Goý, Ýehowa «ähli niýetleriňe ýetirsin»
«Rebde keýplen, Ol ýüregiň arzuwlaryny saňa berer». ZEB. 37:4
1. Ýaşlar gelejegi babatda nähili karara gelmeli, ýöne näme üçin çendenaşa alada etmeli däl? (Makalanyň başyndaky surata serediň).
ÝAŞLAR, siz bir ýere gitmezden öň, ilki nirä gitjekdigiň barada oýlanmagyň paýhaslydygyna düşünýän bolsaňyz gerek. Ýaşaýşy syýahat bilen deňeşdirse bolýar. Şol sebäpli heniz ýaşkaňyz, siz «nirä gitjekdigiňizi» planlaşdyrmaly. Elbetde, muny etmek aňsat däl. Heter atly uýa şeýle diýýär: «Bu gaty kyn. Sebäbi siz bütin durmuşyňyza täsir etjek karara gelmelisiňiz». Ýöne ruhdan düşmäň. Ýehowa halkyna şeýle diýýär: «Heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin» (Iş. 41:10).
2. Ýehowa siziň gelejek babatda näme üçin paýhasly karara gelmegiňizi isleýär?
2 Ýehowa siziň gelejek babatda paýhasly karara gelmegiňizi ündeýär (Wag. 12:1; Mat. 6:20). Ol siziň bagtly bolmagyňyzy isleýär. Muny Ýehowanyň ýaradan owadan tebigatynyň göwnüňi göterýän sesi we ýakymly ysy aýdyň subut edýär; şeýle-de onuň biz hakda alada edip, dogry ýoly salgy berýändiginden hem görse bolýar. Ýehowa maslahatyny inkär edýän adamlara: «Maňa ýaramaýany saýladyňyz... Bendelerim şatlanarlar, siz bolsa utanja goýlarsyňyz; bendelerim ýürek şatlygyndan aýdym aýdarlar» diýdi (Iş. 65:12—14). Hudaýyň halky dogry ýoly saýlanda, Ýehowa şöhratlanýar (Sül. tym. 27:11).
NÄHILI ÄDIMLERI ÄTMELI?
3. Ýehowa size näme etmegi maslahat berýär?
3 Ýehowa size näme etmegi maslahat berýär? Ol adamlary Özi hakda bilim alyp we wepaly gulluk edip bagtly bolmaklary üçin ýaratdy (Zeb. 128:1; Mat. 5:3). Emma haýwanlar diňe iýip-içip we nesil öndürmek üçin ýaradyldy. Hudaý siziň haýwanlardan tapawutlylykda, edýän işleriňizden lezzet almagyňyzy isleýär. Sebäbi «ynsany öz keşbinde» ýaradan Hudaýyň özi söýgüden doly we «bagtly Hudaýdyr» (2 Kor. 13:11; 1 Tim. 1:11; Gel. çyk. 1:27). Siz Hudaýyň göreldesine eýerip ýaşasaňyz, bagtly bolarsyňyz. Şonda siz: «Bermek almakdan has bagtly edýändir» diýen sözleriň hakykatdygyna göz ýetirersiňiz (Res. iş. 20:35). Hawa, bagtly bolmak üçin bu sözlere eýermek wajyp. Şol sebäpli Ýehowa siziň adamlary we Hudaýy söýýändigiňizi görkezýän işleri etmegiňizi isleýär (Matta 22:36—39-njy aýatlary okaň).
4, 5. Isany näme bagtly edýärdi?
4 Isa Mesih ýaşlara kämil görelde galdyrdy. Hemme çagalar ýaly Isa-da kiçijikkä oýnaýardy, şatlanýardy. Hudaýyň Sözünde «gülmegiň öz wagtynyň... tans etmegiň öz wagtynyň» bardygy aýdylýar (Wag. 3:4). Isa Ýazgylary okap, Ýehowa bilen dostlugyny hem berkidýärdi. Ol 12 ýaşynda ybadathana baranda, mugallymlar ruhy meseleler babatda «onuň paýhasyna we berýän jogaplaryna geň galdylar» (Luka 2:42, 46, 47).
5 Isa ulalanda-da, özüni bagtly duýýardy. Ony näme bagtly edýärdi? Ol Hudaýyň ýer ýüzüne «garyplara hoş habary yglan etmäge,.. körleriň gözüni açmaga» iberendigini bilýärdi (Luka 4:18). Isa Hudaýyň tabşyran işini ýerine ýetirmekden şatlyk tapýardy. Zebur 40:8-de onuň duýgulary şeýle beýan edilýär: «Men Seniň islegiňi berjaý etmekden keýp alýaryn». Isa adamlara gökdäki Atasy barada öwretmekden lezzet alýardy (Luka 10:21-i okaň). Bir gezek ol samariýaly aýala wagyz edensoň, şägirtlerine: «Meniň iýmitim meni ibereniň işini doly berjaý etmekdir» diýdi (Ýah. 4:31—34). Hudaýa we adamlara bolan söýgi Isany bagtly edýärdi. Şeýle söýgi sizi-de bagtly eder.
6. Goýan maksatlaryň hakda ruhy taýdan ösen mesihçiler bilen maslahatlaşmak näme üçin peýdaly?
6 Ýaş wagty pioner bolup gulluk eden mesihçiler özlerini bagtly duýýandygyny aýdýarlar. Siz öz maksatlaryňyz hakda olar bilen maslahatlaşsaňyz gowy bolmazmy? Ýazgylarda: «Maksada maslahatsyz ýetilýän däldir, diňe maslahatçylaryň köp ýerinde myrat hasyl bolýandyr» diýilýär (Sül. tym. 15:22). Ruhy taýdan ösen dogan-uýalar uzak wagtly gullugyň durmuşyň ähli ýagdaýlarynda berýän peýdasy hakda gürrüň berer. Isa gökde Atasyndan tälim alyp, ýer ýüzüne gelende-de, öwrenmegini dowam etdi. Meselem, ol hoş habary adamlaryň ýüregine täsir edip gürrüň bermegiň we synagda wepaly galmagyň şatlyk berýändigine göz ýetirdi (Işaýa 50:4-i okaňa; Ýew. 5:8; 12:2). Geliň, häzir uzak wagtly gullugyň nädip bagtly edýändigine seredeliň.
ŞÄGIRT TAÝÝARLAMAK IŞI NÄHILI ÜSTÜNLIK GETIRÝÄR?
7. Ýaşlaryň köpüsi şägirt taýýarlamak işini näme üçin gowy görýär?
7 Isa: «Gidiň-de... şägirt taýýarlaň... Olara... öwrediň» diýdi (Mat. 28:19, 20). Eger siz şägirt taýýarlamak işine gatnaşmagy maksat goýan bolsaňyz, Hudaýy şöhratlandyrýan iň hormatly borjy ýerine ýetirýärsiňiz. Kär edinmek üçin wagt gerek bolşy ýaly, bu işde-de ukybyňy artdyrmak üçin wagt gerek. 19 ýaşynda pioner gullugyna başlan Timoti dogan şeýle diýýär: «Men pioner gullugyny gowy görýärin, sebäbi bu maňa Ýehowany söýýändigimi görkezmäge mümkinçilik berýär. Ilkibaşda okuw geçmek isleýän adamlary tapmak kyndy, ýöne soňra wagyz etmek üçin başga ýere göçdüm. Bir aýdan men birnäçe adam bilen okuw geçip başladym. Olaryň biri ýygnak duşuşygyna gelýärdi. „Sallah doganlar üçin mekdepde“b okanymdan soň, meni başga ýerde gulluk etmäge iberdiler; ol ýerde bolsa dört adam bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başladym. Men adamlar bilen okuw geçmegi gowy görýärin; mukaddes ruhuň kömegi bilen olaryň durmuşyny özgerdýändigini görmek ruhlandyrýar» (1 Sel. 2:19).
8. Ýaşlaryň käbiri şägirt taýýarlamak işine doly gatnaşmak üçin näme edýärler?
8 Ýaş mesihçileriň käbiri dil öwrenýärler. Meselem, ABŞ-da ýaşaýan Jakeb dogan şeýle gürrüň berýär: «Ýedi ýaşymdakam, klasymyza wetnamly çagalary getirdiler. Meniň olara Ýehowa barada gürrüň beresim gelýärdi, şol sebäpli wetnam dilini öwrenmegi maksat edindim. Köplenç „Garawul diňini“ iňlis we wetnam dilinde okap taýýarlanýardym. Şeýle-de wetnam dilinde geçirilýän ýygnakdaky birnäçe dogan-uýalar bilen dostlaşdym. 18 ýaşymda pioner gullugyna başladym. Soňra „Sallah doganlar üçin mekdepde“ okadym. Men wetnam dilinde geçirilýän toparda ýeke özüm ýygnak ýaşulusy bolup gulluk etsem-de, mekdep maňa pioner gullugymy ýerine ýetirmäge kömek etdi. Wetnamly adamlar olaryň dilinde gepläp bilýändigime haýran galýardylar. Myhmançylyga çagyranlarynda, bu maňa olar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamaga mümkinçilik berýärdi. Olaryň käbiri ruhy taýdan ösüş edip, suwa çümdürildi» (Resullaryň işleri 2:7, 8-nji aýatlary deňeşdiriň).
9. Şägirt taýýarlamak işine gatnaşmagyň nähili peýdasy bar?
9 Şägirt taýýarlamak işi size adamlar bilen gürrüňe başlamaga we ynamly hem sypaýy bolmak ýaly gowy endikleri ösdürmäge kömek eder (Sül. tym. 21:5; 2 Tim. 2:24, çykgyt). Esasan-da, özüňi bagtly duýmaga ýardam edýär. Sebäbi bu Mukaddes Ýazgylary has gowy bilmäge mümkinçilik berýär we imanyňy berkidýär. Şeýle-de Ýehowa bilen ýakyndan işleşmegi öwredýär (1 Kor. 3:9).
10. Adamlaryň hoş habara seslenmeýän ýerinde gulluk etseňiz-de, wagyzdan nädip şatlyk tapsa bolýar?
10 Ýaşaýan ýeriňizdäki adamlar hoş habara seslenmeseler-de, siz wagyz işine gatnaşyp, şatlyk tapyp bilersiňiz. Sebäbi akýürekli adamlary tapmaga ýygnagyň ähli agzalary gatnaşýar. Dogan ýa-da uýa kimdir birine wagyz edip, wagtyň geçmegi bilen oňa şägirt bolmaga kömek etse-de, bu işde beýlekileriňem goşandy bar. Sebäbi olaram mundan şatlyk tapýar. Geliň, Branden doganyň mysalyna seredeliň. Ol adamlaryň hoş habara seslenmeýän ýerinde dokuz ýyldan bäri pioner bolup gulluk edýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men hoş habary wagyz etmegi gowy görýärin, sebäbi muny Ýehowa tabşyrdy. Orta mekdebi tamamlap, men pioner gullugyna başladym. Ýygnagymyzdaky ýaş doganlaryň ruhy taýdan ösüşini görüp, örän begenýärin. „Sallah doganlar üçin mekdebi“ tamamlanymdan soň, meni pioner edip başga ýere iberdiler. Dogrusy, men hiç kime hakykata gelmäge kömek edip bilmedim, ýöne başgalar muny etdiler. Şägirt taýýarlamak işine doly gatnaşmagy maksat goýandygyma men diýseň begenýärin» (Wag. 11:6).
GOÝAN MAKSATLARYŇ NÄHILI SYLAG GETIRER?
11. Ýaşlaryň köpüsi mukaddes gullugyň haýsy görnüşinden şatlyk tapýarlar?
11 Ýehowa gulluk etmäge ençeme mümkinçilikler bar. Meselem, ýaşlaryň köpüsi wagtlaýyn gurluşyk işlerine gatnaşýarlar. Sebäbi ýüzlerçe täze Ýygnak jaýlaryny gurmaly. Bu mukaddes işe gatnaşyp, siz Hudaýy şöhratlandyrarsyňyz we köp şatlyk taparsyňyz. Mukaddes gullugyň beýleki görnüşleri ýaly, dogan-uýalar bilenem agzybir işleşmekden lezzet alarsyňyz. Gurluşyk işlerine gatnaşyp, siz howpsuzlyk çärelerini görmek, zähmetsöýer bolmak we gözegçi doganlar bilen işleşmek ýaly zatlary öwrenersiňiz.
Uzak wagtly gullugyň berýän bereketleri (11—13-nji abzaslara serediň)
12. Pioner gullugy ýene nähili mümkinçilikleri berýär?
12 Kewin atly dogan şeýle diýýär: «Men çagalykdan Ýehowa uzak wagtly gulluk etmegi arzuw edýärdim. Şeýdip, 19 ýaşymda pioner gullugyna başladym. Men gurluşykçy bir doganyň ýanyna ýarym günlük işe girdim. Onuň bilen işleşip, men üçek we aýna-gapylary ýasamagy öwrendim. Soňra iki ýyllap harasat bolan ýerde kömek edýän topar bilen Ýygnak jaýlaryny we dogan-uýalaryň öýlerini dikeltmäge gatnaşdym. Günorta Afrikada gurluşyk işlerinde kömek gerekdigi barada eşidenimde, oňa gatnaşmaga isleg bildirdim. Biz ol ýerde birnäçe Ýygnak jaýlaryny gurduk; bir Ýygnak jaýyny gurmaga birnäçe hepde sarp edýärdik. Gurluşyga gatnaşan dogan-uýalar bilen bir maşgala ýalydyk. Sebäbi bir ýerde ýaşaýardyk, bile Mukaddes Ýazgylary öwrenýärdik we işleýärdik. Ýerli dogan-uýalar bilen her hepde wagyz etmek hem göwnüňi göterýärdi. Kiçikäm goýan maksatlarym şeýle köp şatlyk getirer diýip, göz öňüne-de getirmeýärdim».
13. Beýtel gullugy ýaşlara nähili şatlyk getirýär?
13 Ýehowa uzak wagtly gullugy maksat edinen ýaşlaryň käbiri häzir Beýtelde gulluk edýärler. Bu gulluk köp şatlyk getirýär, sebäbi ol ýerde edilýän islendik iş Ýehowa üçin edilýär. Beýtel maşgalasy dogan-uýalary ruhy iýmit bilen üpjün edýär. Ol ýerde gulluk edýän Dastin atly dogan şeýle diýýär: «Men dokuz ýaşymdakam, uzak wagtly gulluk etmegi maksat edinipdim. Orta mekdebi tamamlanymdan soň, pioner gullugyna başladym. Bir ýarym ýyldan soň meni Beýtelde gulluk etmäge çagyrdylar. Ol ýerde men edebiýatlary çap etmegi, soňra kompýuter programmasyny düzmegi öwrendim. Bütin dünýäde alnyp barylýan şägirt taýýarlamak işiniň ösüşi barada ilkinjileriň biri bolup eşitmek örän ýakymly. Men Beýtel gullugyny gowy görýärin, sebäbi ol ýerde edilýän iş adamlara Ýehowa ýakynlaşmaga kömek edýär».
SIZ NÄHILI MAKSATLARY GOÝDUŇYZ?
14. Siz uzak wagtly gulluga başlamak üçin nähili maksatlary goýup bilersiňiz?
14 Siz uzak wagtly gulluga başlamak üçin nähili maksatlary goýup bilersiňiz? Munuň üçin, esasan, Ýehowa üstünlikli gulluk etmäge kömek edýän ruhy häsiýetleri ösdürmeli. Hudaýyň Sözüni yhlasly öwrenip, okan zatlaryňyz barada çuňňur oýlanyň we ýygnak duşuşyklaryna baranyňyzda, imanyňyzy iş ýüzünde görkezmäge mümkinçilik gözläň. Mekdepde okaýan döwrüňiz hoş habary wagyz etmek üçin tejribe toplap we gerekli ukyplary ösdürip bilersiňiz. Adamlar bilen gyzyklanmagy öwreniň. Munuň üçin olaryň garaýşyny bilmäge kömek edýän ýerlikli soraglary beriň we ünsli diňläň. Şeýle-de Ýygnak jaýyny arassa saklamaga we bejeriş işlerini geçirmäge kömek edip bilersiňiz. Ýehowa pesgöwünli we kömek etmäge taýyn adamlar ýaraýar (Zebur 110:3-i okaň; Res. iş. 6:1—3). Pawlus resul hem Timoteosyň «doganlaryň arasynda ýagşy adynyň» bolandygy üçin, ony özi bilen missioner gullugyna gitmäge çagyrypdy (Res. iş. 16:1—5).
15. Gazanç etmek üçin näme edip bilersiňiz?
15 Adatça, pionerleriň özleri gazanç etmeli bolýar (Res. iş. 18:2, 3). Belki-de, siz ýarym günlük iş tapmak üçin hünär öwredýän gysga wagtly okuwa girersiňiz. Munuň üçin etrap gözegçiňiz we ýygnagyňyzdaky pionerler bilen maslahatlaşyp, olardan nähili işiň amatly boljakdygyny soraň. Mukaddes Ýazgylarda: «Işleriňi Rebbe tabşyr, niýetleriň amala aşar» diýilýär (Sül. tym. 16:3; 20:18).
16. Pioner gullugy ýaşlary gelejekde jogapkärli ýumuşlary ýerine ýetirmäge nädip taýýarlaýar?
16 Ýehowa siziň «hakyky ýaşaýşa berk ýapyşmagyňyzy» isleýär (1 Timoteos 6:18, 19-njy aýatlary okaň). Pioner gullugy başga pionerler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýär we ruhy taýdan ösen mesihçi bolmaga ýardam edýär. Şeýle gulluga gatnaşýan mesihçileriň köpüsi durmuş guranda-da köp peýda getirýändigini aýdýarlar. Köplenç pioner bolup gulluk eden dogan-uýalar durmuş gurandan soň, ýanýoldaşy bilen bu gullugy dowam edýärler (Rim. 16:3, 4).
17, 18. Maksat goýanyňda näme üçin ýüregiňi hem taýýarlamaly?
17 Maksat goýanyňda, ýüregiňi hem taýýarlamaly. Zebur 20:4-de Ýehowanyň «ýürek arzuwlaryňy hasyl edýändigi, ähli niýetleriňe ýetirýändigi» aýdylýar. Şonuň üçin gelejegiňiz barada oýlanyň. Ýehowanyň şu günler näme edýändigi we muňa nädip öz goşandyňyzy goşup biljekdigiňiz hakda pikirleniň; soňra Oňa ýaraýan işleri ediň.
18 Uzak wagtly gullugy ýerine ýetirmek örän ýakymly, sebäbi bu Ýehowa şöhrat getirýär. Hawa, Ýehowada «keýplenseň, Ol ýürek arzuwlaryňy saňa berer» (Zeb. 37:4).
a Işaýa 50:4 Mejalsyzlara söz bilen ýardam ederim ýaly Hökmürowan Reb maňa dana dil berdi. Ol dana adamlar deý diňlesin diýip, gulagymy oýarýar her säher.
b Häzir oňa «Hoş habarçylar mekdebi» diýilýär.