Wagyz üçin teklipler
«Siziň pikiriňizçe, wajyp karara gelmek üçin ygtybarly maslahaty nireden tapyp bolar?» Jogap bersin. Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6-njy aýatlary oka we Hudaýyň akyldarlygynyň karara gelmäge nädip kömek edýändigini görkez hem-de onuň nähili netije berýändigini göz öňünde tut.
«Siziň pikiriňizçe, Hudaý adamlaryň bütin ýer ýüzünde iýmit ýetmezçiliginden ejir çekmegini isleýärmikä? (Jogap bersin). Hudaý bu kynçylygy şeýdip çözer». Zebur 72:16-ny oka we soňra Hudaýyň ýer ýüzünde Jenneti nädip dikeltjekdigini düşündir.
«Häzirki howsalaly döwürde adamlaryň köpüsi gelejek barada biynjalyklanýarlar. Size gelejege umyt bilen garamaga näme kömek edýär? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylarda şeýle wada berilýär». 2 Petrus 3:13-i oka we Ýazgylara görä, bize gowy gelejegiň garaşýandygy barada pikir alyş.
«Internet peýdaly zat, ýöne çagalar üçin örän howply. Siziň pikiriňizçe, biz çagalarymyzy onuň erbet täsirinden nädip gorap bileris? (Jogap bersin). Şu pikire üns bermegiňizi haýyş edýärin. (Süleýmanyň tymsallary 18:1-i oka we düşündir). Bu ata-enelere çagalaryny Internetiň howpundan goramaga kömek edýän alty prinsipleriň biri». Soňra Süleýmanyň tymsallary 13:16, Kanunyň gaýtalanyşy 22:8, Efesliler 5:15, 16, Süleýmanyň tymsallary 31:27 we 2:11,12-däki prinsipleri ara alyp maslahatlaşsa bolar.