Garrylara hormat goýuň!
KALIFORNIÝANYŇ (ABŞ) kenarynda dünýäde iň köp surata düşürilýän bir agaç ösýär. Ol serwi agajy. Aýtmaklaryna görä, ol 250 ýyl ýaşapdyr. Bu owadan hem çydamly agajyň başga-da birnäçe aýratynlyklary bar. Ony ýörite ýüpler bilen çekdirip, aşagyna-da daş örüp, berkidipdirler.
Serwi agajy ýygnakdaky gartaşan mesihçileri ýatladýar. Olar hem çydamlylygy bilen tanalyp, köp ýyllardan bäri Ýehowa gulluk edýärler. Olaryň edýän ýagşy işleriniň biri: hoş habary wagyz edýärler. Ýowel pygamber-de Mukaddes Ýazgylarda ýazylan habary «garrylaryň» hem yglan etjekdigini aýdypdy (Ýowel 2:28—32; Res. iş. 2:16—21). Oýlanyp görüň, gartaşan wagyzçylar akýürekli adamlara «Patyşalyk baradaky... Hoş Habary» wagyz etmek üçin näçe sagat sarp edendir! (Mat. 24:14). Olaryň käbiri ençeme ýyllap yzarlamalara we başga-da köp kynçylyga döz geldi. Eger çydamly serwi agajynyň aladasyny edip, berkiden bolsalar, onda biziň garry dogan-uýalarymyz hormata we öwgä has-da mynasyp dälmi?!
Ýehowa Hudaý ysraýyl halkyna şeýle tabşyryk beripdi: «Uly ýaşulynyň öňünde dik duruň, garryny sylaň» (Lew. 19:32). Şu günler Ýehowanyň gullukçylarynyň arasynda ençeme ýyldan bäri «Hudaýyň huzurynda gezýän» wepaly adamlar bar (Mika 6:8). Olar hemişe Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri boýunça ýaşaýarlar, şonuň üçin olaryň çal başyna «şöhrat täji» diýse bolar (Sül. tym. 16:31).
Pawlus resul ýaş mesihçi Timoteosa: «Garry adamy ynjatma» diýip maslahat berdi. Timoteos garry adamlara «atasy ýaly... garry aýallara, öz enesi ýaly» garamalydy (1 Tim. 5:1, 2). Diýmek, ol çal başyň öňünde «dik durmalydy». Hawa, Ýehowa garry adam bilen sylaşykly bolmagymyzy talap edýär.
Rimliler 12:10-da: «Hormatda her kişi beýlekini özünden ýokary saýsyn» diýilýär. Hawa, ýygnagyň gözegçileri garry mesihçilere hormat goýýarlar. Ýöne biziň her birimiz hem biri-birimize hormat goýmaga borçly.
Maşgala agzalarynyň her birinde kakasynyň, ejesiniň, atasynyň we enesiniň öňünde ýörite borçlary bar. Adamlar serwi agajyny berkitmek üçin güýjüni gaýgyrmandyrlar. Biz hem kakamyzyň, ejemiziň, atamyzyň we enemiziň mertebesini saklamak üçin elimizden gelenini etmeli. Meselem, olaryň aýdýan zatlaryny ünsli diňlesek, öz sözümizi gögertjek bolman, olaryň pikirini göz öňünde tutarys (Sül. tym. 23:22; 1 Tim. 5:4).
Ýehowa garry dogan-uýalary eý görýär, şonuň üçin olary hiç haçan terk etmez (Zeb. 71:18). Hak Hudaý olara wepaly gulluk etmäge kömek edýär. Geliň, biz hem garrylary goldalyň we olara hormat goýalyň!