupýaryň ogly Şelomit bilen 160 adam, 11 Babaýyň neslinden+ Babaýyň ogly Zekerýa bilen 28 adam, 12 Azgatyň neslinden+ Hakatanyň ogly Ýohanan bilen 110 adam, 13 iň soňunda gelen Adonykamyň neslinden+ Alypelet, Ýegel, Şemaýa bilen 60 adam, 14 Bigwaýyň neslinden+ Uthaý, Zabbut bilen 70 adam.
15 Men olary Ahawa akýan derýanyň+ boýuna ýygnadym, üç gün şol ýerde bolduk. Düşelgä aýlanyp görsem, adamlaryň we ruhanylaryň arasynda lewilerden hiç kim ýok eken. 16 Şonda men adam iberip, baştutanlardan Alygezeri, Arygeli, Şemaýany, Elnatany, Ýarebi, Elnatany, Natany, Zekerýany, Meşullamy we kanuny öwredýänlerden Ýogryp bilen Elnatany çagyrtdym. 17 Olara: «Gidiň-de, Kasipýada ýaşaýan ybadathana gullukçylary* Ydon bilen doganlaryna aýdyň, goý, olar Hudaýyň öýünde hyzmat etjek adamlary ibersin» diýip, Kasipýanyň baştutany Ydonyň ýanyna iberdim. 18 Hudaýyň kömegi bilen, olar Ysraýylyň ogly Lewiniň agtygy Mahlynyň+ neslinden Şerebýa+ atly düşünjeli adamy, onuň ogullary we doganlary bilen jemi 18 adamy, 19 Hasapýary, merarlardan+ Ýeşaýany, ogullary we doganlary bilen jemi 20 adamy alyp geldiler. 20 Nesil daragtynda ady agzalýan 220 sany ybadathana gullukçysy hem bardy. Dawut bilen han-begler olary lewilere kömekçi edip belläpdi.
21 Ahawa derýasynyň boýunda men adamlara agyz beklemegi we pälini pes tutup, Hudaýdan maslahat soramagy tabşyrdym. Şeýtsek, çagalarymyz, goş-golamlarymyz bilen sag-aman gidip bilerdik. 22 Ýolda duşmanlardan gorar ýaly, patyşadan esger we atly soramaga çekindim, sebäbi biz patyşa: «Hudaýymyz wepaly bendelerini goldaýandyr+, ýüz öwürýänlere bolsa gahar-gazap bilen jeza berýändir»+ diýipdik. 23 Agyz bekläp, Hudaýdan bizi goramagyny diledik, ol hem dilegimizi eşitdi+.
24 Soňra men ruhanylaryň 12 ýolbaşçysyny: Şerebýa, Hasapýar+ bilen on doganyny saýladym. 25 Patyşanyň, maslahatçylarynyň, han-begleriniň we ähli ysraýyllaryň Hudaýyň öýi üçin göwnünden çykaryp beren altyn-kümüşlerini, gap-gaçlaryny ölçäp, şol ýolbaşçylara berdim+. 26 Olara 650 batman* kümüş, 2 batmana barabar 100 sany kümüş gap, 100 batman altyn 27 we 1 000 teňňelik* 20 altyn käse, ýalpyldawuk gyzylymtyl misden ýasalan, altyn ýaly hasaplanýan 2 gap berdim.
28 Olara: «Siz Ýehowa üçin mukaddes+, şu gap-gaçlar hem mukaddes, altyn-kümüşler bolsa ata-babalaryňyzyň Hudaýy Ýehowa üçin berlen sadaka. 29 Olary gorap saklaň, Iýerusalime baryp, Ýehowanyň ybadathanasynda* ýolbaşçy ruhanylaryň, lewileriň we ysraýyl tirebaşylarynyň öňünde ölçäp berersiňiz»+ diýdim. 30 Ruhanylara we lewilere Iýerusalimdäki ybadathana äkidiljek altyn-kümüşleri, gap-gaçlary ölçäp berdiler.
31 Şeýlelikde, birinji aýyň 12-sine+ Ahawa derýasyndan+ Iýerusalime ýola düşdük. Hudaý bizi goldap, ýolboýy duşmanlardan we talaňçylardan gorady. 32 Biz Iýerusalime baryp+, üç gün bolduk. 33 Dördünji gün Hudaýyň öýünde altyn-kümüşleri, gap-gaçlary ölçäp+, olary Uryýahyň ogly Meremot+ ruhana, Pinehasyň ogly Algazara, lewilerden Ýoşuwyň ogly Ýozabata+ we Binaýyň+ ogly Nowadýa berdik. 34 Ähli zady sanap, ölçäp, agramyny ýazdylar. 35 Ýesirlikden dolanyp gelenler Ysraýyl Hudaýyna ýakma gurbanlyklary hödürläp, tutuş Ysraýyl üçin 12 öküz+, 96 goç+, 77 erkek tokly we günä gurbanlygy üçin 12 teke+ berdiler. Olary Ýehowa ýakma gurbanlygy edip berdiler+.
36 Emirlere* we Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky+ welaýat häkimlerine patyşanyň permanlaryny+ berdik. Şonda olar halka we hak Hudaýyň öýüne kömek edip başladylar+.
9 Soňra baştutanlar ýanyma gelip: «Ysraýyllar goňşy halklar bilen, ýagny kenganlar, hetler, perizler, ýabuslar, ammonlar, mowaplar, müsürliler+ we amorlar+ bilen gatnaşyp, nejis işlerine baş goşýarlar+. Olaryň arasynda ruhanylar bilen lewiler hem bar. 2 Ysraýyllaryň özleri-de, ogullary-da olaryň gyzlaryna öýlenýärler+. Mukaddes halk*+ bolsalar-da, olar bilen garyndaşlyk açýarlar+. Günäli işleriň başyny han-begler bilen häkimler başlaýar» diýdiler.
3 Muny eşidip, ýakamy ýyrtdym, saç-sakgalymy ýoldum, dilim tutulan ýaly bolup oturdym. 4 Şonda Ysraýyl Hudaýynyň sözlerinden gorkýan adamlar ýanyma ýygnandy, olar hem ýesirlikden gelenleriň biwepalygyna gynanýardylar. Men agşamky galla sadakasynyň berilýän wagtyna çenli özüme gelip bilmän oturdym+.
5 Agşamky galla sadakasynyň berilýän wagtyna çenli ýakamy ýyrtyp, hasrat çekip oturdym. Soňra ýerimden+ turdum-da, dyza çöküp, elimi göge galdyryp, Ýehowa Hudaýa 6 şeýle doga etdim: «Eý Hudaýym, utançdan ýaňa başymy galdyrmaga-da ýüzüm ýok. Eý Hudaýym, günämiz başymyzdan agdy, ýazygymyz göge ýetdi+. 7 Ata-babalarymyzyň döwründen bäri köp ýalňyşdyk+, eden etmişlerimiz üçin, sen bizi, patyşalarymyzy we ruhanylarymyzy başga patyşalaryň eline berdiň. Olar bizi gylyçdan geçirdiler+, ýesir aldylar+, taladylar+, masgaraladylar. Şol zatlar henizem başymyzdan aýrylanok+. 8 Emma Ýehowa Hudaýymyz bize rehim edip, käbirimizi diri galdyrdy, mukaddes ýerinde howpsuzlykda ýaşadyp+, gözümizi nurlandyrdy. Hudaý bizi gulçulykdan azat edip, janymyza aram* berdi, ýaňy bir ýükümiz ýeňläpdi. 9 Gul+ bolsak-da, Hudaý bizi taşlamady. Gaýtam Pars patyşalarynyň ýüregini ýumşadyp, ýagşylyk etdi*+. Ybadathanany gaýtadan dikeldip+, haraba bolup ýatan ýerlerini düzeder ýaly güýç-kuwwat berdi, Ýahudanyň we Iýerusalimiň daşyna gorag boldy*.
10 Ýöne, eý Hudaýymyz, indi näme diýeli? Biz tabşyryklaryňy ýerine ýetirmedik. 11 Pygamberleriň arkaly: „Barjak ýurduňyzda ýaşaýan halklar azgyn, ýigrenji işleri edýär, ýurt haramlykdan doly+. 12 Olar bilen garyndaşlyk açmaň+, olary hiç wagt parahat we bolelin ýaşatmaň+. Şonda siz has-da güýçlenip, ýurduň bol hasylyny iýersiňiz, ýurdy nesilleriňize ebedilik miras galdyrarsyňyz“ diýipdiň. 13 Köp erbet işleri, agyr günäleri edip, kyn güne düşsek-de, eý Hudaý, bize günälerimize laýyk jeza bermediň+, diri galdyrdyň+. 14 Biz bolsa ýene-de tabşyryklaryňy bozup, nejis işleri edýän halklar bilen garyndaşlyk açdyk+. Indi gahar-gazabyň bilen ählimizi ýok edäýmeseň. Şu zatlardan soň diri galyp bolarmy? 15 Ysraýyl Hudaýy Ýehowa, adalatly+ bolanyň üçin bizi häzire çenli ýaşatdyň. Günälerimizden ýaňa öňüňde durmaga mynasyp bolmasak-da, ine, huzuryňda durus»+.
10 Hydyr hak Hudaýyň öýüniň öňünde ýüzüni ýere berip, halkyň eden günäleri üçin aglap, doga etdi+. Şonda ysraýyl halkyndan birgiden erkekler, aýallar we çagalar daşyna üýşdi, olar hem zaryn-zaryn aglaýardy. 2 Soňra Elamyň neslinden+ Ýehiýeliň+ ogly Şekanýa Hydyra şeýle diýdi: «Goňşy halklaryň gyzlaryna öýlenip+, Hudaýa biwepalyk etdik. Emma ysraýyllar üçin entegem umyt bar. 3 Geliň, Hudaýymyz bilen äht baglaşyp+, Ýehowanyň tabşyrygyna eýereliň. Hudaýymyzyň tabşyrygyndan gorkýan adamlaryň maslahatyna gulak asyp, başga milletli aýallarymyzy we çagalarymyzy yzyna ugradalyň+. Goý, ähli zat Kanuna görä bolsun. 4 Indi ýeriňden tur, şu zatlara seretmek seniň borjuň, biz seni goldarys. Dogumly bol-da, işe başla».
5 Hydyr ýerinden turup, ruhanylaryň, lewileriň we tutuş ysraýyl halkynyň baştutanlaryna şol zatlary etjekdikleri hakda ant içirdi+. 6 Hydyr hak Hudaýyň ybadathanasynyň öňünden turup, Alyýaşybyň ogly Ýehohananyň naharhanasyna* gitdi. Hydyr naharhana barsa-da, ýesirlikden gelenleriň eden biwepalygy sebäpli hasrat çekip, çöregem iýmedi, suwam içmedi+.
7 Soňra ýesirlikden gelenleriň ählisiniň Iýerusalime ýygnanmalydygy hakda tutuş Ýahudada we Iýerusalimde jar çekildi. 8 Baştutanlaryň we ýaşulularyň kararyna görä, üç günüň içinde gelmedik adamyň mal-mülki elinden alynmalydy we ýesirlikden gelen halkyň arasyndan kowulmalydy+. 9 Şeýlelikde, ýahuda we benýamin taýpasynyň ähli erkekleri üç günüň içinde Iýerusalime ýygnandy. Dokuzynjy aýyň 20-sidi. Hemmeler hak Hudaýyň öýüniň howlusyna üýşüpdi. Meseläniň çynlakaýdygy we ýagşyň güýçli ýagýandygy sebäpli, adamlar titreşip otyrdy.
10 Hydyr ruhany ýerinden turdy-da: «Siz başga milletli gyzlara öýlenip, biwepalyk etdiňiz+, Ysraýylyň günälerini has-da köpeltdiňiz. 11 Indi ata-babalaryňyzyň Hudaýy Ýehowanyň öňünde günäňizi boýun alyp, islegini ýerine ýetiriň. Başga milletler bilen gatnaşygyňyzy kesiň, aýallaryňyzy yzyna ugradyň»+ diýdi. 12 Şonda tutuş halk batly ses bilen şeýle diýdi: «Ähli zady aýdyşyň ýaly ederis. 13 Ýöne bärde birgiden adam bar, ýagşyň astynda durar ýaly däl. Onsoňam, munuň ýaly meseläni birki günde çözüp bolmaz, Hudaýyň öňünde agyr günä etdik. 14 Halky goýber, diňe baştutanlar galsyn+. Goý, başga milletli gyzlara öýlenen erkekler aýdylan wagtda şäher ýaşululary we kazylary bilen gelip, meseläni çözsünler. Şonda Hudaýyň gahary üstümizden sowlar».
15 Emma Asaheliň ogly Ýonatan we Tegwanyň ogly Ýahzeýa muňa garşy çykdy, lewilerden Meşullam bilen Şebitaý+ hem olara goşuldy. 16 Ýesirlikden gelenler şonda-da ähli zady tabşyrylyşy ýaly etdiler. Onunjy aýyň birine Hydyr ruhany bilen ady agzalan tirebaşylar meseläni çözmek üçin ýygnandylar. 17 Birinji aýyň birine olar başga milletli gyzlara öýlenenleriň meselesine seredip boldular. 18 Şonda ruhanylaryň käbir ogullarynyň hem başga milletli gyzlara öýlenendigini bildiler+. Olar: Ýehosadygyň neslinden Ýoşuwyň+ ogullary we doganlary Maseýa, Alygezer, Ýarep we Gedalýa. 19 Emma olar aýallaryny yzyna ugratmagy söz berdiler*. Her biri eden günäsi üçin sürüsinden bir goç gurbanlyk bermelidi+.
20 Olaryň arasynda Imeriň neslinden+ Hananýar bilen Zabdyýar, 21 Harymyň neslinden+ Maseýa, Ylýas, Şemaýa, Ýehiýel we Uzyýa, 22 Paşhuryň neslinden+ Alygenaý, Maseýa, Ysmaýyl, Netanel, Ýozabat we Algasan, 23 lewilerden Ýozabat, Şimeý, Kelaýa, ýagny Kelte, Petahýa, Ýahuda we Alygezer, 24 aýdymçylardan Alyýaşyp, derwezebanlardan Şalum, Telem, Ura hem bardy.
25 Şeýle-de ysraýyllardan Paroşyň neslinden+ Ramyý, Yzzyýa, Mälikýar, Miýamin, Algazar, Mälikýar we Binaýa, 26 Elamyň neslinden+ Mattanýa, Zekerýa, Ýehiýel+, Abdy, Ýeremot we Ylýas, 27 Zatuwyň neslinden+ Alygenaý, Alyýaşyp, Mattanýa, Ýeremot, Zabat we Azyz, 28 Babaýyň neslinden+ Ýehohanan, Hananýa, Zabaý we Atlaý, 29 Banynyň neslinden Meşullam, Malluk, Adaý, Ýaşup, Şeýal we Ýeremot, 30 Pahatmowabyň neslinden+ Adna, Kemal, Binaýa, Maseýa, Mattanýa, Besalel, Binaý we Manaşa, 31 Harymyň neslinden+ Alygezer, Yşýar, Mälikýar+, Şemaýa, Şimýon, 32 Benýamin, Malluk we Şemarýa, 33 Haşumyň neslinden+ Mattenaý, Matattah, Zabat, Alypelet, Ýeremaý, Manaşa we Şimeý, 34 Banynyň neslinden Magadaý, Imram, Uýel, 35 Binaýa, Bendeýar, Keluh, 36 Wanýa, Meremot, Alyýaşyp, 37 Mattanýa, Mattenaý we Ýasuw, 38 Binaýyň neslinden Şimeý, 39 Selimýar, Natan, Adaý, 40 Mahnadebaý, Şahaý, Şaraý, 41 Azarel, Selimýar, Şemarýa, 42 Şalum, Emirýar we Ýusup, 43 nebolylardan Ýegel, Matytýa, Zabat, Zebin, Ýaddaý, Ýowel we Binaýa bardy. 44 Olaryň ählisi başga milletli gyzlara öýlenipdi+, olar aýallaryny we çagalaryny yzyna ugratdylar+.
Sözme-söz: ruhuny iterdi.
Sözme-söz: öý.
Başga manysy: Iýerusalimde ýaşaýan Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň ybadathanasyny.
Ýa-da: Welaýatyň ýaşaýjylary. Wawilonyň ýa-da Ýahudanyň welaýatynda ýaşan ýehudylar göz öňünde tutulýan bolmaly.
Başga manysy: Jepbaryň ilaty.
Başga manysy: Magbyşyň ilaty.
Başga manysy: Senanyň ilaty.
Sözme-söz: Bagyş edilenler.
Ýa-da: hapa hasaplap, ruhanylyk borjundan aýyrdylar.
Ýa-da: Tirşata. Pars imperiýasynda welaýat häkimine şeýle diýilýärdi.
Sözlüge serediň: Urym we tummym.
Sözme-söz: drahma. Bir drahma 8,4 gramlyk Pars altyn darigine deň. Injildäki drahmadan tapawutlanýar. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: gadak. Töwratdaky gadak 570 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň.
Bürünçden ýasalan we kakylyp çalynýan tegelek saz guraly.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Hudaýyňyzy agtarýarys.
Käbir taryhy kitaplarda Ahaşweroş diýilýär.
Käbir taryhy kitaplarda Artakserks diýilýär.
Başga manysy: Hat ilki arameý dilinde ýazylyp, soňra terjime edildi.
Hyd 4:8—6:18 asyl nusgada arameý dilinde ýazylypdyr.
Ýa-da: nusgasy.
Ýa-da: Köşkden hak alyp ýörkäk.
Başga manysy: terjime edip berdiler.
Ýa-da: güýç ulanyp.
Sözme-söz: olaryň üstündäki Ysraýyl Hudaýynyň.
Ýa-da: nazar salýardy.
Ýa-da: arhiwinde.
Ýa-da: arhiwlerini.
Takmynan 26,7 m. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Başga manysy: hapa we tezek zyňylýan ýere.
Käbir taryhy kitaplarda Artakserks diýilýär.
Ýa-da: bagyş ediliş.
Sözme-söz: agtarmak.
Käbir taryhy kitaplarda Artakserks diýilýär.
Manysy: Kömek.
Ýa-da: kanunyny ökdelik bilen göçürýärdi.
Sözme-söz: Ýehowa Hudaýynyň eli onuň üstündedi.
Sözme-söz: bagyş edilenler.
Sözme-söz: öwretmäge ýüregini taýýarlapdy.
Ýa-da: nusgasy.
Hyd 7:12—26 asyl nusgada arameý dilinde ýazylypdyr.
Sözme-söz: eliňdäki Hudaýyň kanunynyň.
Sözlüge serediň.
Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Bir hum 220 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Bir çelek 22 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: wepaly söýgüsini bildirdi.
Käbir taryhy kitaplarda Artakserks diýilýär.
Erkek adamlar göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: bagyş edilenler.
Bir batman 34,2 kg. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme-söz: darige barabar. Pars altyn teňňesi. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: ybadathanasynyň naharhanasynda.
Sözme-söz: Satraplara. Pars imperiýasyndaky welaýatlaryň häkimleri göz öňünde tutulýar.
Sözme-söz: tohum.
Ýa-da: rahatlyk.
Ýa-da: wepaly söýgüsini bildirdi.
Ýa-da: daşdan diwar berdi.
Ýa-da: ybadathanadaky otagyna.
Sözme-söz: el berişdiler.